17:42 Türkmen adatlary: Çagany ogullyga ýa-da gyzlyga almak | |
TÜRKMEN ADATLARY
Taryhy makalalar
■ Çagany ogullyga almak ýa-da gyzlyga almak Türkmenleriñ arasynda çagany ogullyga ýa-da gyzlyga almak däbi bar. Bu däp öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Köplenç baý, çagasy ýok türkmenler aradan çykanlaryndan soñra öz baýlyklaryny galdyrmak üçin ogullyk alýarlar. Ogullyga alnan çaga kyýamatlyk ogul diýýärler. Çagany ogullyga ýa-da gyzlyga almaga ene-atasyndan aýry hojalygy bolan her bir adamynyñ haky bardyr. Äri bolan aýallar çagany öz ärleriniñ razylygy bilen ogullyga ýa-da gyzlyga alyp bilýärler. Öýlenmedik ýigitler we durmuşa çykmadyk gyzlar çagany öz ene-atalarynyñ razylygy bilen terbiýelemek üçin alyp bilýärler. Adamsy aradan çykan dul aýallaryñ öz garyndaşlarynyñ razylygy bolmasa hem çagany ogullyga ýa-da gyzlyga almaga haklary bardyr, ýöne bu ýagdaýda çaganyñ dul aýalyñ ärinin mirasyna eýe çykmaga haky ýokdur. Duluñ paýy dul aýal tarapyndan ogullyga ýa-da gyzlyga alnanlaryñ mirasdüşerliginiñ umumy düzgünine geçýär. Ogullyga ýa-da gyzlyga edil ýetimler ýaly ene-atasy bolan çagalar hem alnyp bilner, ýöne bu ýagdaýda olaryñ ene-atasynyñ razylygy hökman bolmalydyr. Däp boýunça ogullyga ýa-da gyzlyga alynýanlaryñ ýaşy kesgitlenmeýär. Maşgalada ogullyga ýa-da gyzlyga alnan çagalar diñe öz atalarynyñ atlaryny saklap, olary öz çagasy ýaly kabul edeniñ hakyky çagalary hasaplanýarlar. Olar däbe görä hemme hukukdan peýdalanýarlar. Mirasdüşerlik hem edil hakyky çagalaryñky ýaly umumy düzgünde bolýar. Eger-de ogullyga ýa-da gyzlyga alnanyñ öldürilen ýagdaýynda, onda huny ony öz çagasy hökmünde alan adam alýar. Galyñ hem çaga eýe çykana tölenilýär. Ogullyga alnan öýlenende onuñ galyñyny şol adam töleýär. Däp boýunça çagalaryñ ene-atanyñ öñündäki borjy, olaryñ ikisi üçin hem, ýagny ogullyga ýa-da gyzlyga alnanlaryñky hem hakyky çagalaryñky ýaly deñ derejededir. Däp çaga eýe çykanlara şeýle hem olaryñ ýakyn garyndaşlaryna alnan çaga bilen nika gatnaşygynda bolmagy deñ derejede gadagan edýär. Çaga öz çagasy ýy kabul edileninde, hiç hili aýratyn bir däp-dessura ýa-da kanuna eýerilmeýär. Adatça çagany ogullyga ýa-da gyzlyga almakçy bolýan onuñ ene-atasynyñ ýa-da garyndaşlarynyñ, hossarynyñ razylygyny alýar. Çaga ýetim bolsa, onda oña eýe çykýan bu barada oba ýygnagynda öz obadaşlaryna habar berýär we şu dabara mynasybetlu sadaka berýär. Çaga ogullyga ýa-da gyzlyga alnanda hiç hili ýazgy akt edilmeýär, doga okalmaýar. Çagañy öz çagañ ýaly kabul etmeklik çäklendirilmeýär, ýöne şol bir çaga bir wagtda birnäçe ata-ene eýe çykyp bilmez. Çagany ogullyga ýa-da gyzlyga almagy mejbur etmegi däp hasap etmeýär. Şonuñ üçin eger-de erkek adamynyñ aýal bilen binika gatnaşygynyñ netijesinde çagasynyñ bolanlugu subut edilende hem çagany özüniñki ýaly kabul etmäge hiç hili mejbur edip bilmeýärler. Edil şonuñ ýaly hem kimdir biri tarapyndan taşlanan çaga tapylsa ýa-da ol öýe taşlansa, onda däp çagany tapany ýa-da öýüñ hojaýynyny oña eýe çykmaga borçly etmeýär. Däp diñe azaşan ýa-da taşlanan çagany tapan adamyny onuñ ene-atasyny gözlemäge çalyşmaga we ony olara gowşurmaga borçly edýär. Taşlanan çaganyñ ene-atasyny tapmaklyk başartmasa we ony tapanyñ öz öýünde çagasy ýaly alyp galmak islegi bolan ýagdaýynda, onda ol çaga-oglan kämillik ýaşyna ýetende işläp we öz terbiýesine çykarylan çykdajyny tölemegi üçin alnyp galynyp bilner. Eger-de çaga gyz maşgala bolsa, onda durmuşa çykanda, galyñ onu tapanyñ we terbiýeläniñ haýryna geçirilmegi üçin alnyp bilner. Öýüne çaga taşlanan adamynyñ ony alyp galmaga islegi bolmasa, onda bu barada oba habar ýaýradylýar we çagasy bolmaýan adamlar ony öz çagasy ýaly kabul etmäge razy bolýarlar. Taşlanan gyzjagazlary höwes bilen alýarlar, sebäbi ol ýetişende galyñ alyp, durmuşa çykaryp bolýar. Bu ýerde ne däbiñ, ne-de şerigatyñ çagany tapana ony öz çagasy ýaly kabul etmäge hukuk bermänligini belläp geçmelidiris. Türkmenleriñ däbinde köp ýaş çagaly, olara terbiýe berip bilmejek aýaly ýa-da aýal garyndaşy bolmadyk erkekler çagalary metjide getirip, olardan şu sebäbe görä, ýüz öwürýändiklerini ("hatybizar etmek" -t.b.) aýdýarlar. Adatça çagalary öz çagasy ýaly terbiýeläp ýetişdirjek adamlar tapylýar. Çagadan ýüz öwürýän erkekler "Soñky hossar" diýlip atlandyrylýar. Halk sudlarynyñ birnäçe gezekki adatdan daşary halk gurultaýlarynyñ çözgüdinde haçan-da "Soñky hossarlaryñ" ýüz öwren gyzlary durmuşa çykan ýagdaýynda galyñyñ şu aşakdaky ýaly bölünişigini görmek bolýar: gyzy terbiýeläp ýetişdireniñ haýryna 1/3 galýar, 1/3 gyzyñ öz haýryna edil onuñ sepi ýaly galýar we 1/3 "Soñky hossaryñ" haýryna diñe durmuşa çykýan gyz soñra dul galyp, täzeden durmuşa çykan wagty galyñyñ ähli möçberi bütinligine onuñ haýryna geçmeli diýen pikir bilen berilýär. Aleksandr LOMAKIN. Ashabad, 1897-nji ýyl. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |