01:22 Balykdan bişirilen çişlik Stalini, Ruzwelti we Çerçili ölümden halas etdi | |
BALYKDAN BIŞIRILEN ÇIŞLIK STALINI, RUZWELTI WE ÇERÇILI ÖLÜMDEN HALAS ETDI
Taryhy makalalar
Eger-de meşhur "Tähran-43" filminiñ senarisini ýazmagy Soltan Almazowa tabşyran bolsadylar, onda ol düýbünden başgaça bolup çykardy. Çünki ol wakalary gözi bilen görmän, eýsem olara gönüden-göni gatnaşypdy. Şonda onuñ 27 ýaşy bardy. Häzir ol 80 ýaşynda (1996), şeýle-de bolsa köne mekdebi geçen çekistlere mahsus çeýeligi we huşunyñ ýitiligini saklap galypdyr. Stalin ýokary hökümet delegasiýasyny ugradýanlaryñ arasynda duran orta boýly uly leýtenanty Azerbaýjan Kompartiýasynyñ MK-synyñ birinji sekretary Mirjafar Bagirowa tanyşdyrdy. "Bu ýigit general-maýor çinine mynasyp. Ol konferensiýanyñ üstünlikli tamamlanmagy üçin hakyky gahrymançylyk görkezdi". Wakalar hakda gürrüñe geçmezden ozal, "halklaryñ atasynyñ" göwnünden turan bu ýaş uly leýtenanta general-maýor çininiñ-de, hiç bir hökümet sylagynyñ-da berilmändigini aýdaýyn. Stalin Bakuwdan giden badyna ýerli döwlet howpsuzlygy komitetindäki göripler onuñ aýdanlarynyñ ýerine ýetmän galmagy üçin ellerinden gelenini etdiler. Ykbal Staliniñ hut özi duşurar öýdüp, Tbilisiniñ dag-magdan institutynyñ uçurymy Soltan Almazowyñ ýatsa-tursa oýuna-da gelenokdy. Ol özüniñ - komsomol aktiwistiniñ Azerbaýjan demir ýolunda döwlet howpsuzlygy uprawleniýesine işe iberilmegini bagtynyñ çüwdügi saýyp ýördi. 1943-nji ýylyñ ahyrynda gije sagat 3-de onuñ işleýän ýeri Ýewlaha jañ edip, dessine Bakuwa gelmegini buýurdylar. Ol döwürde "Eýýäm giç, aşmaga ulag ýok" diýen gürrüñler bolup biljek däldi. Ýewlah aeroportunyñ başlygynyñ özi "U-2" şturwalynyñ başyna geçdi we dañdan sagat 5-de Almazow Azerbaýjanyñ döwlet howpsuzlygy komitetiniñ başlygy Ýemelýanowyñ gaşynda gögerdi. Ýemelýanowyñ ýaş leýtenantyñ öñünde goýan wezipesi iñ ýokary döwlet derejesindäki wezipedi. - Sagat irden 8-de Bakuwa Moskwadan ýolagçy sostawy gelýär. Seniñ ýolbaşçylygyñda 13 adamdan ybarat topar şol sostawy Tährana çenli ýola salmaly. Otluda sowet hökümetiniñ wekilleri, harby we syýasy ekspertler, döwlet baştutanlarynyñ konferensiýasyna gatnaşmaly beýleki resmi adamlar, radionyñ we aragatnaşyk gullugynyñ işgärleri barýarlar. Siz şolaryñ howpsuzlygyny üpjün etmeli we şol bir wagtyñ özünde Tähranda hereket etjek toparyñ işini koordinirlenmeli. Men bir ýyl mundan ozal Ýeñşiñ 50 ýyllygy mynasybetli Azerbaýjanyñ Baş arhiw uprawleniýesinden Tähran konferensiýasyny geçirmekde Bakuwyñ roly hakda sprawka sorapdym. Şonda maña şeýle habar beripdiler: "Azerbaýjanyñ paýtagty az wagtlap diplomatlaryñ, harby gullukçylaryñ, döwlet howpsuzlygy organlarynyñ işgärleriniñ jemlenýän punktyna öwrüldi. Staliniñ özi uzak ýyllaryñ dowamynda ilkinji gezek bu ýere ýörite otluda geldi we şol bada Tährana uçdy". Diýmek, şol otluda Stalin hem bar eken-dä? Ýöne Soltan Almazow "Ýok" diýip aýtdy: - Otlynyñ iberilmegi sowet döwletiniñ baştutanynyñ Tährana barýan ýoluny bildirmezlik üçin guralan ýörite operasiýady. Hakykatda bolsa Stalin, Molotow we Woroşilow Bakuwa "Duglas" samolýotynda geldiler, soñea üç sany "ЗИС-110" kysymly awtomobillerde Astaranyñ üsti bilen Tährana ugradylar. Staliniñ marşruty soñra arhiwe düşýän dokumentleriñ hiç birinde görkezilmändir. Ýöne ýörite otly barada welin bilinýärdi. Almazowyñ gürrüñ bermegine görä, otlynyñ 12 sany wagonynyñ 2-si SSSR-iñ Ýaragly Güýçleriniñ Baş ştabynyñ Operuprawleniýesiniñ başlygy, goşun generaly Ştemenkonyñ garamagynda bolupdyr. Olarda goşunyñ ýokary wezipeli harby gullukçylary, telegrafistkalat we stenografistkalar barýardylar. Bu topar Moskwa bilen üznüksiz radioaragatnaşyk saklapdyr we diwarlarda asylyp goýlan kartalara frontdaky ýagdaýlar baradaky maglumatlary ýerleşdiripdir. Üç döwletiñ baştutanlarynyñ konferensiýasy geçýän günlerinde mejlisler gutarandan soñ Stalin, Molotow we Woroşilow Moskwadan gowşan habarlary diñlemek we Žukowa zerur bolan görkezmeleri bermek üçin Ştemenkonyñ wagonyna gelipdirler. Konferensiýa 1943-nji ýylyñ 28-nji noýabrynda açylýar. Mejlisleri gezekli-gezegine konferensiýa gatnaşýan döwletleriñ ilçihanalarynda geçirmegi öñünden gepleşip goýýarlar. Ilkinji mejlis diýseñ gizlin ýagdaýda SSSR-iñ ilçihanasynyñ aktlar zalynda geçýär. Gepleşiklere diñe ekspertler we terjimeçiler gatnaşýarlar. - Gizlinlik hakynda şeýle jan çekilendigine garamazdan, mejlis geçenden iki sagat soñra german radiosy onda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler barada habar berdi. Munuñ özi delegasiýanyñ üçüsiniñem agzalarynyñ gonjuna gor guýdy - diýip, Almazow gürrüñ berýär. - Şonuñ bir sagat öñ ýanynda bolsa biziñ radistlerimiz näbelli bir radiostansiýany anykladylar. Diýmek, delegasiýanyñ haýsydyr biriniñ düzüminde german içalysy bolmaly. Häzirki wagtda uly üçlügiñ liderleriniñ garşysyna diwersiýanyñ Berlinde işlenilip taýýarlanylan plany barada köp zatlar mälim boldy. Diwersiýany amala aşyrmagy Gitler Otto Skorsenä tabşyrýar. Ýöne, gynansak-da, taryhda bu plany başa bardyrmadyk adamlaryñ çeken azaplary barada kelam agyz aýdylýan zat ýok. Şolaryñ biri-de Soltan Almazowdy... Heniz Bakuwdan ugramankalar britan delegasiýasynyñ ekspertleriniñ arasynda sowet agentiniñ bardygy we zerur bolan halatynda onuñ özüni mälim etjekdigi barada Almazowa aýdypdylar. Duşuşmaly ýer we parol bellidi. - Konferensiýada her bir sagatdan 15 minutlyk arakesme yglan edilýärdi - diýip, Soltan Almazow gürrüñ berýär. - Şol arakesmeleriñ birinde 14 sagat 30 minutda gepleşilen ýerde britan delegasiýasyndaky agentimiz bilen duşuşdym. Men paroly aýtdym, ol bir bölek kagyzy dolap, oña kişmişi guýdy-da, maña berdi we ýazgyny dessine okamalydygyny yşarat edip düşündirdi. Çekist ýazgyny otludaky radioaragatnaşykly wagona baryp okaýar. Onda agentiñ britan delegasiýasynyñ agzalarynyñ birini nemesler bilen aragatnaşykda güman edip, gözegçilige alandygy barada aýdylýardy. Birinji mejlisden soñ ol adam ilçihana gelenden soñ foýede Tährandaky britan dipmissiýasynyñ işgärine - murtlak garry şweýsara ýazgy beripdir. Şeýlelikde, eýýäm iki adam şübhe astyna düşüpdi. Indi olary etmişleriniñ üstünde tutmalydy. Almazow ilkinji nobatda on üçleriñ toparyndan operatiwnikler bilen bilelikde "şweýsary" ýola salýar. Ol hakykatdanam, konferensiýa barada maglumat berýär eken. Bu şeýle bolup geçýär: "Ikinji mejlis agşam sagat 8-de tamamlandy. Ýarym sagatdan soñ şol güman edilýän adam ilçihanadan çykyp, şähere ugrady. Bir ýykyk haýatly howla girip, gapyny içinden kiltledi. Biz operatiwnik bilen bile fin pyçagynyñ kömegi arkaly gapyny açyp, öýe girdik. Biziñ yzarlap gelen obýektlerimiz üstüni aldyrdy. Onuñ ýanynda kömekçileri - iki sany gyz we şol ýerde radiostansiýa bardy. Ýazgylary we radiostansiýany alyp, çekistler "şweýsary" žandarm uçastogyna getirýärler we şol ýerdr dessine ondan sorag edilýär. Konferensiýa baradaky maglumatlaryñ rasiýa boýunça Germaniýanyñ Türkiýedäki ilçihanasyna, ol ýerden bolsa Berline berilýändigi mälim bolýar. "Şweýsar" Welikobritaniýanyñ delegasiýasynyñ düzümindäki agent barada hem aýdýar. Ol öñden bäri nemes razwedkasy bilen hyzmatdaşlyk edip gelýär eken. Stalin bu içaly barada iñlis premýer-ministrine habar berýär we ertesi gün ol zalym yzsyz-sorsuz ýitirim bolýar. Emma wakalaryñ kulminasiýasy heniz öñdedi. Britan delegasiýasynyñ düzümindäki sowet agenti konferensiýanyñ üçünji gününde (şol gün mejlis iñlis ilçihanasynda bolmalydy) Staliniñ we Ruzweltiñ janyna kast edilmegine taýýarlyk görülýändigi barada habar berýär. Aktlar zalynyñ aşagynda minalar goýlupdyr. Çerçil nähoşlygyny bahana edip, 10 minut gijä galmaly, şol ikarada bolsa minalar ýarylmaly. General Ştemenkonyñ dokladyny diñländen soñ Stalin Molotowa we Woroşilowa ýüzlenýär: "Çerçilden şunuñ ýaly zada garaşsa bolar. Ol antikommunist hökmünde bütin dünýäde belli. Megerem, Çerçil biziñ ara alyp maslahatlaşýan meselelerimiziñ düýp manysyna düşünmändir ýa-da düşünmedik bolýar". Ýöne Çerçil hernäçe antikommunist bolsa-da, beýle elhenç zada baş goşmasa gerekdi. Almazowyñ pikiriçe, nemes agentiniñ özi - milleti boýunça iñlis - şeýtmek bilen Çerçili ölümden alyp galmagy islän bolmaly. Ýeri gelende aýtsak, Çerçil "Biraz eglenmek" baradaky maslahata ähmiýet hem bermändir. Çekistler iñlis ilçihanasyndaky minalary nädip zyýansyzlandyrmak barada kelle döwýän mahaly deñsiz-taýsyz diplomat hökmünde tanalýan Stalin meseläni haýran galaýmaly ýönekeý usulda çözýär-de oturyberýär. Ol telefon trubkasyny galdyrýar-da, Ruzwelte jañ edýär: "Hormatly jenap Ruzwelt, men sizi we Çerçili balykdan bişirilen çişlik bilen hezzetlemegi wada etdim. Eger-de garşy bolmasañyz, geliñ, ertirki mejlisi biziñ ilçihanamyzda geçireliñ. Mejlis gutaran badyna hem başlarys". Ruzwelt bu teklibe göwünjeñ bolýar we Stalin Çerçile-de aýtmagy ondan haýyş edýär. Trubkany goýup, ol taýýarlanylýan terakt barada jikme-jik maglumaty toplamagy tabşyrýar. Sowet çekistlerine bu işde žandarm uçastogynda saklanýan radist "kömek etdi". Onuñ indi ýitirýän zady ýokdy. Ol hatda minanyñ goýlan ýeriniñ jikme-jik shemasyny hem çyzdy. Sapýorlaryñ kiçeñräk topary (olaryñ arasynda Soltan Almazow hem bardy) iñlis ilçisini añk edip, Welikobritaniýanyñ ilçihanasynyñ ýerzeminine okdurylyp girdiler. Hernä detonatorlar heniz minalara çatylyp ýetişilmändir. Dördüsi burçda we biri ortada goýlan minalaryñ bäşisi-de zyýansyzlandyryldy. Belli iñlis taryhçysy Alan Bullok meşhur "Gitler we Stalin" atly kitabynda Tähran konferensiýasynyñ bir epizodyny şeýle beýan edýär: "Bir pursatda mejlisleriñ arasy sylag gowşuryş dabarasy bilen bölündi. "Korolyñ tabşyrygy boýunça" Çerçil Stalingrady goraýjylaryñ hatyrasyna ýörite ruslar üçin ýasalan Hormatly Gylyjy gowşurdy". Kitapda Staliniñ bu gylyjy öpüp duran pursady alnan surat bar. "Halklaryñ atasynyñ" yzynda ikinji hatarda ýylgyryp duran bir ýigit dur. Şu taryhy wakanyñ amala aşmagy üçin onuñ bitiren hyzmatlary biçak uludy. Ol - SOLTAN ALMAZOW. Bu surat onuñ özünde welin ýok. Swetlana TURÝALAÝ. # "Комсомольская правда" gazeti. | |
|
Teswirleriň ählisi: 5 | ||||
| ||||