14:42 Tapmaçalar | |
TAPMAÇALAR
Çagalar edebiýaty
("Jadyly sandyk" kitabyndan) 1. Dört atanyň onki ogly, Kän agtygy, kän çowlugy. Bary Aýa-Güne bagly. Men bilmedim, kim atasy, Men bilmedim, kimdir ogly? Bilýän bolsaň, aýt, Begli! Dört pasyl, on iki aý. 2. Belent dag dek diň gördüm. Beýikligin geň gördzm. Diňim dünýä diň salar. Dünýäň sagy-soluny, Derýasyny, kölüni, Bar ýurduny, ilini, Hemmä görkezip biler, Bu neneň geň, Haýsy diň? Aýt, Aşyr bilýän bolsaň! Telewizion diňi 3. Bir aýag-a demirden, Bir aýagam kömürden. Ölçär, Biçer. Çyzgy çeker. Hasap eder, Hasap çykar. Eger adyn aňan bolsaň, Bol, bize-de aýtm Şeker! Sirkul 4. Ýer dörüp ýör, sary sygyr, Bilmen näçe ýaşyndadyr. Ýigrim jübüt aýagy bar, Hemmejesem döşündedir. Bu nähili täsin sygyr? Bilýän bolsaň, aýt Tugur! Kyrkaýak 5. Ömür onda çaga ýok, Ne eşekdir, ne-de at. Mündürer hem çeker ýük, Bu nähili haýwanka? Bol, adyny bil, Kömek! Gatyr 6. Mis gümmeziň saýasynda, Bagly birje dil hiňlener. Oýnar çölüň aýasynda, Gol içinde kän ýaňlanar. Ol ýaňlanýan mis gümmezi, Ol hiňlenýän täsin dili, Diňläp sarwan, çekip kerwen, Geçer mydam alys ýoly. O nä gümmez, ol haýsy dil? Gurban, oýlan, adyny bil! Jaň 7. Ýap-ýaşylja penjire, Bezeg berer he töre. Penjiräme bakaryn, Dünýä seýle çykaryn. Bu nähili penjire? Bol, adyny aýt, Töre! Telewizor 8. Demirden bir öküzim bar, Ýeri mydam süsüp gider. Gök otlary ýalmap-ýuwdar, Desse-bede basyp gider. Bu nahili demir öküz? Belki, Halbaý adyn aýdar! Ot orýan traktor 9. Gyzyl, sary, ýaşyl göz. Her birisi syrly söz. Syryny açmak gerek, Soň ýoldan geçmek gerek. Bu tapmaçaň jogabyn, Gulam, aýt, senden gezek. Swetofor 10. Uk, tärimsiz tüýnüksiz, Matadan öý bejerdim. Sütünsiz, gözeneksiz, Ýüp bilen bezeg berdim. Daga, düze äkidip, Mydam göterdim, ýördüm. Islän ýerimde söküp, Islän ýerimde gurdum. Güneşde kölge boldy, Ýagyşdan gorap geldi. Bilen bolsaň, aýt Bally? Çadyr Tapmaçalar (dowamy) 11. Meň atym bar: gara, ak, Ömür bile gezme ýok. Biri gitse, biri geler. Bu matalyň jogabyny, Belki, Alty ýorup biler?! Gije-gündiz 12. Gök sandygym açyldy, Altyn şaýlyk eçildi. Şaýlygny alyp bolmaz, Jübiňe salyp bolmaz. Bu nämedir, bil Almaz! Ýyldyz 13. Özi asmanda, Naýzasy ýerde. Gije gizlener, Geler säherde. Öýde bolar, Düzde bolar. Gyşda bolar, Ýazda bolar. Hem tomusda, Güýzde bolar. Paýhas eden Adyn biler. Bu mataly Ýormak üçin, Indi Aman Gezek alar. Gün 14. Kölde biter, kälde biter. Bag-bakjaly pelde biter. Mydam yzgar ýerde biter. Al-asmana garar otyr. Ýele başyn yrar otyr. Ýasap bilseň, tüýdük bolar. Seniň islän sazyň çalar. Bu matalyň jogabyny, Indi Artyk aýdyp berer. Gamyş 15. Böwri deşik, Demir guşak. Iýmez, içmez, Syryn açmaz. Gapy beklär, Öýi saklar. Gulp 16. Uzyn iýnjik, Täsin monjuk. Daşy nardyr. Içi gardyr. Gezeginde ony ýorjak, Araňyzda Nury bardyr. Igde 17. Bir gözi otdan, bir gözi suwdan. Bedeni ak, gunduzdan, guwdan. Şyg-şyg edip, aýdym aýdar. Elmydama çaý gaýnadar. Sen adyny aňan bolsaň, Bol, bize-de aýt-da Haýdar! Semewar 18. Üç aýakly demir halka, Irmän hyzmat eder halka. Depesinde gazan götär. Ot içinde ömrün ötir. Eger, adyn aňan bolsaň, Batyr bize aýdyp otur. Tagan 19. Dişi ýiti, güjük däldir, Ýabanydyr, möjek däldir. Eger balyk etin tapsa, Başga zady iýjek däldir. Öýde bolmaz, düzde bolmaz. Dag, jeňňele golaý gelmez. Sowuk, buzluk ýurtdan başga Ýerde, ömür ýaşap bilmez. Possuny ak, gor dek ýyljak, Adyn haýsyň aýdyp biljek?! Ak aýy 20. Daşy daşdyr, Içi boşdur. Agramy ýok, Misli guşdur. Suwa çümmez, gaýar ýörer. Gaýyk ýaly taýar ýörer. Bu mataly Toty ýorar. Suwkädi 21. Ganaty ýok, uçar ýörer, Dag, deňizden geçer ýörer. Ýörän ýerin ýolam bilmez. Gonan ýerin, golam bilmez. Ýere ýapar dürli halat. Adyn aýdar göge belet. Indi gezek senden Polat! Bulut 22. Dilip, güne goýdular. “Goý, kakasyn!” diýdiler. Ýüp dek, el bilen towlap, Islän wagty iýdiler. Gawun eken adamlar: “Maral biler” diýdiler. Kak 23. Dişi ýiti, dişi ýeser, Elmydama agaç keser. Byçgy 24. Pişik ýaly mawlap biler, Çaga ýaly aglap biler, Köşek ýaly bozlap biler, Adam ýaly sözläp biler. Bar ganaty, bardyr peri. Yssy ýurtdur bolýan ýeri. Bu bir täsin öýkünjeň guş. Oýnam harpdan ady barmyş. Oýlan, oýlan, bil sen, Durmuş! Toty 25. Bir kök ýygdym, gulaç-gulaç. Datdym, misli şekerpalaç. Süýji eken, derman eken. Arman, ady ýatdan çykan. Bilmen, ol zat nämedikän? Belki, bize aýdar Mekan?! Buýan 26. Çüýşe gümmez astynda, Bir täsin gural gördüm. Şol guralyň üstünde, Iki dürli ýol gördüm. Şol ýollaryň pessinde, Iňläp ýatan çöl gördüm. Men gurala kän garap, Çölüň syryny ýordum. Depe, düzde azaşman, Islän ýerime bardym. Meni haýran galdyran. Dogry ýol salgy beren. Guralda bar iki dil, Bol, oýlan, adyny bil! Gezek senden Jumagül! Kompas 27. Tulum ýaly garny çişik, Görseň, edil etli halta. Ýok, sypaty suwly meşik, Aýaklary örän kelte. Jeňňel, tokaý oňa ýat, Balyk iýer, iýer ot. Adyny bil, Gulmyrat! Begemot 28. Syýryk boýly, tokga baş, Tokga başda akja daş. Ýok, daş däldir, dürdür ol, Jana tenekardyr ol. Şol tenekar – dürlerden Enem üwär, un eder, Köje bişir, nan eder. Şol tenekar – dürleriň, Güljän, ady nämedir?! Jöwen 29. Arkasynda dürli hanjar, El urdugyň, hökman sanjar. Hanjaram däl, ýiti naýza. Naýza-da däl, meňzär biýze. Aýagy bar bäş penjeli, Yzy çagaň yzy ýaly. Oň adyny bilsin Weli! Oklukirpi 30. Ak, gara, ala bolar, Bolar ol dürli-dürli. Topy ýadyňa salar, Gawun däl, däldir torly. Käsi kiçi, käsi uly. Bolýandyr ol, dürli hili. Bişende murty gurar, Kesseň, içi köz ýaly. Iýseň, agzyňda erär, Sowukdyr ol buz ýaly. Ýaryp berdim märekä, Onuň ady nämekä? Bilmek üçin hemmämiz, Gezek bereliň Bikä. Garpyz | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |