10:15 Berk nahal -1: Şalaryñ syýasaty we ýurt dolandyryşlary | |
MÄHRIBAN WE REHIMLI ALLATAGALANYŇ ADY BILEN
Beýik we ýeke-täk Allatagala dür-göwherden päk hamdy-senalar, tükeniksiz şükürler bolsun! Ýerdäki we gökdäki janly-jandarlar uly we kiçi tapawudy ýok bary Onuň, ýagny Beýik Biribaryň rehmetine we hökümine baglydyr. Allatagala mülki islänine berer we isläninden hem yzyna alar. Allatagala islän adamsyny beýiklige ýetirer, islänini ejiz hem pes eder. Haýyr Onuň elindedir. Ol ähli zada kadyrdyr. Ol ähli adamlaryň arkadagy, kyýamat gününde şepagat edijidir. Ýeriň we asmanyň ýaradylyşy Onuň gudratyna delildir. Onuň güýç-kuwwaty we ululygy çäksizdir. Şeýle-de Allatagalanyň dosty, ýagny Allanyň resuly Muhammet Mustapa sallalahu alaýhy wesellem Alla ýolundaky mukaddes söweşlere gatnaşyp kapyrlar bilen köp agyr söweşleri alyp baran ynsandyr. Hezreti Muhammet Allatagalanyň gullarynyň iň adylydyr. Ol kyýamat güni imanlylara Allatagaladan şepagat sorajak ynsandyr. Oňa köp salawatlar we salamlar bolsun. Allatagaladan onuň egindeşleriniň, maşgala agzalarynyň ruhlarynyň şat, jaýlarynyň jennet bolmagyny dileýärin. Goý, oňa we onuň asylly nesil-neberesine we sahabalaryna alkyşlar bolsun! Men garyp biçäre, gaýgyly pukara “Elmüderris” lakamy bilen medresede okaýan talyp Abdylla Kudsy. Men alym, akyldar şyh Abu Abdylla ibn Mukranyň ýazan kitaplaryndan “Hökümdarlyk ýörelgelerinde oturdylmaly pähim-paýhaslar nahaly” atly kitabyny okap, harby işleri we döwlet edaralaryny düzgüne salmakda dogry ýörelgeleri öwrense boljakdygyna göz ýetirdim. Şeýle hem bu kitapdaky dürli-dürli täsin hekaýatlary we ýaşap geçen şalardyr soltanlaryň galdyran pentdir-nesihatlaryny, olaryň hikmetli rowaýatlaryny okap, olaryň many-mazmunyna düşündim. Bu kitap jahan şasy, adyllyk baýdagyny parladan, täji-tagtyň eýesi, ýurtlary eýeleýji, duşmanlarynyň ajaly, beýik soltan, şalaryň beýik şasy, halklaryň asudalygyny berkidiji Soltan Ahmet ibn Soltan Muhammet han Gazynyň ruhuna bagyş edildi. Ol beýik Allatagalanyň sözlerini açyjy, parahatçylygyň we asudalygyň ganatlaryny ýaýyjy şadyr. Ol hem Allatagala ýaly her bir yaradylany adalata we ýagşylyga çagyryar. Ol hut “Allatagala sizi ýer ýüzüniň wekilleri eýledi” diýen aýatyň manysyna mynasypdyr. Bu kitap soltanlaryň döwlet baýdagyny belent asmanda parladyşlary, dünýä ýüzünde adyllyk bilen ýurt dolandyryşlary baradadyr. Şu eserde beýik şahsyýetleriň hümmeti bilen bagtly döwletleriň nähili ýörelgeler bilen ýörändiklerine we olaryň nähili gylyk-häsiýetler bilen özüni alyp baryp, ýurdy dolandyrandyklaryna göz yetirip bilersiň. Bu kitap arap dilinde ýazylan. Adamlar bu kitaby okap peýdalansynlar diýen maksat bilen onuň ýigrimi ýedi paslyny türki diline terjime edip, jemläp kitap çykartdym. Goý, Allatagala her bir kişini üstünlik gazanylýan ýola salsyn! ▶ BIRINJI PASYL: ŞALARYŇ SYÝASATY WE ÝURT DOLANDYRYŞLARYNYŇ BEÝANY Apbasy halypalary barada şeýle bir hekaýat bar: Halypa Mamun örän bilimli, akyldar, kämil we at-abraý gazanan adam bolupdyr. Bir gün Mamun ogullaryny ýanyna cagyryp, olara: — Eý, ogullarym! Her bir şanyň güýç-kuwwaty, at-abraýy, şan-şöhraty tabynlygynda ýaşaýan uly-kiçi halkyň oňa bolan sylag hormatyna, raýatlaryň boýun egip, şanyň buýruklaryny ýerine ýetirişlerine, bütin sada halkyň pespäl bolmagyna baglydyr. Halkyň şany sylamagyna, ony söýüp, buýruklaryny gaýra goýmasyz berjaý etmeklerine, şanyň hem öz halkyna sylag-serpaýlar berip, mähir bilen, söýgi bilen hormat bildirmegine baglydyr. Elbetde, adamlaryň ýüregi olara ýagşylyk edip, mähir bildiren kişä tarap ymtylar, meýil eder. Adamlar zalymlary, husytlary ýigrenýärler. Siz şu nesihatlary ýadyňyzdan çykarmaň! —diýip nesihat etdi. Mamun ýene-de bir gün: — Eý, ogullarym! Döwleti dolandyryşda bir agyr mesele ýüze çyksa, ýa-da haýsydyr bir adam bir günä iş etse, hiç haçan ony maslahatsyz jezalandyrmaň. Ilki bilen olardan sorag-jogap ediň. Din ýolundaky tejribeli adamlar siziň bilmeýän zatlaryňyzy bilip, görmeýän zatlaryňyzy görýändirler. Olar siziň aýnaňyzdyr. Olar size nesihat edip, görkezme bererler we dogry ýoly salgy bererler —diýdi. Hekaýat. Isgenderiň halypasy, mugallymy Aristotel örän uly alym, akyldar kişi bolupdyr. Isgender döwleti dolandyrmakda bir kyn mesele ýüze çyksa, şol meseläni Aristotel bilen maslahatlaşýan eken. Isgender öz mugallymyna jany-teni bilen ynanýan eken. Aristotel nähili çözgüt çykarsa, Isgender hem şol çözgüt bilen razylaşypdyr. Günlerde bir gün Isgender öz maslahatçy ussady Aristotele: — Meniň leşgerimiň içinde hereketlerinden mese-mälim görnüp duran käbir özüne göwni ýetýänler, gomparyp erbet işlere baş goşup ýörenler we pitne turuzmak meýilli adamlar bar. Men şolardan dynmak üçin näme etmeli!—diýip sorapdyr. Dogruçyl, belent derejeli, wepaly, batyrgaý, kämil akyldar Aristotel Isgenderiň soragyna şeýle jogap beripdir: — Eý, Isgender! Sen olara halat-serpaý yap. Olara rahat ýaşamaklyga mümkinçilik döret. Olaryň puly bolsa, yzly-yzyna aýal alyp keýpi-sapada ýaşarlar. Rahat ýaşaýan adamlar güýçsüz bolarlar. Keýpi-sapada ýaşaýan adamlar gorkak bolýarlar, howp-hatarly işe baş goşup, olar öz janlaryny ynjytmazlar. Olarda belli bir maksat hem bolmaz!— diýdi. ■ Hekaýat: Bir gün Ajam şalarynyň biri Şapur şa öz wezirleriniň ikisini ýanyna çagyryp, döwlet dolandyryşy barada maslahat geçirmekligi ýüregine düwüpdir. Şol iki weziriň biri: — Eý, şahym! Siz şu gizlin maslahaty diňe biziň birimiz bilen geçirseňiz gowy bolardy. Çünki, şu syry ikimizden birimiz paş etsek, onda ikimize-de şübhelenip günäsizimize azap berip günämize galmagyňyz mümkin. Emma biziň birimiz bilen syrly maslahat geçirseňiz, ol maslahat halk içine ýaýrasa, onda gybaty şol adamyň ýaýradanlygy mälim bolar. Şeýle ýagdaý ýüze çyksa, onda diňe şol adama jeza beräýmek galýar. Eger siz meniň maslahatymy diňleseňiz, onda gorkysyz, ätiýaçsyz maslahat edip bilerdiňiz — diýip, nesihat beripdir. ■ Hekaýat: Bir gün Nowşirwan şanyň ýanyna Ahwaz welaýatynyň adamlary gelip, şol welaýatyň häkiminiň halkdan ummasyz köp möçberde salgyt alýandygyny habar berip arz-şikaýat edipdirler. Nowşirwan adamlardan alnan puly we maly şa hazynasyndan töläp: — Her bir hökümdar ýa-da häkim güýç ulanyp, zulum bilen halkyndan artykmaç pul ýa mal alyp, özüne öý gursa, onda ol öz öýüniň düýbüni ýykyp, üçegini abat eden ýalydyr — diýipdir. Nowşirwanyň häkimleriniň biri hat üsti bilen “Halky gowy dolandyrmak üçin näme etmeli!?” diýip, Nowşirwandan maslahat sorapdyr. Nowşirwan: — Halkyň gaharlanmagyna we ýigrenjine sebäp bolýan zatlardan uzagrakda durmaly. Halky mähir bilen Gün kibi çoýsaň, gowy ahlakly, edepli, rehimli häkim bolsaň, maslahatly iş alyp barsaň, halky gowy dolandyrarsyň — diýip, häkime jogap ýazypdyr. ■ Hekaýat: Ibn Abbasdan (goý, Allatagala ondan razy bolsun!) Mugawyýanyň (goý, Allatagala ondan razy bolsun!) beýle döwlete nädip eýe bolandygyny sorapdyrlar. Ibn Abbas: — Mugawyýanyň ynsanperwerligi gahar-gazapdan, sahawatlylygy bolsa, husytlykdan güýçlüdi — diýip jogap beripdir. Isgenderden: —Eý, Zülkarneýn! Dünýäde iň söýgüli zat nämedir?! — diýip sorapdyrlar. Ol: —Ynsanperwerlikli hökümdarlyk! - diýip jogap beripdir. ■ Hekaýat: Beni ümeýýe hökümdarlarynyň birine şeýle sorag bilen ýüzlenipdirler: —Siziň döwletiňiziň ýykylmagyna näme sebäp boldy?! Ol: — Biz döwlet işlerini halk wekillerine tabşyrdyk. Özümiz bolsa, nebsimize erk edip bilmän, şeýtanyň aldawlaryna ynandyk. Ýaşulularymyzyň pent-nesihatlaryny diňlemedik. Duşmanlar tarapyndan edilen we edilýän işleri ýurt baştutanlaryndan gizledik, olara wagtynda habar bermedik. Häkimleriň halka edýän zulumlaryny gizledik. Raýatlarymyzy gam-gussa, gaýgy-hasrat gaplap aldy we olar ýagşy gelejekden umytlaryny üzüp, biziň hökümdarlarymyzy ýigrenip başladylar. Ýerliksiz köp çykdaýjylar sebäpli hazynalar boşady. Leşgerimiz bizden ýüz öwrüp, duşmanlarymyza tarap bakdy. Ýaşuly aksakallar hem bizi ýigrenip, döwletimizi ýykmak üçin duşmanlara kömek etdiler. Umuman, biziň ýanymyzdaky kömekçilerimiz we tarapdarlarymyz azaldy. Ine, döwletimiziň ýykylmagyna şu zatlar hem sebäp boldy—diýipdir. ■ Hekaýat: Bir gün Apbasylar halypalaryndan bolan halypa Mansur öz hyzmatkärlerini ýygnap: — Tagtyň dört aýaga mätäç bolşy ýaly, döwleti dolandyryş işleri hem dört sany adama, ýagny dogruçyl, wepaly, gönümel we ak ýürekli adama mätäçdir. Eger tagtyň bir aýagy ýok bolsa, onda ol bir tarapa gyşarar. Döwletde şol aýdylan kişileriň birisi-de bolmasa, döwlet uzak dowam etmez — diýdi. Hyzmatkärler: — Eý, musulmanlaryň emiri! Ol dört kişi kimler bolmaly?! — diýip soradylar. Halypa Mansur: — Ol dört kişiniň birinjisi kazydyr, ol dogruçyl we adalatly bolmaly. Ikinjisi, döwletiň içeri işlerini seljerýän adam. Ol ejiziň hakyny güýçlülerden alyp bermelidir. Üçünjisi, salgyt gullukçysy. Ol adam halka zulum etmän, alan salgydyny döwlet hazynasyna bermeli. Dördünjisi bolsa, daşary ýurtlarda, goňşy döwletlerde bolup geçýän wakalary dogry we anyk öz döwletine habar berýän edaranyň başlygydyr! — diýip jogap beripdir. # Berk nahal | |
|
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |