SENDLIŇ AÝDYMY
Adamyň iň beýik islegi ölmezlik! Ýaşamaga, her niçik-de bolsa, garaz, ýaşamaga ymtylşynyň näderejedeligi onuň ömrüniň manysyny kesgitleýär.
Sendl şu hili akylly sözleri halamaýar. Diňlemegem islänok. Elbetde, şu gün irden boýnuny sallap, köçä çykanynda-da ol adamyň iň beýik islegi ýa-da ömrüň manysyny nämäniň kesgitleýändigi barada birjik-de pikir etmändi. Emma Gün batýança hammalçylyk diýen ýaly bir iş tapyp, öýde mugt akyl satyp oturan maýyp kakasyna hem özüne, zakgunam bolsa, ölmez-ödülik gazanmalydygyny welin bu oglan oňat bilýär. Şuny bilip durka ömür hakyndaky pelsepeleri diňlemek oňa derkarmy?
* * *
Sendliň kakasyna Dik Morgan diýýärler. Birwagtlar ol gününi ganymat tigirläp bilýän adamdy. Temmäki kompanýalaryň birinde sortlaýjy bolup işleýärdi. Temmäkiniň başyňy aýlap, aňryňy bäriňe getirýän ysy bardy. Işem agyrdy. Emma Dik armaýardy. Bir gamgyn aýdyma hiňlenip, ses-üýnsiz işlär ýörerdi. Şeýle günleriň birinde ýurtda çilimkeşlige garşy göreş yglan edildi. Temmäki kompaniýalarynyň işleri çäklendirildi. Iş haklary peseldi. Barybir oňşuk etmezçe däldi. Dik Morgan welin, meger, isleginiň öňünde ejiz adamyň hemişe betbagtlyga golaý durýandygyna akyly kesmän, işden çykdy. Şeýlelikde mundan on üç ýyl ozal (şol wagtlar Sendl alty ýaşyndady) ol hakyna tutma goşunda gulluk etmegi ýüregine düwdi. “Samsyk bolma, Dik! Geçmän duran günüň ýok. Şu günüňi özüňe köp görmeýän bolsaň, päliňden el çek. Hudaý saklasyn welin, o ýerde her hili zat bolýamyş” diýip, howpdan-hatardan öler ýaly gorkýan adamlar oňa kän aýtdylar. Etmedi. “Soňun saýan batyr bolmaz” diýdi. Diýeninem gögertdi. Şu-da onuň bagtyny ýatyrdy. Goşunda ýörenine iki aýam dolmanka partladyjy madda ýarylyp, Diki iki aýagyndanam dyndardy. Kesdiler. Iki aýagynyňam dyzyndan aşagyny kesip taşladylar. Üstesine eline-de şikes ýetdi. Betbagtçylyk onuň hazyna kimin goraglan mertebesiniň gymmatyny gaçyrdy. “Sen indi meni taşlarsyň, Lotti! Men bilýän. Sen indi meni taşlap, gidersiň. Sebäbi indi men hiç kime gerek däl. Men-maýyp. Men indi gutaran adam. Saňa sagdyn, baý är gerekdir. Şoň üçinem taşlarsyň. Men bilýän. Taşlarsyň, Lotti!” diýip, ol aýaksyz halda öýüne dolanyp gelen güni terse bakyp, geplemän oturan aýalynyň öňünde gözýaş dökdi. A Lotti nätdi? Şol gün agşam “Ýaňam-a bardy” diýdirip, gaýyp boldy. Gitdi. Nirä gidende nä? Gitdimi? Gitdi. Sopbaş gitdi. Dik üçin ikinji ýetimlik başlandy. Ilki bilen ol öýde bar bolan goşlary satyşdyrdy. Dagy alajy ýokdy. Bokurdakdan bir zat ötürjek bolsaň şeýtmelidi. Soňabaka diňe gara bokurdak üçin edilen bergiler Dik Morganyň başyny çaşyryp ugrady. Ol gerek deregi ýykar etdi. Jaýyny satyp, Sendl bilen kireýine ýaşap başlady. Soňam näme, Sendl aga-gara düşünip ugrady. Köçä çykyp, märekeli ýerlerde gazet satdy, hammalçylyk etdi.
Käte-käte ýoňsyz bergi edilýärdi. Algydarlar gelip, herrelerdiler, Dikiň üstüne gygyryp-gygyryp giderdiler, namysyna degerdiler, gaýdyp dagy-duwara karz pul bermejekdiklerine ant içerdiler. Dik dymardy. Hapa bolardy. Agşamlyk bolsa “Bu günem zat ýog-aý, kaka” diýip, Sendl gelerdi. Bu bolsa Dikiň gulagyna perýat bolup eşdilerdi. Şonda ol ýene bir gezek gözüniň ýaşyny sylardy. Açlyk, mätäçlik onuň gününi gök esgä düwmeýärdi. Adamy açlygyň öldürmeýändigini ol göre-göre gelýär ahyryn. Diki agladýan zat başgady. Ol çaganyň öz kakasyny Hudaý hökmünde görýändigine, keseki kemsitmeleriniň bolsa şol Hudaýy isledigiçe pese gaçyrýandygyna düşünýärdi. Her niçik, “Eger Sendl bolmadyk bolsa näderdim?!” diýip, Dik Morgan käteler şükür ederdi.
Mahal-mahal Sendlem kakasyna ajysyny pürkerdi: “Meň gul bolup dogulmagyma sen günäkär. Sen gul bolmadyk bolsaň, menem gul bolmazdym. Sen nämüçin özüň gul bolup, çaga dogurtdyň? Ýa senden dörän çaga ýurt sorar öýtdüňmi? Guldan gul döreýänine düşünmediňmi? Näme dymýaň? Ýalanmy? Gul! Barypýatan gul, menem gul. Menden döränem gul bolar. Guldan gul döremeli-dä. Hm-m, geple!”
Dik Morganyň jogap hökmünde “Geljege umyt etdim” diýmesine Sendl: “Guluň hiç wagt geljegi bolmaz” diýerdi.
* * *
Sendle bu gün iş tapdyrmady. Soňky umydy porta baryp görmekdi. Ol ýerde köplenç iş bolýardy. Üstesine, hak-heşdegi-de oňatja töleýärdiler. Iş welin ýeňil däldi. Emma hammalçy işiň agyryna, ýeňiline bakmaýar.
Sendl porta baryp gördi. Özi ýaly oglanlar uly gämiden bir zatlar düşürýärdiler. Gäminiň eýesi Sendliň çeýe göwresine hem boldumlyja çiginlerine seredip, çalgyrt ispan dilinde:
– Biraz garaşyp gör – diýdi. – Şu oglanlaň haýsysy işe çydaman nemetse, ýerine sen sokularsyň.
Sendl: “Belki, Hudaý!” diýip, dileg etdi. Soň töwerekde dähedem-dessemläp ýörşüne:
Meni munda ýalňyz goýup,
Gitmäge neneň het etdiň? –
diýip, günorta amerikaly hindileriň halk aýdymlarynyň birine hiňlendi. Birazdan gäminiň ýüküni düşürip gutardylar. Sendl gara işe çydamly ol oglanlaryň ählisine degişli edip, içinden paýyş sögündi.
Gäminiň eýesi ähmiýetini artdyryp, esli dymansoň, Sendle göwünlik beriji äheňde:
– Sen ýene bir hepdeden geläý. Ýöne irräk gel – diýdi.
Gyzar ikindiler ol stadionyň gapdalyndan geçip gelýärkä ýoluň ýakasynda iňläp ýatan bir erkek kişini gördi. Adamlar, maşynlar onuň deňinden böwür berip geçýärdiler. Sendl onuň golaýyna gelip, seretdi. “Kyrk-a ýaşandyr” diýip çak urdy. Bu erkek kişiniň egin-başy sal-saldy. Kellesinden, gulagynyň düýbünden, eňeginiň aşagyndan akan gan doňupdyr. Eliniň bir ýerlerinden bolsa henizem ýyly gan akýardy. Ony geçip barýan maşynlaryň biriniň kakanlygy görnetindi. Sendl “Entek ölüb-ä ýetişmändir” diýip, oýlandy. Onuň jübülerini barlaşdyrdy. Boş çykdy. Sendl ony göterip egnine aldy. Onuň burnuna süýjümtik çakyryň ýiti ysy urdy. “Içipdir. Şeýdibem betbagtlyga uçrapdyr” diýip, Sendl içini gepletdi.
Öýde Dik Morgan açlykdan buruljyrap, ogluna garaşýardy.
– Bu günem bitiren goşuň ýokmy? – diýip, ol Sendli görenden öňe-öňe omzady.
Sendl baram diýmedi, ýogam. Egninden durşy bilen iňňildi bolup duran adamy usully düşürip, sypalyň üstünde ýatyrdy. Haşlap, demini aldy.
– Ýeri, bi näme indi? – diýip, Dik Morgan sypalyň üstünde ýatyrylanyň ýüzüne ýiti-ýiti seretdi.
– Biýem sen ýaly Hudaý uranyň biri – diýip, Sendl jogap berdi. Dik Morgan:
– Görüp durun – diýdi. – Nämüçin getirdiň? – Soň ýaňsa aldy. – Garnyň-a dok. Iýere zadyňam köp. Birine iýdirmeseň harama çykjak. Şoň üçin getirensiň. Şeýlemi? – Dik Morgan ýowuzlandy. – Äkit. Ýok et gözümiň öňünden. Tiz bol!
– Äkitjekgäl-eý – diýip, Sendl tarsa ýerinden galdy. – Sen nä meň üstüme gygyran bolýaň-eý? Buýruk berip… Senem öz iýjek nanyňy özüň gazan indiden beýläk. Eliňi gowşuryp oturma. Köwüş ýama. Nä eliňden gelenokmy?
– Ine, aýdaly – diýip, Dik Morgan biraz ýumşady. – Sen şu ýatany dikeldip, adam etdiňem-dä, şundan saňa bir döwüm nan boljakmy?
– Birinjiden-ä, ol indi adam bolmaýa. Ikinjidenem, men eýýäm ony barladym, betbagtlygyndan başga hiç zady ýok – diýip, Sendl aýtdy.
– Onda nämetjeg-eý, sen muny, adam çagasy? – diýip, Dik Morgan janyýangynly gygyrdy.
– Gygyrma, how, gygyrma!
Sendl töwerekde köwejeklemäge başlady.
Garaňky gatlyşansoň, getiren adamsyny egnine alyp, gitdi.
Dik Morgan ony nazary bilen ugradyp, dymdy.
Şu golaýda asly amerikaly lukman, üstesine-de sallah mister Jek Çarlz ýaşaýardy. Sendl onuňka geldi. Mister Çarlz, ähtimal, ýene karz pul sorar öýdüp gorkan bolsa gerek, ony sowuk garşylady. Her niçik, syr bildirmedi, Sendli öýe goýberdi.
-Adam gerekmi? – diýip, Sendl ur-tut esasy meselä geçdi.
– Nähili adam?
– Adam-da. Saňa kesip, öwrener ýaly.
– Gerek. Dirimi?
– Dirisi gerekmi?
– Öli bolsa has gowusy. Porsamadyk bolsa…
– Sen onda garaş biraz.
– Onsoň nememi, sen ony mugt berjekmi?
– Mugt bermen.
– Nyrhyny aýt.
– Biz bilen algyňy üzlüşip, iýer ýalam bir zatlar berseň…
– Kim ol seň adam diýýäniň?
– Tanamok. Ýaňy ýoldan tapdym. Kim bolanda nä saňa?
– Hiç kim bilenok dämi?
– Ýok.
– Garrymy ol? Näçe ýaşlarynda?
– Onçakly garry däl. Kyrk töwerek ýaşan..
– Getir onda. Menem oňa çenli ýerjagaz taýynlaýyn.
Sendl daş çykdy-da, ýatan kişiniň böwrüne depip:
– Hany, onda dünýe bilen hoşlaş – diýdi…
Mister Çarlz jesedi ýörite koýkanyň üstünde ýatyransoň:
– Kellesiniň bu ýerlerin-ä nas edipdirler welin… Häý, al kakmyş – diýip, çermegini çekdi.
– O bolşy bilen onuň ýaşanyndan ýaşamany gowy. Ýaşasa, bir-ä ezýet çeker, onsoňam kakam ýaly ýanyndaka iş bolar ýörer – diýip, Sendl ýolda gelýärkä öz ýanyndan özüni aklamaga çalyşdy.
Ýanymda seň ýok mahalyň
Dünýäni terk etse bolar –
diýip, tanyş aýdymlarynyň birine hiňlendi, şohlandy.
Ýanwar, 1995. Aşgabat.
Kakamyrat ATAÝEW.
Hekaýalar