02:36 Türkmen halysynyñ toýy | |
TÜRKMEN HALYSYNYÑ TOÝY
Edebi makalalar
Türkmen halysynyñ geçmiş taryhy 6-7 asyry arka atandyr diýip, alymlar tassyklaýarlar. Belki ondanam köpdür. Türkmen zenanlary gadymy döwürden bäri, halyçylyk sungatynyñ ýokary çeperçilik çözgütlerini, reñkleriñ dürli görnüşleriniñ utgaşmasyny, gölleriñ aýdyñlygyny, dokalyşynyñ kämilligini, nepisligini nesilden-nesillere geçirip gelipdirler. 1947-nji ýylda Altaý ülkesiniñ Pazryk depesinden tapylan haly barada okyjylaryñ käbirleri tanyş bolsa gerek. Şol halynyñ iki ýarym müñ ýaşy bar diýip alymlar çaklaýarlar. Ony dünýä alymlary türkmen halysy hasaplaýarlar. Bir million iki ýüz elli müñ çitimi özüne siñdiren bu täsin halynyñ 89 santimetr ini, iki metr boýy bolupdyr. Onuñ ortasynda alty-altydan edilen 24 sany gölüñ bolmagyny türkmeniñ nesilbaşysy hasaplanýan Oguz hanyñ alty ogly we 24 agtygy bilen baglanyşdyrýarlarlar. Öñki döwürlerde "Buhar halysy", "Eýran halysy" diýlip, daşary ýurtlarlaryñ ençemesinde tanalýan halymyz, indi "Türkmen halysy" diýlip, togalak ýer şarynyñ çar tarapyndan tanalýar. "Buhar halysy", "Eýran halysy" diýlip atlandyrylmagynyñ özüne görä sebäbi bar. Ir zamanlarda buharaly täjirler, eýranly söwdagärler gum içlerinde, gum ýakalarynda, dag jülgelerinde, türkmen sährasynda oturan obalary aýlanyp, halydan ýüküni ýetiripdirler. Öz ýurtlaryna baryp, birnäçe haýryna ýewropaly söwdagärlere satypdyrlar. Olar bolsa halyny nireden alan bolsa, şol ýeriñ halysy hasaplapdyrlar. Şonuñ üçin türkmenleriñ käbiri, tas adyñ ýitipdi türkmen halysy diýip, gynançly ýatlaýarlar. Ir zamanlardan bäri türkmen halysynyñ gözelligine, nepisligine, berkdigine mähri siñen, dünýä belli ýazyjylaryñ, syýahatçylaryñ türkmen halysynyñ gözelligine guwanyp, ýüreklerinden gopan, kalbynyñ töründen turan duýgularyny, taryhy ähmiýetli ýazgylaryny galdyrypdyrlar. Şol ýazgylaryñ käbirini ýatlalyñ" "Türkmen halky iñ gadymy hem-de iñ ajaýyp halydyr. Türkmen halysy Garagumuñ uzak ýaýlasynda, dag jülgeleriniñ içinde çarwa öýlerde dokalypdyr. Özüniñ ata-Watanynda haly durmuşda ulanylýan haýsydyr bir öý goşy ýa bolmasa sungat eserem däl. Ol adamyñ ömrüniñ ýoldaşy. Hawa, ol sallançakdan başlanýar. Eneler onuñ üstünde döşlerini gerip, ene süýdüni emdirýär, balasyny hüwdüleýär. Çarwa adamy üçin haly-düşek, onda ata-babasynyñ ruhy bar. Ol onuñ geçmişi hem-de ertiri. Hünärli zenan öz çitimi bilen halkyñ taryhyny ýazypdyr. Her döwür halynyñ dünýäsine gaýtalap bolmajak keşbi bilen giripdir. Şoña düşünseñ halyny kitap okan ýaly okap oturmaly: guşlaryñ uçuşy, agaçlaryñ, haýwanlaryñ keşbi, gülleriñ jemaly - bary görnüp dur. Aý, ýyldyzlar, şapagyñ öwüşgini. Han-ha, daglaryñ otyr başy dumanly, ine-de, akar suw! Bu gadymy topragyñ üstünde ençeme başy syndyran jeñler bolupdyr, bazar-dükanly şäherler hañlap galypdyr, ene ýaplaryñ suwy çekilip, meýdanlaryñ ýüzi torlapdyr. Senede welin gylyç kär etmändir. Türkmen halysy uly hakykaty özünde gizläpdir. Ony mähek daşy ýaly aýawly saklap, soñ hemmesini sütün-sütin dikeldipdir. Halkyñ ruhy baýlygy, döwrüñ pelsepesi, ynançlar hem-de garaýyşlar asyr yzarlap bize gelip ýetipdir". Nor KALNA, latyş ýazyjysy. "Men şujagaz teke halyçamy juda eý görýärin. Ony öz kartalarymdan, hatda Mendeleýewiñ tablisasyndanam gowy görýärin. Sebäbi meniñ säherlerim hala tomaşa etmekden başlaýar. Haýran galmaly - ol her gezek täzeden açylýar. Günleriñ bir güni halyçanyñ gyrasynda täze nagşa gözüm kaklyşdy. Haýsydyr bir ýyrtyjy haýwan öñ aýagynyñ penjelerini göterip otyrdy. Ol ýabany pişige meñzeşdi. Onuñ gabat garşysyndaky goç, dowar sürüsi, gun depeleri... Olar biri-birine utgaşyp, tebigatyñ sazlaşygyny emele getirýärdi. Soñ içgin synlap otursam, bu görnüş halynyñ beýleki burçlarynda-da gaýtalanýan eken. Men bu pursat gözümi ýumdum. Şonda çölüñ hem-de çöl adamsynyñ durmuşy, bütin barlygy, asyl durky bilen gözümiñ öñüne geldi. Meniñ kiçijik halyçam meşhur hudožnigiñ elinden çykaran gutarnykly eseridi". Akademik FERSMAN (Russiýa) "Türkmen zenanlary güle ýakyn, onuñ reñki duýgurlygyna akyl-haýran! Türkmen aýallarynyñ hemmesi hudožnik. Olar dünýäde iñ owadan, iñ berk halylary dokaýarlar". MODER, fransuz syýahatçysy. "Haly - ol ata-babalarymyzyñ, enelerimiziñ, mamalarymyzyñ ýüregine sygmadyk arzuwlarydyr. Hut şonuñ üçin halynyñ jadyly göllerine syn salanyñda, tolgunman durup bilmeýärler. Haly - mukaddes umytlarynyñ gymmatyny ýitirmejek senedidir". Saparmyrat TÜRKMENBAŞY Garaşsyzlygy, özbaşdaklygy, erkinligi alan badymyza türkmen halysynyñ baýramçylygyny belläp başladyk. Haly baýramçylygy görlüp-eşdilmedik dabaraly toýa öwrüldi. Toýda at çapdyrylýar, göreş tutulýar. Aýdym-sazyñ owazy Watanymyzyñ hemme ýerinde batly ýañlanýar. Bu baýramçylyk ellerinden dür dökülýän, sülük barmakly gelin-gyzlarymyza goýulýan sarpadyr. Halyçy gelin-gyzlarymyz sylagsyz goýlanok. Ordenlerdir medallar bilen sylaglanýar. "Türkmenistanyñ at gazanan halysyçysy" diýen hormatly at dakylýar. Aşgabadyñ gözel ýeriniñ meýdançasynda guralan türkmen halysynyñ dabaraly toýlarynyñ birine gatnaşmakly maña-da miýesser edipdi. 31-nji maý güni ir sagat 9-da toý ýerine baramda, bäş welaýatyñ bäşisinden gelen gelin-gyzlar mähir siñdirip dokan halylaryny, palaslaryny, umuman, el işlerinden öndürilýän ähli zatlaryny getirip, sergä gatnaşyp otyrlar. Halylaryñ köpüsi geçmiş taryhy kemsiz ýatladýar. Türkmen halysynyñ muzeýindäki aýawly saklanýan halylar ýene birnäçe asyrlap Garaşsyzlygyñ, Baky bitaraplygyñ miweleriniñ taryhyny ýatladyp durjagy ikuçsyzdyr. "Türkmen kalby" diýip atlandyrylan mähnet haly dabaraly toýa gelen ähli märekäni dýen ýaly özüne çekdi. Äpet halynyñ nagyşlary geçmişi, Garaşsyzlyk, Bitaraplyk döwrüni ýatladyp dur. Bu haly türkmen halkynyñ guwanjy, buýsanjy. Şeýle halysy bolan halk älem-jahanda buýsanyp biler. Beýle halynyñ ýer şaryndaky halklaryñ gelin-gyzlarynyñ elinden asla gelmejegini halyny gören adamlaryñ her biriniñ ýüregi syzyp durandyr. Biziñ äpet halymyz bilen birlikde on barmagyndan dür dökülýän gelin-gyzlarymyza guwanmaga, buýsanmaga hakymyz bardyr. Ir sagat 10-da başlan toý dabarada (şol wagtyñ) Ministrler Kabinetiniñ başlygynyñ orunbasary Rejep Saparow Saparmyrat Türkmenbaşynyñ türkmen halysynyñ ýedi ýyllyk dabaraly toýuna ugradan gutlag hatyny labyzly okap berdi. Gutlag haty toýa gatnaşanlaryñ kalbyny heýjana getirdi. Gürrüldili, begençli el çarpyşmalar bilen gutlag haty ýüreklere ornaşdy. Dowamy aýdym-saza, goşgy okamaklyga, tans etmeklige ýazdyryldy. Göwnüñi galkyndyrýan toý-tomaşalaryñ hemmesi gowy. Ýöne, gowudan-gowy bar. Mollanepes adyndaly akademiki drama teatrynyñ artistleri, teatryñ baş režissýory, Türkmenistanyñ halk artisti, Magtymguly adyndaky baýragyñ eýesi Täçmämmet Mämmetweliýewiñ ýolbaşçylygynda görkezilen aýdym-sazly, tansly çykyşlar örän täsirli boldy. Tansçy gyzlaryñ egnindäki halyly köýnekleri, artistleriñ üýtgeşik formasy dabaraly toýuñ görnükli bezegi boldy. 1998 ý. Tatar ÜÝŞMEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |