07:26 Berk nahal -13: Duşmany hile bilen aldamaklygyñ beýany | |
ON ÜÇÜNJI PASYL: DUŞMANY HILE BILEN ALDAMAKLYGYŇ BEŇANY
Hekaýalar
■ Hekaýat: Ajam kesrasy tarapyndan Hyra welaýatyna häkim bellenen Münzir ibn Meýessema aradan çykýar. Şonda Adana wepat bolan Münziriň ornuna Nugman ibn Münziri häkim bellemegi Pars şasyndan haýyş edipdir. Nugmanyň özünden başga dokuz sany doganynyň baradygyny eşiden pars şasy: — Men Nugmanyň doganlaryny synagdan geçirjek. Olaryň haýsysynyň bilimi we zehini bar bolsa, şony hem Hyra welaýatyna häkim bellärin — diýip, olary ýeke-ýekeden ýanyna çagyrdy. Olardan: —Sen ulumy ýa-da Nugman?— diýip sorapdyr. Beýle soraga doganlaryň ählisi: — Men uly!— diýip jogap beripdirler. Pars şasy iň soňunda Nugmandan: —Siziň haýsyňyz uly?— diýip soranda, ol: — Doganlarymyň ählisi menden uludyrlar. Men olaryň iň kiçisi— diýip jogap beripdir. Patyşa beýle jogaby eşidip örän şatlanyp, Nugmany Münziriň ornuna häkim belläp, Hyra welaýatyny oňa tabşyrypdyr. Adananyň Zeýt atly akylly ogly bardy. Günleriň birinde ol Zeýdi öz hyzurynda hyzmata almaklygy patyşadan haýyş edýär. Zeýt örän akylly, tutanýerli we pars dilini kämil bilýändigi sebäpli, şa ony özüne terjimeçi edindi. Nugman Adanany öz ýanynda kazy edip, welaýat kazyýetçilik işlerini oňa ynandy. Ol şol wezipede otyrka syrly resminamalary saklaýan beni karyza tiresiniň işgärleriniň birtoparyny işden boşadyp, ol taýpanyň duşmanlygyny gazanýar. Günlerde bir gün Adana Nugmany toýa çagyrýar. Nugman toý çakylygyny kabul edip, öz hyzmatkärleri bilen ýola düşýär. Beni karyzalylar bu wakany eşidip, uly toýa başlaýarlar. Ýoldan geçip barýan Nugmany öz toýlaryna çagyrýarlar. Nugman: — Men Adana hökman toýuňa bararyn! — diýip söz berdim. Eger men sözümde durmasam nähili bolar?! — diýende, olar: — Eý, beýik Nygman! Biz dürli-dürli halwalardyr nabatlar taýýarladyk. Hiç bolmanda bir, duzuny dadyp gitseňiz! — diýip, halwadyr nabatdan bir bölegini alyp, atyň üstündäki häkime hödürleýärler. Onuň yzýany bolsa: — Eý, Nugman! Arkaňa bir seret. Şol görýän peri-peýker sypatly gyzyňy saňa gyrnak hökmünde taýýarladyk. Nugman gyzy görüp aşyk bolýar. Sabyr-karary ýetmän nädip ätdan düşenini bilmän galypdyr. Toýam ýadyndan çykdy, tomgada. Ol gyrnak udyny çalyp başlanda, Nugman „şerap getiriň” diýip buýurdy. Şerap getirdiler, Nugmanyň şeraby ýetenden soňra beni karyzalylar oňa: — Eý, Nugman! Biz size örän owadan köşk taýýarladyk. Gyrnagyňyz bilen şol ýerde dem-dynjyňyzy alsaňyz gowy bolardy. Adana bolsa „Ýene bir gün bararyn” diýiň —diýip maslahat berdiler. Nugman bularyň sözüni makullap, Adana: — Seniň toýuňa ýene bir gün bararyn, Enşalla— diýip habary ýollaýar. Özi bolsa peri bilen keýpi-sapanyň yşgyna düşýär. Adana Nugmandan gelen habary hem-de onuň beni karyzalarda düşländigini eşidip gaýgylanýar. Ol peri sypatly gözel Nugmanyň durkuny gaplap alýar, onuň ynamyna girýär. Gyz Nugman bilen ondan-mundan gürrüň açýar. Ahyry gürrüňini Adananyň üstünden eltip Nygmana: — Toýuna barmadygyň üçin Adana bir mekir-hile gurmadyk bolsa bolýar?! —diýip ýüzlendi. Nugman: — Adana meniň gullarymyň biridir. Nädip ol maňa hile etsin?! — diýende, gyz: — Eý, Nugman! Seniň ol Adana diýýäniň „Hyra welaýatyna Nugmany men häkim belledim” diýýärmiş. Dogrudan hem, Adana seniň guluň bolsa, ony çagyryp şu ýere getir. Eger ol saňa tabyn bolup gelse, onda seniň guluňdygy hakdyr. Nugman adam iberip, Adanany çagyrýar. Adana gelmedi. Ikinji gezek Nugman Adanany zor bilen getirtdi. Özüni gyrnagyň ýanynda utandyrany üçin Adanany zyndana taşlatdy. Emma patyşanyň terjimeçisi Adananyň ogly Zeýd bu habary eşidip, Nugmandan ar almaklygyň kül-külüne düşýär, ýol agtaryp başlaýar. Patyşanyň aýal-gyzlara uly söýgi bilen garaýandygyny bilen Zeýt ar almak üçin ýol tapandygyna begendi. Zeýt patyşanyň ýanyna baryp: — Eý, jahan şasy! Nugmanyň durmuşa çykmadyk birnäçe peri-peýker aýal doganlary we gyzlary bar. Olar hüýr sypatly, akylly başly gyzlar bolup patyşamyza mynasypdyrlar — diýýär. Şa Zeýtden olary ele salmaklygyň çäresini soraýar. Zeýd ol ýerden çykyp, Nugmanyň ýanyna howlugýar. Baryp oňa ýagdaýy gürrüň berýär. Gahar-gazap atyna atlanan Mugman: — Şanyň öýündäki aýallar oňa azlyk edýärmi. Onuň aýallarynyň aýaklary inçejik, ýüzleri garganyňky ýaly bolany sebäpli, meniň gyzlaryma we aýal doganlaryma göz dikdimikä?! — diýip, beýik şany edepden daşary sözler bilen aýyplapdyr. Emma biraz wagtdan soň aýdan sözlerine puşman etdi. Ol Zeýde: — Sen şanyň ýanyna baraňda meniň gaharlananymy aýtma! — diýdi. Zeýt çykyp gidenden soňra Nugman biraz böwrüni diňläp oturdy. Ol ähli şowsuzlyklarynyň barysy Adanany tussag edendigi sebäpli bolýandygyna göz ýetirdi. Nugman Adanany öldürip, onuň ähli malyna eýe çykyp, ýurduň hazynasyny talap ýurtdan gaçyp gidýär. Arap ýurtlary pars şasyndan ätiýaç edip, oňa ýer bermeýärler. Ahyry ol ýemen soltanlygynyň bir burçunda ýerleşýär. Alyp giden hazynasynyň köpüsini Ýolda-yzda ýitirýär ýa-da ogurladýar günlerde bir gün Nugmanyň aýaly: — Eý, Nugman! Ýemen şasy biziň pulumyz barlygy sebäpli, öz agalygynda saklaýar. Bir gün baýlygymyz gutarar. Hor-homsy bolup özge ýurtlara gidenimizden pars şasynyň ýanyna baraly, ondan ötünç soraly?! – diýýär! Nugman aýalynyň bu pikirini goldap, pars ülkesine gaýdyp gelipdir. Ol Basra bilen Kufe welaýatynyň arasyndaky Duma diýen ýerde maşgalasyny we ähli zadyny goýup pars şasynyň ýanyna baryp ötünç sorapdyr. Patyşa onuň eden dönükligini göz öňünde tutup, ony pillere basgylatmagy buýrupdyr diýip rowaýatçylar ýazýarlar. | |
|
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 05.10.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |