18:36 Berk nahal -10: Duşmanlaryñ içinde işlemekligiñ beýany | |
ONUNJY PASYL: DUŞMANLARYŇ IÇINDE IŞLEMEKLIGIŇ BEÝANY
Hekaýalar
■ Hekaýat: Kuraýyş, kenäne we gahafan atly arap taýpalary birleşip, şan-şöhratly mukaddes Medine şäherine geldiler. Emma ol şäheriň golaýynda bir jöhit taýpasy bardy. Ol taýpanyň ady beni karyzady. Bu taýpa Medine şäheriniň golaýyndaky mäkäm we beýik galada ýaşaýar eken. Ýokardaky aýdylyp geçilen arap taýpalary Medinäni basyp almak üçin beni karyza taýpasyndan kömek sorap, birnäçe adamy olaryň ýanyna iberipdir. Şol iberilen adamlaryň içinde Nagym ibn Mesgut Sukfa atly bir akyldar hem bar eken. Ýolda barýarkalar ol akyldar ýoldaşlaryna: — Eý, adamlar! Biz beni karyza taýpasyndan kömek soramaga barýarys. Olar kömek berse, biz hem söweşde ýeňsek, onda Medine halky olara duşman bolar. Eger biz ýeňilsek we pygamber gylyjyndan aman sypyp gaçsak beni karyzylaryň ýagdaýy nähili bolar?! Medinäniň golaýynda olaryň mülkleri, jaýlary, mal-garalary bar. Şonuň üçin olara gaçmak kyn bolar. Men beni karyzyda ýaşaýan Kagp ibn Esediňkide düşläp, şu meseleler barada onuň bilen maslahat edeýin. Ýöne, biz beni karyza taýpasyndan kömek soramak işimizi goýbolsun edeliň! — diýip, arap taýpalaryndan rugsat alyp gidipdir. Ýolda barýarka onuň ýüreginde Muhammet Mustapanyň mübärek jemalyny görmek höwesi güýçlenýär. Musulmanlaryň ýolbaşçysy, iki dünýäniň arkadagy Muhammet pygamberiň düşlän ýerine baryp, onuň pygamber ýüzüni görüp, nur-imana tarap meýil edip, kelemesini aýdyp musulman bolýar. Soňra ol: — Eý, iki dünýä arkadagymyz! Men musulman boldum. Meniň musulman bolandygymy kowumlarym eşidenok. Men siziň ýanyňyzda borçludyryn. Maňa näme höküm etseňiz ýerine ýetirerin! — diýip, Muhammet alaýhyssalamyň buýrugyna garaşýar. Muhammet pygamber: — Eý, Nagym! Yslam dinini ýaýratmakda we kapyrlary musulman dinine salmakda nähili işleri edip bilseň et! — diýdi. Muhammet pygamberden şeýle sözleri eşiden Nagym beni karyza taýpasynyň ýanyna gelip, duz-tagam iýenden soňra olara: — Eý, kowum! Men size syrly bir nesihat edeýin. Ýöne, menden eşiden zatlaryňyzy hiç kime aýtmaň! — diýip ýüzlenipdir. Beni karyza taýpasy ant içip: “Bu syry hiç kime aýtmarys” diýip, ähti-peýman etdiler. Nagym: —Kuraýiş, kenana we gahafan taýpalary birigip, Medinäni almaga söweşe gelipdir — diýip eşitdim. Eger Muhammet ýeňilse, hiç gep-gürrüň bolmaz. Eger Muhammet ýeňse, olar yzlaryna gaçyp gider. Siz bolsa meýdanda ýeke galarsyňyz. Şonuň üçin siz şol arap taýpalaryna: “Medinäni almakda biz size kömek etmäge taýýar. Ýöne, biz ýeňilsek, bizi meýdanda taşlap gitmezligiňiz üçin kowumyňyzyň ýaşulularyndan birnäçe adamy bize girewine beriň” diýip, olaryň öňünde şert goýuň! — diýip, maslahat berýär. Beni karyza taýpasy Nagymyň beren maslahatyny taňryýalkasyn bilen alýarlar we ony hezzet-hormatlap ugradýarlar. Olar Nagyma şeýle işi ýerine ýetirmekligi wada berenlerinden soňra, Nagym Abu Süfýanyň ýanyna barýar. Abu Süfýan öz emirleri bilen oturan wagty Nagym onuň ýanyna girýär-de: — Eý, Abu Süfýan! Men Beni karyza taýpasynyň ýanyna bardym. Beni karyza taýpasy kuraýyş, kenana taýpalarynyň ýetmiş sany ýaşulusyny girewine alyp, Muhammet pygamberiň eline beripdirler. Ol ýaşulular pygamberiň ýanynda girewine durmalydyrlar. Beni karyza taýpasy Muhammet pygamber alaýhyssalam bilen şertnama baglaşyp, biziň garşymyza söweşe gelmekligi maksat edinipdirler. “Eger sizden girewine adam aljak bolsalar beräýmäň!” diýip, Abu Süfýanyň ýanyndan çykyp gitdi. Soňra ol gytfan taýpasynyň ýanyna baryp: — Eý, gahafan kowmy! Siz meniň garyndaşlarymsyňyz. Meniň Beni karyza obasyna gidenligimi baryňyz bilýärsiňiz. Biz ol ýerdekäk olar kuraýyş, kenana obalaryndan ýetmiş ýaşulyny girewine alyp, Muhammet pygambere berip, onuň bilen biziň garşymyza söweş etmeklik barada şertnama baglaşmak üçin ilçi iberipdirler. Eger olar sizden hem girewine adam dilese, onda menden size nesihat, hiç-hili adam bermäň! — diýip tabşyrdy. Soňra gahafanlylar beni karyza taýpasynyň ýanyna baryp: — Eý, beni karyza kowumy! Şeýle köp wagt şu ýerde ýaşap hiç-hili iş etmediňiz — diýende, beni karyzlylar: — Siz Muhammet pygamberiň garşysyna söweşmegi maksat edinýäňiz. Ýöne biziň diýarymyz Muhammet aleýhyssalama golaýdyr. Eger biz ýeňsek, örän ýagşy. Ýöne, Muhammet pygamber ýeňiji bolsa, bizi gyrar, şäherdir obalarymyzy weýran eder. Siz bolsa bizi şu ýerde taşlap öz öýleriňize gaçyp gidersiňiz. Şonuň üçin hem siz öz ýaşulularyňyzdan birnäçesini bize girewine beriň hem-de bizi goýup, gaçyp gitmejegiňize ant içip, biziň bilen şertnama baglaşyň! — diýip, Abu Süfýana ýüzlendiler. Abu Süfýan: — Size ýaşulylary bermeklig-ä beýlede dursun. Eýsem, size ýekeje ýükçi düýe hem girewine bermeris! — diýip, jogap beripdirler. Şeýle jogaba sabyrsyzlyk bilen garaşyp oturan beni karyzlarlar hezil etdiler. Olar: — Siz biziň şertimizi makullamasaňyz kömek, edip bilmeris! - diýip jogap beripdirler. Abu Süfýan söweşsiz, gorkup yzyna gaýdypdyr. ■ Hekaýat: Beni eset taýpasy bilen bolan söweşde Emrulkaýsyň bir ogluny öldüripdirler. Emrulkaýs ol taýpadan ar almagyň ýoluny agtaryp, Tammah atly bir ynamdar hasaplaýan dosty bilen kömek sorap Rum soltanynyň huzuryna barypdyr. Rum soltany Emrulkaýsy gowy garşylap, oňa hezzet-hormat edipdir. Rum soltany Emrulkaýsa beni eset kowumyndan aryny almakda oňa kömek berjekdigini wada beripdir. Emma Emrulkaýsyň dosty Tammak beýle ýagdaýy görüp: — Eý, Biribar! Beni eset taýpasyny bu zalymlaryň gylyçlaryndan goramaga bir çäre tapmaga maňa ýardam?! — diýip gaýga batypdyr. Tammah şahyr we akyldar adamdy. Ol ýiti zehinlidi, oýlap tapmaga örän ökdedi. Rum soltanynyň bolsa Aý diýseň agzy, Gün diýseň, gözi diýseň owadan bir gyzy bardy. Tammah şol şa gyzyna Emrulkaýsyň adyndan goşgudyr, gazal düzüp söýgi bildirdi. Şeýle namalary yzly-yzyna iberdi. Şa gyzy-da Emrulkaýsa halat-serpaýlar, müşki-anbar, atyrlary iberip jogap ýazýardy. Birnaçe günden soňra Emrulkaýs yzyna gaýtmak üçin Rum soltanyndan rugsat soraýar. Rum soltany Emrulkaýsyň eline Şam hökümdaryna ýazylan haty berip ugradýar. Rum soltany ol hatda: “Emrulkaýsa müň sany batyrgaý, gaýduwsyz adamlardan ybarat bolan leşger ber. Onuň Beni eset taýpasyndan öz aryny almaklygyna eliňden gelen kömegiňi et!” diýip, buýruk beripdir. Haçanda Emrulkaýs Şama ugramakçy bolanda dosty Tammahy-da bile alyp gitmekçi bolýar. Ýöne Tammah bir bahana tapyp, Emrulkaýs bilen gitmeýär. Ol Şama gidenden soňra, Rum soltanyna: — Emrulkaýs siziň duzuňyza dönüklik etdi! — diýip, şa gyzyndan gelen gymmat baha zatlary soltanyň öňünde goýýar. Rum soltany öz gyzyndan sorag-jogap edende gyz ähli zady boýnuna alýar. Rum soltany gahar-gazap atyna atlanýar. Ol zäher siňdirilen eginbaşlaryny ynamdar hyzmatkäriniň eline berip: — Bar, tiz Emrulkaýsyň yzyndan et. Şu eşikleri oňa geýdir. Ony şerapdan doýrup ýatyr” diýip buýurdy. Soltanyň hyzmatkäri Emrulkaýsyň yzyndan ýetdi. Olar bir ýerde dynç almak üçin düşlediler. Hyzmatkär bolsa, öz işini ýerine ýetirdiler. Emrulkaýs şerap içip ýatandan soňra şerabyň güýjüne derledi. Zäher bilen der Emrulkaýsyň tenini gurşap aldy. Teniniň awusyna çydap bilmän, Emrulkaýs amanadyny tabşyrdy. Şeýle mekir-hile bilen Tammah beni eset taýpasynyň janyny Emrulkaýsyň Rumly dostlarynyň gylyjyndan gutarýar. ■ Hekaýat: Geçen döwürde Mugtasym-billanyň Efşin atly bir emiri bolupdyr. Ol Rumdan Amuriýa arasyndaky galalary basyp alyp şöhrat gazanypdyr. Onuň gazanan şan-şöhraty zerarly Mugtasym-billanyň ýüregine gorky aralaşypdyr. Şonuň üçin ol özüniň iň ynamdar we golaý dosty, ýagny Pars ýurdunyň Ahwaz welaýatynyň häkimi Muhammet ibn Abdylmälik hem-de ynamdar kazysy Ahmet ibn Dawut bilen maslahat edipdir. Ýokarda ady agzalan häkim bilen kazy Efşini işinden çetleşdirmegiň ýollaryny gözleýärdiler, yzygiderli maslahat edýärdiler. Halypanyň Efşin bilen gowy aragatnaşyk saklaýan Muhammet ibn Ybraýym atly bir weziri bardy. Ýokardaky agzalan häkim bilen kazy Muhammet ibn Ybraýymy ýanlaryna çagyryp: — Halypanyň golaýyndan Efşini aýyrmak üçin biz elimizden gelenini etdik. Gep-gybatlary ýaýratdyk. Halypyň Efşinden razy däldigini we ony işden aýyrmakçy bolýandygyny oňa aýt! Umuman, halypa ondan razy däl. Eger sen Efşini öz islegi bilen işinden el çeker ýaly etseň, onda saňa Pars diýaryndaky Ahwaz welaýatyny bereris?!— diýip ýüzlendiler. Şeýlelikde, häkimdir kazy we Muhammet ibn Ybraýymyň arasynda ähti-peýman baglaşyldy. Günlerde bir gün Muhammet ibn Ybraýym dosty Efşiniň öýüne baryp, keýpsiz halda hiç zat gürlemän oturýar. Efşin onuň sebäbini soranda ol: — Eý, Efşin! Meniň bir syrym bar. Eger saňa aýtsam, halypa dönüklik etdigim bolar. Eger aýtmasam, onda saňa dönüklik etdigim bolar— diýende, Efşin: — Näme gürrüň bar! Aýt, eşideli?! — diýýär. Muhammet ibn Ybraýym: — Bu syry hiç kime aýtmajagyňa söz berip, ant iç! — diýip, Efşinden haýyş edipdir. Efşin Allanyň adyndan ant içenden soňra Muhammet: —Eý, dostum Efşin! Halypanyň senden göwni galypdyr. Seni jezalandyrmak üçin bahana gözleýär!— diýende, Efşin: — Beýle ýagdaýyň bolmagy mümkin däl. Men halypa şu günlere çenli ençeme ýurtlarydyr galalary alyp berdim. Men onuň her bir buýrugydyr permanyny gaýragoýmasyz ýerine ýetirdim. Men tarapdan betgümanly hereket bolan däldir—diýip jogap beripdir. Muhammet: — Men şeýle ýagdaýlary eşitdim. Galanynam özüň bilýärsiň?! — diýip yzyna dolanypdyr. “Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen” diýlişi ýaly, Efşiniň ýüregine gorky-ürki düşüp halypanyň ýanyna barypdyr. Efşin halypanyň ýanyna barmazdan öň halypa özüniň haýsydyr bir hyzmatkärine gaharlanyp otyrdy. Heniz halypyň gaşlarynyň çatylmasy ýazylmanka Efşin gapydan giripdir. Efşin “Halypa dogrudan hem maňa gahar edýär ekeni?!” diýip, yzyna gaýdypdyr. Ol öz ýoldaşlaryna bolsa: — Mundan beýläk halypaň ýanyna ýaragsyz baraýmaň!— diýip tabşyrýar. Şeýdip, Efşin öz ýaranlary bilen söweşe taýýarlanmaga girişýär. Efşiniň beýle hereketleri halypany oýa batyrýar. Soňra halypa öz ýakyn dostlarynyň biri bolan kazy Ahmedi ýanyna çagyryp: — Eý, kazy! Görýärmiň?! Efşiniň hereketi üýtgäpdir! – diýip ýüzlenen-de, kazy Ahmet: — Eý, musulmanlaryň emiri! Eger ol adamlar ýaragly bolsalar, onda olardan ätiýaç etmek gerek. Olaryň tersine, biziň jesedimiziň ruhy diňe “Siz” diýýär!—diýip jogap gaýtarypdyr. Halypa: — Eý, kazy Ahmet! Gynanma?! Biziň hem özümizi gorar ýaly güýjümiz ýeterlik. Agzalalyk köpeldigiçe kynçylyk hem köpelýär. Syr köp wagtlap gizlin ýatmaýar! — diýip ýüzlenipdir. Şol wakalardan soňra Efşin Azerbaýjan häkimine şeýle mazmunda hat ýazypdyr: „Halypa bilen meniň aramda agzalalyk döredi. Ol meni tutup jezalandyrmagyň amatly pursadyny gözleýär”. Efşiniň bu ýazan haty bir ýol bilen halypanyň eline düşýär. Halypa öz ýanynda elli sany batyrgaý ýigidi ýaraglandyryp goýýar. Efşin halypanyň ýanyna girende olar Efşini öldürýärler. | |
|
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |