14:47 Ýagşylyk hekaýaty | |
Ýagşylyk hekaýaty
Goşgular
“Ýatana berýän bolsaň maňa ber sen, Biribar!” – Diýip, ýalta bir kişi Hakdan döwlet soraýar. Göz öňüne getirip bagtly durmuş geljegin, Bir köne harabada garaşypdyr ençe gün. Aç-suwsyz ýatmaklykdan halys galmandyr huşy, Ajal aljyradypdyr, hiç gelmändir bagt guşy. Ençe gün aç bolansoň, süýnüp ýatanmyş bende Hem çalaja iňleýär gurbat galmansoň tende. Ötüp barýan ýolagçy onuň zaryn eşiden, Gelip yralap görse, turarlykdan ötüşen. Derrew kömek bermegiň aladasyn edipdir, Bir zar iýse essine gelermikä öýdüpdir. Emma gaýym gysylan dişin açyp bilmänmiş. Näçe şarpyk çalsa-da, hiç essine gelmänmiş. Ahyry ol ýaňkynyň döwüpdir ýeke dişin, Şol ýerden çorba guýup, synlapdyr onuň iýşin. Birki ýola gultunyp, gözün süzip açypdyr, Agzyna çorba guýsaň, bir enaýy içip dur. Garbak-gurbak edensoň, gelipdir ol essine, Ýaňky ýolagçy kişi sorag beren dessine: “Şepe, saňa näm bolýar, agyrýarmy bir ýeriň? Iňläp ýatyrsyň bärde, huşy uçdumy seriň?” Ýalta kişi diýipdir: “Taňry berýän ekeni, Bir dişimi döwse-de, menem görýän ekeni.” Özüňde gaýrat-gujur, bolmasa ýa höwesiň, Ýagşylygam bilmeseň, Haktagalla neýlesin! | |
|
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Nikolaý Rubsowdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Damak belasy... / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 18.06.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ "Watan howasyndan doýmadym hergiz..." / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Gyş rubagylary / Goşgular - 10.12.2024 |
√ Bagş etdim saňa / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |