ÝAŞAÝYŞ YŞKY
…- Siz özüňizi haçan erbet duýup başladyňyz?!-diýip haýpygelmeden doly gözlerinden äýnegini aýyrdy-da lukman öňünde oturan Berdiden sorady.
- Kän wagt-a bolmady… Dört-bäş gün mundan ozal aşgazanym agyryp, iýenim siňmän başlady.-diýip Berdi ýuwdundy-da, näme üçindir diňe lukman ikisi oturan ýarym garaňky otagy ýene-de birlaý gözden geçirdi.
Ak ýektaýly lukman orta ýaşdan agan, saçlaynda iki-ýeke ak gyl görünýän, hortapdan çepiksije bir adamdy. Onuň ýüz-keşbinde haýran galaýmaly ululykdaky gözleri bolmadyk bolsa hiç zat göreniň ýadynda-da galjak däldi. Onuň gözleri diýseň uludylar. Özlerem şakäse ýaly tegelenip durdy. Göwnüňe bolmasa onuň gözleri hatda dakynýan äýnegindenem uly ýalydy. Onsoňam olar seretdigiňçe birhili ulalýana çalym edýärdi. Edil her bir täze keselliniň halyna dözmän, onuň derdinem özlerine ýygnamak üçin giňeýän ýaly…
Lukmanyň Berdä seredýän şol uly gözlerem onuň halyna düşünmekden, oňa gynanmakdan, şeýlebir yssy hem çuňňur dözmezçilikden doludylar welin, beýle çepiksi göwrede urýan kiçijik ýürek şeýle giň gözleri dolduryp bilýän munça rehimi nireden tapýarka diýdirýärdi…
Lukmanyň öňünde ýüzüni sapajak-supajak etdirip outran bu on alty-on ýedi ýaşlaryndaky ýigdekçä, onuň öz başyndan inen betbagtçylyga düşünmeýän, entek şeýle mana düşmez, ýöntem gözlerine, aljyraňňylykdan ýaňa bisereşgen hem gowuşgynsyz bolan hereketlerine seredip, möňňüripler aglaberesi gelýärdi. Emma ol aglamaýardy… Diňe ýuwdunyp oňaýýardy. Sebäbi şu wagtky duýgularyny günde onlarça gezek, ine şu iş otagyna gelip, şu stoluň başynda oturyp, gapydan ilkinji hassanyň girmeginden tä iň soňky syrkaw işikden çykyp gidýänçä duýmaly bolýardy… Ýok, asla diňe işinde-de däl, öýünde hem, çagalaryny gujagyna gysýarka-da, aýaly bilen mesawy söhbet edip, çaý içýärkä-de ine şu duýgularyn dan saplanyp bilmeýär… Asla bu duýgulardan sypar ýalymy bir?! Heý olary unutmak onuň başarjak zadymy diýsene?!... Gözler, gözler… Köp ýaşan, ajyny-süýjüni gören adamlaryň gözleri, nämädir bir zady küýsemekden, isleg-arzuwdyr etsem-petsemlerden doly juwan gözleri, mönlükden we sadalykdan doly çaga gözleri… Heý olary unutmak ynsana başartjak zatmy?! Bar birini ýadyndan çykardy, ikisini hakydasyndan bozdy, emma hemmesini welin, unutmak mümkin däl ahyry. Esasanam entek hiç zat hakda çyndan pikir edip görmedik çaga gözlerini… Onuň özünde-de şojagaz garamyklardan bäş jübüti bar. Onsoň neneň edip ol uçgunjyklary unutsyn, nädip olaryň garaýşyny ýadyndan çykarsyn?!... Wah şu ady ýitmiş kesel bir göze görünýän mahluk, ýa-da bir eýmenç ýyrtyjy bolsady, Hudaýyň berenje güýç-gaýratyny jemläp bir bogazyndan penjäni ursaňdyň! Iň bolmanda ýeňläýeniňde-de beýdip göze görünmeýän, nejis bir öýjüjekden ejizläp, iki jahan owarrasy bolub-a ýörülmezdi…
…Hassalar bolsa ilk-ä gelip barlaglaryny tabşyryp gidýärler. Birküç günden soň bolsa olaryň her biri onuň ýanyna, ine şu otaga gelýär-de häzir şu ýigdekçäniň oturan kürsisinde oturýar. Oňa özüniň umytly, ölügsije umytdan doly gözlerini soragly dikýär. Ine şonda-da onuň üçin iň jebirli pursat gelýär. Onuň gözleri özüne bakýan göreçleriň jümmüşindäki duýgulardan ýaňa ýene-de azajyk giňeýär. Sebäbi beýle nazarlar öňem onuň gözlerinde şeýlebir kän welin, indiki täze nazar gözlerine sygmajak bolýar. Onsoň ol özüni dürseýär-de, parahat ses bilen:
--Siz keselli. Düwnük bilen keselläpsiňiz.--diýýär. Şol bada-da gözlerini öňünde mejalsyz ýatan ellerine dikýär. Çünki ol indi adamlaryň bu habary kabul edişlerine seredip bilmeýär. Çydanok… Soňra azajyk köşeşip, adaty lukman sesi bilen sowukganly we medeniýetli sorag edip başlaýar. Hädip kesellidigiňizi çakladyňyz, haçan, nirede, agyrýan ýeriňiz barmy, özüňizi duýşuňyz neneňsi?... Arasynda bolsa olaryň howsalaly sowallaryna biperwaý äheňde, gysgajyk jogaplary berýär, öwrendikli, gaýtalanyp-gaýtalanyp lenji çykan sözler bilen olary tagaşyksyz, ýerliksiz köşeşdirmäge synanyşýar. Umytlandyrýar. Içindenem syrkawyň özüne ak ýektaýy üçin Allatagala ynanan ýaly ynanyşyna özüni daga-daşa urup gidiberesi gelýär. Olaryň gark bolup barýanyň sypala ýapyşyşy dek öz sözlerine uýmaklaryna ýuregi gan öýýär. Özüniň diýip oturan ynamsyz, biparh, aňyrsy boş sözleri üçin, şol sözleri diýýändigi üçin özüni itden beter ýigrenýär. Hassanyň gara başyny bagryna basyp, göýä onuň mähriban ejesi deýin iň mähirli, iň yssy sözleri diýesi gelýär. Iň bolmanda diýere söz tapmasa-da gözlerinden monjuk gözýaşlary togalap, eneleriň aglaýşy kimin gyýylyp, sessiz-sessiz onuň halyna aglasy gelýär. Emma barybir şol bir parhsyz äheňini saklap gepläp otyr, gepläp otyr… Onsoň hassa ýerinden turýar-da gysgajyk hoşlaşyp ýa-da hoşlaşman çykyp gidýär.
Bu gapydan girenlerinde olaryň her haýsy birhili, özüçe girýär. Biri ine şu ýigdekçäniňki ýaly çekinjeň, beýlekisi dogumly, ýene biri sowukganly, dördünjisi ähli zada taýyn bolup, kaýyl bolup, bäşinjisi özüniň bu otagdan begenip çykjakdygyna ynamly, başgalary göwnüçökgün, arkaýyn, medeniýetli, öwrendikli…garaz her haýsy birhili… Emma çykyp gidenlerinde welin, olaryň barysy birmeňzeş çykyp gidýärler. Sessiz, özlerine diýilýän zatlary diňleseler-de düşünmän, hiç-hili duýgusyz we ümsüm…
Ol hem kesellileriň hemmesine şol bir diýýän zatlaryny diýýär. Hiç zat üýtgemeýär. Diňe onuň öňem ullakan gözleri öňküsinden azajyk, ýene-de birazajyk ulalýarlar…
--Aşgazanyň öte gaty agyrýarmy?--diýip lukman soragyny dowam etdi. Berdi sakynyp jogap gaýtardy:
--Äý hawa, käte gijelerine çydatmajagam bolýar.
--Düşnükli. Hossarlaryňyza habar etmelimi ýa-da özüňiz habar edermisiňiz?-diýip lukman äýneginiň üstaşyry Berdä dikanlady.
--Ỳok… Azara galmaň. Özüm aýdaryn.
Gözlerini gizlemäge çytraşýan Berdi pessaý, gyryljak jogap gaýtardy.
“Özi aýtmaz. Aýdanynda-da oňa Biribardan özge hiç kimiň delalaty degmezem-le welin, onda-da bilseler gowy-da.” diýip oýlanan lukman:
--Bolýar gidiberiň. Birigün hossarlaryňyz bilen gelersiňiz.-diýdi-de ondan ýüzüni sowdy.
--Sag boluň.-diýip ol çykyp gideninden soň bolsa öňündäki kagyza seredip Berdiniň kakasynyň adyny, familiýasyny, işleýän edarasynyň telefon nomerini tapdy-da, telefona elini ýetirdi… Bu onuň üçin ýalançynyň ikinji bir kyn zadydy…
Nähilidir bir alasarmyk düýşde gaýyp ýören ýaly bolup Berdi sermisal halda saglyk öýünden çykdy-da gür baglygyň içi bilen ýöräp ugrady. Birsalym ýöräninden soň aýaklaryndan ysgynyň gidýändigini syzyp, öňünden çykan ilkinji oturgyçda çökdi. “ Men keselli. Düwnük bilen… Oňa garşy hiç hili dermanam ýok. Diýmek men… Düwnük uzak köseýär diýýärler. Gynap-gynap bellisini edýärmiş. Bu nädip beýle bolýar ahyry?!.. Bu zatlar, ölüm, kesel, gaýgy-alada… bu zatlar menden şeýle daşdady ahyry. Bu zatlar bilen kimdir özge biriniň çaknyşmagy mümkindi. Emma men, men welin, beýle zatlara ýanaşygam barmaly däldim ahyry… Men heniz ýaş ahbetin… Ỳöne häzir welin, ine ol, ölüm! Haýal hem içýäkgyç gynap öldürjek ölüm. Ine ol şeýlebir golaý… Ol eýýäm mende. Mende. Men eýýäm ölüleriň hasabynda…
--Jigi!
Berdi tisginip gitdi-de, üstüne abanyp duran görmegeý zenana aljyraňňy garady.
--Jigi,--diýip, ol zenan haýyş ediji äheňde dowam etdi:--Şu oglumy ýanynda oturdaýyn welin, entek şu ýerde oturjak bolsaň lukmanyň ýanyna girip-çykýançam gaýrat edip, esewan bolup bilmersiňmi?!
Berdi bu zenana hem ejesiniň elinden tutup duran akyllyja gözli alty-ýedi ýaşlaryndaky oglanjyga äňetdi. “Ỳok” diýjek boldy. Emma zenanyň özelenmeli nazaryna yrlyp:
--Bolýar.-diýenini hem duýman galdy.
--Sag bol, jigi.-diýdi-de zenan oglanjygy Berdiniň ýanynda oturdyp:--Oglum garaşgyn. Ine şu oglan bilen otur-da birsalym gürleş. Men bolsa häzirjek lukmanyň ýanyna girip-çykaýyn, hiç ýere gidäýmegin. Jigi, göz-gulak bolaweri.-diýişdirdi-de, zenan gitdi.
--Çaltrak çykarsyňyz-da, gelneje. Meniň işimem bardy.--diýip, Berdi yzyndan gygyranynda bolsa zenan yzyna-da gaňrylman jogap gaýtardy:
--Gyssagym özüm bilen, jigim.
Berdi zenanyň aljyraňňylygyna düşünmän başyny ýaýkap, ýene-de öz pikirlerine gümra boldy. Emma ýanynda oturan oglanjyk dil açdy:
--Seniň adyň näme?
--Berdi. Seniňki näme?
--Baýram-la welin, sen bu ýerde näme işleýärsiň?
--Saglyk öýüne geldim.
--Ỳeke özüňmi?--diýip Baýram geň galyp seslendi.
--Hawa. Dagy näme?
--Gorkmaýarsyňmy?
--Nämeden gorkaýyn?
--Lukmanlardan. Men-ä olardan elmydam gorkýaryn. Ine ýaňam ejem bilen gaýtmajak bolup, goňşymyz Wellek “har gulaklara” gaçdym welin, “har gulagyň” agasy Üşşim “tüsse çekmeýän” tutup öýümize eltdi-dä. Onsoň bärik gelmeli boldy.
Baýramyň bu sadadan gönümel gürrüňine Berdi tas pyňkyrýardy. Oglanjygyň göwnüne degerin öýdüp zordan saklandy:
--Näme? “Üşşim tüsse çekmeýän” diýdiňmi? Näme üçin beý diýýärsiň?
--Aý, onuň cyn ady Bäşim welin, kakasy gowy görüp “Üşşim” diýen soň bizem diýäýýäris. “Tüsse çekmeýän” diýip bolsa oňa motorynyň hemişe ala-tütün bolup burugsap durandygy üçin diýýäs… Aý, ol samsyk-laý!
--Kim?
--Şol. Üşşim.
--Hä, näme üçin?
--Äý, öňräk, bize daýzamyň kiçi gyzy myhmançylyga geldi welin, Üşşim oňa bir gezek gije: “Söýşelimi?” diýen bolýar-laý… “Aýryl” diýse-de elinden tutan bolýar. Ỳaňagyna şapbat çalyp: “Samsyk!” diýip goýberdi-dä, daýzamyň gyzy…
Bu gezek Berdi saklanyp bilmedi. Heziller edip güldi. Baýram onuň bolşuna düşünmän ýüzüne siňe-siňe seretdi.
--Nämä gülýärsiň-aý?
--Aý, hiç-le. Ỳöne. Sen oňat oglan, Baýram.
--Hymm… Senem onda oňat oglan, Berdi!
Berdi Baýramyň sözlerine ýylgyrdy.
--Bärik haýsy lukmanyň ýanyna geldiňiz?
--Hanha hol penjiräniň aňyrsynda oturýan ullakan gözüne äýnek dakynan, kiçijek boýly, horja lukmanyň ýanyna.
Berdiniň ýüzünden şatlygyň alamatlary zym-zyýat boldy. Ol: “Birhili ol lukman, gözüne seretseň gözi ulalyp barýar-laý.” diýişdirip, gepläp oturan Baýramyň sözüni böldi:
--Ejeň geldimi?
--Ỳok, ejem meni getirdi. Öňräk erbet bolup ine şu taýym…--Baýram çep gursagyny görkezdi:-- agyrdy. Onsoň obamyzdaky lukman barlan bolup gördi-de, bizi şu saglyk öýüne ugratdy. Indem ýöne şu gözi ulalýan lukmanyň ýanyna gatnadyp ýörler. Ejem hem aglaýar…
Berdiniň bokurdagy doldy. “Alla jan, bu oglanjygyň günäsi näme? Ony näme üçin beýle nägehana sezewar etdiň?”
--Eý Berdi, saňa näme bolýar-ow?
Baýram geplemesini goýdy-da, doňan ýaly bolan Berdiniň tirsegine kakyp goýberdi.
--Häh?! Aý, ýok, hiç-le.--diýip ukudan oýanan ýaly tisginip giden Berdi keselhananyň işigine seretdi. Onuň nämedir bir zat bilen bujagaz dertdeşjiginiň göwnüni awlasy geldi. Ol kellesini silkip, ýerinden turdy:
--Baýram, seniň buz gaýmak iýesiň gelýärmi?
--Hawa-la welin, ýone häzir ejem geler-dä.
--Häzir derrewjik bararys-da, gaýdarys, onýança ejeň lukmanyň ýanyndan çykmazam-la.
--Ỳör.-diýip öňem su meýilli gurbaga bolan Baýram böküp aýaga galdy. Olar gitdiler.
Saglyk öýüniň howlusyndan çykyp, çüňkde buz gaýmak satýanyň ýanyna bardylar. Olar içi buz gaýmakly kökelerden her haýsy üc sanysyny aldylar-da, uly arça agajynyň kölegesine geçip iýip ugradylar. Baýram çagalara mahsus howlukmaçlyk bilen, garabaşynagaý bolup elindäki buz gaýmaklary iýýärdi. Berdi bolsa sowuk buz gaýmaga käte bir dilini degren bolup otyrdy.
--Bäý süýjüdigini!-diýip, birinji buz gaýmagyny iýen Baýram ikinjisine başlady.
--Hawa, edil ýaşaýyş ýaly süýji.-diýip pyşyrdan Berdi nädip içki pikirini daşyna çykaranyny duýman galdy. Onuň pyşyrdysyny eşiden Baýram şol bada buz gaýmak iýmesini goýup Berdä seretdi. Oglanjygyň ýüzünde bir topar pikirleriň alamaty peýda boldy. Ol: “jykk” edip, başyny ýaýkady.
--Ỳok, buz gaýmak ýaşaýyş ýaly süýji däl, ýaşaýyş has süýji. Seniň ýaşaýyş diýýäniň Berdi, sen, men ejem,şu baglar, köçe, Üşşim, dostum Wellegiň har gulaklygy dälmi?! Hawa şolar. Onda olaryň hemmesi buz gaýmakdan million esse süýji. Belki hasam süýjidir. Ỳöne men entek milliondan uly sanyň bardygyny bilemok. Ony soň bilerin. Onsoň ýaşaýyş milliondanam köp esse süýji bolar. Sebäbi ejem ýylgyrsa, ýatmankam saçymy sypasa, kakam işden gelende maňa we jigime nämedir bir zatjagaz getirip berse şeýlebir süýji bolýar, şeýlebir süýji bolýar…
Baýram şeýle diýdi-de, ýene buz gaýmak ýalamaga başlady. Berdiniň haýran galmakdan ýaňa agzy öweldi. Ol gulaklarynyň eşidenlerine ynanmady. Ỳedi ýaşly oglanjyk beýle zatlary şeýle sadalyk bilen aýdar diýseň kim ynanar?! Baýramyň welin azaryna-da däldi. Hiç zada üns bermän buz gaýmagy bilen gümra bolup otyrdy. Berdi bolsa oňa ýene-de bir zatlar diýjek bolup dodagyny müňküldetdi. Emma näme üçindir geplemän, ötegçileri synlamaga durdy.
Ỳaşlar, garrylar, çagalar, zenanlar, gyzlar, kimsiniň eli ýükli, kimsi ýüksüz, her haýsy öz işi, aladasy bilen, biri eýläk, biri beýläk, hiç kime üns bermän geçip barýardylar. Olaryň hiç haýsynyňam kölegede buz gaýmak iýip oturan ýetginjek we oglanjyk bilen işi ýokdy. Ỳetginjek welin, olary üns bilen synlaýardy. Her biriniň gözlerini, ýüzlerini, ýöreýşini… Ine birdenem… Öňje ýanyndan geçip giden eli sebetli, asman reňk köýnekli gyzda Berdiniň gözleri örklenip galdy. Ol gyz şeýlebir owadandy. Edil daş-töweregi gaplap alan dirilik deýin özüneçekijidi… Berdi aňalyp galdy.
Gyz bolsa oňa üns bermän geçip gitdi.
Ol barha daşlaşýardy. Bu kämil ajaýyplygyň ädýän her ädimi bilenem Berdiniň ýuregine düşen nämedir bir zat barha agralyp başlady. Ỳeňiljek ädimler bilen, nepis aýajyklar gara köwşüň ökjesini gezekli-gezegine tyrkyldadyp, giden bir gujak gözelligi Berdiden barha uzaga alyp gidýärdiler. Berdi bolsa ol gyzyň yzyndan ylgamaga het etmän, doňup durdy. Ol diňe durdy. Beýdip nalajedeýin halda durmasyndan ýaňa-da onuň ýüregi gysyp gitdi. Onuň özüne şeýlebir rehimi indi welin, edil ýöne möňňürip aglaberesi geldi.
Oňa bu mahal gürlemek gerekdi. Ol gepläp, gepläp, gepläp kimedir birine içini dökmelidi. Ỳanynda bolsa bu wagt Baýramdan özge hiç kim ýokdy. Berdiniň aýdasy gelýän zatlara bolsa ýedi ýaşly oglanjygyň düşünmegi mümkin däldi… Emma… Goý, düşünmese düşünmesin, diňlese bolýar. Ol kimedir birine özüni dolduryp duran bu zatlary aýtmaly, ýogsa,… Ỳogsa bu samsyklyk bolar. Bu samsyklyk ahyry, eger-de adam adama içini dökmese.
--Ynanamok!
Üçünji buz gaýmagyny iýip bolan Baýram oňa garady.
--Özümiň öljekdigime ynanamok. Sebäbi men bolmasam bu zatlaryň bary bolmaz ahbetin. Meniň söýüp, begenip, görüp ýörenim üçin bu zatlar bar-a! Diňe şonuň üçin olar şeýle özüneçekiji, gözel, söýgüli… Men ýitsem bularyň baryna näme bolar? Onsoň nädip beýle zat bolsun? Hanha hol, ýaňky geçip giden gyz gözel bolman betnyşan bir zada öwrülse, guşlar ine şeýdip şahadan-şaha böküp saýramasa bu nähili bolar? Bularyň bary meniňem özleri bilen ýaşaýanym üçin şeýle gözel bolaslary gelýär, goh turuzýarlar, şatlanýarlar ahyry. Men ýaşamagymy goýsam bolsa diňe sowuklyk hem garaňkylyk galar-da! Onsoň men nädip öljegime, onda-da haýsydyr bir biderejik keseliň zyýanly öýjügi zerarly öljekdigime ynanaýyn?! Bu bolup bilmejek zat.
--Näme üçin bolup bilmez-aý?! Gaty hem bolar şol-a.
Hälden bäri ony diňläp oturan Baýram birden onuň söžüni böldi:
--Seniň ol: “ölüm” diýýäniň uklamak dälmi? Sebäbi Wellegiň atasynyň ýogalanyny men gördüm. Hemmeler-ä oňa: “öldi” diýdiler, men bolsa onuň uklap ýatandygyny gördüm. Onsoň ňame üçin uklamak, ýa seniň aýdyşyň ýaly: “ölmek” bolup bilmejek zatmyş? Bolup biler gatam! Wagty geler, biz-ä uklarys hemme zadam öňküligine galar. Muny nireden bilýärin diýsene, Berdi, men-ä berk uklap ýatyryn, ýyldyzlar welin, dogýarlar, aý hem dogýar, şemalam öwüsýär, itlerem üýrýärler, kimiňdir biriniň jigisem dünýä inýär, gijäniň bir cagy Üşşim hem bir ýerden sümsünip gelýär-de, motoryny “tarryldadyp” goňşularyň baryny örüzýär. Käwagtlar bolsa ýagşam ýagaýýar… Diýmek ikimiziň uklanymyz bilen hiç zadam üýtgemez, hiç zadam ýitmez. Bilýäňmi, menem bahym uklamaly, ejem muny menden gizleýärem welin, men barybir bilýärin-ä, menem beýle gaty, Üşşim ýaly samsyk däl-ä. Senem bahym uklamak hakda kelläňi agyrdýan bolsaň, diýmek onda senem keselli-dä, şeýlemi Berdi?! Men-ä ynha uklajagymy bilsem-de kän bir kellämi agyrdamok. Sebäbi hemme kişi ahyrsoňy uklamaly, onsoň ir boldy, giç boldy, tapawudy näme? Onsoňam neneňsi berk uklasam-da, gün dogan badyna ejem gelip meni oýarar. Eger ejemiň ýadyndan çyksa-da, özüm ýatyp-ýatyp ýadanymdan soň oýanaryn. Onsoň goý, irden bolmasa günortan oýanan ekenim-dä. Maňa hiç. Bu zatlar düýş däl ahyry, oýanan badyňa ýitäýer ýaly…Eger meniň aýdanyma ynanmaýan bolsaň, gel jedel edeli, eliňdäki buz gaýmaklarynyň birine…
Baýram şeýle diýdi-de jedel etmek üçin kiçijek elini Berdä uzatdy. Bu gezek Berdi onuň diýenlerine haýran galmady. Diňe onuň soňky teklibine ýylgyrdy-da, eljagazyny gysdy:
--Ỳok, jedel etmäli, Baýram, men saňa ynanýan. Buz gaýmagy bolsa isledigňçe alarys. Ỳöne gel ikimiz dost bolaly!
--Gel, ýöne sen ullakan ahyry?!
--Bolanymda näme?
--Hiç-le welin, ýöne har gulaga: “Seniň doganyň Üşşim ýaly oglan bilen dost boldum” diýsem ynanmaz.
--Sen oňa aýtma-da.
--Bolmaz. Jykk. Wellek dostum ahyry. Dostlar bolsa hemme zady biri-birine aýdýarlar.
--Sen onda aýt. Eger ynanmasa, özüm size baraýaryn. Bolýarmy?
--Bolýar.
--Onda gitdikmi?
--Gitdik.-diýdi-de, Baýram onuň öňüne düşüp ugrady. Olar saglyk öýüne tarap ýöräp barýardylar. Daşyndan seretseň olar aga-inä çalym edýärdiler. On alty ýaşly ýetginjek we ýedi ýaşly oglanjyk… Olaryň çar ýanyny gurşaýan dünýäde şeýlebir hakykydy, şol hakykylygy üçinem giň jahan düýşdäki kimin bulaşyk, alasarmyk däldi-de, ýerbe-ýer, owadan, ýagtydy…
“Edebiýat we sungat” gazetiniň 2006-njy ýylyň 28-nji iýulyndaky sany
Hekaýalar