07:31 Berk nahal-14: Kiçiniñ ula hile etmekliginiñ beýany | |
ON DÖRDÜNJI PASYL: KIÇINIŇ ULA HILE ETMEKLIGINIŇ BEÝANY
Hekaýalar
■ Hekaýat: Hezreti Muhammet pygamber alaýhyssalam Mukaddes Mekge şäherinden nurana Medine şäherine göçüp barmazyndan öň Sukur atly bir arap onuň ýanyna gelipdir-de: — Eý, Muhammer! Duşmanlarym meni öldürmek üçin yzymdan gelýärler. Sen maňa kömek et. Olar gelip, senden sorasalar, özüň jogap berewer!? — diýip ýalan sözlemekligi haýyş edipdir. Hezreti Muhammet: — Eý, ýigit! Bar sen öz ýoluň bilen gidiber. Özüm bir çäre görerin! — diýip jogap beripdir. Ol adam çykyp gidenden soňra Hezreti Muhammet oturan ýerinden turup, birazajyk aňyrrak baryp oturypdyr. Ýaňky adamyň duşmanlary ýetip gelip, ony sorapdyrlar. Muhammet alaýhyssalam olara: — Şu ýerde oturan wagtymda şu töwerekden hiç kim geçmedi! — diýip jogap berip, ol adamy ölümden halas edipdir. ■ Hekaýat: Şapur Zuleknaf wagtal-wagtal arap taýpalarynyň üstüne hüjüm edip, olary gyran-jyrana salyp talaýar eken. Günlerde bir gün Şapur beni temim taýpasynyň üstüne hüjüm etmegi maksat edinýär. Beni temimiler Şapuryň bu niýetini eşidip şol obanyň ýüz ýigrimi ýaşly ýaşulusynyň ýanyna baryp: — Eý, Amr ibn Temim! Şapur leşger çekip, biziň garşymyza gelýär. Sen bir tejribeli adam. Bize maslahat ber! –diýip soraýarlar. Amr ibn Temim: — Eý, adamlar! Siz ähli zatlaryňyzy alyp, obadan çykyp gidiň. Meni bir zenbile salyp, şahadan sallap goýuň. Birnäçe günlük iýjek-içjek zatlarymy hem şol agaja asyp gidiň. Soňra meniň özüm bir iş ederin! — diýip maslahat beripdir. Beni temimliler ýaşulynyň maslahaty bilen bolupdyrlar. Biraz wagtdan soňra Şapur öz esgerleri bilen oba giripdir. Ol öz esgerlerine: — Baryň, ol agaçdan asylgy sebedi getiriň. Göreli?! — diýip buýrupdyr. Esgerler derrew sebedi aşak düşüripdirler. Görseler sebediň içinde dişleri dökülen, saç-sakallary agaryp giden we billeri bükülen bir garry goja oturan eken. Olar garryny sebetden çykaryp: —Sen kim?! Sebede nädip düşdüň?! — diýip sorapdyrlar. Goja: — Meniň adym Amr ibn Temim ibn Ut, ibn Tanja, ibn Ylýas, ibn Muzar, ibn Nezar, men seniň agtaryp gelen obaň, ýagny beni temim obasynyň ýaşulusydyryn—diýýär. Şapur: — Hany obanyň adamlary!? Sen näme üçin olardan yza galdyň?! – diýip goja ýüzlenipdir. Goja: — Eý, Şapur patyşa! Meniň saňa bir soragym bar. Eger jogap berer ýaly bolsaň sorajak?! —diýende Şapur: — Goja nähili soragyň bolsa aýdyber. Men saňa jogap bermäge taýýar! - diýipdir. Goja Şapura ýüzlenip: — Eý, belent mertebeli şa! Biziň obamyzyň asudalygy söýüji we örän zähmetkeş halky bar. Emma sen bu obanyň asuda oturanlygyna garamazdan olaryň üstüne dökülip, urup, öldürip, talap ýörsüň. Seniň şeýle edýän hereketleriň sebäbi nämedir?! — diýip ýüzlenipdir. Şapur: — Eý, goja! Men „Araplaryň arasyndan bir pygamber döräp, Pars ýurduny basyp alyp, halky özüne tabyn edip, öz dinine geçirjekmiş” - diýip eşitdim. Şonuň üçin men arap halkyny gyryp, düýp-teýkary bilen ýok edesim gelýär. Maksadym dünýä ýüzünde siziň yzyňyzy galdyrmazlykdyr! — diýip jogap berdi. Ýene-de goja: — Eý, soltan! Pygamberiň döremegi Allatagalanyň buýrugy bilen amala aşar. Sen Hudaýyň garşysyna gidip bilmersiň. Eger Allatagalanyň rehmeti bilen araplaryň içinden pygamber dörese, onda ol halat araplaryň ýamanlygyny aňlatmaýar. Eger sen şu eşiden zatlaryňa ynanmaýan bolsaň ýa-da geljek pygamber entek gelmänkä gorkýan bolsaň, onda meniň saňa haýpym gelýär. Saňa bulardan başga näme diýjegimi bilemok. Haýpym gelýär?! — diýip sözüni jemledi. Şapur patyşa oý-pikire batypdyr. Eden işlerine puşman edipdir we gaýdyp beýle işlere baş goşmandyr. Araplar dana gojanyň parasatly sözleri bilen Şapuryň hüjüminden gutulypdyrlar. Şapur benitemimlileriň obasyndan gaýtmazyndan ozal ol akylly ýaşula: — Eý, Amr! Men saňa köp minnetdarlyk bildirýärin. Häli-häzire çenli maňa nesihat berjek adam tapylmandy. Men öz edýän işlerimiň ýalňyşdygyna düşünmän nähak ýere araplary gyryp, öldürip ýörüpdirin! — diýip, goja bilen hoşlaşypdyr. Şapuryň leşgeri obadan çykansoň, beni temimliler yzlaryna dolanyp gelipdirler. ■ Hekaýat: Günlerde bir gün Abdylla ibn Ruwwaha gyrnagynyň öýde ýeke galandygyny görüp, oňa golaýlaşyp, gyrnak bilen keýpi-sapada bolupdyr. Onuň aýaly beýle hadysanyň bolandygyny duýup: — Eý, Abdylla!? Sen gyrnak bilen jynsy aragatnaşykda bolduňmy?! — diýip sorapdyr. Abdylla inkär edipdir. Onda aýaly ýene-de ärine: — Eger-de sen gyrnaga ýakynlaşmadyk bolsaň, onda keramatly Gurhandan birnäçe setir okap ber. Men ol setirleri diňläp köşeşeýin! — diýipdir. Şonda Abdylla şu aşakdaky şygry okapdyr: Allatagalanyň izni bilen men şaýatlyk etdim Elbetde, Muhammet asmandan-da belent biribaryň ilçisidir. Elbetde, Ýahýanyň kakasy we Ýahýa üçin Allatagalanyň kabul etjek amaly bardyr. | |
|
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |