17:50

Ummanym sen!

UMMANYM SEN!

Kalbymy joşdurýar, didäň uçguny,
Dünýäme girdiň sen baharyň bilen!
Bu hakykat, däl jahyllyk joşguny,
Köşeşmez ýüregim gaharyň bilen!

Gaýtybam joş alar, güýçlener söýgim,
Küýsän wagty ýyly mähriňi tapman.
Şatlygym bolsaň-da, bolsaň-da görgim,
Takdyra ýazlanny görmeli hökman.

Ynan, şu wagta çen seni idedim,
Ömrüm seňki, indi başym egme sen!
Bir posa ber, ýaňakdan däl, dideden,
Umman deý didäňe gözüm degmesin!

Ýüpek deý mähriňden çitip çitimin,
Ömrümi bezejek ajap göl et sen!
Yşk ataşyn ýatladyp dur keteniň,
Kalbymyň goruny has-da köret sen!

Kirpikleňde kereşmeli näzler bar,
Ataşly gözleňde jadyly nur kän!
Arzuwmyň wysaly, ajap ýazlar bar,
Öňümde Güneş deý ýalbyrap durkaň!

Mähirden püre-pür giň ummanym sen,
Hoş sözüň gysgansaň gül ömrüm solar!
Saňa bagty bersem ýok armanym meň,
Onsoň bir azajyk köşeşsem bolar.

Azymberdi KAKAÝEW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 387 | Добавил: Azady | Теги: Azymberdi Kakaýew | Рейтинг: 4.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Веснa / Goşgular - 08.01.2023
«Всех повестей его герои плоховаты…» / Goşgular - 27.01.2023
«За шторами – седого дня мерцанье…» / Goşgular - 09.01.2023
Gyş arzuwy / Goşgular - 16.01.2023
«Слёзы – на лисе моей облезлой!..» / Goşgular - 10.02.2023
Eger... / Goşgular - 25.01.2023
«Тише, хвала!..» / Goşgular - 26.01.2023
Aramyz açyldy... / Goşgular - 08.02.2023
Ne bilsin / Goşgular - 13.02.2023
«Не презирайте, бога ради…» / Goşgular - 23.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]