07:33 Berk nahal -15: Mekruhy söz bilen dep etmekligiñ beýany | |
ON BÄŞINJI PASYL: MEKRUHY SÖZ BILEN DEP ETMEKLIGIŇ BEÝANY
Hekaýalar
■ Hekaýat: Pars şasy Piruz Balh ülkesine ýöriş etmegi we ol ýeriň halkyny talamagy ýüregine düwüpdir. Emma onuň bir hyzmatkäri: —Eý, şahym! Şu golaýda bir bilgiç ýaşaýar. Ol adamlaryň gelejegini bilýär. Geliň, söweşe gitmezden ozal şol bilgijiň ýanyna baralyň. Eger ol bilgiç biziň Balh welaýatyny alyp biljekdigimizi aýtsa, onda söweşe gideliň. Bolmasa-da, bir maslahatdyr-da —diýipdir. Piruz şa lybaslaryny pukara adamyň eşigine çalşyp, ol bilgijiň öýüne barypdyr. Ol gapyny kakanda öýde oturan bilgiç ogluna: — Eý, oglum! Bar, hany daşaryk seret agajyň üstünde näme bar? —diýip sorapdyr. Bilgijiň ogly: — Kaka! Agajyň üstünde bürgüt otyr! — diýip jogap beripdir. Bilgiç gapyny açyp: — Şahym! Biz pukaranyň öýüne hoş geldiňiz! – diýip, şany hezzet-hormat bilen garşylaýar. Bilgiç şadan: — Eý, şahym! Menlik näme hyzmat — diýip soranda, şa: — Men Balh ýurduna hüjüm etmekçi bolýaryn. Men ol söweşde ýeňerinmi ýa-da ýeňilerinmi?!-diýip soranda bilgiç: — Eý, şa! Ýagşy dileglerde bol! – diýip jogap beripdir. Şa bilgiçden ýene-de birnäçe sapar: — Meni öldürerlermi?! —diýip sorapdyr. Bilgiç: — Howa, şahym! Balh halky siziň ajalyňyza sebäp bolar! — diýip jogap beripdir. Piruz bilgijiň sözlerine üns berman, leşgerini jemläp Balh tarapa ugrapdyr. Balhda bolsa uzak ýaşan bir akylly goja bardy. Ol Balh halkyny ýygnap: — Eý, watandaşlar! Men ýaşajak ömrümi ýaşadym. Galan ömrümi size pida etjek. Balh halkynyň Piruzyň garşysyna çykyp söweşer ýaly ýagdaýy ýok. Şonuň üçin siz meniň el-aýagymy kesip, göwrämi Piruz şanyň gelýän ýoluna oklaň. Galan işleri özüm bitirerin! —diýip haýyş edende adamlar ol goja el degrip bilmändirler. Olaryň goja gözleri gyýmandyr. Gojanyň el-aýagyny kesip, ýola oklara dözmändirler. Soňra goja öz ýakyn dostlaryna ýüz tutup, el-aýagyny kesdirip, özüni ýola taşlatdyrypdyr. Duşman leşgeri Balha giren badyna Piruz şa ýolda ýaran gojany görüp, gojadan nädip beýle ýagdaýa düşendiginiň sebäbini sorapdyr. Goja: — Eý, şa! Siziň Balh tarapa gaýdandygyňyzy eşiden Balhlylar menden „Eý, goja biz indi näme etmeli?” diýip soradylar. Men olara: ”Adamlar! Piruz şanyň leşgeri köp, güýç-kuwwatly biziňkiden artyk. Geliň, gowusy olara boýun egeliň. Olary asudalyk bilen garşylalyň”— diýdim. Halk meniň aýdanlarymy kabul etmän, meni şu ýagdaýa salyp, şäherden çykaryp taşlap gitdiler. Siz wagtynda gelmedik bolsaňyz men aç-suwsuz ölerdim. Eý, şa! Eger diňleseňiz mende bir pikir bar. Şol pikirimi makullasaňyz sizem, menem balhlylardan arymyzy alardyk! —diýdi. Piruz şa: —Ol nähili teklip! — diýip, gojadan sorapdyr. Goja: —Eý, şahym! Balhyň güýji köp däl. Balhlylar ýaraglanyp şäherden çykyp bärik gaýtdylar. Eger biz şu çölüň üsti bilen gidip, olaryň yzyndan çyksak, onda şäher bilen olaryň arasyny keseris. Şeýle etsek olary ýeňip, şäheri talap, ilatyny gyryp bileris! — diýipdir. Piruz şa bu maýyp gojanyň pikirini makullap, ol mekir-hile eder diýip kellesine-de getirmändir. Goja Piruz şany we onuň esgerlerine: ”Şu çölüň ortasynda bir çeşme bar!” diýip aldap, bäş günläp suwsuz çölden äkidipdir. Olar çölüň jümmüşine baranlarynda goja: — Eý, Piruz şa! Men seni aldap, çöle getirdim. Ine sen, ine-de men. Isleseň meni öldür! Men seni aldadym! — diýipdir. Şa gazabyny saklap bilmän gojany öldüripdir. Ol suwsuz, ýadaw halda bäş günlük ýoly täzeden geçjek bolupdyr. Onuň leşgeriniň adamlary we mal-garalary suwsuzlykdan heläk bolup itleredir guşlara şam bolupdyrlar. Piruz şanyň özi hem şähere ýakyn gelip bilmän çölde ölüpdir. ■ Hekaýat: Ajam ýurdunda bir adam iki sany minara saldyryp, ýokarsynda adam suratlaryny çekip, dürli reňkler bilen bezäpdir. Ol suratlaryň ýanynda sakçylary goýupdyr. Ol suratlara çokunmaýan adamlary tutup şanyň ýanyna getiripdirler. Şa ol suratlara sežde etmedik adamlaryň üç haýyşyny ýerine ýetirip, soňra bolsa öldürýän ekeni. Şeýlelikde, şa adamlary öldürmegi adat edipdir. Birnäçe ýyllar geçenden soňra günlerde bir gün ýurduň däp-dessuryndan habarsyz bolan afrikaly bir demirçi şol suratlara sežde etmän geçipdir. Sakçylar bu afrikalyny tutup şanyň ýanyna getiripdirler. Olar: —Eý, şahym! Şu afrikaly adam suratlara sežde etmedi!? — diýipdirler. Şa: — Eý, demirçi! Sen näme üçin biziň ýurdumyzyň däbini bozduň! - diýende, demirçi: —Şahym! Men afrikadan maşgalam bilen gelip, seniň ýurduňda bäş-dört akja gazandym. Men gelmişek bolandygym üçin siziň däbiňizi bilmedim. Eger bilen bolsam bir gezek däl, ýüzlerçe gezek şol suratlara sežde ederdim. Eý, beýik şa! Meniň günämi geçiň — diýip ýalbarypdyr. Şa ony tussag etdiripdir. Şa ýene-de demirçiden: —Eý, demirçi! Şu şalykda näme göwnüň isleýän bolsa aýt, men ony saňa bereýin?! — diýipdir. Demirçi şanyň elinden gutulyp bilmejegine göz ýetirensoň, ol: —Meniň maşgalamy on müň altyn bilen Afrika ülkesine iberiň— diýende, şa razylaşypdyr. Demirçi ussa ýene-de: —Men çekiç bilen seniň wezirdir wekilleriň ýeňsesine urjak. Birbada ýuwaşja, ikinji gezek gatyrak, üçünji sapar bolsa has gatyrak urjak— diýipdir. Şa ussanyň bu islegine-de razy bolup, öz wezir-wekillerine: — Eý, wezirlerim! Haýsyňyzdan başlasak gowy bolar?! — diýende olar: —Şahym! Däbi tapan we rowaçlandyran siziň kakaňyz. Sizem onuň neslinden bolan şa. Indi bu däp könelipdir. Gowusy, ony ýatyraýalyň! — diýşipdirler. Şa demirçiniň ýanynda ýüzügara bolmajak bolup, oňa: — Gel menden başla!— diýip, tagtdan düşüp başyny aşak sallap durupdyr. Demri ýenjip ýören ussanyň eliniň güýjüne göz ýetiren patyşanyň başy aýlanyp gidipdir. Şa içinden „Gatyrak ursa dagy meni diriligine ýere sokar” diýip gorkupdyr. Garawullaryna bolsa: —Eý, garawul! Afrikaly ussanyň suratlara sežde edip oturanyny öz gözlerim bilen gördüm. Äkit. Onuň hiç-hili günäsi ýok. Indiden beýläk günäsizleri meniň ýanyma getirmäň!— diýip käýinipdir. Birnäçe günden bolsa şeýle manysyz däp-dessury ýatyrypdyr. ■ Hekaýat: Hindi şasynyň akylly-paýhasly bir weziri bardy. Ol weziri gaty hormatlapdyr we beýleki wezir-wekillerden ileri tutupdyr. Ýöne şanyň leşgerbaşylarydyr emirleri bu ýagdaýy halamandyrlar. Olar wezire göriplik edip, gije-gündiz ony ýok etmekligiň ýoluny gözläpdirler. Allatagalanyň emri bilen şa aradan çykypdyr. Ornuna onuň ogly şa bolupdyr. Ýene-de şol akylly wezir baş wezir wezipesine bellenipdir. Emirleriň keýpi keç bolupdyr. Olar: “Şa öleni bilenem şu baş wezirden dynmadyk” diýşip mekirlik bilen ýol agtarypdyrlar. Emirler öňki şanyň hatyna meňzedip bir hat ýazypdyrlar. Ol hatda baş weziri ol dünýä ibermeklik barada gürrüň gidýärdi. Şazada haty okap görüp, begenip baş wezire: — Eý, meniň dana wezirim! Kakam seni ýanyna çagyrypdyr. Tizräk git. Ol saňa garaşýandyr — diýipdir. Akylly wezir wezirleriň öz üstüne tor atandyklaryna derrew göz ýetiripdir. Baş wezir patyşadan maşgalasy bilen hoşlaşmak üçin birnäçe günlük möhlet alyp, öýüne gelýär. Baş wezir öý-pikire batyp, bu ýagdaýdan aman sypmagyň çäresini gözleýär. Ahyry ol bir çözgüt tapýar. Ol öýüniň içinden bir açyk meýdana çenli ýerasty ýol çekýär. Bir ýerde çukur gazyp, ol çukuryň üstüni odundan doldurýar we bir jeset tapyp odunyň içinde gizläp goýýar. Şany we emirlerleri çagyryp: —Meni o dünýä ugradyň!— diýipdir. Maşgalasyna ýagdaýy düşündirýär. Patyşa öz wezirleridir emirleri bilen gelenden soňra şol ýygnap goýan odunynyň üstüne çykyp ot beripdir. Odun tüsseläp başlanda ol gizlin çukurdan geçip ýerasty ýoldan öýüne barýar. Ot ýanyp, jesedi garaköýük edip taşlapdyr. Şa we ýanyndaky döwlet baştutanlary: “Ahyry wezirden dyndyk”diýip begenişipdirler. Ine, şeýle hile bilen baş wezir janyny halas edipdir. Wezir birnäçe gün öýünde gizlenip ýatýar. Günlerde bir gün täze lybaslary geýnip, owadan keşbe girip, patyşanyň huzuryna barypdyr. Patyşa oňa hezzet-hormat edip, öz kakasy barada sorapdyr. Wezir oňa” — Alhamdulilla, beýik Allatagala şükürler bolsun. Kakaňyz pahyr baky dünýäde uly mertebelere ýetipdir. Ol göwnühoş ýagdaýda gezip ýör. Size köp dogaýy salamlar iberdi. Ol elli sany wezir ibermekligi haýyş etdi— diýip sözüni jemläpdir. Patyşa öz wezir-wekillerini ýygnap: — Kakamdan bir hat gelipdir. Ol sizi ýanyna çagyrýar. Kakam bilen o dünýäde keýpi-sapada boluň. Wagtyňyzy hoş geçiriň! – diýende, olar ör-gökden gelipdirler. Olaryň ählisi birden: — Patyşahym! Heý-de bir ölen adamdan hat gelermi. Sizi aldaýarlar. Ynanmaň! — diýşipdirler. Patyşa: — Eý, akmaklar! Size kakamdan gelen hat hak bolup, maňa gelen hat nähakmy eýsem!? — diýip olara gygyrypdyr. Wezirlere çykalga galmandyr. Patyşa uly ot ýakdyryp, olaryň ählisini ebedi dünýä iberipdir. | |
|
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |