21:23 Türkmen adatlary: Ene-atanyñ çagalaryna bolan gatnaşygy | |
TÜRKMEN ADATLARY
Taryhy makalalar
■ Ene-atanyñ çagalaryna bolan gatnaşygy Türkmenlerde, edil ähli sosial ösüşiñ pes basgançagyndaky halklaryndaky ýaly, ene-atalaryñ çagalaryñ üstünden uly häkimligi bolupdyr. Türkmenleriñ däbi köne däp-dessura esaslanýar. Ene-atanyñ öz çagalaryndan gyşarnyksyz boýun bolmagyny we olara hormat goýmaga hukugyny berýär. Ýogsam-da, bu borç däp boýunça ýeke çagalaryñ ene-ata bolan gatnaşygynda olary borçly etmän, eýsem hemme ýaş adamlary uly ýaşly adamlara, täsirli adamlara, aýratyn hem garrylara hormat goýmaga borçly edýär. Hormatyñ goýulmazlygy, haýyşyñ ýerine ýetirilmezligi, has hem beter garry adamynyñ ýa-da sylanýan adamynyñ äsgermezliginiñ masgaraçylykly belgisi diñe biedep çaga bolman, eýsem onuñ ene-atasy üçin hem abraý hasaplanmaýar. Däp ene-ata öz çagalaryny olaryñ güýjüniñ ýetişine we başarnygyna görä, oñarýan zähmetiniñ hemme görnüşlerinde ulanmaklyga hukuk berýär. Däp ene-atany diñlemeýän ýalta çagany ilki öýdäki terbiýeçilik serişdeler bilen terbiýelemäge, ýagny, duýduryş bermäge, kömege, eger-de bular hem kömek etmese, onda güýç görkezmegi talap edýär. Bu hem öñde goýlan maksada ýetirmese, onda olary öýden kowýarlar we mirasdan mahrum edýärler. Soñky çäräni diñe aýratyn ýagdaýlarda ulanýarlar. Adatça öýdäki terbiýeçilik işleri gulak asmaýan ogul üçin ýeterlikli bolmasa, obda ene-ata ýaşy boýunça uly garyndaşlaryna, obanyñ hormatly ýaşulularyna bu barada maslahat salyp, terbiýe berip bilmeýän ogluna eden işine ökünip, ene-atasyba boýun bolmaklykda kömek bermeklerini soraýar. Eger-de bu iş ýaşululara hem başartmasa, onda olar gulak asmazak oglana, eger-de kakasy ony öz çagasy ýaly hasaplaman ýüz öwürse, onda ony öz jemgyýetlerinden kowarys diýip, bu işdäki iñ soñky çäräni ulanjaklaeyny aýdýarlar. Ýokarda bellenişi ýaly, türkmenler öz çagalaryndan diñe aýratyn ýagdaýlarda, ýagny çaga akylyna aýlanmaga hiç hili umyt döretmese ýüz öwürýärler. Ene-atasy tarapyndan idegsiz galdyrylan çaga, olar tarapyndan hakykatdan hem şeýle edilmeli bolsa, ol olar aradan çykansoñlar mirasa eýe bolmaklyk hukugyndan mahrum edilmeýär. Ene-ata akylyna aýlanmaýan ogullary hakynda oba ýygnagyna olary terbiýelemek üçin hemme çäreleriñ netijesiz bolanlygyny aýdyp ýüz tutýarlar. Soñra gulak asmaýan ogullaryndan hemişelik ýüz öwürýärler. Bu barada "hat bizar" ýazýarlar. Şu hat ýazylandan soñ çaga jemgyýetden kowlup, idegsiz galdyrylýar. Öz atasy tarapyndan ýüz öwrülen ogul atasy ölenden soñra onuñ mirasyna eýe bolup bilmeýär. Şeýle ogluñ atasy ogly kimdir biri tarapyndan öldürilen ýagdaýynda-da onuñ üçin hun tölenmegini talap edip bilmeýär. Öýlenip özbaşdak ýaşap, aýratyn hojalygy bolan oglanlara ene-atanyñ şeýle hukuklary degişli däldir. Öýlenen oglanyñ atasy ony özüne gulak asmaýanlygyndan boýun bolmaklygy üçin bilýär. Ýöne bu ýagdaýda onuñ "hat bizar" boýunça kowulmagyna däp ýol bermeýär. Aýdylyşy ýaly türkmen däbi köne däp-dessurlardan gelip çykýar we ene-atanyñ häkimligine boýun bolmazlyga ýol bermeýär. Türkmen çagalykdan ähli çagalaryñ öz ene-atalaryna hormat goýýandyklaryny görýär we entek çagalykda diýen ýaly ene-atanyñ häkimligine boýun bolmak adamynyñ esasy borjy diýen ynama berilýär. Bu ynam onuñ bütin galan ömründe ýadynda galýar. Umuman aýdanyñda türkmenler bu häsiýetleri boýunça çagalary diýseñ gowy görýärler. Olar aýratyn hem kiçi ýaşly çagalary has oñat görýärler. Türkmenler öz çagalaryna iñ näzik we eziz sözleri aýdyp ýüzlenýärler. Atalar öz agtyklaryny aýratyn gowy görýärler. Türkmenlerde oglanlary öýlenenlere we öýlenmediklere bölmek däbi bar. Olar köplenç öz ogullarynyñ öýüni galyñy doly töläp bolandan soñam aýyrmaýar. Bir wagtyñ özünde birnäçe oglany öýlendirmekden saklanýarlar. Bu olaryñ atasynyñ hojalygyñ dargamagyna ýol bermezlik üçin edilýär. Adatça öýlenmäge ýaşy ýeten oglanlaryñ hersiniñ arasyna iki, üç ýyl goýup öýlendirýärler. Baý maşgalalarda birden birnäçe oglanyñ öýlenmekligi bolup biler. Maşgaladaky körpe ogullar edil garyplarda bolşy ýaly, baýlarda hem ene-atalary dirikä, rysgyny örän seýrek aýyrýarlar. Öýlenmedik oglanlaryñ öz ene-atalaryndan aýratyn emlägi bolmaýar. Olar öz ähli gazançlaryny galyñyñ hasabyna ene-atalaryna bermelidirler. Onuñ töleginde soñra ene-atalar hem gatnaşýarlar. Öýlenmedik ýigitler we durmuşa çykmadyk gyzlar öz ene-atalarynyñ eýeçiliginden olaryñ razylygy bolmasa, özbaşdak peýdalanyp bilmeýärler. Däp olara nähilidir bir emläk söwdasyny etmäge edil şert baglaşmak we borç karz bermek bilen deñ derejede gadagan edýär. Şonuñ üçin hem olar tarapyndan satyn alynýan we satylan zatlar hem-de şuña meñzeş işler hakyky hasaplanmaýar. Ene-atalar öz çagalarynyñ, olaryñ razylygy bilen, eden bergilerine jogapkärçilik çekýärler. Eger-de talapkär rysgy aýry bolmadyk we özbaşdak hojalygy bolmadyk oglana, ýa bolmasa uly ýaşly oglandan arz etse, halk sudy tarapyndan berginiñ, onuñ ene-atasynyñ razylygy bolmazdan edilendigi subut edilse, onda arzadan ýüz öwürýärler. Şundan görnüşi ýaly, öýlenmedik oglana onuñ ene-atasynyñ razylygy bolmasa hiç bir akyly ýerindäki adam hiç bir zady bergi görnüşinde bermez. Däp ene-atany ýaş çagany on bäş ýaşa çenli bilimli, terbiýe berip saklamagy, oña galyñ tölemekde mümkinçiligine görä kömek etmegi, gyz maşgalany bolsa durmuşa çykarmakda borçly edýär. Türkmenlerde ene-atanyñ öz çagalaryna bolan şahsy häkimligi, eger-de oglan bolsa, onda ol öýlenip olardan rysgyny düýpli aýyrsa, gyz maşgala welin onuñ galyñynyñ şerti boýunça hemme tölegler tölenilenden soñra bes edilýär. Däp boýunça ene-ata öz rysgaly aýran ogullaryna, eger olar nähilidir birhili ýalñyşlyk etseler, maslahat berip goldaýarlar, şeýle hem olaryñ durmuşa çykan gyzlary ärleri tarapyndan kemsidilse, onda olaryñ tarapyny almaga hukuklary bar. Türkmenleriñ däbi çagalary öz garry ene-atalaryna olaryñ garyplygy, ýarawsyzlyklary sebäpli, oñat saklamaga borçly edýär. Eger-de garry ene-atanyñ nähilidir bir emlägi bolsa, onda olar şonuñ haýryna eklenip, çagalarynyñ eýeçiliginden peýdalanýarlar. Durmuşa çykan gyz öz garry ene-atalaryny saklamaga borçly däldir. Olar öz durmuşa çykan gyzlarynyñ öýünde, eger oña giýewleriniñ razylygy bolsa, onda ýaşap bilerler. Aleksandr LOMAKIN. Ashabad, 1897-nji ýyl. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |