18:39 Berk nahal -11: Duşmany ýeñlişe sezewar etmekligiñ beýany | |
ON BIRINJI PASYL: DUŞMANY ÝEŇLIŞE SEZEWAR ETMEKLIGIŇ BEÝANY
Hekaýalar
■Hekaýat: Bu hekaýat Bestam atly emir barada. Rum soltany Bähramgur bilen söweşende ýeňlip, öz golaý emirleriniň biri bilen gaçyp gidýär. Şonda Bähramgur özüniň batyrgaý we akylly weziri Bestamy ýanyna çagyryp: — Eý, Bestam! Bar. Rum soltanynyň yzyndan git we ony tutup getir! - diýip buýruk berýär. Heniz Bestamyň leşgeri Rum soltanynyň yzyndan ýetmänkä Rum soltany şalyk lybaslaryny çykaryp, doganoglanyny we başga hyzmatkärlerini ýolda goýup: — Men bir menzile ýetýänçäm Bestamyň leşgerini güýmäň — diýip, Rum diýaryna tarap atlanýar. Bestam leşgeri bilen Rum soltanynyň hyzmatkärleriniň ýanyna baranda soltanyň doganoglany oňa: —Eý, serkerdebaşy! Saňa arzym bar?! Rum soltany saňa salam aýtdy. Rum soltany naharlanmaga çadyra girdi —diýdi. Bestam Rum soltanynyň salamyny kabul etdi. Öz leşgerlerine bolsa: “Çadyryň töweregini gabaň” diýip buýruk berdi. Biraz wagtdan soňra Rum soltanynyň doganoglany: —Rum soltany ýene birazajyk garaşmaklygy haýyş edýär— diýip, aldap dürli bahanalar bilen, Bestamy şol ýerde güýmeýär. Şeýlelikde, Bestamyň leşgeri daň atýança çadyry garawullaýar. „Rum soltany Ruma ýetendir” diýip güman eden soltanyň doganoglany: — Eý, leşgerbaşy! Rum soltany siziň atlaryňyzyň tozanyny görüp gaçdy. Bize bolsa “Bestamy güýmäň” diýip tabşyrdy. Indi bizi näme etseňiz eliňizde! —diýdi. Bestam gahar-gazabyna çydaman, Rum soltanynyň doganoglanyny we hyzmatkärlerini şol ýerde öldürjek bolupdyr. Emma leşgeriň emirleri oňa ýol bermendirler. Ahyry Bestam gaharyndan üstün çykyp, olary Bähramguryň ýanyna getiripdir. Bähramgir bolan ýagdaýy eşidip, Rum soltanyny gaçyrmakda Bestamy günäkärläp, ony öldürmek üçin buýruk beripdir. Rum soltanynyň doganoglanyny bolsa, zyndana saldyrypdyr. ■ Hekaýat: Bu hekaýat Hatam Taýyň ogly Adana baradadyr. Pygamber alaýhyssalamyň dine çagyrýandygyny eşidip, Adana ibn Hatam Taý onuň mübärek huzuryna baryp musulman bolmaklygy maksat edinipdir. Emma mal-mülki köp bolandygy üçin: “Meniň musulman bolandygymy halkym bilse, malymy, mülkümi talarlar” diýip güman edipdir. Ol bu ýagdaýdan bir çäre tapmaklygyň pikirini edipdir. Mukaddes yslam dinine çekiji haýsydyr bir güýç, Muhammet pygamberiň mübärek ýüzüni görmek höwesi ony ýatara-turara, iýere-içere goýmandyr. Adananyň bir ogly bar eken. Ol Adananyň düýelerini bakýardy. Adana haýsydyr bir pikiri ýüregine düwýär-de, bir gün ogluny ýanyna çagyryp: — Eý, oglum! Sen şu gün düýeleriňi uzagraga alyp git! — diýipdir. Şol gün onuň ogly düýeleri bakyp guşlukda öýüne gelipdir. Ertesi Adana ýene-de: — Oglum düýeleri has uzagrakda bakyp gel. Ýöne bu syry hiç kime aýtma! – diýip, ony ugradýar. Ogly düýelerini gaty uzakda bakandygy üçin gijäniň ýarymynda öýüne gelýär. Ýene-de bir gün Adana ogluna ýüzlenip: — Oglum, sen düýeleriňi öňküden hem uzagrakda bakmalysyň! — diýipdir. Ol gije ogly düýeleri bilen dolanyp gelmändir. Şonda Adana: — Oglum gije gelmedi. Men onuň ugruna çykaýyn. Giden ýoluny agtaraýyn — diýip kowum-garyndaşlaryny, maşgalasyny habarly edip, ýola düşýär. Ol az ýöräp, köp ýöräp ahyry oglunyň yzyndan ýetipdir. Soňra ogly bilelikde hakykat nurundan dolan mukaddes Medine şäherine, pygamberleriň soltany Muhammet Mustapanyň ýanyna barýarlar. Olar Muhammet alaýhyssalamyň mübärek ellerinden öpüp, mukaddes yslam dinini kabul edipdirler. Şeýlelikde, olaryň ikisi-de gapyllykdan we jahyllykdan saplanypdyrlar. ■ Hekaýat: Muslime ibn Abdylmälik Ruma garşy söweş edende, köp adamlary ýesir alypdyr. Ol yzyna gelýärkä bir ýerde düşläp, ýesirleriň birnäçesini öldürmekçi bolýar. Şonda onuň ýanyna bir garry piri getirýärler. Pir: — Meni öldürmegiň näme peýdasy bar. Meni goýberseňiz, size iki sany ýaş musulman getirip bereýin! — diýipdir. Muslime: — Eý, pir! Men saňa ynanamok. Seniň sözleriňe kepil boljak adam barmy?! — diýip ýüzlenende pir: — Men goşunyň içine göz aýlaýyn, belki, özüme kepil boljak adam taparyn! — diýýär. Muslime: — Bar, tizräk gözden geçir! — diýip, oňa rugsat beripdir. Ol pir leşgeriň içinde aýlanyp ýörkä syratly, görmegeý asly araply bir ýigide gözi düşýär. Ol pir ýigide öz ýagdaýyny düşündirýär. Ol oglan: — Ýaşuly, menlik näme hyzmat?! —diýip sorapdyr. Goja: — Meniň sözlerime kepil dur! —diýip, görmegeý ýigitden haýyş edipdir. Ýigit ýaşuly bilen ylalaşyp, onuň bilen Muslimäniň ýanyna gelipdir. Muslime pire rugsat berip, öýüne iberipdir. Soňra Muslime ol oglana: — Eý, görmegeý ýigit! Sen ol garryny tanaýarmyň?! Ozal görüpmidiň?! —diýip soraýar. Arap ýigidi gojany tanamaýandygyny we ol ýaşulyny hiç haçan görmändigini aýdypdyr. Şonda Muslime: — Sen ol ýaşulyny tanamaýan bolsaň, nädip onuň sözlerine kepil durup bildiň?! —diýýär. Arap ýigidi: — Maňa pir adama “ýok” diýmek kyn düşdi. Ol garry eden umydynyň hasyl boljagyna ynanyp, şunça adamlaryň içinden meni saýlap, maňa ýüz tutdy. Men hem garry piriň sözüni ret etmekligi ýerliksiz hasaplap we beýle etmegiň är kişiniň işi däldigini bilip, oňa söz berdim! — diýip jogap beripdir. Pir öýüne dolanyp gelip, iki sany musulmany ýesir alyp, Muslimiň ýanyna dolanyp gelipdir. Ol pir: — Eý, şahym! Men sözümde tapyldym. Saňa bir haýyşym bar. Maňa kepil bolan şu arassa arap ýigidini berseň, men ony ýanym bilen alyp gitjek! — diýipdir. Muslime ol pire ýaş ýigit bilen gaýtmaklyga rugsat beripdir. Pir oglany öz öýüne alyp baryp: — Alladan ant içýän, sen meniň oglum bolarsyň! — diýipdir. Ýigit: — Men araplardan. Özüm bolsa musulman. Sen Isanyň ymmatyndan. Nädip men seniň ogluň bolaýyn!?—diýende, pir: — Seniň ejeň kim. Oňa kim diýerler?! –diýende, ýigit: — Meniň ejemiň asly Rumdan bolmaly!—diýip jogap beripdir. Pir oglanyň ejesiniň adyny, keşbini we hüý-häsiýetini aýdyp beripdir. Şonda oglan: — Sen nädip meni tanadyň. Meniň öz agtygyňdygyny nädip bildiň?! — diýip soranda pir: — Eý, oglum! Seniň ýüzüň maňa örän mähirli göründi. Men seni göremde mende tanyşlyk duýgusy döredi. Gözleriňdäki mähir uçganaklary meniň gözümde peýda bolup, meniň durkumy gaplap aldy —diýip bir aýaly ýanyna çagyrypdyr. Piriň çakylygyny eşiden iki aýal, ýagny garry aýal bilen ýaş aýal oglanyň ýanyna gelip, ony gujaklapdyrlar. Pir ýene-de: —Ýaş aýal seniň ejeň aýal doganyňdyr. Garry aýal seniň mamaňdyr – diýip, oglany olar bilen tanyşdyrypdyr. Ýaşuly gapydan giren iki sany ýaş ýigide elini uzadyp: —Bu oglanlar seniň ejeň erkek doganlarydyr— diýip, oňa ýüzlenipdir. Pir oglana gymmat baha serpaýlary ýapyp: — Şu zatlaryň ählisi seniň ejeň zatlarydyr. Şu zatlary ejeňe gowşur. – diýip, ýene-de köp zatlary berip, ony yslam leşgerine eltip beripdir. Birnäçe wagtdan soňra oglan Şama gelip, sowgat-serpaýlary ejesine gowşurýar. Ejesi: —Oglum, bu zatlary nireden aldyň!?— diýip soranda, ýigit başyndan geçiren wakalaryny gürrüň beripdir. Soňra ejesi: — Howa, şol garry goja meniň kakamdyr, garry aýal meniň käbäm enemdir. Ol iki aýal meniň gyz doganlarymdyr. Ol ýaş ýigitler bolsa, meniň erkek doganlarymdyr! —diýip, ogluna olardan nädip aýra düşendigini gürrüň beripdir. Birnäçe wagtdan soňra ýaş ýigit garry babasyny, mamasyny, daýzalarynydyr daýylaryny Şama getirip ejesi bilen duşurýar. Bular geçen günler barada hal-ahwal soraşýarlar. Garry pir: — Eý, oglum! Senden aýrylyp gaýgy-gam çekdim. Senden aýralyga men çydamadym. Men iman getirip yslam dinine girip, musulman boldum. Meniň haýyşym bilen maşgalam hem musulmançylygy kabul etdi. Biz Şama hemişelik geldik!? — diýeninde, oglan bilen ejesi öz garyndaşlaryndan aýra düşmejekdiklerine begendiler. Hekaýat: Hezreti Mugawyýa Amr ibn Asy Müsür welaýatynyň häkimliginden boşadyp, Abulagur Selemini onuň ornuna Müsüriň häkimi wezipesine belläpdir. Bu täze permany Amr ibn Asa aýdanlarynda, ol: — Bir hile bilen bu täze bellenen häkimi Müsüre gelmez ýaly etmeli. Häkimlik wezipäni nädip elde saklamaly!? — diýende. Werdan atly bir adam: — Bu işde men saňa kömek edeýin — diýipdir. Häkim: — Nädip?! Werdan: — Abulagur gelip size halypanyň resminamasyny görkezende, siz ony dürli-dümen miwelerdir, tagamlar bilen gowy bezelen saçaga çagyryň, oňa nahar-şor hödür ediň. Haçanda siz saçak başynda iýip-içip otyrkaňyz biz öz etjek işimizi şonda ederis! — diýip, Amr ibn Asy köşeşdirdi. Günleriň birinde täze bellenen häkim Abulagur ýetip geldi. Amr ony hezzet-hormat bilen garşylady. Ol özüniň Müsür welaýatyna häkim bellenendigi baradaky resminamany görkezjek bolanda, Amru öz hyzmatkärine: “Saçagy ýaz” diýip ümledi. Dürli-dürli nan-nygmatlary daşadylar. Amr: — Mugawyýa tarapyndan ilçi bolup, bir borjy üstüňize alyp gelen bolsaňyz biz ony makullaýarys. Ýöne, saçak ýazyldy, geliň ilki nahar iýeliň! - diýdi. Abulagur: — Siz şol resminama bilen tizräk tanyşsaňyz gowy bolardy! — diýende, Amr ýene-de öz diýenini tutup: — Nahary garaşdyryp bolmaz! Ilki çaý-çörek edineli. Soňra bolsa, resminamany görübereris! — diýip sözüni jemledi. Abulagur resminamany ýanynda goýup iýip-içip başlady. Werdan Abulaguryň arkasyndan gelip, şol resminamany ogurlap aldy. Nahar iýlip, saçak ortadan aýrylandan soňra Abulagur resminamany gözläp başlady. Ol Amrdan: — Sen meniň resminamamy görmediňmi?!—diýip soranda, Amr: — Ol nähili resminama? – diýýär. Amr ýene-de: — Eý, Abulagur sen bize myhmançylyga gelmediňmi?! Ol hähili resminama?! — diýende, Abulagyr zordan gaharyny saklap: — Eý, Amr?! Men size myhmançylyga gelemok. Men Mugawyýanyň buýrugy bilen seniň ornuňa Müsür welaýatyna häkim bellenip geldim. Men şol permanyň resminamasyny saňa görkezmäge geldim?! — diýýär. Amr: — Eý, gardaşym! Biz ikimiz öz aramyzda oňuşarys. Biz saňa Mugawyýanyň beren zadyndan artykmaç zat bereris! - diýende Abulagur Amr bilen razylaşypdyr. Amr Abulagura elli müň akja berip yzyna ugradýar. Bu habar Mugawyýa baryp ýetende ol hezil edip gülüpdir. Amr ibn Asyň oýlaptapyjylygyna “berekella” aýdyp, ony täzeden Müsüre emir belläpdir. | |
|
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Birtöwra / hekaýa - 12.06.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |