23:06 Tegelek stoluñ başynda / satiriki hekaýa | |
TEGELEK STOLUÑ BAŞYNDA
Satiriki hekaýalar
Dogrudan hem stol tegelek bolansoñ, onuñ başynda oturanlaryñ haýsysynyñ bu günki duşuşyga kethudalyk etjekdigi belli däldi. Her kim doýan guş ýaly petekesini gaýşardyp, gaty arkaýyndy. Ahyry gözi gara äýnekli bir adam ardynjyrap söze başlady. - Ýoldaşlar, biz bu ýerik özara pikir alyşmak üçin, ýagny derdinişmek üçin ýygnanyşdyk. Men turuwbaşdan bir zady bellejek bolýan. Käbir ýerlerde tegelek stol diýip, ony dört burç edip goýýarlar. Biz beýtmedik. Çünki onuñ töweregindäki oturanlaryñ hemmesi hem durgunlyk ýyllaryndan deñ derejede kösenen, galyberse-de, gerk-gäbe doýan adamlardyr. Hawa, ol döwür mälim bolşy ýaly, gara tegmil bolup, biziñ jemgyýetimiziñ ösmegine hem-de jübimiziñ galñamagyna juda ýaramaz täsir etdi. Şu oturanlaryñ bary hem gözlerinde oky bolsa, şol döwrüñ ýazzy mañlaýyndan otlajaklar. Indi men sizi duşuşyga gatnaşýan adamlar bilen ýeke-ýeke tanyşdyraýyn. Ynha, meniñ çep ýüzümde oturan ýigide... Geliñ, gowusy her kim özi hakynda özi gürrüñ bersin-le. Siz, onda, başlaberiñ! - Meñ, ýoldaşlar, gürlemäge duran ýerimdir. Çapmaly bolsa, pajalysta. Wiý, ýogsa-da, özümiñ kimdigimi aýtmandyryn. Maña Esen gassap diýerler. Özümi bilelim bäri et satýan. Hawa, durgunlyk ýyllarynyñ başymyza towky bolup ineni çyn. Baý, o döwürde işlemek kyn-da. Adamlar hem gaty ynjykdy. Eti saýlap iýerdiler. Has dogrusy "O ýerinden çekip ber, bu ýerinden çekip ber, munyñ süñkli" diýip, ýürege düşerdiler. Dükana et köp gelensoñ gaty erbet ýadalýady, täzeje etiñ sarykýan gany bolsa üst-başyñy görer ýaly edenokdy. Ynha, indi welin hezil, butgamyzyñ içi edil bilbiliñ ketegi ýaly, arassaja. Setanda-seýranda et gelensoñ adamlar gyrlyşjak bolýalar. Her kim et ýetse oñýa, oñ hiliniñem, pulunyñam gürrüñini edýän ýok. Saña ýetdi-de, maña ýetmedi, saçýoldy oýnaşýalar. Biziñem göhümiz gelýä, gökdäki dilegimiz ýerde gowuşýa. Durşuna süñk çekip berseñem, jyñklary çykanok, ynsap özünde. Pul diýlen zadam, näme, tüweleme, adamlarda weşeñ-weşeñ... - Bagyşlañ - diýip, hälki gözi gara äýnekli adam ýañy gürrüñe gyzyşan gassabyñ sözüni böldi. - "Gürlemäge duran ýerimdir" diýen bolýadyñ welin, ýeserje ekeniñ-le. Aý, hawa-da, ýangynlylyk adamlary saýradyberýär. Ýoldaşlar, wagtdan rejeli peýdalanmaly. Deputatlaryñky ýaly biziń bol-telki wagtymyz ýok. Gazanç etmeli. Gürlejek bolsa kän. Hany, sen ýaşuly... Gezek ýeterine mähetdel bolup oturan eli tesbili adam: - Bissimilla rahman rahym... - diýip, ýene-de bir zatlar sanaşdyrdy. Soñra elini eñegine ýetirdi-de, gürrüñini dowam etdirdi. - Durgunlyk ýyllarynyñ ylahym geçdigi bolsun. Arkaýyn töwir galdyrmaga zar bolduk. Bilýän, biziñ öñümize taýak oklan käbir ýolbaşçysumaklaryñ özleri ile görünmän namazam okaýadylar. Millet ölüsini arkaýyn jaýlamaga zardy. Gonamçylykda biri-birinden bukulyşýan şlýapalylar-a dözemokdym. Gurbanlyk etseñ, gazanyñy agdarýan wezipeparazlar gyt däldi. Zyýarata gidilýän ýerleñ ýoluny gazdyryp, maşyn geçmez ýaly etdirýän wenezzynalar hem bardy. Gowusy, meni gürletmäñ, içim ýanyp duran otdur. Hawa, häzirki döwrüñ başyna dönseñ, hezillik. Ondan-mundan Gurhan getirip satsañam adam adyñy tutanok. Metjit gerekmi, açyber. Ynha, tüweleme, indi yradýada her säher bilen şu gün hijri ýyly boýunça aýyñ pylançasy diýlip hem aýdylyp dur. Ýaşasyn hökümet! Ämin!.. Tegelek stoluñ başynda oturanlaryñ hemmesi ellerini eñeklerine ýetirdiler. Ýañky gürläp bolanyñ gapdalyndaky özüne söz berlerine-de garaşyp durmady. - Meñ-ä adym Annam, özümem birgat. Ýöne o telewizordaky oýnaýan däl. Hapa sözi agzyña alyp oturmak gaty gelşiksiz, ýogsam şuwat, durgunlyk ýyllaryna, baý, gargajag-a, tomzak ýaly. Bizi ogry edip goýdy how. Ýalançylykda, gözboýagçylykda öñümize adam geçen däldir. Ölmeli, pagta planyñy dolmaly. Ýok zady nireden aljak?! Ýokardan janyñy alyp gelýärler, ahmal bolsañ, deriñe saman dykjaklar. Onsoñ garagyñ akan ýaly pagtabazyñ başlygynyñ öñünde çök düşüp ýalbarmaly, üstesine-de ep-eslijäni emlemeli. Olaryñam halys niliniñ azandygyny biliber. Iri pul eltmeseñ almazdylar, sanamasy kyn bolýa diýip, gün görlen däldir-o-ow! Häzir biziñ ýagdaýymyz han-patyşañky ýaly, hezil. Ýerleri kärendeçilere paýlap berdik, indi olaryñ özi gözboýagçylyk edýä. Pagta satyn alyp, plan dolýalar. Nädip dolsalar, şeýdip dolsunlar, meñ nä işim. Men öz hakymy bilýän... - Hudaýa şükür, ahyry maña-da gezek ýetdi. Adym Lakgy, kärim lektor. Lakgy lektor diýseñ tanamaýan bolmaz. Okuw gutaran ugrum dogtorçylyk. Oña girmejek bolup, şu bela dyrjaşdym welin, bolmady. Kakamyñ tanşy diñe şol ugurda bar eken. Aý, onsoñam durgunlyk ýyllarynda haýsy bir diýen zadyñ boldy durdy. Dogry, dogtor bolup ýekeje günem işlemedim. Gan görerligim ýok, bögüriberýän. Onsoñ lektor boldum. Ýöne durgunlyk ýyllarynda lektor bolmaklyk gaty kyndy, hakykaty aýdyp bolmazdy. Sähel gyşygrak gürleseñ, señrigiñe kakardylar. Indi aç-açanlyk, demokratiýa... Agzyña gelen patyrrakyny urubermeli, towugyña tok diýýän ýok. Adamlar, hany, siz aýdyñ, magazinlerde "Montana" satylyp duranynyñ üstünden bardyñyzmy? Barmarsyñyzam, hatda eşidenem dälsiñiz. Ýogsam respublikamyza şonuñ ýylda näçe ýüzüsi ýa müñüsi gelýändir?! Ine, öñler şo zatlar barada aýdyp bolanokdy. Indi aýdyp bolýa. Şoña-da şükür! Häzirki ýagdaýda onuñam gerek ýeri gyt däl. Ýogsa-da, biziñ edýän şu gürrüñlerimize bir zat tölenýäm-aý?! - diýip, ol gara äýnekli adama seretdi. Ol "juk" diýdi-de, başyny ýaýkady. - Onda, men-ä bes etdim, gürlejek däl. - Wah, şoñ gezeginem maña berseñizläñ, bir göwün solpudan çykaýyn-la - diýip, bir ýigit zöwwe ýerinden galdy. Tegelek stoluñ başyndakylar gürläp-gürläp, diliniñ eýgiligini gördüler. Baý, iç döküşdiler-ä. Ikinji aýlaw paýawlap, üçünjisine gezek gelende, başdaky adam maslahaty jemlemekçi boldy. - Gürrüñ etseñ, gürrüñ kän. Goja ýer şaram edil biziñ stolumyz ýaly tegelek... - Ýok, togalak... Bu sözi kimiñ aýdany belli bolmady. Gara äýnekli gahar bilen töweregine seretdi. - Demokratiýa diýleni bilenem agzyñyza gelenini samraşyp oturmañ, how. Ýeriñ nähilekdigini özümiz gowy bilýäs. Ynha, şo tegelek ýeriñ töweregindäki adamlaryñ hemmesi aýak üstünde. Şonuñ üçin hem eñegimize jañ kakylan ýaly diñe özümiz sakyrdaşyp oturman, ile-de bir gulak goýalyñ. Onsoñam bu duşuşyk biziñ iñ soñky duşuşygymyz däl-ä. Täçmämmet JÜRDEKOW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |