01:07 Türkmen adatlary | |
TÜRKMEN ADATLARY / ýurdumyzda 100-150 ýyl mundan öñ dowam eden kada-kanunlar
Taryhy makalalar
■ Galyñ Gyzlaryñ atalaryna amatly bolan galyñyñ ýokarlanmagy nikalary baglaşmak üçin päsgelçilik bolup hyzmat edýär. Akylly-başly türkmenler indi galyñyñ möçberini azaldyp, öýlenmek isleýänleriñ ýagdaýyny ýeñletmegiñ zerurdygyna göz ýetirip başladylar. Ýogsa-da, ýene bir zady bellemek gerek. Soñky wagtlarda türkmenlerde birneme galyñy ýeñledýän ýagdaýlar döredi. Ýagny, indi galyñyñ ýarysyny nagt pul bilen, galan bölegini bolsa mal geçirmek ýoly bilen tölemek adaty peýda boldy. Şunda galyñ hökmünde geçirilýän malyñ bahasy öz bahasyndan 1,5-2 esse gymmat bolup durýar. Maly bahalatmak üçin 4 adam: her tarapdan iki adam bellenýär. Galyñ tölemegiñ möhleti nikalaşýanlaryñ garyndaşlarynyñ özara ylalaşygyna baglydyr. Galyñyñ birnäçe ýylyñ dowamynda tölenýän halatlaty hem bolýar. Munuñ özi, aýratyn-sa, ýigidiñ garyndaşlary garyp bolan ýagdaýlarda edilýär. Galyñ hakyndaky şertler bellenilende nikalaşýanlaryñ ata-eneleri geçirilmeli puluñ umumy bahasyny we malyñ bahasyny kesgitleýärler. Şertler ýerine ýetirilmedik halatynda gakyñ almaga hukugy bolan tarao halk suduna ýüz tutýar. Eger-de ol hem taraplary ylalaşdyryp bilmese, galyñ töleýäniñ galyñy şert boýunça tölemegi talap edilýär ýa-da jogap berijiniñ tölemeli bahasy kesgitlenilýär. Eger-de gyz söýýän ýigidine gaçyp gidip, ata-enesiniñ razylygy bolmazdan nikalaşaýsa, özem şunda adat tarapyndan talap edilýän ähli dessurlar berjaý edilse we ony ärinden aýryp bolmasa, onda şunuñ ýaly ýagdaýda gyzyñ ata-enesi gyzy alyp gaçanyñ ata-enesi bilen hiç hili ylalaşyga gelmän, halk sudundan galyñyñ ählisini nagt pul görnüşinde tölemegi talap edýär. Taraplaty ylalaşyga getirip bolmadyk ýagdaýynda halk sudy öz içinden ýa-da keseden gelenlerden ýagdaýa adyl baha berip biljek adamyny belleýär. Adat nika baglaşmazdan öñ şertleşilen galyñyñ bir böleginiñ geçirilmegini talap edýär. Galyñyñ galan bölegini töletmegi üpjün etmek maksady bilen gelniñ ata-enesi toýdan birnäçe gün geçenden soñ (2 hepdeden 60 güne çenli) ony yzyna alyp gaýdýarlar we tä öýlenen ýigidiñ garyndaşlary galyñyñ galan bölegini töleýänçäler gyzy öýlerinde saklaýarlar. Öz nikadaşyndan jyda düşen ýigit galyñy işläp gazanmaly we gelniñ ata-enesine bölekleýin tölemeli. Garyp adamlar, ýagny, kömek edip biläýjek garyndaşlary bolmadyk adamlar galyñy birnäçe ýylyñ dowamynda tölemeli bolýarlar. Kim baý bolsa, maly köp bolsa, onda ol mallaryny satyp we düşen puly galyñ hökmünde tölemäge mümkinçilik tapýar. Adat munuñ ýaly düzgüni ýigitleri gyzyñ ata-enesine galyñ tölemegiñ borçlaryny ýerine ýetirmäge mejbur etmek üçin peýdalanypdyr. Eger-de şonuñ ýaly düzgün bolmadyk bolsa, onda türkmenler galyñyñ bir bölegini töläp, gyzy hem öýüniñ duluna geçirip, galyñyñ galan bölegini tölemekden ýüz döndererdiler. Ara aýralyk düşse welin, ýigit gelnini tizräk öz öýüne gaýtarmak üçin galyñ tölemegi tizleşdirýär. Ýagny, işleýär we pul gazanýar. Adat durmuşa çykan gyzyñ atasy öýüne toý geçenden 40-50 günden soñ gaýtarylmagyny talap edýär. Bu düzgün galyñyñ doly tölenendigine garamazdan berjaý edilýär. Şu ýagdaýda ol öz atasy öýünde bir ýyla çenli ýa-da çagasy dogulýança bolmaly. Türkmenleriñ arasynda galyñ tölemezden, garşa guda düzgüni hem berjaý edilýär. Ogly we gyzy bar bilan adam ogluny öýermek islese, galyñ tölemäge-de zerur serişdesi ýok bolsa, onda ol gyzyny geljekki gelinliginiñ erkek doganyna, ýa-da onuñ garyndaşlarynyñ ogluna berýär. Meselem, ýetim oglan öýlense, ýetişen gyz dogan gelniniñ doganyna ýa-da onuñ garyndaşlaryna äre berýär. Gelinleriñ şunuñ ýaly alynmagyna garşalyk diýip at berýärler. ■ Nikanyñ bozulyşy Türkmen däbi boýunça nikanyñ hakykylygy diñe nikalaşýanlaryñ dil üsti bilen arzalary arkaly ýa-da olaryñ ynanylan adamlarynyñ, şaýatlaryñ bar mahalynda (azyndan iki adam) eden arzlary bilen esaslandyrylýar. Türkmenlerde nika baglaşmagyñ haýsydyr bir ýazgyly subutnamasy ýokdur. Aşakdaky ýagdaýlarda nika hakyky däl diýlip hasaplanýar we bozulýar: 1. Eger-de zorluk bilen aýallyga alnan gyz (gyz ýa-da dul aýal bolsun, tapawudy ýok) nika gyýlanda özüniñ nikalaşmak üçin razylygynyñ ýokdugyjy we zorluk bilen nikalaşdyrylýandygyny subut edip bilse; 2. Adamsy bolup, talak hatyny almaduk aýal äre çyksa; 3. Dul aýal "iddä" ýasynyñ (4 aý 10 gün) möhleti tamanlanýança äre çyksa ýa-da ärinden aýrylyşan aýal aýrylyşandan soñ üç aýbaşysy geçýänçä äre çykan mahalynda; 4. Eger-de erkek diri aýallarynyñ dördüsi bar bolan ýagdaýynda 5-nji aýala öýlense. Ýokarda aýdylyşy ýaly, adat hiç kime birbada kanuny 4 aýaly barka, 5-nji aýala öýlenmäge ýol bermeýär. Eger-de türkmen dört aýalynyñ biri bilen aýrylyşyp, öýlenmek islese, adat oña ýol berýär, ýöne her näme-de bolsa, birbada dört aýala eýe bolmak bilen bäşinjä öýlenmek bolmaýar; 5. Kämilli ýaşyna ýetmedik gyza onuñ ata-enesiniñ razylygt bolmazdan nikalaşmak; 6. Ýakyn garyndaşlykda bolanlara nikalaşmak. Şonuñ üçin-de aşakdaky ýagdaýlarda öýlenmek bolmaýar: a). erkek oglan öz aýal doganyna we enebaşga aýal doganyna; b). öweý ata öweý gyza; w). öweý ogul dul galan öweý enä; g). atasy öz oglunyñ gaýyn enesine; d). köreken gaýyn enesine; e). atasy öz oglunyñ dul galan aýalyna; ž). daýysy ýegençisine; z). ýegen öz daýzasyna; i). süýtdeş doganlar öz aýal doganlaryna; k). enesini emenler enelerine; l). aýaly dirikä aýalyñ aýal doganyna; Aýalyñ çaga dogurmazlygy nikany bozmagy üçin hökmany sebäp bolup bilmeýär, şunuñ ýaly aýal buken aýrylyşmak ýa-da ýaşaşmak äriniñ garamagy boýunçadyr. Häzirki zaman däbi boýunça, aýal äriniñ dälidigini subut edip bilse, halk sudundan däli äri bilen aýrylyşmagy haýyş edip biler. Şunuñ ýaly ýagdaýda halk sudy äriñ garyndaşlarynyñ garşylygyna garamazdan nikany bozýar hem-de aýrylyşan aýalyñ garyndaşlaryndan galyñyñ bir bölegini gaýtaryp bermegini talap edýär. Ýitip giden äriniñ garyndaşlarynyñ razylygyny almazdan, aýala başga birine äre çykmaga hukuk berilmeýär. Adatça äri ençeme ýyllar gara bermese, onda aýaly äriniñ garyndaşlaryny talak hatyny bermegi haýyş edip ýüzlenýär. Köplenç ýagdaýda olar muña razylyk bermeýärler, aýaldan ýene-de biraz garaşmagy haýyş edýärler we ahyrynda möhlet hakyndaky bilelikdäki ylalaşyga gelýärler. Aýrylyşan aýal täzeden äre çykanda ýitirim bolan äriniñ garyndaşlaryna bir mukdarda aklyk bermek talap edilýär. Nika hökmany suratda kazy ýa molla tarapyndan bozulýar. Eskpert hökmünde halk suduna gatnaşýan kazy talak hatyny ýazýar we onda şaýatlaryñ adyny görkezip, gol çekýär we möhür basýar. Talak hatyny alan aýala, islendik adama äre barmaga ygtyýar edilýär. Ýöne bu ygtyýar idde möhleti gutarandan soñ güýje girýär. Bu barada ýokarda aýdylyp geçilipdi. ■ Är-aýalyñ hukuklary we borçlary Däp her bir türkmeni galyñ töläp aýaly öz öýüne getirmäge, ony ýaşaýyş jaý, iýmit, maddy ýagdaýyna garap egin-eşik bilen üpjün etmäge borçly edýär. Däp her bir türkmenden aýalyny öz ýagdaýyna laýyklykda ekläp-saklamagy talap edýär. Eger-de äri zerur bolan egin-eşigi, iýmiti, gara öýi ýylatmak üçin oduny getirmeýän bolsa, onda aýaly bu barada öz garyndaşlaryna arz edip bilýär. Olar bolsa halk sudunyñ üsti bilen erkegi şol zerur zatlary getirmäge borçly edýär. Är-heleý hemişe bile ýaşamaly. Başga ýere göçülende aýaly onuñ bilen bile gitmelidir. Eger-de aýaly äri bilen gitmek islemese, onda äriniñ göçmek baradaky talabyny zorluk bilen ulanmaga hukugy bardyr. Eger türkmeniñ birnäçe aýaly bar bolsa, adat ondan ähli aýallaryna bir göz bilen seretmegi talap edýär. Aýallarynyñ birini gowy görüp, beýlekisini kemsitmäge ygtyýar edilmeýär. Her bir aýal üçin ýörite öý dikmeli. Eger-de äriniñ her bir aýalyna öý dikmäge, gurmaga gurbaty çatmasa, onda ol iñ bolmanda hersine bir çatma gurmaly. Jaý nähili giñ bolsa hem aýallarynyñ barynyñ bir öýde ýaşamagyna ýol berilmeýär. Äri aýallarynyñ birine bir zat satyn aljak bolsa, onda ol hemmesine-de edil şonuñ ýaly deñ zady satyn almaly. Adat boýunça äri aýallary bilen nobat tertibinde ýatmaly, şu düzgün berjaý edilmese, onda ol çynlakaý düşünişmezlige getirip biler. Äri diñe bile ýatmaly aýalynyñ razylygyny alyp, nobat boýunça onuñ yzynda duran aýal bilen razylygyny soramazdan ýatyp biler. (dowamy bar)... Aleksandr LOMAKIN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |