19:49 Suw gyzy / hekaýa | |
SUW GYZY
Hekaýalar
Durdy balykçy her gün ir säher bilen mele atyny säpjedip, derýanyň kenaryna gelerdi. Bu gün bolsa ol mele atynyň ardyna gyzyny hem mündürüp, derýanyň şol ýalpaklap akýan ýerine geldi. Ol atyndan syrylyp düşdü-de, gyzyna-da atdan düşmäge kömek etdi. Ilki bilen derýa salam berdi. Ol çalaja bugaryp duran derýanyň üstünde gaýyşyp ýören düzüm-düzüm çarlaklara, üýşüp duran ördek-gazlara mähir bilen seretdi. Baryp, düýnki guran çeňňeklerini ýekän-ýekän gözden geçirdi. Çeňňeklere ilen uýluk ýaly bäş-alty sany lakgany örme sebedine saldy-da, çeňňekleriň ujundaky gurçugyny täzeläp, ýene-de derýa oklady. Petdäniň şahalaryndan döwüşdirip aldy-da, ak saplysy bilen ýonçgulap olardan birnäçe haçja ýasady. Uzyn toruny çöşledi-de, onuň ýeňsesini haçjalara ildirip çykdy. Torunyň aşaklaryna bolsa galampatlak taşlady. - Gyzym, bu günä derýa birneme gaýdyşypdyr, balyk köp bolar. Garmaklaryňy guranyňda, “Bysmilla, Awlamyş ata, tüf, bir lakga” diýginiň - diýip, gyzyna sargyt etdi. Nan haltasyndan el ýaly bugdaý çöregini çykardy-da: “Me saňa” diýip, awuň ýoluna sadaka aýdyp, derýa oklady. Tylla meňizli çörek göz açyp-ýumasy salymyň içinde çarp urýan derýanyň mele tolkunlarynyň girdabyna düşüp, gözden ýitdi. - Wiý, kaka, ejemiň beren teňňelerinem oklaýynmy?! - Okla, Garagözüm, okla! Berekediň goýnudyr bi, islegiň bolsun! Akja teňňeler suwa jolpuldap düşende, balykçynyň gyzy enesiniň agşamky öwreden dogasyny okaýardy. * * * Durdy bekräniň obasyna “Awçylar”, köplenjemoňa “Balykçylar obasy” diýilýär. Dek şu günki ýaly hakydamda. Oglanjyk wagtymyz babam pahyr: “Palawjeňňeliň bu obasynda awçylar tiresi ýaşaýar.Olaryň hemmesäm bir nebereden, aňyrsy Begli balykçydan gaýdýandyr” diýerdi. Bir wagtlar ýekeje ýol bilen ýa-da towşan ýodasy bilen baryp bolýan awçynyň täk öýi ençeme heňňamlary başdan geçirip, köpelip-käneldi. Baglary güreldi. Küren oba boldy. Derýa kenaryny goltuklap oturan oba kiçeňrägem bolsa, onuň içi her hili geň wakalardan doly. Bu ýerde akylyňy haýrana galdyrýan, ýene bir görsemdim diýip höwes etdirýän geň-enaýy zatlar kän. Olaryň haýsy birini sanap çykjak! Ýöne, bu obany asmana ýyldyz sepilen gijelerde, balyk ysly salkyn şemalda gaýygyň üstünde oturyp, sada, päk ýürekli adamlaryň söhbetlerini diňlemegiň lezzetini bir diýsene! Obanyň özboluşly gelşigi-hä, han-ha, şol agaç germewlerden asylgy duran torlar, uzyn ekme gamyşdan ýasalan garmaklar, ululy-kiçili aw gapanlary, çaňňa ýaprak üzümleriň astynda kakadylan balyklar. Çar tarapyny göm-gök toraňňy tokaýlary bilen örtülen balykçylar obasynyň adamlarynyň gün-güzerany diňe balyk, aw bilen bagly bolansoň, olaryň däp-dessurlaram üýtgeşik. Daşy tal agaçlary bilen germewlenen kiçijik jaýlaryň gapylaryndan balyk oňurgasyndan edilen düzüm-düzüm monjuklaram, oklykirpiniň syh-syh, ala-mula tikenleräm bu ýere gelýänleri geňirgendirmän duranok. Durdy balykçynyň aýaly Ogulgerek daýzanyň ellerine dakynýan bileziklerinde-de balyk şekilleri bar. Durdy bekrede ýekegapan dişini köplenç ýanynda göterýär. Şäherden gelen awçylara-da: “Hiç bir döw çalmaz ýaly” diýip, olara-da berip goýberýär. Derisine saman dykylan möjegiň garantgasy bolsa, obanyň garry awçysy Gully aganyň sada öýüniň girelgesinde üstüňe abanyp dur. Ol öýüne gonak bolana: “Möjegiň tüýleri bela-beterden goraýandyr” diýip,gözleri ýanyp duran möjegiň tüýünden ýolup berýär. Önelgesiz aýýalar Durdy balykçynyň tutan bekre balyklaryny iýip, altyn aşyklyja bolýardylar. Şonuň üçin balykçy obasynyň nesilbaşysy Durdy bekre ady bilen ilden-illere meşhurdy. Bu obanyň ata-baba kesp-kärleri diňe balykçylyk. Durdy aganyň-da gözüni açyp göreni balykçylyk.Tarhan bugdaýreňk, arrykrakdan uzyn adamy uly suwuň iki ýakasynda tanamaýan az-azdy. Onuň öýüniň deňinde düňderilgi ýatan iki sany agaç gaýygyň ýaşyny-ha, bu jelegaýlarda bilýän ýok. Şol tagtalary çüýreşip giden agaç gaýyklaryň üstünde güne meýmiräp ýatan semiz pişigiň agramy bir çebiş bilen deňdir diýýärler. Iýýäni lakga balygyň zyňylan kellesiniň ýaglyja ýeri bolansoň, pişigiň mawy gözleri semizlikden ýaňa zordan açylýar. Tomus aýlary obanyň hysyrdysy köpelýärdi. Tomsuna kellesine sypal şlýapalaryny geýen şäherli adamlar topar-topar bolup, balyk tutmaga ýatymlaýyn gelýärler. Olar näçe köpem bolsalar, on-onbäş öýli obanyň gujagyna sygýarlar. Agşamlaryna oduň ýagtysyna egele bolup oturan adamlaryň arasynda, şorja balyklaryň daşynda gürrüňçilik gyzyşardy. Jedelleşip, küştdir şaşka oýnaýardylar. Gep-gürrüň aýlanyp-dolanyp, ahyrsoňy ýene-de şol balykly kenaryň üstünden düşerdi. Bu obanyň oglan-gyzlary küştdir şaşka oýnamagam hut şol şäherli balykçylardan öwrendiler. Şäherden gelen balykçylaryň arasynda Mäti aga ölemen balykçydy. Ol ogly bilen gaýygynda çyra ýakyp, gijäniň bir wagtyna çenli oturardy. Şonda Mäti aga ogluna: “Söhbet, senem awyň tärlerini obanyň oglanlaryndan öwreniber. Görýäňmi, Durdy bekräniň gyzyny? Gyz diýjeksiň! At münüp, dükürdäp ýör. Gaýyk münüşine, kürek urşuna dagy seret! Tüweleme, dogumlyja gyz. Gorky-ürkini bilenok” diýýärdi. Durdy aga bilen Ogulgerek daýzanyň perzentden diňe ýeke gyzy bardy. Durdy aga ony ogul ýerine söýerdi, ýanyndan goýmazdy. Näzijek sülgün eti bilen bakardy. Gyzjagaz atasynyň alkymyna dykylyp, balyk tutmagyň, aw etmegiň inçe syrlaryny çagalygyndan başlap aňyna siňdirdi. Düşbüje gyz indi sülgüniň sesinden haýsy güzere injekdigini, doňuzyň yzyndan mekejindigini ýa-da ýekegapandygyny tanaýardy.Atasyna aýtdyrman, tora ilen balyklary çöpleşdirýärdi, gapana düşen towşany ýazdyryp, täzeden gurmagy başarýardy. Derýa ýakasynyň, Palawjeňňel ýaýlasynyň balykly ýerleriniň atlaryny, olaryň nirededigini bäş barmagy ýaly belet. Ol suwda gaýyk küreklemäge hem ökde. Şonuň üçin balykçylar obasynyň adamlaram: “Tüweleme, dogumlyja gyz” diýip, Altyny gowy görýärler. Durdy bekräniň ýylanyň damagyndan çykan ýaly çeýe, mele aty bardy. Derýa joşan ýyly janawara göz kesel degip, şondanam bir gözi kör boldy. At görgüliniň bir gözi körem bolsa, üşükli jandardy. Durdy aga: “Körmelämiň diňe dili ýok” diýýärdi. Janawar baran toýunda öňüne at geçirmezdi. Palawjeňňel obasynyň oglanlarynyň ýetibilmeýän zady bolsa, öz atlarynyň Körmeleden ozmagyny görmekdi. Şäherli Söhbedem oba gelse, Körjäni ýuwaş görüp, mydam şony münýär. Damka oýnamagy öwredeni üçin Söhbede at münmegi balykçy gyz öwretdi. Gyzynyň at münmegini, derýa kenaryna çykyp, balyk tutmagyny Ogulgerek daýza kän oňlamasa-da, Durdy aga: “Eline kakma, çaga göwün berse, etjek işiň bolmaz” diýýärdi. Ataly-gyz derýa kenaryna balyk tutmaga şaýlanyberselerem Ogulgerek daýza: “Gyýyw kakasy, göz-gulak bolaweri, atdan ýykylaýmasyn, suwa girip ýörmesin” diýip, özelenerdi. - Eje, näme alada edýäň. Men o kenara ýüzübem geçip bilýän-ä. Derýa gorkaklary, ejizleri halamaýar-a. - Balam, beýtmäweri. Sen gyz maşgala ahyryn. - Eje, men siz üçin gyz hem oglan ahyryn. * * * Durdy aga soňky döwürler ýarawsyzlyk tapyndy. Ol derýa kenaryna balyk tutmaga gitmesinem seýrekletdi. Toý-tomga-da çykmady. Ol indi gyzynyň tutýan balyklaryny uzyn-uzyn agajet barmaklary bilen zordan arassalaýardy. Içini-daşyny duzlap, ýüpe sermegi bolsa, Ogulgerek daýza tabşyrýardy. Ol soňky demini sanap ýatyrka gyzyny ýanyna çagyryp, sargyt etdi: “Gyzym sen meniň göz-guwanjym. Balykçylyga ymtylmagyň menden geçen zat bolmaly däl, gyzym.Aňrymyz şu derýadan, şu kenardan eklendiler, seniň çagalaryňam balyk awlap ýaşamalydyr. Şu derýany, şu kenary taşlap gitmegin. Onsoňam berk belle. Bu kär asandyr öýtmegin. Yhlas etseň, saçagyňam çüpremez, derýa seni eklär, gyzym”. “Durdy balykçy ýogalypdyr” diýen habara balykçylar obasynyň uludan kiçisi hemmesi gynandy. Ertesi guşluk çaglary oba üýşüp, balykçyny derýanyň üstüne howalanyp duran Hojaýgyr öwlüýäsine äkidip jaýladylar. “Balykçylar obasynyň göz-guwanjy gitdi-leý, ojagymyň söýesi ýykyldy-leý” diýip, Ogulgerek daýza saçlaryny ýaýyp, aýalaryny çarpyp, ýer bagyrtlap aglady. Tamyň bir böwründe gözlerinden boýur-boýur ýaş döküp, bozlaýan balykçy gyza her kimiňem ýüregi gyýyldy. Wah, nätsin,görgüli, naçarda! Obanyň oral aýallary oňa: “Ahmyrsyz ölüm ýok. Hakyky mert bolmaly ýeriň geldi, Altyn. Kakaň, Durdy balykçynyň hatyrasyny sakla. Çyda. Ýaş gyzsyň, özüňe zor salyp ýörmezler. Gatybir içigiberseňem soňuna gowy bolmaz.Onsoňam sen emelsiz gyz däl” diýip, göwünlik berdiler. Durdy aganyň öldi habaryny eşidişip, şäherli balykçylaram bir gozakly maşyny dolduryp geldiler. Durdy aganyň ýogalan günleri derýada joşup, däli-porhan bolup hanasyna sygman akdy. Derýa kenarynyň adamlary derýanyň joşmasynyň sag-aman sowulmagyny dileg etdiler. Ogulgerek daýza bolsa: “To-obeý, toba. Derýa öz perzendiniň ýoklugyna gazap edýändir”- diýip, öz-özünden birzatlary samrady ýördi. Gün geçdigiçe Altynyňam, Ogulgerek daýzanyňam ýüregi derýa kimin düşüşdi.Altyn balykçy kakasynyň hatyrasyny tutdy. Aş-suwuny berenlerinden soň, ol kakasynyň çeňňeklerini alyp, derýanyň kenaryna günde geldi. Ogulgerek eje oňa “günde gitme” diýip, jowransa-da, irden satanlak mele atyna münüp, balyk tutmaga gitdi. Giç agşam öýlerine dolandy. “H-eeý, janawer, kysmatymyza şükür edeli” diýip, aty bilen gürleşdi. Derýa bilen iç döküşdi. Haltajygyndan gopuzyny çykaryp, badam gabaklaryny tirsildedip, “gyw-gyw” edip gopuz çaldy. Näzik labyzly gopuzyň owazy, ak çarlaklaryň “çillik-çillik” diýýän seslerine garyşyp, üýtgeşik nagma öwrülip gitdi. Gopuz çalyp içini gowzadan gyz didesini suwa dikip: “Sen derýanyň görkidiň ahyryn, kaka!” diýip, pyşyrdady. Ol soň-soňlaram kakasynyň keşbini derýanyň tolkunlaryndan gözledi ýördi. Göwnüne bolmasa kakasy bir ýerlerden çykaýjak ýalydy. Näme bolsa-da, derýa bu ýyl gatybir gazabyna tutup durmady. Daşgyn geçenden soň, balykçylar ýene-de çeňňeklerini alyp derýanyň kenaryna çykdylar. Altyn kakasyndan ýylyň haýsy wagtynda nähili balygyň bolýandygynyň syrlaryny içgin öwrenipdi. Derýanyň gaýtgynyndan soň, gol taşlan ýerinde balygyň köp bolýandygynam oňa kakasy öwredipdi. Ol Körjäni eýerledi-de, çeňňeklerini bogup, atyň eýerine daňdy. Bägül nagyşly ýaglygyny daňynyp, goşa örüm saçlarynam biline orady. Onýança Ogulgerek daýza gyzynyň goş torbasynyň gyrasyna kakasyndan galan dogajygy çatdy-da: “Bar balam, awuň ganly bolsun! Kakaň kesbine gaýym bolgun!” diýip, gyzyna pata berdi. Altynyň atyny debsiläp, balyga çykyşyny synlamagy diňe bir onuň obadaşlary däl, eýsem şäherlilerem arzuw ederdiler. Ol bilini guşap, ata çykanda dagy göýä söweşe şaýlanan ýalydy. Ony gören şäherliler-ä “Tüweleme, Aý-Günüň parasy ýaly. Özem durşuna dogum bolup dur” diýşip haýran galardylar. “Onuň balyk tutuşyny öz gözlerimiz bilen görsekdik” diýşerdiler. Käbir jahyllaram: “Bir ebeteýini tapyp, gürleşip,derýa içre owsunjyrap, ter mämelerini tözlendirip iki-ýana ýüzüşini bir görüp bolmazmyka?” diýip örtenerdiler. Emma ony görmek mümkinmidi?! Şol gün uzyn boýly näzenin atyny säpjedip, gelşine, derýa goýnunda boý alan garry toraňňynyň teýinde atyň jylawyny çekdi. Gara gözlerini balkyldadyp, zer donuny bürenip ýatan derýanyň gulagyna çawuş çakdy. Gara saçlaryny çöşläp goýberdi. Ak kümüş bileziklerini şaňňyrdadyp, bägül dodaklaryny suwa basdy. Gül ysly gyzyň demi demine düşende, derýanyň joşy geldi. Tutdum-tutdum oýnaşyp, üst-üstüne agdarylyşyp gelýän tolkunlar ak gyzyň tenine tenini oýkanda, derýa mes iner ýaly kükredi. Bälçiredi. Nagra tartyp, güwwüldedi. Uzyn ellerini gyzyň biline orady. Ter mämelere başyny goýup, gujagyna gysdy. “Leýlim” diýip pyşyrdady, pagşyldady. Gujagyna gysybam, o kenerdan bu kenara aýlady. Bu haly kenardan synlap, alma gözüni petredeip synlap duran Körmele daş toýnaklaryny sandyz çäge dars-dars urup, mojuk kişňedi. Bitakat boldy. Özüni yşkyň goýnuna atan gyz tä bir çen bolýança kenardan gaýtmady. * * * Ykbalyny derýa baglan Durdy aganyň aýaly Ogulgerek daýza tor işmäge ökdedi. Onuň gyşyn-ýazyn bar pişesi tor işmekdi. Balykçylar Ogulgerek daýzanyň işen torundan nalamazdylar. Onuň ejizje göm-gök damarly elleri balyk arassalamakda-da çalasyndy. Gyzyl guýrukmy, tüňňimaňlaýmy, lakgamy - parhy ýok, şatur-şutur içini silkip, duzlap, serip goýardy. Dermanlyk üçin balyk, gotan, ýekegapan ýagynam gaplara salyp, il-güne paýlardy. Onuň elleriniň her dürli balykdan ökdelik bilen taýýarlaýan naharlarynyň dadyny diýjekmi!? Şondan soň birki ýyl geçendir-dä, Ogulgerek daýzanyňka gudaçylyga geldiler. Özlerem şol şäherli Mäti balykçy dagylar. “Gatnaşyk-garyndaşlyk ýitmesin” diýşip duransoň, Ogulgerek daýza ýarym göwünli razyçylyk berdi. Obanyň içinde: “Altyny şäherli oglana, özem şol suwda ýüzübilmeýän Söhbede durmuşa çykarýarmyş” diýen habar ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady. Kim bu habary “ýalandyr” diýse, kim “Ogulgerek daýza ýeke gyzyny şäherlä berermikä?” diýen ýaly gürrüňler el ýaly obanyň içinde köpelip ugrady. Ine, bir günem derýanyň ýokary akymyndan tarryldysyny töwerege dolduryp, motorly taýmyl geldi-de, balykçylar obasynyň guwanjyny ýaşyl mahmala büräp, alyp gitdiler. Ogulgerek daýza gyzy gidensoň, otly köýnek geýen ýaly boldy. Zowzuldap, girdi-çykdy. Öz öýi dar, borram-boş göründi, mähriban ojagy içini gysdyrdy. Maňlaýynda burçak-burçak der peýda boldy. Ýeke özi içini hümledip oturşyna öz-özüne käýindi: “Wah, muny nädäýdim, öz elim bilen allaowarralara berip goýberdim. Gyzam ýok diýmedi. Sähel göwnemedik bolsa, beýtmezdimem”. Altynyň şäherlä çykaly bäri Ogulgerek ejänem-ä ýoluna bakdyrdy welin, has beterem balykçy obanyň uly-kiçisini intizar etdi goýaýdy. Indi olar köp wagtdan bäri, atyny säpjedip barýan balykçy gyzy öz köçelerinde görmeýärdiler. Derýa kenarynda Altynyň şirin aýdymlarynam, gopuz çalşynam eşidmeýärdiler. Balykçylar üçin awuňam keýpi gaçan ýalydy. Syrgynyň kethudasy Gully aga: “Obanyň gyzygy Altyn gyzdy. Hanha indi Körmelede boýnuny burup, hokranyp dur. Wah, bu däli Jeýhunyň giň gujagy nire, bir sydyrgyn jaýlardan ýaňa süre sokma şäher nire? Juda beýtmeli däldi Ogulgeregem. Onsoňam adam örki berk zatdyr” diýýärdi. Günler hatar gurap geçip durdy. Altyn baran ýerine tiz öwrenişse-de, otursa-tursa öz obasyny küýünden çykaryp bilmedi. Ojagynda ýeke galan ejesi, aty, derýa kenarlary ýaş gelniň göz öňünden geçdi durdy. Şäheriň ötlem-ötlem jaýlary sähraýy gyzyň kejebesini darykdyrýan-da bolsa, ol muny gaýyn tarapyna bildirmejek bolýardy. Öz ýanyndan: “Şäher bolaýşyny, barysy bir tünegiň aşagynda, bu ýerde - tebigylykdan nam-nyşan ýok. Hemme zat ýasama. Sonarly-sülgünli Amyderýanyň goýnuny dünýe malyna çalyşaryn öýdemok” diýýärdi. Gaýynlaram: “Ynha, hä diýmän eline çaga alsa, ojagymyza höwrüger gider. Soňunam görübiris, Hudaý gowusyny etsin-dä, hernä” diýýärdiler. Aý-güni dolup, Altyn ene hataryna goşuldy. Eli goşa bäbekli öýüne dolanan güni Altyn dünýäde özüni iň bagtly ene hasap etdi. Balykçy babalarynyň hormatyna ekizjeleriň adyna Begli, Durdy goýdular. Ekiz agtyklarynyň bolanyny eşidip, Ogulgerek daýza goňşy-golamlara buşlap çykdy. Teläriň aşagynda daňylgy duran Körmeläniňem abat gözünden ogşap gaýtdy. “Wah, şu maňlaýym kaşmadyk bolanlygynda natuwan guşum, algyr bürgüdim Durdy balykçam begenjinden kenara sygmazdy. Indi bu şatlyga diňe ikimiz şärik bolarysmy, Körjäm?!” diýip at bilen gürleşýärdi. Ol iki elini galgadyp eliwräp ýörşüne, “Ýok, muny derýa-da eşitsin” diýip, derýa kenaryna ylgady. Ol çarp urýan derýa elini bulap:“Buşluk, derýam, Altyn gyzymyzyň ekiz ogly boldy” diýip, gygyrdy.Enäniň buşluk sözleri göz-açyp ýumasy salymda derýa suwuna çaýylyp, kenarlarda ýaňlanyp gitdi. “Suw gyzyň ekiz ogly bolupdyr” diýşip, balykçy obanyň ýaşuly-ýaşkiçisi eşidişip begendiler. Şol gün adamlar çar ýandan dökülip, Ogulgerek daýzanyňka geldi durdylar. Şonda Gully aga köpden bäri “aýdaýyn-aýdaýyn” diýip ýören ynjyly sözini aýtmaga maý tapdy: - Ogulgerek, balykçy gyzymyzy görmeýänimize-de ep-esli ýyl boldy. Obamyzyň görkidi. Arkamyzdaky balykçy obasynyň abraýydy. Türkmençilige görä, şol şäherli oglany giçki giýew edip, gyzyň bilen ýanyňa höwür alaýsaňam bolup dur-a. Onsoňam muny il-günem geňlemez. Il-günem şony maňa “sen aýt” diýip tabşyrdylar. Mäti agalaram gelin söýüp, agtyk görüp guwanan bolsalar, biziň teklibize närza bolup duraslary ýok-la. Seniňem, biziňem ýagdaýymyza düşünmän durmazlar-la. Ogulgerek daýza gelene çaý goýup duran ýerinden: - Wah, Gully aga, näsini aýdýaň. Öten agşam meniň özümem bu hakda bütin gije çirim etmän oýlanyp çykdym. Ýöne, Altynyň gaýynlaryna alagada gyzymy yzyna beriň diýip nädip aýtjak– diýende, Gully aga bu meseläni öz boýnuna çekdi. “Mäti agalar razylyk berenmiş. Emma Söhbet teý göwnemän aýak diräp durmuş” diýen habara Altyn gyzlarynyň gaýdyp geljegine göwünleri galkan oba adamlarynyň ýene-de başlary sallandy. Şol günüň ertesi säher bilen balykçaylar obasyny Körmeläniň uzyndan-uzyn kişňewi oýardy. Maşynyň zarp bilen açylan gapysyndan çykyp, bärligine ylgap gaýdan ýaňyjak aýak biten oglanjyklary, ak ýaglygyny ykjadyp gelýän Altyny hemmeden öňürti aty tanady. Onuň içi-içine sygman kişňemesi, özüne tarap gollaryny ýaýyp gelýän Altynyň: “Kö-ör-me-elä-äm!” diýýän şirin owazy bilen garpyşyp, derýa kenaryna düşüp, üýtgeşik bir mukamy emele getirdi. Körmele bäbek ysly gelniň ýüzüni gözüni ysgap, ýalap, bolubilenini boldy. Ogulgerek daýza bolsa: “Balam, barym-ýogum ýekeje didäm, seni göreslerim gelip gitdi. Gije düýşlerime-de girdiň durduň. Wah, janawer seniň geljegiňi aňýan bora çemeli. Düýnden bäri Körje uzyn-uzyn kişňäp, toýnaklaryny tarpyldadyp, teblesinde birahatlandy durdy” diýip gyzyny bagryna basyp durşuna, horkuldap aglaýardy. Titräp duran horja barmaklary bilen bolsa agtyjyklarynyň buýra saçlaryny sypalaýardy. Gujagyna balalaryny gysyp duran enäniň şol bada ysgynsyz göwresine güýç gelen ýaly boldy. Bir wagtky burnundan ysy uçan çagasynyň ysyny alyp, gyzynyň alkymyndan, saçlaryndan doýa-doýa ysgady. Ysgadygyça bir zat tapan ýaly hamsykdy. “Wah, balam, seniň burnumdan uçan şol ysyň agtyjaklarymada ornapdyr” diýip, ekiz agtyklaryny köp wagtlap gujagyndan düşürmedi. Onýança aňyrdan Gully aganyň sesi eşidildi: – Baryň,“balykçy gyz geldi” diýip, Palawjeňňeliň obalaryna buşlaň! Obanyň gumaksy ýoly bilen çar-ýana tapyrdaşyp, “söýnji-de-söýünji” diýşip barýan oglanjyklaryň gohuna Ogulgerek daýzanyň semiz pişigäm kellesini bir galdyrdy-da, ýene-de “myr-myrlap” gözlerini ýumdy. Altyn akylly, alma gözlerini balkyldadyp duran atyna atlandy-da, derýanyň kenaryna depdi. Onuň göm-gök toraňňylyklaryň içi bilen gülli öýmesini parladyp, bir görnüp, bir görünmän barşy şeýle bir üýtgeşikdi. Ol bu wagt atynyň aýagynyň astyndan güsürdäp, asmana göterilýän sülgünlerede pitiwa-da berenokdy. Onuň bar küýi basymrak köpden bäri göwün küýsän ýerine – ene derýanyň goýnuna, hoştap gujaga dolmakdy. Ene derýanyň hüwdä çalymdaş güwwüldisini, ýürek namasyny kalbyna salyp gana-gana diňlemekdi. Ol şu wagt peýkam ýaly süýnüp barýan atyň badynam pes görýärdi. Ene derýa bolsa gujagyny gerip, balasyny bagryna basmaga garaşýan ýalydy. Ter bedeni syratly gelin şo-ol ýalpak kenara baryp, balyk ysly üýtgeşik hoştap howadan kükregini dolduryp dartdy. Ol ýaňagyndan syrygýan begenç gözýaşlaryny sylyp ýetişse, olam şol çogup durdy. “Geldiňmi?”, “Gurgunmyň?” diýşip, tylla teňňeli balyklar, ak perli guba-gazlar göründi. Akar suw bolsa öz dilinde oňa nämedir bir zatlar aýdýardy. Altynyň gursagyny gowzadasy, ýüregine aram salasy gelýärdi. Gör, ol bu pursada haçandan bäri garaşypdy? Güwwüldäp joşgunly akýan ene derýa seredip, gujak açyp duran gelniň agy gatyşykly, begençli pyşyrdysy gitdigiçe durlandy-da, gorp atan kenarlara düşüp, äleme ýaň salyp gitdi. Baýramgeldi ÇARYÝEW. 28.07.2006 ý. | |
|
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |