23:10 Selaheddin Eýýuby we döwlet: Frontda ýüze çykan käbir wakalar | |
FRONTDA ÝÜZE ÇYKAN KÄBIR WAKALAR
Taryhy makalalar
Şol mahallar Soltanyň saglygy kän gowy däldi. Ol basym-basymdan syrkawlaýardy. Ýanyndaky goşunlarynyň bir bölegini germanlara garşy demirgazyga iberendigi üçin ýewropalylaryň Akkanyň üstüne eden ahyrky gysyşlaryna kän garşylyk berip bilmedi. Ahyry oktýabryň ortalarynda Halap, Şeýzer, Baalbek we Hums beglikleriniň esgerleri hem geldiler. Emma Soltanyň ýagdaýy kän öwerlikli däldi we howa sowap başlapdy. Duşmanyň içindäki habarçylar duşman goşunynyň gije hüjümini geçirmek pikiriniň bardygyny habar berdiler. Soltan muny eşidensoň, karargähini Şefriam depesine göçürdi. Karargähde ýokanç keseli bardy. Bu kesele ýoluganlaryň arasynda Erbil häkimi Zeýneddin Ýusup hem bardy. Zeýneddin 1190-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda, sişenbe güni wepat boldy. Soltan Erbili we daş-töweregini Zeýneddiniň agasy Gökbörä berdi we onuň yktalary bolan Urfany, Harrany, Sumeýsaty we Mewziri onuň elinden aldy. Karargähde bolan Gökböri Takyýeddin gelýänçä garaşdy. Ol gelensoň welin Gökböri Harrandaky we Erbildäki işlerini düzeldip, ýaz paslynda gaýdyp gelmek niýeti bilen karargähden gitdi. Howalar sowap başlansoň, esgerleriň köpüsi ülkelerine dönmek üçin nägilelik bildirip başladylar. Soltan olary karargähde kynlyk bilen saklaýardy. Hatda Jizre häkimi Sanjar şa birugsat karargähi taşlap gidipdi we Damaskyň golaýynda oňa sataşan Takyýeddin ony zordan yzyna getiripdi. Takyýeddin onuň karargähden birugsat çykandygyny eşidende: «Sen heniz çagasyň. Seniň bu eden işiň soň saňa gymmada düşer» diýipdir. Sanjar şa hem oňa: «Yza gaýtmagym mümkin däl» diýipdir. Onda Takyýeddin: «Onda güýç bilen yzyňa dönmäge mejbur bolarsyň» diýipdir. Takyýeddin noýabr aýynyň başlarynda Gökböriniň ýerini eýeledi. Soltan Gökböriniň elinden alan ýerlerini we Myýafaryky-ny Takyýeddiniň yktalaryna goşdy. Şeýlelikde Hama, Magarra, Selemiýe, Menbiç, Kalgaty-Nejm, Jebele, Lazykyýe, Balatuns, Bikysraýyl, Harran, Urfa, Samsat, Myýafarykyn, Mewzir we bu ýerleriň girdejileri Hama begliginiň golastynda jemlendi. ÝEWROPALYLARYŇ DAŞLARYNDAKY GABAW HALKASYNY BÖWÜSMEK ÜÇIN ALNYP BARLAN IŞLER Şol wagt ýewropalylaryň hem ýagdaýy kän bir gowy däldi. Olaryň karargähinde hem ýokanç keseli ýaýrapdy, azyk ýetmezçiligi hem göze görnüp başlapdy. Olaryň arasyndan ölýänler we musulman karargählerine gaçyp gidýänler bardy. Ymadeddin gaçyp gelýänleriň açlykdan tapdan düşendiklerini we söweşer ýaly ýagdaýlarynyň ýokdugyny, emma musulmanlaryň olary kabul edip saklaýandyklaryny, olaryň käbiriniň musulman bolup, goşunyň hyzmatyny edýändiklerini, käbirleriniň bolsa gelenlerine puşman edýändiklerini we yzlaryna gaýdýandyklaryny nygtaýar. Azyklary azalansoň ýewropalylara orun-laryndan daşary çykmaga ygtyýar berdiler. Olar Soltanyň syrkawlygyndan peýdalanyp, daşlaryndaky gabaw halkasyny böwüsmäge synanyşdylar. Ýewropalylar 1190-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Frederik won Şwabeniň serkerdeliginde Akkanyň gabawynda durar ýaly uly güýç goýanlaryndan soň, korol Gui Genrih de Şampagne we Konrad serkerdeliginde ýanlaryna dört günlük azyk alyp, karargählerinden daşary çykdylar. Olar ikindi wagtynda musulmanlaryň gazan Tell Hajelç ýanyndaky guýularynyň başynda düşlediler. Soltan duşmanyň söweş üçin karargählerinden çykandygynyň habaryny alansoň, karargähini gije Kaýmuna we Nasyra göçürilmegine buýruk berdi. Goşun söweş nyzamyna girdi. Sag ganat Tell Harrubanyň ahyryna çenli, çep ganat bolsa Akka derýasyna çenli uzalyp gidýärdi. Merkezde Soltanyň sowutly ýörite bölümi, onuň sagynda ogullary Mälik Afdal, Mälik Zahyr, Mälik Zafyr, olardan soňra Hurrem şanyň serkerdeliginde Mosul esgerleri, olaryň yzyndan Müsür esgerleriniň başyn-da Mälik Adyl, soňra Husameddin bin Laçyn, Gaýmaz Nejmi, Yzzeddin Jurdik, Husameddin Beşara, Bedreddin Duldurym Ýaruky we beýleki emirler tertip boýunça ýerleşdiler. Merkeziň çep tarapynda Jizre häkimi Sanjar şa, Takyýeddin, Seýfeddin Aly bin Meştup, Jemaleddin Hoşterin, hakkaryýe, mihraniýe, hamydyýe, zerzaryýe taý-palary, iň çetde bolsa esetliler ýerleşdiler. Sişenbe güni öň hatarky güýçler duşmanyň herekete geçendiginiň habaryny berdiler. Soltan hemme bölümlerden esger ýygnap, bir bölüm edip öň hatarky bölümi güýçlendirdi. Bularyň bir bölegi duşmana hüjüm etdi, bir bölegi bolsa depäniň aňyrsynda gizlenip durdular. Duşman derýanyň gyrasy bilen öňe barýarka, öň hatarky bölüm olaryň daş-töweregine aýlanyp, duşmanyň esgerlerini ok ýagyşyna tutdular. Duşman ölenlerini we ýaralylary hem ýanyna alyp, derýanyň gündogaryndan gözbaşyna ýetip, derýanyň günbatar tarapyna geçdi. Soltan Tell Harrubedäki karargähinden duşmanyň hereketini synlaýardy. Soltan serkerdelerine çep ganata deňize tarap barýan duşmany gabamagyny, sag ganata hem gündogar tarapdan derýanyň daşyny gurşamagyny buýruk berdi. Duşman gijesini derýanyň günbataryndaky bir depede geçirdi. Musulmanlar hem olara yzygiderli zeper ýetirýärdiler. Çarşenbe güni irden öň hatarky güýçler duşmanyň herekete başlandygynyň habaryny berdiler. Soltan hem Tell Harrubanyň duşmana iň ýakyn nokadyna gelip, duşmanyň ýagdaýyny ýakyndan synlady. Duşman atlylaryny we naýzaly pyýadalaryny daşyna aýlapdy. Ortada ulaglar tarapyndan çekilýän bir arabanyň üstünde gyzyl reňkli haçly baýdagynyň ýanynda pasyrdap duran uzyn baýdak diregi bardy. Soltan esgerlerine duşmany çar tarapdan gabamaklaryny buýruk berdi. Özi bolsa syrkawdygy üçin ýörişe uzakdan gözegçilik edýärdi. Duşman özüni gorap, öýlän Dauk köprüsiniň ýanyna geldi. Bu ýerde köprüden derýanyň gündogaryna geçmek isleýän haçlylar bilen musulmanlaryň arasynda aýylganç çaknyşyk boldy. Haçlylar derýanyň gündogaryna geçip, gije musulmanlaryň çozuşlaryndan gorkup, köprini ýykdylar. Ambrois haçlylar köprüden gelýärkä gündogar tarapda ýerleşen musulman güýçler bilen Godefroi de Lusignan serkerdeligindäki haçly güýçleriniň arasynda uly çaknyşygyň bolandygyny ýazýar. Bu söweşlerde Seýfeddin Ýazgyç bilen Aýaz Tawyl (Uzyn Aýaz) uly gahrymançylyk görkezipdirler, başa-baş çykan garşydaşlaryny ýere seripdirler. Musulmanlar 14-nji noýabrda, penşenbe güni duşmanyň yzyndan kowdular. Ýewropalylar karargählerine giren wagtlary musulmanlaryň öň hatarky goşunlary olaryň yzyndan gelýärdi. Haçly atlylary olaryň üstüne hüjüm etdiler. Netijede, ýüze çykan çaknyşmada musulmanlardan üç kişi şehit boldy. Haçlylardan birnäçe adam öldi we ýaralandy. Öldürilen haçlylaryň arasynda meşhur graf hem bardy. Musulman taryhçylar bu söweşde Soltanyň syrkaw bolandygy üçin we esgerleriniň ýanynda ýokdugy sebäpli, duşmanyň howpdan aňsat sypandygyny aýdýarlar. Bu wakalardan soňra Soltan we onuň dogany Mälik Adyl ýörite bölümini Akkanyň demirgazygyndaky bir depäniň yzynda bukuda goýdular. Şeýle hem birnäçe arap atlylary duşmany öjükdirip, 1190-njy ýylyň 23-nji noýabrynda juma güni duşmanyň 200 rysardan ybarat bir bölümini bu bukynyň üstüne çekdiler. Bu rysarlaryň ýekejesi-de halas bolup bilmedi. Olaryň käbiri öldürildi, käbiri bolsa ýesir alyndy. Ýesirleriň arasynda fransuz rysarlarynyň serkerdesi hem bardy. Soltan bu ýesirlere ýagşy garaşyk etdi. Özüniň geýip ýören gaýyş geýimini fransuz serkerdesine geýdirdi. Ýesirlere sylag-hormat goýansoň, olary Damaska iberdi. Ymadeddin bu ýesirleriň atlarynyň, ýaraglarynyň we sowutla-rynyň örän gymmatbaha durýandyklaryny aýdýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |