19:47

Syrat / hekaýa

SYRAT

Ýüregi durdy. Owkalaň.
Bäş milligram adrenalin urup, defibrilýatory taýýarla! 360 milliamper… Taýynmy?
Taýyn.
Süýşüň baryňyz!.. Bir, iki, üç… razrýad!

Elhenç bir güýç ony ýere pylçap taşlaýar.

Gaýrat et, jan inim! Beýtme! Öýe baryp, şu gije-de çagalarmyň arasynda arkaýyn ýataýyn-la.
Gaýtala!
Ýene 360-da… Razrýad!

Sowuk elektrodlar oňa jan girizmegiň deregine, galanja ruhunam döş galkanyndan sogrup aljaga meňzeýär. Gursagynyň içindäkem göge sary atygsaýan dek, bir gezek gapyrgasyna urunýar-da, ýene köne zyndanynda deprenmän ýatýar.

380-e galdyr…
Aýrylyň beýläk!.. Goýber!

Goja oturgyjyň üstüne çykyp, turba daňlan alaja ýüp halkasyna başyny sokýar.
Adatça, bu hereketden soň ynsan jany iňňäniň gözüne sapylan sapajyga dönýär. Indi Ezraýyla ony diňe kertäýmek galýar, ýa bolmasa aýagynyň astyndaky oturgyjy kakyp aýyrdygy bes; bir salymdan goja gögeren ýüzüni sallap, göýä bu dünýäni ýaňsylaýan ýaly dilini çykarar durar.
Ol soňky bijesini köne sallançagyň alaja ýüpüne ýöne ýere ildirmändi. Şeýtse, göwnüne ajal bilen dogluşyň dogabagy deňleşäýjek ýalydy.
Diňşirgenip, daş gapynyň gulpunda açar towlanaryna garaşýar. Belki, oglum diýip kemala getiren ýigidiniň dadyna ýetişmegini, onuň heniz agy-garany saýgarmaýan wagty özünem üwräp, zorluk bilen uka gidiren bu ala bagy kesmegini isleýändir? Goja muny hatda oý-hyýalynda-da boýun almaz. Sebäbi namartlyk edýän pursadyňam şeýle ownuk bigaýratlyga ýol bermek hiç bir heňe sygjak zat däl.
Megerem, ol iň bolmanda jany bokurdagyna gelende, haçan görseň reňkden-boýagdan ýaňa üsti-başy gara-gäz perzendine soňky gezek nazary düşüp ýetişse-de, ömründen däl, ýöne ölüminden-ä razy bolaryn öýdýändir. Belli däl.
Stoluň üstündäki heniz syýasy gurap ýetişmedik ýazgyly kagyza gözüniň gytagyny aýlady. Onda şonsuzam alada-gaýgydan, üznüksiz urgudan ýaňa maýrylyp barýan dünýäde özüni artykmaç ýüke öwrülendigi, şeýle gabahat ýagdaýda hoşlaşmaly bolýanlygy üçin ýigrenji, ylhanat aýalyndan däl, diňe oglundan ötünç sorap ýazypdy.
Beýleki aýtjaklarymam goşsammykam diýip, düýpsiz oýa, uzak geçmişiň ýatlamalaryna berlip, hyrçyny dişläp, dodagyny gemrip durşuna, bir haýukdan özüne gelip, entegem boýnuna alan işini süýndürip durandygyny ýada saldy.
– Ýok, bu zatlary düzetmek giç däl. Iň bolmanda, soňky hatymda şol günämi boýun alaýyn… – diýip, ol ynsan orakçysyny çala egläp bilmegi-de ýaşamak üçin ýeterlik maksat saýyp, boýnundaky alajany sogurdy-da, gara niýetinden dänip, oturgyçdan bökdi. Soňam ýüpüň yzy galmadyk bolsa-da biridir diýip, tördäki ýüz görülýän aýna bakdy.
Uzyn aýna haýaljykdan jaýryk atyp başlady. Onda özüniň bokurdagy ýüpli, sallanyp, boglup durandygyny gördi. Ýere ýetmän, iki ýana hallan atýan aýaklary elhenç sandyraýardy. Soňky demde çişip, ýygyrdy ýiten ýüzi bir gyzarsa, bir gögerýärdi. Ysgynsyz elleri ýüpi tutjak bolup, kellesiniň üstünde boş galgaýardy.
– Nädip beýle bolduka? – diýen pikir uçgunjygy beýnisinde syçrap ýetişmänkä, ol gapdalynda kakasynyň jan howluna titräp durşuna sowuklyk bilen syn edýän ogluna gözi düşdi.
Sowuklyk bilen. Sowuklyk bilen. Sowuk…

Men üşeýän.

Bu düýş däl.

Ýene ýarym milligram adrenalin berip, 400-e ýetir…
Bes edäýsene! Köseme görgüli ýigidi.
Bir, iki, üç!..

Jemagaty hyň berýän çatryklaryň birinde, öwrüme golaý ýerleşýän awtobus duralgasynyň ýanynda ýaş suratkeş iki eliň aýasy ýaly depderçäniň ýüzüne galam bilen surat çekýär.
Üç gözli yşyklandyryjyň yşaratyna görä gezekleşýän ulaglar wazlaşyp, asfaltyň ýüzündäki ak tikini gytaklaýyn ýa gönüligine kesip geçýär. Suratkeş swetofory jemgyýetiň barýan ýolunyň hem arabaglanyşygynyň iň aýdyň simwoly hasaplaýar, sebäbi ol heläkçiligiň öňüni almak üçin her tarapa başga reňki görkezmeli bolýar.
Duralganyň beýleki tarapyndaky göm-gök agaçlyga geýnen, daşyna ýaşyl haýat aýlanan seýilgähde şowhunly aýdymyň owazy attraksiondaky ýaş-ýeleňleriň zähretelek bolup çygyryşlaryna siňip gidýär. Şäheriň çalýan şeýle garjaşyk sazyny seýilgähden çykan ýeriňdäki çüwdürimler sazlanmadyk radiony ýatladýan şygyrdysy bilen basjak bolýar.
Tämiz ak bulutly asmanyň fonunda ýoluň aňyrsyndaky edara binalarynyň saralandygy äşgär bildirýär. Ýerasty geçelgeler bolsa hajymelik topraga öýkünip, san-sajaksyz ýolagçylary hop ýuwudýar, ýöne täbedine görä beýleki tarapyndan ýa gusup, ýa-da nejasata öwrüp çykarýar.
Suratkeş bu şekilleriň baryny ak kagyzyna göçürip, öýüne äkider-de, molbertiň üstünde kese goýlan adamboýy kendiriň ýüzünde ýagly reňkler bilen janlandyrar.
Ol adamlary synlap, olaryň maňlaýynda amanat ömrüň, keseki durmuşyň alamatlaryny görýär. Hemem gorkyny. Çäksiz gorky bilen möhletsiz bendiligi. Iliň, töwerekdäkileriň pikirinden, garaýşyndan, gep-gürrüňinden heder edip ýaşaýyşlaryny, olaryň dünýägaraýşynyň, kanunynyň, däbiniň ýesirliginde ömür sürşüni görýär. Ketdelere lepbeý, büdregeni depgeý diýdiren gadymy düzgüni ýüzlerinden okaýar.
Suratkeşiň özem olardan üýtgeşik bir parhlanyp baranok, ýöne bu hakykata akyly çatýar. Ol köpden bäri diňe özüne mahsus stilde adam köpçüligini suratlandyrýan düýpli eseri döretmegiň kül-külünde.
Gorky bilen bendilik onuň iň köp ýüzlenýän mowzugy. Ol gözenegiň aňyrsynda, türme howlusynda ikiýana urunýan tussaglaryň, ýa basga düşüp, nähilidir bir howpdan gaçyp barýan, yzyna howsalaly gaňrylyp, açylmajak gapyny kakýan, iň bärkisi awtobusdanam çykmaga wehim edýän bendeleriň keşbini kän çekipdi. Onuň özem şolaryň biridi – bu dünýäni, ýurdy, şäheri, jemgyýeti, öýüni, hatda öz göwresinem kapasa hasaplaýardy.
Ol wagtyny gije-gündize bölmän, çalasyn hereketler bilen kendiriň ýüzünde inçe çotgasyny ýöretdi. Käbir ownuk-uşak zatlary gaýtadan syn okundan geçirmek üçin ýarygije öýden çykyp, daşarynyň haçan çolaryp ýetişendigine düşünmän aňkaryp galan halatlaram boldy.
Döredijilige jepakeşlik bilen berlensoň, şahsy durmuşyny sazlamagy, çöregi-çaýy üçin gazanjyň gamyny iýmegi, käteler-ä uzakly günläp ýürekse edinmegem unudardy. Onuň eserlerini satyn alýanam, dogrusy, olara oňly düşünýänem ýokdy, ýöne özem suratlaryny ýerlejek bolup dyrjaşyberenokdy. Diňe iş üçin gerek-ýarak zatlaryny almaga puly ýetse bolany. Şol sebäplem kä edaralara zerur wagty illýustrasiýa ýa bezeg suratlaryny çekip, tölenýän sähelçe hakyna oňňut edip, güzeran gördi. Şeýdip, mydama ýarym aç aşgazanynam zaýalady, şoň netijesinde-de bahym dony, has dogrusy kepeni biçildi.
Ep-esli azaply günlerden, ukusyz gijelerden, şek-şübhe ejirinden soň onuň göz öňüne getiren köp keşpli suraty ahyryn taýýar boldy, ýene-de ençeme ýyllap studiýada ýatandan soňam, nesibeli bir gün sergi zalyň diwarynda orun tapdy. Onuň çarçuwasynyň aşaky çetine kiçijik ak kagyz ýelmenip, onda awtoryň ady bilen, penjepisint goşa dyrnagyň içinde Ötegçiler diýen ýazgy goýuldy.
Suratda hümer bolşup iki ýana haýdap barýan adamlar şekillendirilen. Çala abstrakt görnüşde ýerine ýetirilendigine garamazdan, şäherde ýaşaýanlaryň aglabasyna bu ýerler tanyş. Al şapak, duralga, çüwdürim, ýerasty geçelge…
Ýekeje geň tarapy – çekilenleriň hiç biriniň doly ýüzi ýok, hamala, gündiziň howruna hamy eräp, süýnüp, ýüzlerine rezin nykap çekilen ýaly. Onuň ýerine diňe käbir beden agzalary saýgardýar: biriniň roýunda diňe murty, beýlekisiniň sakgaly bar, ýenekiniň giň maňlaýynyň astynda diňe gözler petreşip dursa, başga biriniň agzy gyşaryp, ýaňsyly syrtarýar. Ýüzüniň üstünde burny bar diýmejek bolsaňam, suratdakylaryň käsi hakynda diňe şony aýdyp boljak.
Sergide bu suraty synlanlaryň arasynda: «Eser gutarylmadymyka?» diýip, güman edenlerem az bolmady. Emma has dykgatly tomaşaçylar oňa özüçe many bermäge çalyşdy.
– Bu erni gyşygy lakgymyka? Artyk gepleýäni üçin diňe agzy çekilgimikä? Özem bir zat aýtjak bolýar.
– Gaýtam gygyryp, kömege çagyrýan bolaýmasyn?
– Ine, bu-da mölerilip, bizden gözüni aýyranok…
– Ol naýynjar nazary bilen kömek soraýar…
– Bu harry gulagam gep ýygnap ýörmi?
– Ýok, ol gorkup diňşirgenýär.
– Bu sakgalyň elinde bukýan kitaby nämekä?.. Ol burunlak pyýada näme ysyrganyp ýör? Suraty synlap otursaň, awtor gören ýerinde diňe çawuşlara gabat gelen ýaly-la.
– Ýöne adamlaryň hereketine, daş keşbine-de üns beriň. Bir hili, barysy keýerip, töweregine üşerilip ýörene meňzeýär.
– Gorky dinden çykarar diýleni eken…
Köp pikir, kän çaklama aýdyldy, ýöne suratdakylaryň beden agzalaryny bir adamda jemleseň, gysga ömrüni tutuşlygyna gorkuda ötüren suratkeşiň öz awtoportreti emele geljekdigini, gyzaran şapagyň, gyrmyzy köýnekleriň, dodakdyr al ýaňaklaryň bolsa gan bilen çekilendigini synçylaryňam hiç biri aňmady.

Ýa bu düýşmikä?
Sesler nireden gelýär?

Bolaý-da, jan jigim! Gaýrat et. Beýtmäý-dä. Saňa entek ir-ä!..
Goýsan-ow indi!
Ýene bir gezek synanyşjak.
Bir, iki!.. Ýa Alla!

– Ejem ja-an… Ka-kka-a! – diýip, ýaňy dil biten suwlaňja oglanjyk uly bazar dyknyşygynda möňňürip aglaýar. – Ejem any?..
Oňa üns berýän ýok.
Söwda gyzza-gyzza gelen çagy. Satyjylaryň gykuwyndan çen tutsaň, olaryň delalat mätäçligi has güýçlimikä diýdirýär, adamlaram alagüpürdi bolşup, ýetişibildiginden olara hemaýat etmäge howlugýar. Bakgallaryň daşynda hümerlenişen mähelläniň güňleç hümürdisi gulagyňy gapyp barýar.
Çaga jygyldyma düşen märekäniň arasynda gysylyp, kynlyk bilen ýol ýasaýar. Onuň topbarypjyk duran ýaňaklaryndaky gözýaş ötegçileriň syrtyna süpürilýär.
Birdenem gabat garşysynda aýak çeken semiz daýzanyň oglanjyga nebsi agyrdymy, ýa özüni iliň öňünde ýüregi ýuka görkezesi geldimi, garaz, galyň gapjygyny goltugyna berk gysyp, körpäniň üstüne abandy-da, şaňňy sesi bilen:
– Näme boldy, balym? Ýitäýdiňmi? – diýip, sorag baryny ýagdyryp başlady. – Ejeňi gözleýäňmi? Hany ejeň? Adyň näme, balym?
Ol jogaba o diýen mätäjem däl bolarly. «Balyň» agzam açylyp ýetişmänkä:
– Kim bu çagany ýeke galdyrdyka? Hany munuň ejesi? Hiý, çaga diýleni şeýdip, uly bazaryň içinde taşlanar gidilermi, toba tagsyr?! Haýsy haram ütülmişiň jojygy bi?
Peýwagtyna gezip ýörenler hem biperwaý galmadyklar ikilän-üçlän bu gykylygyň deňinde eglendiler. Çakyr sesli daýzanyň daşynda bahym janly halka döredi. Hatda golaýdaky söwdagärlerem iliň ünsüni çeken «harydy» görjek bolup, ökjelerini ýerden üzüp, boýunlaryny süýndürdiler.
Ýerli-ýerden haýpy gelijilikli sesler ýaňlandy.
– Wiý, ýitäýipmi?
– Azaşypdyr.
– Taşlap gidipdirler.
– Aý, soňky döwrüň heleýleri bar-a…
Oglanjyk kemşerip, bir-ä ýanyndaky daýza, bir-de daşyna egele bolan jemendä gubarly nazaryny paýlady. Haraý gözläp, başy aýlandy.
– Ejem ýok! Öýe gitjek… – diýip, eljagazyny balajygynyň jübüsine dykyp, ýene zörlediberdi. Onuň bu hereketi duýgudaşlyk üçin hasaplaşyp bilmän, utanyp durana çalymdaşdy.
Köpçüligiň dykgatyny agzynda jemlän semiz daýza ýene dylçaryp duran ýaňaklaryny çişirip, bokurdagyna bat berdi:
– Ine-dä, zat diýip, ölüp geçenler, çagasynam unudyp ýörler! Nebsine buýrup bilmedik saçy kesilenler…
Soňam kelleleriň arasynda şol agyr ýazykly saçy kesik gelni tapjak bolýan ýaly, töweregine göz aýlap:
– Aýu-u, kim çagasyny ýitirdi? – diýip gygyrdy.
– Çaga ýitireniň barm-eý? – diýip, batlyrak sesli ýaş ýigitlerem ýerli ýerden alyp-göterdiler-de, bu sowaly bazaryň içinde ýaýradyp ugradylar. – Iki-üç ýaşly oglanjygy ýitireniň barmy?
– Beýdip, dowul turzup ýörmäňdänim, baryň-dä, milisgä äkidiň-dä – diýip, gutumy guran, piliň sapyna don asylan ýaly hor, ýasy ýüzli ýaşuly ara goşuldy. – Bazaryň ho-ol gaýrasynda nol-ikiň butgasy bar. Şo ýere eltseňiz, bildiriş bererler.
Bu maslahatdan soň her kim dogry şol, şeýtmeli diýşip, dargamak bilen bolanda, semiz aýal:
– Biriňiz eltiň-dä onda! – diýip, jögapkärçiligiň hiç hili geňeşsiz öz üstüne ýüklenmegine nägile boldy.
– Wiý, dogan – diýip, aýallaryň biri içini çekdi. – Tapan sen-ä – özüňem eltersiň-dä.
Muňa semiz zenan:
– Şu wagt pully gapjyk tapsam-a, hyrydary köpelerdi-le – diýip, öz ýanyndan sugşurdym etdi. – Onsoňam meňem öz çagalam garaşyp dur.
– Ýak-keý, özüm äkidäýerin-how – diýip, daýaw bir pyýada oglanjygyň elinden tutup, südenekledip ugranda, bir ýerden mama dişän ýaly gotur ýüzli aýal atylyp geldi-de, oglanjygyň beýleki elinden ýapyşdy.
– Ýok! Äkitmäň! Bu meň oglum!
Ýaňybir dagap ugran halaýyk tomaşa ysyny alyp, çaga bilen nyşraty mojuk aýalyň daşyny gaýtadan gabady.
– Aý, pormyň bar bolsun! – diýip, semiz daýza günäkäre igenç daşyny birinji bolup süýkedi. – Şuňa-da eje diýersiň!
Beýlekilerem agzyna ýel berip, ýetişibildiginden ýeňlejek boldular.
– Myrtaryny aşyryp geçen bihaýa, çagaňam bir ýatdan çykarylarmy?
– Aňkaň aşdymy seň?
– Guşkelle!
– Seredip bilmejek bolsaň, nä pohuňa dogurýaň?!
– Aglama, Mekan jan, aglama, mekkunym, bagyşla meni – diýip, gotur aýal urnup, deprenip aglaýan oglanjygy zordan eline alyp göterdi-de, gursagyna gysdy. Soňra:
– Bagyşlaweriň adamlar, Taňryýalkasyn hemmäňize! – diýibem, howlukmaçlyk bilen janly halkany üzüp geçdi-de, yzyndan sögünip galan jemendä gulak gabartman, otlangy duran ak reňkli ulaga bakan ylgap gitdi.
Onuň elindäki ysgyn-deramaty gaçan çaganyň essi aýylmanka soňky gezek:
– Aýryl… sen meň ejem dä!.. Men ejä gitjek… – diýip zarynlaýşyny hiç kim eşitmedi.

Ýok, bu düýş däl.

Elektrokardiografyň ýüzünden göni çyzyk akyp barýar. Enjam sowap ugran jesediň üstündäki biderek başagaýlyga geň galýan ýaly, dynuwsyz sykylyk çalýar. Jyň-ň-ň…
Bir, iki, üç…

Maksat BÄŞIMOW.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 434 | Добавил: Нawеran | Теги: Maksat Bäşimow | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy - 16.01.2023
Ýüregimi yzyna beriñ! / hekaýa - 16.02.2023
Wanýa, bu ýerlere nädip düşdüň? / hekaýa - 06.01.2023
Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy - Öte eşitmek... - 16.01.2023
Çoça / hekaýa - 04.01.2023
Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy - Linoleum - 17.01.2023
Ukusyzlyk / hekaýa - 05.02.2023
Bazar / hekaýa - 15.02.2023
Sünbül saçly söýgülim / hekaýa - 21.03.2023
Ýaşlyk joşguny / hekaýa - 08.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]