10:35 Ýürekdeşler / hekaýa | |
… Agşam salkynynyň düşendigine garamazdan howanyň ýakymy ýokdy. Edil petiş, dymyk bolmasa-da, yssydy. Dürsoltan eje hyk-çoklap ýerinden galdy-da, daş çykdy. Çykan ýerinde säginip, kütelişen gözleri bilen alagaraňkylyga tarap siňe-siňe seretdi. Penjireden düşýän çyranyň ýagtysyna ýanýoldaşynyň sekiniň üstünde radiony hem gapdalyna alyp, gyşaryp ýatandygyny saýgardy. Onuň ýanyna bardy.
Hekaýalar
-A-ýuw, çal! Ýatmajakmy sen, ýarygijä golaýlady?!-diýip Dürsoltan eje Berdi aganyň gaharlydygyny huşundan çykaryp, oňa erkinräk lak atdy. Owalybeletde döredilende girrikligiň suwuna ezilen we ganygyzmalygyň laýyndan eýlenen Berdi aganyň dessine kakyny tutdy. -Äý, hawa-da, altmyş ýyl mundan ozal mähir-näz bilen ismi tutulýan “aý oglan” bolup gördük, soňra guwanç bilen “kakasy” diýlip ýüzlenilip gördük, ondan soň abraý bilen “atasy” diýip lak atylmak mertebesini-de Hak Biribar men bendesini mynasyp gördi. Alla saklasyn, adam pahyr juda uzak ýaşaberse her dürlüsini görjek ekeni. Ine, indem ýetjek derejäme ýetip, segsen ýaşymy arka atanymda “çal” diýilmeklik hem nesibämde bar ekeni! Berdi aga eşidiler-eşidilmez hüňürdese-de, sähel gynansa gan basyşy ýokary göterilip, indi kyrk ýyl bäri ýapyşak sakyrtga dönen ýürekagyrysy gozgap, aldym-berdime salyberýän höwrüni gaýgyryp, gaharyny daşyna çykarmazlyga çalyşdy. Emma şonda-da “gan bilen giren jan bilen çykar” diýenleri, gyzmalyk zannyna öwrülen, gazaba münende epilmejek-döwülmejek polada dönýän goja: -Ötüki, şü türkmeniň “Aýal garrasa erkek bolar, erkek garrasa gorkak bolar” diýenleri, çyn öýdýän, keýwany?! Şeýlemi ýa?!-diýip gatyrganman saklanyp bilmedi. Dürsoltan eje özüniň ýüzlenmesiniň ýanýoldaşyna ýakmandygyna düşündi. “Häk, aýal kemakyllygym gurasyn, mundan öň muňa şeýdip lak atýardyňmy diýsene? Öň hem ýaňy jana-jany bilen gygyryşyp, ony kowup goýberenine ýarylyp bilmän otyr ahbetin. Unudaýşymy diýsene!” diýip içinden pikir öwürmäge ýetişen Dürsoltan eje ilkinji jümlesini ýuwmarlamakdan ötri, Berdi agany ýumşatmak üçin mylakatlyk bilen jogap gaýtardy: -Men-ä neme atasy, “wagtam gijikdi, düşegiňi ataýyn welin, ýataýsaň nädýär?” diýmekçi boldum-la. Başdaşynyň mylaýymlyga ýugrulan müýnli äheňine Berdi aganyň bada-bat doňy çözüldi. Emma ol syr bildirmezlik üçin dommarylyp oturyşyny üýtgetmedi. -Ýataryn, häzir! Onuň kesgin jogabyny eşiden Dürsoltan eje altmyş ýyldan gowrak bilelikde ýaşalan ömrüň dowamynda ýanýoldaşynyň kalbyny okamaga endik edendigi sebäpli, bu mahal iň gowusy oňa azar bermezlikdigini aňynda aýlap, yzyna gaýtdy. Emma onuň jaýlarynyň gaýrasynda ýaýylyp ýatan boşluk meýdanyň orruk-ortarasyndaky ýalňyz tut agajyna çalym edip, tenha özüniň sekiniň üstünde dommarylyp oturyşyna dözmän, içeri girmedi-de, aşhanadan eplengi keçäni çykardy. Gatyny açman ony işigiň öňüne oklady. “Hyk-çoklap” aşak çökdi. Birsalym öz pikirlerine berlip oturandan soň Dürsoltan ejäniň süňňi gowşap ukusy tutup başlady. Hemişe ir ýatmaga endik edendigi zerarly, onuň gözleri öz-özünden ýumlup barýardy. Irkiljiräp oturan Dürsoltan eje birden ymyzgandymy nämemi, kellesi bir gyralygyna yrgyp gitdi-de, ol ziňkildäp ukudan açyldy. Zähresi ýarylan görgüli, dessine Berdi aga tarap gözüni aýlady. Onuň şol bolup oturşydy. Dürsoltan eje gatyrganyp ugrady. “Ýeri, bolgusyz zadyň üstünde jana-janyň bilen gygyryşdyň taň etdiň, indi näme şeýdip uzak gijäňi çirim etmän gynanyp oturmak nämä gerek diýsene! Ertir barybir Eziz ir bilen hemişekisi ýaly, “Öýüköýen, diýmäýin diýsem, gelneje, her gezek öýünden kowanda men gaýdyp şu ýarak it ýaly gyňyr zaňňaryň ýanyna gelmejekdigime öz ýanymdan ant içip awy ýalap gaýdýaryn, emma ýene-de öýkämiň üstüne aý dogup-ýaşýar welin, şunsuz oňup bilmän, şertim şahyma edäýýärin” diýip bir ýerden çykaýar. Wah, Eziz neressäniň ýüregi edil ýöne ýaňy dil bitten çagajygyň gözlerindenem arassa-la welin, ine, şu kesir damaryny çapym-çapym edip taşlasyň gelýän çal keçjalyň häsiýeti bar bolsun! Ýeri özüňem, Eziz neresse-de ýerden ýeke çykan ýetimler. Gyzyllar bilen aklaryň gohunda enesiz-atasyz galdyňyz, ondan soňky açlyk-keselçilikler sebäpli Kakanyň küren obasyndan diňe ikiňiz aman çykdyňyz. Bir günde dünýäni oda beren aýylganç uruş-gyrgynçylyga gidip, bir günde-de ýara baryny alan bolsaňyz-da, garaz demiňize degilmän dolanyp gelmek hem size miýesser etdi. Gelen günüňiz Eziziň daşgynrak garyndaşynyň öýüne uly il ýygnanyp sizden özüniňkileri sorap-idäp otyrkalar, “Eziz meni ýaradar halyma gabaw odunyň içinden alyp çykdy, kyýamatlyk dogan okaşdyk” diýeniňizde sizi halk oňlady. Ine indi altmyş ýyl bäri hem ogullaryňyzam, ulus-ilem sizi süýtdeş dogandyr öýdüp ýör. Agtyklaryňyz, çowluklaryňyz ikiňize-de “ata” diýýärler. Siziň doganlygyňyz bolsa ine şumy?! Günüňiz bir bolsa dawaňyz iki. Özem bolgusyz zatlaryň üstünde öýkeleşip ýörsüňiz. Nämemiş ikisiniň hem aýdym-sazdan, edebiýatdan oňat başlary çykýarmyşyn…Onsoň haýsydyr bir aýatda ýok bendeleriň goşgy-kyssalary ýa-da aýdym-sazy barada jedelleşip ugraýarlar. Her haýsy hem özüniňkini dogry etjek bolýar. Ol nähili siz sungatçy, edebiýatçy bolýarsyňyz-a?! Eziz-ä lukman, meniň keçjalym bolsa hukukçy, ömrüne ilk-ä sülçi, soňam kazy bolup işlän… Şol dawalaşyp ugranlarynda geplerine goşulyp: “Hany aýdyň bakaly, segsenden ötüp togsana ser uran ýaşyňyzda ýeke aýdym aýdyp, birje sazy bir çaldyňyzmy, ikiňiz bileleşip ýeke goşgy ýazdyňyzmy?” diýäýseň boljak welin, beýtseňem bularyň oduna ýag sepjek-dä…” Dürsoltan eje hamana Berdi aganyň oslagsyz gapdalyna gelip, kellesindäki oýlanmalaryny eşitmeginden howatyr edýän ýaly, sekä tarap gözüniň gyýtagyny aýlady. Berdi aganyň şol bir oturyşydy. “Allajanlarym bu hötjet daň atýança şeýdip, doňňara-daş bolup oturjakmyka? Ýa öýe girip ýatybersemmikäm.” Dürsoltan eje ikirjiňlenip başlady. Emma içerik girip ýatybermäge-de bogny ysmady. Ýanýoldaşyny alagaraňkylykda ýeke goýup gidibermäge dözmedi. Dürsoltan eje şeýdip “girsemmikäm-girmesemmikäm” diýip sermisal bolup esli oturdy. Birhaýukdan soň Berdi aganyň düşegine geçip ýatmagyndan umydy üzülip, boýunalyklyk bilen ýene-de ýaňky gatyrganmaly oýlanmalarynyň ýumagyny çözläp ugrady. “Özlerem bir töwra adamlar. Her gün kelle çakyşdyrmasalar bolmaýar. Eziziň bir jaý aňry ýanlarynda, goňşulykda ýaşaýany hem bir taňlyk, bu hötjet çal sähel gatyrak ardynjyrasa-da eşidýär. Eşiden dessine-de, “Agam, men-ä küýsäp geläýendirin” diýip, ýylgyrjaklap, derrew onuň gaşynda dahyl bolýar. Özem ýogsa küýsär ýaly wagtam geçen däldir-le, görseň! Öň ýany “Gelneje, öýe-de bir baraýyn, ýogsa Mähri hatyn: “Ykmandalygyň çyn bolýan bolsa arasynda äwüp-säwüp öz öýüňe-de bir toýnagyň düşsün” diýip käýinýär” diýip henek edip çykyp gidendir. Tapýan gepini dagy diýsene oýunçy garagoluň! Mähri bilen men görgüli ikimiz sen bilen şu keçjal agaň dogry gözüňize bir garap bilýärismi diýsene, ýaşy uzak bolmuşlar! Ikiňizem bir jynly…Bir görseň-ä daňyň düýbi çyzylýança kelle çakyşdyryp allanäme ümmüldeşip oturandyrlar. Birdenem “Allajanlarym Ysrafyl suruny çaldy gerek”! Jark-murk gygyryşyp başlarlar. Bir-iki agyz azmly-azmly geplärlerem welin, meniň hötjedim bahana tapsa gümpüldemäge taýyn däriligini edip, iň soňkusyny diýer goýberer: “Göteril öýümden!” Eziz hem uly diýip sylaýmalydyr, geçiräýmelidir welin, edäýmez. Gaharyna munymyň özünden bir-iki ýaş uludygyny hem, ertesi güne ýetmän ýene-de özüniň ýaraşmaga geljekdigini hem unudar-da: “Äý gelmedigimiz, seniň öýüň bolsun. Şu bar-a dagy-duwara seniň öýüňe aỳagym düşmez, berk belläýgin, dabanym düşmez” diýip, öýkeläp gider. Ilki-ilkiler-ä Mähri görgüli ikimiz bu keçjallary hakykatdan hem gaýdyp biri-biriniň ýüzüni görmezler-ow diýen gorky bilen oda-köze düşüp, uzak gije ýatyp bilmezdik, men olara, Mähri bize gatnap, bu ikisini ýaraşdyrmagyň alajyny agtarardyk… Men dagy bu keçjalyň gynanjyndan ýaňa ýüzüni gara-ört edip oturyşyny görüp, gaýgy-aladadan ýaňa uzak gijämi daşynda hozanak bolup geçirerdim. Mähri hem menden gowy däldi… Ind-ä halys öwrenişipdirisem. Barybir ertir Eziziň säher bilen işigimizi kakjagyna gözümiz ýetip dur-da. Munym onuň gelendigine begenjinden ýarylyp bilmän otursa-da ýüz bermediksirese-de, Eziziň: “Muňa seret-how gelneje, türkmenler “egilen boýny gylyç hem çapmaýar” diýipdirler, munuň bolsa ýallaklanýanyna çişip, bolan bolşuna seretsene” diýen ýeke jümlesi bilen ýazylyp ýaýrap ötägider. Ýeri barybir üstünden gün geçirmän ýaraşjak bolsaňyz öýkeleşen bolup, “gelme-de-gelmen” diýşip, äht edişen bolup nätjek diýsene. Wah, siz erkekleriň hem gepi bolarmy diýsene! Ähliňiziň öwsüp duran çagajykdan tapawudyňyz ýok ahbetin!...” Dürsoltan ejäniň oýlarynyň arasyny gapdalyna gelip, hantamaçylyk bilen “myr-myrlap” başlan çal pişik bozdy. Dürsoltan eje pişigi kowmady. Şol wagtam Berdi aga uruşda top okunyň bölegi degip ýaralanandygy sebäpli epilmeýän aýagyny bir eli bilen göterdi-de, kynlyk bilen sekiden sallady. Sekiniň erňeginden ýapyşyp dikeldi. Radiony hem ýassygyny almakçy boldy. Onýança Dürsoltan eje onuň ýanynda peýda boldy. -Atasy, goýaý degme, özüm alyp girerin! Berdi aga başdaşynyň ýüzüne garanda onuň ukuly gözleriniň öz-özünden ýumlup barýandygyny gördi. Ol müýnürgedi. “Ýeri hälden düşegiňe geç-de, şol ýerde içiňi hümledip oturyber-dä, bu görgülini hem ukusyndan galdyryp ýörşüň, ne bela!” Berdi aganyň özüne içi ýandy. Emma ol synçy Dürsoltan ejä sepini bildirmezlik üçin göwnündäkini diline almady. Diňe: -Ýatybermeli ekeniň-dä!-diýip hüňürdedi. Onuň bu hüňürdisi Dürsoltan ejäniň göwnüne melhem bolup damdy. “Hä müýnürgeýärmiň, keçjal?! Müýnürgäber häli. Indi beri düşegiňe geç. Ertir başyň aýlanyp, gözüň garaňkyrap ogullaryňa-agtyklaryňa iş bolaýma.” diýip oýlanan Dürsoltan eje daşyndan başgaça gepledi: -Äý, gaty bir ukym hem tutup barmaýardy. Ýöne sen bir oglan, ýataweri! Dürsoltan ejäniň özüne “aý oglan” diýmegine Berdi aganyň birhili süňňi ýeňläp gitdi. Hyýalynda özleriniň ilkinji duşuşyklary hakyndaky ýakymly ýatlama lowurdap ýalpyldady. Uruşdan dolanyp gelenleriniň yz ýanyndaky hepde, Eziziň daşgyn garyndaşlarynyň köçesi, nämedir bir zatdan elheder alyp, ürken göläniň köçäniň ugry bilen hyzzyn atyp, jyrtlap barşy, onuň yzyndan eli çygar çybykly, elem-tas bolup kowalap gelýän ýaş gyz, näzeniniň “aý oglan, sakla ahyry, göläni” diýip gygyrýan sesi gulagyna ilende näzli owazyň damarlaryny yzarlap gidip, on iki süňňüni söküm-söküm söküşi…Bu zatlaryň bary ýyldyrym çaltlygynda Berdi aganyň hakydasyndan zymdyrylyp geçip gitdi. Öz jümlesiniň mähreminiň kalbynda oýaran duýgularyny aňşyrmadyk Dürsoltan eje bolsa sözüni dowam etdirdi: -Ertir Ýeňiş günüdigini, häkimligiňkileriň bir hepde mundan ozal baýramçylyk dabarasyna çakylyk hatyny goýup gidendiklerini, sowgatlar gowşurjakdyklaryny hem aýdandyklaryny unutma. Ertir köpräk aýagüstünde bolmaly bolarsyň. Diňe başdaşynyň soňky sözleri ertir Ýeňiş günüdigini Berdi aganyň güpbe ýadyna saldy. “Häk huşuň gursun” diýip ol özüne içinden käýindi-de: -Dürsoltan, ertire meniň ol her ýyl dabara geýýän penjegimi hem taýýarlamalydyr ahyry?!-diýip oýurgandy. -Taýyn-la eýýäm, indi beri ýatyp ukuňy al! Ertir sagat dokuzlarda körpe agtygymyz – ol kakaň pahyryň ady dakylanjamyz, ulagy bilen gelip seni Ýeňiş baýramynyň dabarasyna alyp gider.-diýip Dürsoltan eje nagt etdi. Şondan soň Berdi aga düşegine geçip gyşardy. Emma wagty bilen gözüne uky gelmedi. Şol kyýamatlygy Eziz bilen öýkeleşendiklerine gynandy ýatdy. “Ertir gelermikä? Öň-ä her gezek ertesi gün geläýýärdi welin… Onuňam-a ahyry bir gün sabyr käsesi dolar. Wah, meni kerçemeli-le! Ýeri bolgusyz zatlary bahana edinen bolup ony öýümden kowan bolmagym näme diýsene?! Başga pikiri bolany bilen kowubermelimi ahyry? Owalybeletd-ä ýeriň ýüzünde ýekeje kyýamatlygym bar, onuň bilen hem indi galan ömrüme ine şeýdip biderek jenjel sebäpli ýüz görüşmän ýörmeli bolsa… Estagpurulla! Hudaý saklasyn! Daş etsin! Alla jan beýle betbagtlygy bir görkezmäweri! Eger-de şu sapar hem ylalaşsak, soňra galan ömrüme kyýamatlygym bilen öýke-kine edişmerin.” Berdi aganyň bu ökünçli oýlanmalarynyň arasyny ynsabynyň kesgir gylyç ýaly ýüz görmezek hem ýeser owazy bozdy. “Öňem-ä ençeme gezek şeýle diýip wada edipdiň!” Berdi aga ynsabynyň sesine uýalyp: “Eger-de ertir Eziziň özi gelmese “gan basyşymy ölçäp ber” diýen bahana bilen özüm öýüne bararyn” diýip niýetine düwdi. Şol pikiri bilenem Berdi aga rahatlanyp, uka gitdi. …Çar tarapda aýylganç galmagal bilen ýeri godukladyp top oklary ýarylýardy. Däriniň ysyndan, gara tüsseden ýaňa asman görünmeýärdi. Dumly-duşdan seçelenýän gülleler şuwlaşyp geçip gidýärdiler. Gara basmadan dörän eýmenç nägehanlara çalym edýän, böwürleri gara haçly, läheň tanklar müňzeşip gelýärdiler. Olaryň bolup gelişleri sussuňy basýardy. Berdi top okunyň bölegi degip, dyzçanagy pytran aýagyny, gana boýalan hasanyň daşyndan ynjy bilen gysymlady-da, töweregine gözüni aýlady. Garymyň içinde bäş-alty sany diri esger galypdy. Olaryň hem ählisiniň ýagdaýy Berdiniňkiden öwerlikli däldi. Olaryň daş-töwereginde-de wepat bolan söweşdeş ýoldaşlary gyzyl-ýaýyrt bolup ýatyrdylar. Bendeleri jaýlamaga mümkinçilik ýokdy. -Nejisleriň altynjy hüjümi, iň soňky hüjüm. Ne serkerde galdy bizde, ne-de ok-däri. Häzir tanklary bilen tepbedimizi okaýarlar. Näme ederis, doganlar?!- diýip, Berdi partlamalaryň goh-galmagalyny basmak üçin gygyryp, ýoldaşlaryna ýüzlendi. Olar seslerini çykarmadylar. Birdenem Eziz egnindäki däriniň gurumyndan we tot-tozandan ýaňa garagäz bolan güpbüsiniň döşüni açdy-da: -Bir başa bir ölüm, doganlar, barybir bu dünýäde ebedi ýaşamak niýetimiz ýok. Bolanja granatlary çöpläliň-de, iň bolmanda adam başyna bu demir pyşbagalaryň birini almaga çalşalyň!- diýip, şar-gara ýüzünde dişlerini akjardyp ýylgyrdy. Olaryň ählisi, Berdi başlyklaýyn haýdan-haý gurban bolanlaryň ýanlaryndaky granatlary çöpleşdirdiler-de, olary biri-birine daňyp, müňzeşip gelýän duşman tanklaryna garşy bukdaklap ugradylar. Tanklaryň ýakynyna baran Berdi elindäki topbagy zyňmak üçin zarp bilen ýerinden dikeldi. Şol pille-de edil gapdaljygynda dünýäsini gapyşdyran partlama ala-zenzele bolup ýaňlandy-da, nähilidir birhili aýylganç kuwwatly güỳç onuň aýaklaryny ýerden üzüp, al-asmana zyňdy… -Atasy, atasy, basyrgandyň öýdýän, atasy! Dürsoltan eje yralanda Berdi aga der basyp oýandy. Ol kynlyk bilen gabaklaryny göterdi-de, düşeginde dik oturdy. Dürsoltan eje oňa şakäsede suw uzatdy. Berdi aga suwdan owurtlady-da, daşaryk çykmak üçin ýerinden turdy welin, Dürsoltan eje dessine tekjeden çykaran köýnegini oňa uzatdy. -Köýnegiňi çalşaý, atasy! Daş çyksaň şemal kakaýmasyn! “Seniň bardygyňa-dä şükür, Dürsoltanym!” diýip, Berdi aga çalşyrynyp durşuna minnetdarlyk bilen oýlandy. Soňra daşaryk gitdi. Dolanyp gelip, ýerine geçdi-de gyşardy. Azsalymdan otagyň garaňkylygynda onuň parahat dem almasy eşidilip ugrady. Onuň ýatan burçuna garap ýatan Dürsoltan eje: “Uruş gursun Hudaýym! Ondan bäri altmyş ýyl geçdi welin henizem onuň awusy adamlaryň durmuşyny zäherlemegini dowam etdirýär. Uruş hakynda ýatlasaň munymy hem entegem gara basýar. Hudaýym, indi beri öz bendeleriňe beýle aýylgançlyklary görkezme! Jan Allam, ynsanyýete parahatçylyk bagyş edewer! Hernä bizden soňkularyň bagty üçin, asmanymyz asuda bolawersin, Hudaýym!” diýip içinden Haktagala mynajat etdi. Şol wagt Berdi aga ýene-de yňranjyrady. Dürsoltan eje tirsegine galyp, garaňkylykda gözleri kesmese-de, onuň ýatan ýerine siňe-siňe seretdi. Onuň ynjalandygyny aňşyrandan soň bolsa başyny ýassyga goýdy. “Rahat ýat, mähribanym! Hudaýym, hernä Eziziňem, seniňem, halklaryň azatlygy ugrunda gan döken ähli gerçekleriň hem, siz-gerçekleriň pidalarynyň netijesinde şunuň ýaly ýagty dünýäde mahluk hökmünde däl-de, ynsan hökmünde ýaşamaga mümkinçilik alan ähli adamlaryň hem iki dünýäsini abat etsin! Hiç haýsyňyz ýamanlyk ýüzüni görmäsiňiz! Biziň görenlerimizi görmek hem hernä, bizden soňkulara nesip etmäwersin, Alla jan!” Şol ýagşy dilegleri bilen hem Dürsoltan eje uklap galdy... | |
|
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |