TÄZE GATYŞYKLY ROWAÝAT
Bir gün toý tutuldy çarwa ýurdunda,
Türkmen toý geçirse –
Özüňe belli.
Gazan gaýnamaly agşama deňiç,
Aýdym aýdylmaly daňdana çenli.
Bu gezegem şeýleräjik geçirdik,
Durmuş gurýan aşyk ýigit çopandy.
Çopanlaňam bagty çüwýär her zaman,
Il–gün üýşüp, orta atdy tapanny.
“Takyr kelle togalanar toý diýseň”,
Şahandaz ilimiň dessury şeýle.
Al – elwan geýinip,
Toýlaň bezegi,
Sähra gözelleri çykdylar seýle.
Gargy tüýdük mukam çaldy toý hakda,
Ýaňlandyryp gülälekli düzleri.
Güpür–güpür at çapdyrdy gopuzda,
Çöp basan,
Çör basan çarwa gyzlary.
Ýaglyga towusdy jahyl ýigitler,
Tolgunyp synladyk gojalaň “ýüzgün”.
Päliwanlar göreş tutdy gijara,
Türkmen toý geçirse –
Şeýleräk düzgün.
Şireli şygyrlar, wäşi ýomaklar,
Türkmeniň meýidir –
Kalbyňy gandyr.
Toýa bagşy geldi dutardyr gyjak,
Türkmeniň öňünde hökmürowandyr.
Birdenem,
Birdenem,
Ýok, birdenem däl.
Daň atynça aýdym diňläp oturjak.
Hiç kim päsgel bermez türkmen toýuna...
Şeýdip toýlarmyzy şowly gutarjak.
Begmyrat USSAÝEW.
Goşgular