18:16

Şeýle şahandaz iller bizde bar -3/ dowamy

ŞEÝLE ŞAHANDAZ ILLER BIZDE BAR!

■ Myrat Gurbanowyň döredijiligi hakda / makaladan bölek

At başy türkmen gündogaryna tarap. Şaglap akýan çeşme-çaýly, müň bir syrly gowakly, dinozawr yzly Köýten dagy, gadymýetden habar berýän Astana baba, Dargan baba, Mäne babanyň hyrka geýen şäheri Amul, Amulyň dowamaty bolan, boz bulanyp akýan Jeýhuny boýlap oturan Türkmeniň abat şäheri, “Dünýä bazar” adyny alan uly bazar… Bu bazarda halkyň synasynyň hem geýim-gejiminiň päkligi üçin zerur bolan dürli serişdeleri söwda edýän telekeçi-şahyr Myrat Gurbanow hem işleýär.
Ýöne Myrat Gurbanow diňe bir synalaryň, geýim-gejimleriň arassalygy üçin däl, eýsem, adamyň ruhy dünýäsiniň päkligi üçin hem yhlas edýär. Onuň goşgulary sagdyn pikirleri halky gepleşikde çeper aňladýandygy bilen tapawutlanýar. Rim edebiýatynyň wekili Plawt teatry goýup, söwda bilen meşgullanmakçy, öz telekeçilik işini ýola goýmakçy bolupdyr. Şu maksat bilen ol tutuş ýurdy, goňşy ýurtlary aýlanyp çykypdyr, dürli kynçylyklary görüpdir, dürli wakalara uçrapdyr we, ahyrsoňy, ýene eser ýazmaklygyny dowam etdiripdir. Ýöne hut şu durmuşa içgin aralaşmaklygyň özi onuň eserleriniň örän özboluşly bolmagyna ýardam edipdir. Şol döwrüň bazarlarynda bar bolan hünärler, harytlar, adamlaryň geýim-gejimleri, alyjylaryň-satyjylaryň özara gepleşikleri Plawtyň eserlerinde şeýle bir baý hem janly ýaňlanýar. Ýa-da, Maksim Gorkiniň, Jek Londonyň eserleriniň meşhurlygy olaryň durmuşyň ýowuz gazanynda gaýnandygy bilen bagly.
Edil beýle derejede bolmasa-da, Myrat Gurbanyň goşgularynda-da halky gepleşige ýakynlyk bar. Goşgularda seýrek ulanylýan sözler öz ýerinde jaýdar peýdalanylypdyr. Diňe bir goşguda ulanylan sözlerden mysal getirýäris:

…Ykbal umytlarmy ýele galgatdy,
Ýylgyryşlaň ýalňyz galan teperrik.

***
…Päk söýginiň pitresini bereňde,
Ýakar seni bu döwranlaň sowlany.

***
…Men bir söýgiň ýowuz şarpygyn dadan,
Ölüp bilmän bolup galdym janderdi.

Kär-hünäriň döredijilige täsiri gürrüňsiz. Şahyr özüne ýakyn, gözüniň görýän, ýüreginiň syzýan zatlary, başdan geçiren wakalary hakynda gürrüň gozganda, şygyr has ynandyryjy bolýar. Asla, o zatlar biygtyýar halda şahyryň şygyr dünýäsine siňmeli. Şygryýetiň aralaşmaýan ýeri, ylymy, kär-hünäri ýok. Şonuň üçin antiki döwürde günbatarda, orta asyrlarda gündogarda dürli ylymlara bagyşlanan eserler goşgy bilen ýazylypdyr. Şonuň üçin Aristotel özüniň “Şygryýet” atly işinde ilki bada çeper edebiýat bilen beýleki ylymlaryň, şahyr bilen alymyň arasyny açmaly bolupdyr. Myrat Gurbanyň döredijiliginde-de söwda, matematika bilen bagly goşgular bar. Ýöne bular birwagtkylar ýaly şygyrda ýazylan ylym däl. Bular, has dogrusy, ylymda ýazylan, ynsan duýgusyna täsir edýän şygyrlardyr. Meselem:

Söýgüde hemme zat takyk bolmaly,
Köpelmeli, bölünmeli soňra-da,
Goşulyp, goşulyp oba bolmaly,
Aýrylyp gitmeli Hudaý sowmasa.

Bölüji bölünijiň hamyrmaýasy,
Köpeldiji köpelijä deňdir-le.
Hasap takyk bolsa, bolmaz yrýasy,
Bulaşaýsa, tapawudy geňdir-le.

Hasap tutup ýaşamaly günleri,
Goý, dostlaryň sany ýitipler geçsin.
Hemem hiç sanaman gysyň elleri,
Sany näçä ýetse, ýetipler geçsin.

Awtoryň soňky bentdäki gowy dilegleriň gargyş görnüşinde aýdylmagyny täze tapyndy hökmünde täsirli aýtmak niýeti bilen ýazan bolmagy-da mümkin. Emma bu setirler goşgynyň estetiki täsir ediş, gözellik derejesini peseldipdir.
Ýaşlar, köplenç, öz aladalary bilen ýaşaýarlar. Bu ýagdaý olaryň goşgularynda-da şöhlelenýär. Şu ýerde-de ýaşlaryň döredijiligine ýetmezçilik edýän esasy mesele ýüze çykýar. Şahyr diňe özüniňki däl. Ol il-güne öz dünýäsini açýar. Il-günem goşguda diňe bir galyp gözelliklerini däl-de, öz aladalaryny, dertlerini görmek isleýär. Okyjy bir goşgyny okap tolgunýan bolsa, şol goşguda gozgalýan meseläniň bir tarapy hut onuň öz durmuşyna-da degýändir. Diňe öz dünýäňe ulaşyp galman, töwerek-daşyňam duýup ýaşamak şahyryň goşgularynyň ömrüni uzaldýar. Okyjyny aldap bolmaýar. Diňe özüňi söýüp, diňe özüňe gynanylyp, öz aladalaryňa çolaşylyp ýazylan goşgular uzak ýaşamaýar. Bu ýerde hususylygyň umumylaşmasy lazym. Edebiýatyň taryhynda yz goýmagyň ýeke-täk ýoly şu. Myrat Gurban “Serhoşuň içgepletmesi…” atly goşgusynda sagdyn durmuşy alyp barmagy wagyz edip, öz jemgyýetçilik ornuny tapmagyň ýoluna düşendigini görkezýär. Azaşana hut azaşanyň öz gözi bilen gynanmaklyk okyja güýçli täsir edýär. Şeýle aladasy bolan ençeme okyjylar bu goşgyny okap, oýa batsalar gerek.
Umuman, Myrat Gurbanowyň goşgulary pikirleriň örän anyk, täsirli, çürt-kesik berilmesi bilen tapawutlanýar. Şonuň üçinem, käbir setirler birinji gezek okanyňdan ýatda galmaga ukyply. Ine, ýaryny ak ýürejiginden ezilip-ezilip söýen aşyk ýigit özüni terk eden magşugyna goşgynyň “bissimillasynda” şeýle “haýbat atýar”:

Seňem bir gün içiň gysar, görersiň,
Duýarsyň bir zatlaň ýetmeýänini.

Ykbalynda şeýle pursatlar bolup geçen ýigitleriň hakydasynda galjak bu setirleri okanyňda, “gülden näzik ýaňaklaryň wagty geçse, har bolup galar” diýip zeýrenýän aşygymyz Kemine biygtyýar ýadyňa düşüp gidýär.

Baýram AKATOW.

Категория: Edebi tankyt | Просмотров: 497 | Добавил: Нawеran | Теги: Baýram Akatow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Edebi tankyt bölümiň başga makalalary

Материалов за текущий период нет.

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Şirhan  
49
Myrat Gurbanowyň "Ejemogullar" goşgysy. Iň gowy görýän goşgylarymyň biri.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]