10:28

Gyýylmak

GYÝYLMAK

Howanyň ýüzüniň gamaşyklygy,
Nähak ynjydylan gyzy ýatladýar,
Owadan söýgini, hak aşyklygy,
Hol duran gözeliň özi ýatladýar.

Gara gyňajyny orap başyna,
Bulutlar urunyar, ýagyp bilenok.
Näzenin seredýär degre-daşyna,
Ýalňyzlykda dünýä sygyp bilenok...

Ýüzün aşak salyp duran bägüller,
Duýýan ýaly gyz halynyň teňdigin.
Öňem maňa görkezipdi nä günler,
Sähel zada ýürek gyýýan endigim.

“Umytly bol, özüň horlamasana”
Diýsem, kabul edermikä pendimi?!
Belki, meniň sözüm artyk bor oňa,
Älem-jahan çekişýärkä derdini...

Azymberdi KAKAÝEW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 434 | Добавил: Нawеran | Теги: Azymberdi Kakaýew | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

«Пурпурный лист на дне бассейна…» / Goşgular - 26.01.2023
"Näme bolsa, ýene bolsun şonçarak..." / Goşgular - 19.01.2023
М.Н.Коншиной / Goşgular - 13.02.2023
Анне Ахматовой / Goşgular - 11.02.2023
Agşamlyk / Goşgular - 08.01.2023
Keçe kakaňda / Goşgular - 15.01.2023
Послание П.Н.Каратееву / Goşgular - 11.02.2023
Söýmäň meni... / Goşgular - 18.01.2023
Снег / Goşgular - 14.01.2023
«Уходит день. В пыли дорожной…» / Goşgular - 01.02.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]