18:21 Ahmet Bekmyradow | |
AHMET BEKMYRADOW
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Milletiň edebi mirasyny öwrenip, ony halka ýetirmekde üýtgeşik zehini bilen özüniň gysga ömründe uly işler bitiren alymlaryň biri-de Ahmet Bekmyradowdyr. Guýmagursak zehinli alym 1951-nji ýylda dogulýar. Onuň çagalyk we ýaşlyk ýyllary Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda geçýär. Geljekki alym orta bilim alansoň, etrabyň “Kommunizm ugrunda” gazetinde uly habarçy bolup işleýär. Şol ýyl hem Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girýär. Ahmet Bekmyradow heniz uniwersitetde okap ýörkä “Edebiýat we sungat” gazetinde habarçy bolup işläp başlaýar. Ol baryp talyp ýyllaryndan başlap, gazet-žurnallarda edebiýatyň wajyp meseleleri barada makalalary bilen yzygiderli çykyş edip, halka özüni tanadýar. Metbugatda işläp ýörkä edebiýat ylmyna degişli derňewleri geçirip, filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini alýar. Şeýlelik-de, alym ymykly ylym ýoluna gadam basýar. Alymyň bu ýolda döreden “Göroglynyň yzlary”, “Andalyp hem oguznamaçylyk däbi”, “Sadrançnama”, “Örtemäň meni”, “Magtymgulynyň poeziýasynda şahyrana däp hem täzeçillik gözlegler”, “Edebi miras – ebedi miras”, “Amerikany ilki bolup kim açypdyr ýa-da Türkmennama giriş” ýaly gymmatly kitaplary hem-de ýüzlerçe makalalary edebi miras hazynamyzyň göwher gaşyna öwürdi. Özüniň gysga ömründe türkmen edebiýatçylarydyr, goňşy döwletleriň edebiýatçylarynyň hem-de okyjylar köpçüliginiň arasynda meşhurlyk gazanan alymdan öz halkyna örän gyzykly ylmy hem-de publisistik makalalar, kitaplar, monografiýalar miras galdy. Ahmet Bekmyradowyň biwagt aradan çykmagy bilen bagly onuň şägirtleri, dostlary, işdeşleri, okyjylar köpçüligi alymyň hatyrasyna bagyşlap makalalar ýazdylar. Şol makalalaryň aglabasynda alymyň gaty gyssanmaç bolandygy ýatlanýar... “Onuň häsiýetindäki howlukmaçlyk onuň ömrüniň şeýle gysgalygy bilen bagly ýaly bolup dur” (Rejep Pirjanow. “Ýaş kommunist”. 1990.16.08.) “Ol gyssanardy... Hamala diýersiň ömür tanapynyň orat ýolda şarta ýolunjagyndan habarly ýalydy...” (Baýram Tagan. “Ýaş kommunist”. 1990.16.08.). “Hawa Ahmet juda gyssanmaçdy. Ýöne bu golaý gelen ajalyň däl-de, hyjuwdan, gujurdan, zehinden ýaňa lasyrdap duran äpet ýüregiň oýnudy. Dili pikiriniň yzyndan eýgerip bilmeýäni üçinem çalt gürlärdi...” Zehinli edebiýatçy Ahmet Bekmyradow geçen asyryň 80-nji, 90-njy ýyllarynda türkmen edebiýatyny öwrenmeklige täze nukdaýnazardan – milli nukdaýnazardan çemeleşmäge girişmelidigine göz ýetirýär. Alym edebiýatyň iň aktual meseleleri bolan oguznamaçylyk, göroglyşynaslyk, Gorkut ata, orta asyr türki edebiýaty, türkmeniň milli elipbiýi meselelerine, türkmen edebi ugurlaryna uly özgerişler girizen beýik şahyrlaryň döredijilik aýratynlyklaryna uly üns berýär. Şu nukdaýnazardan Oguznama barada, Görogly barada, Gorkut ata barada birgiden makalalary ýazýar. Alymyň ylmy gözýetimi örän giňligi ony edebiýatyň çäginden çykarýar. Ol diňe bir edebiýat bilen meşgul bolman, halkymyzyň medeni gymmatlyklaryny dikeltmek, etnografiýa ýadygärlikleriň syrlaryny aýan etmek işlerinde hem öz hyzmatlaryny görkezdi. Ahmet Bekmyradow barada onuň şägirtleriniň biri ýatlamalarynda şeýle diýýär: “Sen öz ýazýan işleriňde ylmyň diňe ylym üçin, ylym adamlary üçin däl-de ählihalk üçin bolmalydygyny ündemäge çalyşýardyň. Hut şonuň üçin bolsa gerek, seniň her bir makalaňa, kitabyňa okyjylar teşnelik bilen topulýardy...”. Baýramgeldi ÇARYÝEW. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||