ÜLKERIŇ OÝNY
Günbatardan agdar-düňder bolup gelen gara bulut Goşoýugyň üstünde bir ýaýrap, soňam nirä gitjegini bilmän ýaýdanýana çalym etdi. Kä ýerde kä ýerde aýagyny sallap, ýere gaçaýjak boldy. Daş-töweregi ýagyşyň ysy tutdy. Birdenem hälden bäri çöp başyny gymyltatmaga mejaly bolmadyk şemal edil körägine ýel däşen ýaly hazylap başlady. Şemalyň güýçlenip asmandaky bulutlary bir ýana sürüp äkidäýmek howpundan heder eden adamlar "Wah, ýene-de ýagyp biljek däl-ow" diýip, lapykeç halda içlerini gepletselerem, daşlaryna zat çykarmadylalar. Guraklygyň ejrini çekip oturan çarwalar tebigatyň beýle-beýle oýunlaryna oňem telim gezek duçar bolansoňlar, ýene-de Taňra sygynmakdan başga çäre tapmadylar.
Gurakçylyk adamlaryň keýpine täsir edýärdi,olary darykdyrýardy. Sähel zada dişlerini gyjap, başlaryny ýaýkap oturandyrlar. Ýogsam bir dargursaga akyl berenlerinde "Eýle bolma, beýle bolma, çöl ýaly giň bolsana" diýýändirler. Çöl ýaly diýildigi gumlular ýaly diýildigidi.
Gurakçylyk nega-da bir gaýtalansa-da, gumlularyň ýadynda uzak wagtlap galardy. Onsoň olar bir zady ýatlajak bolsalar "Şo gurakçylyk ýyly" diýip başlardylar. Bu ýylyň hem rejesi şoňa kybapdaşdy. Agyr agyr sürüleriň höwürden çykanyna telim wagt geçenem bolsa, asmandan nem damanokdy. Gep mallar üçin içmäge suwuň bolanynda ýa bolmanynda däldi. Çyrpynyp ýatan bolmanda-da janawarlaryň bokurdagyny ölläre suw bardy. Meýdanyň ot-çöpsüz çaňap ýatmagy howsala döredýärdi. Bogaz mallaryň oty ýetmese şumluk şonda. Otuny alynjak bolup boş meýdanda haltyllaşyp ýören maldan gowy önüme-de garaşyp bolanok. Bu ýagdaýlara belet çarwalaryň darykmagynyň düýp sebäbem şol.
«Töwekgeliň endişe bilen işi ýok» diýlişi ýaly bu ýerde şeýle ýagdaýlary bolmaly zat ýaly gapdalyndan perwaýsyz geçirip bilzýänem az däl. Ýöne hasraty içine sygman, sähel bir zat bolsa töweregine ajysyny pürkäýsem-pürkäýsem diýip ýörenlerem bardy. Olar ýalylar ýüz berilse berilmese içini gowzatmaga zat tapsalar aşyklary alçy gopýardy. Çary Halylyň çolugy Soltan hem şeýle adamlaryň hataryndandy. Gepi ulaltmaga, ýok ýerinden dowul turuzmaga gabyldy.Çolugynyň bu häsiýetini halamasa-da,entek oňa ýagşydan ýamandan zat diýenokdy. "Ýetmligiň beren jebri azmy muňa. "Hudaýyň uranyny pygamber hasasy bilen dürter"diýenlerini etmäýin diýip özüne basalyk eder ýörerdi. Çöl terbiýelär, ýola salar, onsoň muny tanabam bolmaz. Ajysy ýok, süýjüsi kemter çaga-da, nämäniňpeýda, nämäniň zyýandygyna ähmiýetem berenok. Hemme zat şow-şow bilen sumat bolaýar öýdýär. Zyýany ýok. Ile goşular gider".
Soltanyň ile goşulmasy aňsat bolmady. Özünden uly agasy Şamynyň hem oňa eýt-beýt diýip, öwüt bermäge gurby çatanokdy. Bir döwüm çorek üçin kesekiniň ýumuşyny edip gezen wagtlary hem az bolmady.Şamy ekabbrak bolany üçin obanyň atly çopanlarynyň biri kolhoz başlygyndan haýyş edip,ony özüne çoluklyga aldy. Soltan bolsa obada galyberdi. Garaz, Çary Halyla duşup,çolukçylyga gelinçä oba häsiýetiniň çygryndan çykyp bilmedi. Çöle gelip,giň sähranyň arassa howasyndan dem alan oglanyň bedenine gurbat inip, ýüzüne nur çaýyldy. Obada yra-dara gezip ýören ýetginjek,indi işe ylgap ýetişip bilse bollugydy. Şeýle-de bolsa, çagalykdan süňňüne siňen edähet birden çykyp gidibermedi. Kämahal-kämahal bir zat diýp goýbermesi bardy. "Ýekebara mesele çözjek bolup,arrygyňy gynamagyn" diýip, Çary aga öwran-öwran gaýtalap düşündirenem bolsa öwrenilen endik, örkleseňem durmaz diýenleri boldy. Düýn-öňňünki waka hem şo zerarly ýüz berdi. Obadan gelen wekiller "Goýunlary gyrkmaly, erte-biri güne taýyn boluň" diýip, aýdaryna mähetdel, olara hoş söz berip göýberdi. "Halypa aýdyňam ýok, gepleşiňem ýok, razydyklaryny aýtdy. Muňa-da geldi Çary aganyň gahary. Onsoň öňünde döw dursun. Çoluk şu gezek aman sypsam,gaýdyp halypadan bidin dil ýarman diýip özüne äht etdi. Ep-esli wagtlap, el galdyryp ýa käýinip gözüniň oduny almasa-da Çary aganyň gazabyndan çekinip edil mumly ýüplük ýaly boldy.Şondan soň bir söz aýtjak bolsa ep-esli çemelenip gezerdi. Her sözi özüçe saldarlap görerdi. Birden aszyndan sypaýsa, näme bahana tapjasyny öňünden hakydasyna getirerdi. Öz gepini özi Çary aga bolup diňläp görerdi. Göwnüne çiglik gitse, özüne temmi berýän kişi bolup,buruljyran bolardy. Şeýle ýagdaý ilkibadarak köp gaýtalandy. Göräýmäge indi çoluk ähli zada düşünen ýalydy. Ara düşen bowşeňlik, bar zady bolmalysy ýaly edip görkezdi. Muňa Çary Halyl az begenmedi. "Be alajanlarym, düşündigi bolsun-da hernä. Öwran-öwran takal okap ýüregine düşüp oturmagyňam hajaty ýok. Guýma gursak bolmasa". Taňryň güni dardan köp diýleni-dä.
Çolugynyň bolşuny köp gezek synlan Çary aga gaharynyň gelenini aňdyrmajak bolup, kän kösendi. Muňa ýaş oglan düşünmedi, gitdigiçe bujurygy artdy.
—Diliň eýesi bolmasaň, kösenen ýeriň köp bolar- diýip, dymmagy Soltany alada goýdy. HalypanyňDiliňi dişiň aňyrsynsa saklagyn-diýen sesi rüstem çykansoň birneme kiparlapdy.Ynha ýene-deýazlagçy aýallaryň gurakçylyk hakyndaky gürrüňlerine gulak gabardansoň beleň alyp başlady:
—Özüň gowsuny et, Biribar. Aldyrany bar ýaly bolup, sürrekleşip gelen bulutlardan nem damman dursa, kejebämizi hasam darykdyraýmasa ýagşydyr.
Çolugynyň sesini eşiden Çary Halyl elindäki külterläp duran tanapyny hol bir gapdala oklap goýberdi. Soňam ses gelen tarapa görejini aýlap, bir zat diýmäge hyýallandy. Asmana seredip, agzyna gelenini aýdyp duran çolugynyň badyny aldy:
—Taňrynyň öňüne düşjek bolma. Etjek-goýjagyny bendesinden sorap durmaz.Gep haltaňy gowzadan bolsaňhany ýor, süriniň yzyndan gideli.Ederni bilmeze ýagam bir hajat. Burnuňy gysdyrma diýlen ýerden tebil tapaýarmykaň diýýän weli, häk...
Çopandyr çoluk goş-golamlaryny eşege, suw çelekleriniň boşanyny taýlap inere ýükläp, ýola düşdüler. Ep-esli meýdan ýoränsoňlar ümsümligi Çary Halyl bozdy:
—Ýeri, okapsyňyz,taň edipsiňiz, gowy zat. Ýöne ömrüni mal yzynda geçirenlere-de gulak gabardaýyň-da. Ýumruk ýaly agzyndan süýt ysy gitmedik oglany: „Bu ýyl tomus ir düşjek. eýýäm ýaz otunyňýüzi gaýdyp ugrady» diýip,derdesere goýup gitme nämäňize gerek diýsene. "Goýunlaryň ýüňi keçe bolup barýarmyş. Gyzgyndan ýaňa janawarlaryň käbirleriniň gerşinde ýüňüň iki ýana serpilýän ýerinde ýara-da görünýärmiş". Gör, bularyň tapýan zadyny.Aý hemmesi ýaz gyrkymyny ir dynmagyň aladasy-da. Öz bähbitjikleri-dä. Tomus depelerini gaýnatjak däl-dä,bular. Herki zadyň öz wagty bar. „Ol eýle, bu beýle» diýip,nysagy üýtgediberseň bir ýeriňden yş berer. Ata-baba aýdylan zat bar-a. „Ülker desse atynda galman» diýenmiş. Manyberiň how, many beriň! Aprel bilen maýyň sepgidiniň çarwanyňam, ekerançynyňam sepini äşgär edäýmei biçem däldir.
Baş çopanyň janygyp aýdýan sözlerini diňläp barýan çolugynyň ýagşydan-ýamandan jogap gaýtarmaýanlygyna Çary Halyl az begenenokdy. Bu pursat çoluk üçin ýeňil däldi. Halypasynyň sözüne kuwwat beresi gelip igi byjyklap duranam bolsa, dymaýardy. Ýöne aram-aram Çary Halylyň agyr ýüzüne seredip, çalaja baş atýardy. Ony halypasy duýanokdy. Duýmasa-da çoluk şeýtse özüni oňaýly duýýan ýalydy. Bardy-geldi söz gataýsa, ondan almytyny aljagy ikuçly däldi. Eger şeýtmese çopanyň özüni nä güne saljagyny hyýalyna getirip, çalaja gagşaýardy.Munuň hem özüne ýetik sebäbi bardy. Ol ýylam şular ýaly bolup, goýny ir gyrkdyryp nä güne düşenleri ýadyndan çykanokdy.Oňa-da Soltan çoluk sebäp bolupdy...
Öri üçin ýer çalmaga gidip sütüni süýnen baş çopan goşa gelip, bir taňka çaýy öňüne alanam şoldy welin, oba tarapdan tozap gelen maşyn çalmaryň işiginde saklandy. Maşyn bilen gelen tozan töwerege ýaýrap, az salymlyk gözleri gamaşdyrdy. Entek ullakan moýly käsä guýlan çaýdan bir owurt hem içip ýetişmedik Çary Halyl tirsegine galyp, gelen maşyna seretdi. Tozanyň içinde gelenleri onçakly saýgaryp bilmese-de kimlerdigini aňansoň birneme ynjaldy. Sürüji eden işine ökünýändigini bildirjek boldumy ýa Çary agany köşeşdirmek isledimi, garaz beýlekilerden öň dillendi.
—Bagyşlaweri, Çary halypa, bu mahal goşdasyňam öýtmän bir az gatyrak geläýipdirin.Onsoýam ders gatyşykly çäge beýle tozar hem öýdemizok.
Çary aga, ýadawam bolsa edebi unutmady. Myhmanlary ör turup garşylady.Elleşip görüşdi, saglyk amanlyk soraşdy. Perme müdiri bilen gelen ýigidi tanamansoň onuň ýüzüne gaýta-gaýta seretdi. Ýöne hiç zat diýmedi. Diňe içinden "Ýüzünde gözünde bir yşnyga ýok welin, elbetde, bolup bilşidir-dä. Taňry her kesi bir töwrw edip ýaradýandyr-da" diýip, tä özleri dil ýarynça sesini çykarmazlygy dogyry hasap etdi. Dommarybam oturybermedi. Öňündäki çaýly taňkany olara tarap süýşürip,ojagyň gyrasynda çägesyrap duran käseleri jürdekdäki suwa çaýkap:—Hany alyň, haý diýmän Soltan çolugam goýunlary sürüp geler, onsoň hahar-şoruň ugruna çykar nesip bolsa diýdi.Perme müdiri Aşyr Çary Halylyň ýüzünden bir zat okan ekilli çiňňerildi. Soňam gapdalynda oturan ýaş ýigit bilen tanyş etmäge başlady.
—Bu ýigide Aman Janow diýýärler. Paýonymyzyň baş zootehnigi, öňräk instituty tamamlap gelidi. Öýrüte örüdäki mallaryň ýagdaýy bilen tanyşmak üçi geldi.
Çary aga onuň sözüni boldi:
—Mallaryň ýagdaýy bilen diýsene...
Perme baş çopanyň bu sözleri näme sebäpli aýdandyna bada-bat düşündi:
—Çary aga, günä özümizde, arly gyşy geçirip, mallar howpdan –hatardan aman galansoň geldik. Bilýäs welin, näme etjek. Ýorgana görä aýaak uzatmaly bolýas-da. Geleňsizlik bilen kolhoz diş synçgar ýaly çöpem üýşürmändir. Onsoň ýüzümize gara çekip, ýaz çykynça bukdakladyk ýördük.
Perme müdiriniň münli halda ötünç soraýan şekilde gürlemegi baş zootehnige üaramady. Ol togalak göwresine gelişmeýän hereket bilen iki baka gowsundy. Tegelek ýüzünde çala çyzylan ýaly gözlerini gyrp-gyrp edip, söze goşuldy.
—Bu mesele-de hemmäňiz ýazykly. Şoň üçinem ynha ynamdan gaçyp ýaşululara iş bolup ýörsüiz-dä.
Aşyr aga sesini çykarman duruberdi. Çary Halyl durup bilmedi.
—Inim, ile iş bolup, Babadaýhan obasynyň ilden goltgy gözläp elewrän wagty ýokdur. Döw ýaly çopan-çoluklarymyz mallarynyň azaryny öňem ile ýetirn düldirler, indem ýetirmezler.
Baş çopanyň bu gürrüäinden soň, hiç-kimiň mazasy bolmady. Bir Aşyr perme „Çary aga dogry aýdýar»diýip, ýetişdi. Baş zootehik Aman Janow tükezzibana tutdy.
—Giň ýerde boş gürrüň etmäçe ökdeläpsiňiz, baryňyz.Malyň agdaýyny bilýänden bolýaňyz, malyň eýesi biz diýen bolýaňyz, Hiç kime gulak gabartman ýekeçanak boljak bolýaäyz. Jygba-jygba gelip, ýüp toýnukdan syrylsa, biziňki ýolly bolar. Bizem şu ugurdan biriçe bilýäs. Hökümet okatdy, öwretdi, ak pata beribem işe ýollady.Bizem işmizi-güýjümizi kör edip, şu ýere keýpine gelmedik.Agyr süriniň ykbaly size ynanylanam bolsa, jygba-jygba gelende hak eýesi kolhozdyr. Onsoň sizem gaňryşymyza gadyp, öz diýeniňize tutup oturmaň.
Zootehnigiň bu sözleri Çary çopana ýokuş degdi. Onuň güne gaýzygan ýüzi garaört boldy. Gür gaşlary çytyldy. Çekge damarlary gögeren ýaly boldy. Oturan ýerinden gozganman egnaşyr oturanlara seretdi. Onuň bolşy Aman Janowa içinden çykmaz ýaly bir zat diýerli göründi. Ýene-de parasatlylyk etdi. Gaharyny ýuwutdy "Ýeri şuň bilen deň boljak bolsaň, hany seniň parhlylygyň" diýip içini gepletdi. Şeýle-de bolsa dyňzap gelen gahary başgarak hörpde daşyna çykardy:
—Inim „Biz malyň eýesi» diýip, diliňi-başyňy çeýnäp, kösenip oturma. Eýesi sen bolsaňam,ahyrynda hasap bizden soralar.Bu ýerde gep nokatlap, dil ýaryşdyryp oturman matlabyňyzy aýdyň, biziňem derdimiz özümize ýetik.
Ýaşuly çopanyň gaharynyň gelenini aňan Aşyr perme Aman Janowyň ýüzüne garady. Çary Halyldan beýle gaýtawul alaryn öýdüp pikir hem etmedik Aman Janow bu mahal dodaklaryny pugta ýumup, indiki diýmeli sözlerini çugdamlaýardy. Ahyry ep-esli wagtdan soň ýüregini bire baglady. Hälki badyhowalygyndan nyşan galmadyk şekilde mylaýymsyrady.
—Çary aga, ýyl gaty gurak geldi.Indem asmandan nem damjaga meňzänok. Ozalam gurakçylyk zerarly mallaryň taby öwerlik däl. Bir gün, bir gün. Ýaz gyrkymyny geçirip goýunlaryň üstünden agyr ýüki aýyrmasak.çatak boljak bolup dur.
...Oba hojalyk institutyny täze gutaryp gelen zootehnik ýigit badyhowady. Ol gum içindäki çopan goşlaryna ýeke-ýeke aýlanyp,çopan-çoluklaryň, mallaryň ýagdaýy bilen tanyşdy.Baran ýerinde hemme zady özi bilýän şekilde gürläp, diliniň eýgiligini gördi. Bile aýlanyp,tanyşdyryp ýören ýaşuly başlygam oňa kelam agyz söz gatmady. Näme diýse dogrudyr diýen terzde başyny atyp çäklendi. Muňa hasam kellesi göçen ýigit hemme zady bilýänden boldy.
—Çary aga, mallaryň ýagdaýy-ha o diýen öwerlik däl. Orta semizlikden aşakda. Ýüňi ösçün bolansoň mallaryň arryk düşeni bildirenok. Eger gyrkymdan soň görseň bu janawarlaň içinde göz eglenjegi ýa tapdyrar,ýa tapdyrmaz.
Zootehnigiň sözleri Çary aganyň gaharyny getirdi.
—Bir zat diýmeli diýseler, agzyňa gelenini suňşuryp durma. Gyşyň näjüre gelenini menden gowy bilýäinsiňiz. Mallar ýaňy gyşdan çykdy. Üstesine-de aglabasy ekiz guzuly.Men şu mallardan önüm aljak bolup, il içinde ýüňsakgal bolaýmaýyn diýip, baý azap çekendirin-ow. Ýöne hiç kimseden ezmaýyş gören däldirin. Onsoňam gurak gelen ýylda guzy emdirýän malyň burnuna sary ýag guýsaňam şundan gowy bolmaz! „Öňüm gelenden soňum» diýip, ýapyşdyk ýatdyk. Ynha nesip bolsa mütdeti geler welin, ýaz gyrkymyny geçireris. Soň seçim bolar. Howa güýzürgeýänçä bu mallaryň endamy ýagşy suwlanar.
—Şü çapuda boljak bolsa-ha oba taýagyňy süýräp baraýmasaň.
Çary Halylyň gaty gahary geldi. Ol ýerinden tarsa turdy-da, elinde saklap duran donuny düýrläp,öňe owsundy.. Onuň öwzaýynyň bozukdygyny aňan başlyk öňüni gabalap: "Çary aga iň tejribeli çopanymyz" diýip, ýetişdi.
—Inim, bir zadyň aňyrsyna göz ýetirmän, boş gürleme. Şü adamlaryň mallaryň biri şitilese kellesi bilen jogap berip gelýändigini unutma. Indiden aňrygam biziň loýumyza "ol eýle, bu beýle diýip" gelip, dilňi ýygmasaň, bizden oňňullyga garaşma!
Çary çopanyň bu gürrüňinden soň zootehnigiňem başlygyňam ugry bolmady. Olar uzak eglenmän, çopan goşuny terk etdiler.
Şol ýyl ýaz gyrkymyny adatdakylardan ir geçirmegi teklip eden zootehnigiň aýdanlary bilen Çary agadan,hem-de onuň golaý-goltumyndaky çopanlardan başgalar unadylar. «Çary aganyň hem gitjek ýeri ýok. Bu gün bolmasa ertir kimiň mamladygyna göz ýetirer. Ir gyrkylan sürüleriň mallarynyň elinden çekilen ýaly bolandygyny görensoň-a içini tutup galar welin, häzir tykyran bolýar. Ökdemişin-dä hamana. Giň sähranyň eýesi bir özümdirin öýdüa. Düýeden uly piliň bardygyny unudýar. Görübereris.
Sessiz oturan ferma müdiri zootehnigiň hümmülisine meçew berdi
—Aý,inim bi çopanlaryň birenteginiň öňüne şeýdip taýak ataýmasaň, özlerini asmandan asyp oturandyrlar.
Zootehik ýigit has gyzdy:
—Gözleriniň oduny al diýsene!
Bu gürrüňlerden göwni suw içmän barýan sürüji ýoldan ünsüni sowman barşyna gapdaldan at goşdy:
—Ertir agşam öýünden örýäniň gürrüňi bilen ýaban ýatyp ýören çopanyň gürrüňi alşasy ýok-laý, ýogasa-da. Özümiz-ä şu bendeleriň bir günki azabyna-da çydamarys,gaýratly-how şular ýene-de. Onsoňam bular düýnüň şu günüň çopanlary däl-ow, mal yzynda ömürlerini paýawlap barýan adamlar ahyry.
Srüjiniň çürrüňini gapdalynda oturan iki pyýada-da, gözlerini gyrpman diňlänem bolsalar olrdan seza çykmady. Asla oňa diýdiňmem diýmediler. Bu ýagdaý sürüjä üaramady. Ol ýol saýlamasyny goýup,çarkandakdan sürüp başlady. Maşyn adyrlykda yzly-yzyna bökdi. Ozalam daryşganlykdan gozganyp bilmän oturan iki pyýada biri-birleriniň ýüzüne serdip, oňdular. Dilleri gijäp duranam bolsalar, ýagşydan-ýamandan hiç zat diýmediler. Sürüji maşyny ýene tekiz ýola gönükdirip,hereketini çaltlandyrdy. Soňam gapdalyndakylaryň ýüzlerine göz gyýtagyny aýlap oturanlara eşdiler ýaly pyşyrdady:
—Kime näme diýseňizem Çary Halylyň işine at dakmaň!
Ara düşen dymyşlygy birhaýukdan soň, ýene-de sürüji bozdy. Ol bir mahal bolan wakany gürrüň berip başlady...
Soltanyň ýaňy çolukçylyga başlan ýyly bolsa gerek. Ýaz gyrkymyna entejik wagt bar diýlip ýorülen döwürlerdi. Çary aganyň saý-sebäp bilen obadalygyndan peýdalanan gyrkymçylar çolugyň gözüni başyny aýlap, işe girişipdirler. Goýun gyrkylyp bolnan gününiň ertesi goşda peda bolan Çary aga gopan wakany hakydasynda aýlap, haýal etmän ara ýataga garşy ugrapdyr. Halypasnyň aňyrdan aldyrany bar ýaly haýdaşlap gel'inden howatyr alan çoluk oňa garşy ädimini çaltlandyrypdyr. Çary aga gele-gelmäne çolugynyň al petinden alypdyr:
—Sorag ýok,ideg ýok oglan, bu näme etdigiň seň?
Janagyrly soragyň niräni tozadýandygyny aňan çoluk, bir söz hem aýdyp bilmän ýuwdunyp durubermeli bolupdyr. Onuň sary-sadylla bolup durşy halypany az-kem ýumşadanam bolsa, aýdylmaly söz aýdylman galmady:
—Ýeri, olar-a bir ýumuş oglany, dese bäş, degmese ýigrimi bäş» diýip ýören. Ýeri seniň kellläň nirede. Çary aga ejaza bermese goýnuň golaýyndanam gelmäň diýäýeňde näme bir zadyň kemelýämi? Otursam tursam her işde könelerimiziň edehädini unutmagyn! Herki zadyň bir gelşigem bardyr. Onsoňam öňüňde men —dowzahyň gara dykynjy duryn ahyry.Soraň diň, aýdaýyn, maslahatlaşaýyn diý, alaga-da goltugyňa garpyz gyssyrdaýmaly däl-ä.
Çary aga irden sägindi-de sazanaklap duran çolugyny birlaý synlady. Ýetimligiň egnigysyklygyny indi-indi ýadyndan çykaraňkyrlan oglana nebsi agyrdy. "Bu neresse-de näme ýazyk bar,bir akyly kesmeziň özüniň gepini gögertjek bolup eden işi üçin muhy gönertläp oturanyňdan ne peýda" diýip içini gepletdi, soňam gürrüňi başga ýana sowup goýberdi.
—Inim, ýygna goş golamy, haýal etmän goýny Kepbelä süreli. Menzil ýakyn däl. Körpe guzuly maly gyssabam bolmaz. Herniçigem bolsa, howlugaly. Iki günüň dowamynda şo ýere özümizi ataly, bolmasa, malyňy paýhynladarsyň.
Çary aga başga zat diýmängoş-golamyny ýygnap, ýola taýýarlanmak bilen boldy. Çolugam sürini öýüne salyp ýola düşdi. Kepbeli kak bilen ara ýoňsuz ýol bolansoň oňa iki günde ýetip bilmediler. Howa ýagdaýynyň üýtgewsiz durany üçin Çary aga oňa gysylybam durmady. Bu barada syr bermese-de, eýýäm köp zada werziş bolan çoluk, bir asmana, birem halypasynyň ýüzüne gaap ýoluny dowam etdi.
Aprel aýaklap baransoň ak çägeli çölden tomsuň ysy gelýärdi. Adaja öwüsýän mylaýym ýel endamyňa hoş ýakýanam bolsa, adamlar bahar bilen beýle tiz hoşlaşmagy isläp baranokdylar. Kepbeli kakyň töweregi arly gyş torç edilip, ýaza ýakyn boşap galany üçin, meýdanda giçki baharda ýetişen gyryjyňam ýüzi saralyp kümüş çaýylan ýaly bolupdy. Golaý-goltumyny alaň çägelik eýelän adyrlykda çalaja şemala ygşyldap oturan gyrtyç ýeliä ugruna dagap gidäýjek ýaly görünse-de,biten ýerinden gozgananokdy. Üç günlük ýoly ylgap diýen ýaly geçen mallaryň sary sypaly emaý bilen sülpeşlerine Çary aga hyrydarlyk bilen syn edýärdi. Ol daşyna çykarmasa-da:
—Iýiň janawarlar bir beladan-a aman galdyňyz. Gaýa ýok, gopuz ýok ýerinden bu nämre etdigiňiz boldy, Çary çopan diýýän bolmagyýyz ähtimal. Taňrynyň etjegini bilip bolýamy, näme? Soň ökünip yzyndan ýetjek bolandan wagtynda gozganan ýagşy. Wagtynda edilmedik işiň petine gar ýagýar-a. Hudaý saklady, bardy-geldi, gyrkym geçen günleri dagy ýagyş ýagyp, buýaýan bolsaňyz şonda görerdiňiz şatyny. Täze gyrkylan malyň derisi on çemesi güne çenli edil uşakgöz elek ýaly bolaýar eken. Kepbe üaly goýunlaryň içi suwdan dolup, julkuldap duranyny görenimizden soň aýdýas şuny, Alla saklasyn!
Çary Halyl elini kölegeledip, ilki ýalpyldap duran Güne soňam hol beýle-de seleňläp görünýän kaşaň mal ýatagyna seretdi-de, indi boragan ýagsa-da gypynç eder ýaly zat ýok-diýip ýylgyrdy. Şol günüň öýläni günbatardan garalyp gelen bulut dünýäni suw sil etdi. Çary Halyl depelerden aşaklygyna ýol ýasap kaka tarap köpürjikläp akýan ýagyş suwuna syn edip, tebigatyň şol bir kadasyny bozmaýandygyna haýrangalyp otyrdy...Sürüjiniň gürrüňini tamamlaryna mähetdel, zootehnik ondan ulagy yzyna dolamagy haýyş etdi.
Nowruz GURBANMYRADOW.
Hekaýalar