18:10

Albassy

Halk döredijiligi we rowaýatlar
Категория: Halk döredijiligi we rowaýatlar | Просмотров: 1204 | Добавил: Нawеran | Теги: Has Türkmеn | Рейтинг: 4.7/7
Awtoryň başga makalalary

Halk döredijiligi we rowaýatlar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 7
0
1 Bagabat  
43
"J" we "n" harplary bolan sözleriň "perdeli" diýen düşünjäni aňladýandygy hakyndaky maglumatlar geň galdyrdy. "Mežnun" sözi bolsa onda iki sany sözüň goşulmagyndan emele gelen bolmaly. Belli bir ýeri, şol ýere degişliligi aňladýan we sözleriň öňünden goýulýan "me" goşulmasy hem-de "jenun" ýagny "jyn" (perdeli) diýen sözlerden emele getirilip bu söz "jynlaryň (perdelileriň, göze görünmeýänleriň) üýşen ýeri", "jynlaryň mekany (mesgeni)" ýa-da türkmenlere mahsus anyklygy ulanyp alnanda "jynhana" bolýar-da. Eden işiňize taňryýalkasyn! Düýpli iş bolupdyr. Ylmy derňewiň köp usullary ulanylyp, taýýarlanan, degişli hünärler boýunça bilim alýan ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň dykgatyna ýetirmek zerur bolan ylmy iş. Folklorçylarymyza-da peýda berer.

0
2 Bagabat  
43
Ýene-de bir pikirim, "Lilit" araplarda soň üýtgedilip "Leýli" diýen görnüşe geçen bolmagy mümkin. Ýewreýler bilen araplar genetiki taýdan ýakyn millet hasaplanýar. Şonuň ýaly-da olaryň dilleriniň semantikasam biri-birine ýakynrak hasaplanýar.

0
3 Bagabat  
43
Makalada bu barada has takyk aýdylybam geçilýär. Ibrany dilinde (gadymy iwritde) "Lilit" sözüniň "Laila - Gije gezýän ruh" diýen görnüşde ulanylýandygynyň bellenýän ýeri. Onsoňam bu söz uzagyndan ýakyp barýan, seriňi sämediji, akyl-huşdan aýryjy we hyjuw joşduryjy zenan gözelligini aňladýan, şertli ada öwrülen bolmagy mümkin. Sebäbi uzyn boýly, zümerret gözli, mermer tenli, köplenç duýgy-hyjuw bilen ýaşaýan kakabaş blondinka - erkek aňastyaňynda oturan esasy afrodiziak  up  arhetipleriň biri bolaýmasa. Umuman zerur ýerinde ulanmaga juda köp maglumatlar bar. Çykarylýan netijeler hem özboluşly.

0
4 Bagabat  
43
Güýçli hem gowy işlenen makala bolupdyr. Mistika žanrynda eser ýazjaklara-da, şu ugurdan ylmy iş alyp barjaklara-da gowy çelgi bolup hyzmat edip biljek iş. Şeýle okamak üçinem gyzykly maglumatlar köp.

0
5 Bagabat  
43
"Hiç zatdan hiç zat döremeýär" diýilýäni çyn bolmaly. Hökmany ýagdaýda bu gadymy wakanyň aňyrsynda ondanam gadymy waka bolmaly. Sebäbi adamzat megerem, ilkinji adamlar oduň başynda daş-töwereklerinden üstlerine abanýan tümlügi, onuň gorkunçlygyny birazam bolsa özlerinden daşlaşdyrmak üçin şeýle wakalary oýlap tapyp ýa-da hakyky durmuşy wakany özleriçe çeperleşdirip birek-birege aýdyşyp başlan bolmaly, çakym çak bolsa.

0
6 Albassy gyrandegen  
Albassy erkek kişiden örän gorkyarmyş. Täze çaga doguran ayalyñ yanynda yere erkek koynegini balagyny yazyp goymalymyş, şol albassy erkegiñ ysyny alyp, şol otaga girip bilmeyarmiş. Hem-de gyzyl renkden gorkyarmyş, şonuñ üçin çaga doguran çileli ayallara gyzyk köynek gyzyl mata dañyarlar başyna. Ol çileli ayallaryñ taze dogulan çagajyklaryñ bagryny goparyp söküp iyyamish. Eger şol gelende yakasyna iññe ildirip bilseñ, ony gul edip işledip bolyarmyş. Bir-de şonuñ atlysy pyyadasy barmyş, atlysy gelse çagany öldurup, oz yany bilen alyp gityarmiş ruhuny. Pyyadasy gelse çagany bogup göm-gök etyarmiş, azar baryny beryarmiş, gepiñ tummek yeri, erbet ayalmyş, gyrandegen.

0
7 Price  
"Adam adany How ene bilen yanaşmaga yranam Lilit loludan başga hiç kim däldi..." biggrin

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]