12:05 Uçmadym guşlar deýin | |
UÇMADYM GUŞLAR DEÝIN
Goşgular
![]() Ganat ýaýyp asmanda, Uçmadym guşlar deýin. Şükür ýeriñ ýüzünde, Ýitmedim düýşler deýin. Beýikler gökden garap, Diýdi:"Wah-wah" halyma. Pesler diýdi, ejizläp, "Pelek neneñ zalym-a". Ne peýda bar asmanda, Peşmek ýaly gaýmadan. Şoñ üçinem özümi, Ýerde ejiz saýmadym. Peselmän hem eselmän, Münüp ömür salyma. Kaýyl bolup Rebbimiñ, Peşgeş beren halyna. Ýüzüp ýörin gulaçlap, Tañryñ beren bagtyny. Kaýyllyk gurdy meniñ, Köñlümde şa tagtyny. Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 5 | |||
| |||