18:42 Berk nahal -12: Duşmany söweşsiz ýeñmekligiñ beýany | |
ON IKINJI PASYL: DUŞMANY SÖWEŞSIZ ÝEŇMEKLIGIŇ BEÝANY
Hekaýalar
■ Hekaýat: Apbasy halypalarynyň zamanynda halypalyk eden Muhammet Mätiniň döwründe Merw ýurdundan Salyh atly bir batyr pälwan ýüze çykyp, daş-töweregine ýigrimi müň adam ýygnap halypalyk dawasyny edipdir. Onuň gozgalaňy gün-günden güýçlenip şöhratlanypdyr. Muhammet Mäti halypanyň akyldar, dogruçyl we batyrgaýlykda şöhrat gazanan Jagpar ibn Muhammet Eşgas atly bir emiri bar eken. Günlerde bir gün halypa Jagpary Salyhyň garşysyna gidýän leşgere ýolbaşçy edip bellejek bolup ýanyna çagyryp, onuň bilen maslahatlaşypdyr. Jagpar: — Eý, soltanym! Salyhyň güýç-kuwwaty köpdür. Onuň bilen söweşip meseläni çözüp bolmaz. Emma söweş syýasatynyň ýerine hile-mekirlik syýasatyny ýöretseň gowy bolardy. Siz maňa ynam bildirip leşgere emir bellediňiz. Maňa bildiren ynamyňyzy men ödejek bolaryn. Rugsat berseňiz şu meseläni mekirlik bilen çözeýin. Sizden diňe bir haýyşym bar. Size men barada nähili gep-gürrüňleri getirseler-de asla ynanmaň, maňa şübhelenmäň. Eger siz isleseňiz, men şu günüň özünde Salyhyň garşysyna gideýin! — diýende halypa: — Eý, Jagpar! Sen meniň iň ynamdar adamymsyň. Salyha nähili ýol bilen aralaşsaň hem, ol öz işiň. Netijede, ýeňiş gazanyp gelseň bolýar! — diýip, oňa ýüzlenipdir. Jagpar ibn Muhammet Eşgas ýola düşüpdir. Ol her bir düşlän ýerinde halypa Muhammet Mätini tankytlapdyr. Horasandaky Salyhyň alyp barýan hereketini goldap, oňa hat ýazypdyr. Ol hatynda özüniň onuň tarapdarydygyny we ony goldaýandygyny duýdurypdyr. Salyh Jagparyň ýazan hatyny okap görüp, özüniň güýç-kuwwatyna guwanyp men-menlik edipdir. Salyh Jagpara: — Menden näme dilegiňiz ýa-da ýumşuňyz bolsa aýdyň. Siz bilen haýsy ýerde duşuşmaly bolsa duşuşarys! — diýen mazmunda jogap hatyny ýazýar. Jagpar uzak ýollar aşyp, Merwe gelip, bir saraýda düşleýär. Ol ertesi bir guluny: — Uzak ýol ýöräp, köp kynçylyklary çekip biraz näsaglapdyryn. Siziň ýanyňyza barmaga hiç bir güýç-kuwwat galmady. Emma apbasylar neslini ýok etmek baradaky käbir meseleleri siz bilen ara alyp maslahatlaşjakdym. Kyn görmän, siziň özüňiz gelseňiz gowy boljak— diýen manydaky habar bilen iberýär. Jagpar ýüz sany ýaragly adamy saraýyň golaýynda gizläp goýupdy. Ol öz adamlaryna: — Salyh leşgeri bilen gelende, men “Allahu ekber” diýip gygyraryn. Siz meniň sesimi eşidip, Salyhyň goragçylaryny öldüriň! — diýip buýruk berýär. Salyh birnäçe ýaragly adamlar bilen gelip Jagparyň oturan otagyna girýär. Görse, Jagpar arassa geýnüwli ýüzünden nur ýagdyryp oturan eken. Onuň daş keşbinde hiç-hili duşmanlyk alamatlary görünmänsoň, Salyhyň ýüregi aram tapýar. Salyhyň Jagpara ynamy artyp, gürleşmek üçin onuň ýanyndaky sekiniň üstüne çykýar. Jagpar: — Eý, Salyh! Sen gaýgy-alada galyp oturma. Birek-birege ýazan hatymyzda näme ähti-peýman eden bolsak, şol şertimiz öz güýjüni ýitirenok. Indi bolsa, şol hatda ýazyşym ýaly birek-birek bilen maslahata başlasak, nähili bolarka?! — diýip Salyha ýüzlenende, Salyhyň ýüregi rahatlanyp ynamy has-da artyp öz goragçylaryna: “Siz daş çykyň” diýip buýurýar. Soňra Jagpar Salyhyň her bir sözüni üns bilen diňläp, onuň aýdýan zatlaryna haýran galýan kişi bolup: “Allahu ekber!” diýip gygyrýar. Salyh gürrüňiniň ortarasyna ýetende, Jagpar ýene-de “Allahu ekber” diýip gygyrýar. Salyh oturan ýerinde içinden: “Ol gizläp goýan adamlaryna sesini eşitdirjek bolýar öýdýän” diýip, otagdan çykmak maksady bilen gapa tarap ýöräp başlaýar. Jagpar ýerinden turup, içindäki bar demi bilen “Allahu ekber” diýip gygyrýar. Jagperiň öz adamlarynyň Salyhyň adamlarynyň üstüne hüjüm dendigi sebäpli, ýeke galýar. Jagparyň ýanyna hiç bir kişi gelmeýär. Şonuň üçin onuň Abu hamyt atly aşpezi elindäki gyzgyn kepgir bilen Salyhyň kellesine urýar. Salyh güýçli urgy zerarly özünden gidip ýykylýar. Jagpar tiz baryp Salyhyň başyny kesip, leşgeriň öňüne oklaýar. Salyhyň leşgerine ýüzlenip: —Salyhyň leşgerinden bolanlar meniň ýanyma gelmesinler, olar öýli-öýlerine dagasynlar! — diýýär. Salyhyň tarapdarlary onuň kellesini görüp: “Boljak iş boldy, bu ýagdaýdan aman sypmak gerek” diýşip, Jagparyň ýanyna barypdyrlar. Käbirleri bolsa, öýli-öýlerine gidipdirler. Halypa Muhammet Mäti bu ýagdaýy eşidip gaty begenýär. Jagpary Horasan diýarynda bolan Merw şahyjahanyň emiri edip belläp, oňa köp halat-serpaýlar ýapypdyr. | |
|
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |