09:42 Türkmen adatlary: Çaga hossar bolmak däbi | |
TÜRKMEN ADATLARY
Taryhy makalalar
■ Çaga hossar bolmak däbi Emläk gatnaşygynda türkmenlerde kämillik ýaşynda diýip on bäş ýaşyna ýeten çagany hasaplaýarlar. Türkmen däbi şu ýaşa ýetmedikleri akyly goýalmadyk hasaplaýar we özbaşdak emläge eýe bolmak hukugyny bermeýär. Şu ýaşa seretmezden, ene-atasy aradan çykanlara hossar bellenilýär. Çaga hossar boljak adam ilki onuñ ýakyn garyndaşy bolmalydyr. Adat boýunça hossarlar kämillik ýaşyna ýetmedikleri hemişe hüşgär gözegçilikde saklamalydyr. Hossary bolan çaga onuñ razylygy bolmasa hiç hili özbaşdak söwdalaşyp ýa-da şertnama baglaşyp bilmeýär. Türkmenlerde çaganyñ kakasy aradan çykan ýagdaýynda onuñ hossary ejesi bolýar. Ol äriniñ we çagalarynyñ emlägine eýe çykyp, tä olar kämillik ýaşyna ýetýänçäler öz borjuny ýerine ýetirýär. Bu däp şerigatyñ garşysyna bolup, ol ejäni çagalaryñ erkek garyndaşlary barka, olaryñ emlägine eýe çykmaklykdan aýyrýar. Türkmenlerde ene çagalaryna hossarlyk etmek we emläge eýe bolmak borjuny eger-de saglygy sebäpli başarmasa, onda aýrylýar. Ýetim çagalaryñ ejesi täzeden durmuşa çyksa, onda ol çagalaryñ emlägine eýe bolmaklykdan daşlaşdyrylýar. Täzeden durmuşa çykýan dul aýal öz aradan çykan äriniñ ýakyn garyndaşyna äre barsa, onda ol birinji ärinden bolan çagalarynyñ emlägine eýe bolup bilýär. Dürli sebäplere görä, aýal öz çagalaryna hossar bolup bilmese, onda ol çagalaryna we emlägine aradan çykan äriniñ ýakyn garyndaşlary hossar bolup eýe çykýarlar. Olar ýaşy ýeten çagalaryñ-gyzlaryñ durmuşa çykan ýagdaýynda galyñ we bilkastlaýyn öldürulen wagtlary hun alýarlar. Eger çagalaryñ ýakyn garyndaşy sebäplere görä, hossar bolup bilmese we olaryñ başga ýakyn garyndaşy bolmasa, onda oba ýaşululary obadaşlarynyñ iñ ahlakly, arassa, sylanýan, parasatly, nusga alarlyk derejede birini oña hossar belleýärler. Hossarlyga hemişe bir adam bellenilýär. Däp boýunça hossar çykýan adama: 1). Kämillik ýaşyna ýetmedik bolsa; 2). Sagdyn, akylly bolmasa; 3). Tirýek çekýän bolsa; 4). Jemgyýetden kowlan bolsa; 5). Jenaýat eden bolsa; 6). Oba adamlary tarapyndan öz betpäl pygyllary bilen ynamdan gaçan bolsa - ol hatda ýakyn garyndaş bolsa hem bu hukugy bermeýär. Çagalara hossar çykýan adam olaryñ emlägi hakyndaky hasabaty oba jemgyýetine berip durmaga borçly bolýar. Hossarynyñ gol astynda bolýan kämillik ýaşyna ýetmedik çaga onuñ, ýagny hossaryñ özüne gödek daraşan, kem-kemden alada eden wagty bu iş üçin hossar bolýandan özüne hasabat bermegi talap edip ýa-da onuñ özüne hossarlyk etmegini bes etmegini suddan sorap biler. Däp boýunça hossar çaganyñ diñe emlägine eýe çykman oña hemme gatnaşyklarda kakasynyñ ornuny tutmalydyr. Hossar bolýan adam öz serişdeleri bilen eklenmelidir. Çaganyñ eklenmäge serişdesi bolmadyk wagty hossar çykýan adama onuñ satyp bolaýjak goş-golamyny satmaga we ýerine kärendesine ulanmaga rugsat berilýär. Hossar bolýana çaganyñ we onuñ ýakyn garyndaşlarynyñ razylygy bolmasa, gozgalmaýan mülki satmaklyk ähli şertlerde hem gadagan edilýär. Hossaryñ gol astynda bolýan kämillik ýaşyna ýetmedik çaganyñ özüni alyp barşy hemme bar bolab şertlerde kanuny hasaplanýar. Eger-de hossaryń terbiýeläp kemala getiren gyzy durmuşa çyksa, onda onuñ razylygy gyzyñ ýakyn garyndaşy bolmadyk wagty soralýar. Ýakyn garyndaşynyñ bar bolanlygynda hossardan maslahat soralmaýar. Hossar öz terbiýeläp ýetişdiren gyzy bilen eger gyz razy bolsa nikalaşyp, är-aýal bolup bilýär. Gyzyñ ýakyn garyndaşlary kämillik ýaşyna ýetmedik bilen hossaryñ nikasyna razy bolmasalar, onda bu nika amala aşyrylyp bilinmeýär. Hossar öz terbiýeläp ýetişdiren gyzy bilen eger-de ol oña ýakyn garyndaş bolmasa (gyzyñ kakasynyñ erkek dogany, inisi) nikalaşyp bilýär. Däp boýunça çaga hossarçylyk edýän adamlara olaryñ hyzmaty üçin aýratyn bir göz haky bellenilmeýär. Ýöne olaryñ öz hossarçykyk edýän çagalarynyñ emläginden azda-kände peýda görmekleri umumy ykrar edilendir. Eger-de hossar çykýanyñ tagallasy bilen çaga rysgaly açylyp baýasa, onda ol kämillik ýaşyna ýetende, hossara öz girdejisiniñ ýarysyny tölemelidir. Hossar paýyny almak üçin çagany terbiýelemekde öz başarnygyny, akyl-paýhasyny sarp edenligini subut etmelidir. Kämillik ýaşyna ýetende çaga özüne hossar bolan adamdan onuñ doly hossar hossarçylyk eden wagty hakyndaky hasabaty sorap bilýär. Eger-de hossaryñ emelsizligi we bilkastlaýynlygy bilen çaganyñ emlägine zyýan ýetirilen ýa-da ýele sowrulan bolsa, onda ol onuñ öwezini öz emläginden ýerine salmalydyr. Hossar beýle işleriñ özünden garaşsyz şertlerde bolanlygyny şaýatlaryñ kömegi bilen halk sudunda subut etse, onda ol jogapkärçilikden boşadylýar. Akyly kem, lal we güñ çagalaryñ ene-atalary bar bolan ýagdaýynda olara hiç hili hossar bellenilmeýär. Terbiýelemek we eklemek jogapkärçiligi olaryñ ene-atasynyñ boýnuna ýüklenilýär. Bu çagalaryñ ene-atalarynyñ aradan çykan ýagdaýynda, olara kämillik ýaşyna ýetmedik çagalar ýaly hossar bellenilýär. Olaryñ keselden saplanyp, ile goşulan wagtlary hossar bolmaklyk bes edilýär. Köplenç fiziki kemçiligi bolan çagalaryñ emlägine oba jemgyýeti gözegçilik edýär. Bu çäre olaryñ emläginiñ käbir hossar bolýan adamlar tarapyndan hyýanatçylykly ulanylmagynyñ öñüni almak pikiri bilen ýerine ýetirilýär. Türkmenler çagalara Hudaý tarapyn örän yhlasly we aladaçyl häsiýetli bolýarlar. Aleksandr LOMAKIN. Ashabad, 1897-nji ýyl. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |