ON ALTYNJY PASYL: MEKRUHY MEKRUH BILEN DEP ETMEKLIGIŇ BEÝANY
■ Hekaýat:
Nowşirwanyň kakasy Kubat patyşanyň zamanynda Medaýynda Mazdak atly bir ýalançy kezzap döräp, adamlary azdyryp, öz oýlap tapan dinine çagyrypdyr. Pars welaýatyna baryp, ol ülkäniň adamlarynyň köpüsini özüne çekipdir. Gozgalaň edip, Kubat şanyň garşysyna gidipdir. Mazdagyň tarapdarlary göwünleriniň islän zadyny edipdirler. Soňabaka olar haram bilen halaly tapawutlandyrman başlapdyrlar. Mazdagyň şan-şöhraty artyp, kuwwatly ýolbaşça öwrülipdir. Günlerde bir gün ol Kybat patyşa: “Eý, patyşa! Gel, senem meniň dinime gir. Meniň ýol-ýörelgämi kabul et. Eger meniň dinime girjekligiň hak bolsa, öz aýalyňy gymmatbahaly lybaslara, göwherlere bezäp, halkyň öňüne çykar” diýen mazmunda hat ýazýar. Ýene bir, gün bolsa: “Eý, patyşahy älem! Biziň hudaýymyz nary-nur, ýagny nuruň ody senden öz ogluň Nowşirwany gurban etmegiňi soraýar. Sen meniň sözlerime ynanmasaň, nary-nuruň ýanyna baraly. Aýdýan zatlaryňy öz gulagyň bilen eşidersiň” diýen mazmundaky namany ugradypdyr. Mazdak bir boşluk meýdanda guýy gazdyrypdyr. Ol guýyň içinde bir adamy goýup, kubat şa gelende aýtmaly zatlary öwredipdir. Soňra guýynyň üstüni ullakan tabak bilen örtüp, onuň daş-töwereginde ot ýakypdyr. Şeýlelikde, Kubat patyşa öz ogly Nowşirwan bilen toslanyp tapylan nary-nur odunyň ýanyna barypdyr. Ol oduň ýanynda Mazdak hem-de onuň oýlap tapan tarapdarlary oda çokunyp otyrdylar. Duýdansyz ol guýydan:
— Eý, Kubat şa! Ogluň Nowşirwany meniň hatyrama gurban et!— diýen ses eşidilipdir. Ataly ogul bu elhenç owazy eşidip, eýmenip öýlerine gaýdýarlar. Kubat Mazdagyň eden hilesine düşünmedigem bolsa Nowşirwan bu ýerde bir aldawyň bardygyny aňypdyr. Oý-pikire batyp, ahyram şol aşakdan çykan sesiň otdan çykmandygyna göz ýetiripdir. Ol kakasy Kubat patyşa:
— Eý, jahan şasy! Mazdak örän mekirdir. Otdan ses çykmajagy belli zat. Eger meniň sözlerime ynanmasaň, şol oduň aşagyny gazdyryp gör, sebäbini soňra bilersiň! — diýýär. Soňra Nowşirwan öz ýanyndan „Kubat ody gazdyrmasa-da bu ýagdaýyň bir çäresi bolar” diýip oýlandy-da demirden ujy çiş naýza ýasatdy. Kakasy bilen şol nary-nur atly ullakan oduň ýanyna baryp naýzany oduň ortarasyna urupdyr. Naýza çuň çümýär. Biraz wagtdan ol ýerden elhenç ses çykýar. Soňra otdan ses-seda çykmandyr.
Günlerde bir gün Nowşirwan kakasy bilen maslahatlaşyp, uly bir bagy-bossanlygyň içinde birnäçe guýy gazdyrypdyr. Biraz wagtdan soňra guýular suwdan dolýar. Guýularyň agzyny örtüp goýýarlar. Nowşirwan Mazdaga „Eý, Mazdak! Seniň tutan ýoluň dogry ýol. Kakam garrapdyr. Halky ýygnap, täji-tagty maňa bermekçi bolýar. Ýöne meniň ýekeje özümiň döwleti dolandyryp bilmejegim belli. Gel, men seni döwlete şärik edeýin. Ertir meniň tagta geçýänligimiň dabaraly güni. Gel, uly baýramçylyk geçireli. Sen öz tarapdarlaryňy hem alyp gel. Goý, olar hem meni şa bellesinler. Menem seni özümiň baş wezirim edip yglan edeýin” diýen mazmunda hat iberip, ony köşge çagyrypdyr. Nowşirwan Mazdak gelmezden ozal ýaragly esgerleri gapynyň arkasynda gizläp goýup, „Mazdak içeri giren badyna ony tutup, kellesini kesiň” diýip tabşyryk berýär. Ertesi güni Mazdak öz ymmatlary bilen köşge girýär. Dokuz sany ýarany bilen içerik girip, galanlaryny köşgüň gapysynda goýup gaýdýar. Nowşirwanyň esgerleri Mazdak we onuň dokuz ýarany köşge giren badyna olaryň başlaryny kesip, suwdan doly guýa başaşak sallaýarlar. Daşardaky ymmatlarynyň hem ählisini gyrýarlar. Olaryň kellelerini agaçdan asyp goýup, halka görkezýärler. Halk ganhor we ýalan pygamberden gutulyp, Kubat patyşa tabyn bolup asudalykda ýaşap başlaýar. Kubat şa Nowşirwan ýaly akylly oglunyň bardygyna begenýär we rahatlyk bilen ýene-de ýurdy dolandyryp başlaýar.
■ Hekaýat:
Hajjaç döwründe Abdylla ibn Tanban atly bir adam bar eken. Ol "Birnäçe ýyl hyzmat etsem gowja wezipe alaryn" diýen umyt bilen Hajjajyň köşgüne barýar. Oňa birnäçe ýyl hyzmat edýär. Iň soňunda hiç bir wezipä bellenmändigi üçin Hajjajdan ar almaklygy ýüregine düwýär. Şeýlelikde, ol amatly pursata garaşyp gezýär. Günlerde bir gün Abdylla köşgüň derwezesiniň ýanynda durka Hajjaç öz wezir-wekilleri, ýasawullary bilen köşkden çykýar. Abdylla öldürmeklige pursat tapyp Hajjajyň ýanyna golaýlaşanda Hajjaj:
— Eý, Abdylla! Sen meniň baş kätibime duşmadyňmy? Men seni Reý welaýatyna häkim belledim. Seniň resminamalaryň şol kätipdedir. Bar. Çaltrak al! —diýende Abdylla niýetinden el çekip, baş kätibiň ýanyna eňipdir. Baş kätip Abdylla:
—Eý, Abdylla! Men sen barada hiç bir resminana ýa-da Peý welaýatyna häkim bellenendigiň barada hat-petek göremok — diýýär. Abdylla Hajjajyň bir ýalan bilen öz janyny hem-de Abdyllanyň janyny ölümden halas edendigine göz ýetirýär.