22:59 Serpaý | |
SERPAÝ
Goşgular
Söýüň meni — ýürek söýgi küýseýär, Şeýle bir küýseýär — ýok çaky-çeni. Ýekeje adama ýeterlik söýgi Bilen bir pursatlyk söýüň siz meni. Maňa kän zat, Uly bir zat gerek däl, Eliňizi ýüregňize goýuň siz: Size söýgi bilen ýüzlenýän günlem, Sözlerimi kesä çekmän söýüň siz. Söýüň meni — ähli erki hem durky, Bilen size tarap ýollar çekeni. Ýeke özüň söýüp ýörseň elmydam, Birazajyk agyr düşjek ekeni. Söýüň meni siziň sadyk guluňyz, Soňra menden size galar şeýle paý, Men size bahasyz serpaý ederin — Şalaryň elinden gelmejek serpaý. Gurbannazar EZIZOW. | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |