WATANA
Gygyrmaryn söýýän diýip,
Damak ýyrtyp Watan seni.
Ýa bolmasa jandan Eziz
Gõrýän diýip Watan seni.
Oña derek topragyñy
Suwarayyn altyn derden
Ak altyndyr ýylda bugdaý
Õndüreýin ene yerden.
Ähli bürmek tikeniñi
Barmaklam bilen tireyin.
Päk zähmetim dökün bolsun,
Serçemen baga gireýin.
Bir ýeriñe zeper ýetse,
Melhemiñ yzlap gezeýin.
Señ derdiñe dowa bolsa,
Bu şirin jana dòzeýin.
Duşmanyñ dişin owradyp,
Ganymyñ bagryn dileýin.
Garaz, nämä güýjüm ýetse,
Şinuñ ugrunda bolaýyn.
Bu köñlümiñ aramgähi,
Mertebäñ belent Diýarym!
Saña kesek atdyrmarys,
Arka bolar Arkadagym!
Gülälek NURBERDIÝEWA.