10:16 Berk nahal -2: Söweşlerde mekirlik we hileler | |
IKINJI PASYL: SÖWEŞLERDE MEKIRLIK WE HILELER ULANMAKLYGYŇ BEÝANY
Hekaýalar
■ Hekaýat: Isgender Pars yklymyny ele salyp, Hindistana tarap gitmegi maksat edinipdir. Ol: — Eger men Hindistana gitsem, Pars begleri ýene-de ýurdy meniň beglerimiň elinden alarlar. Şonuň üçin baş göteräýjek begleri, hanlary we garşyma gitmek isleýänleri öldürsem, soňra bolsa Hindistana ýola düşsem näderkä? —diýip, akyldar Aristotele hat ýazyp, ondan jogaba garaşypdyr. Beýik akyldar Aristotel Isgendere şonda şeýle jogap ýazypdyr: — Eý, Isgender! Adam öldürmek bilen ýurdy dolandyryp bolmaz. Öldüren adamlaryň çagalary, kowum-garyndaşlary, bütin ýurduň halky saňa we seniň halkyňa duşman bolar. Gowusy, sen şol ýurdyň hanlaryny her bir welaýata han, beg, häkim belleseň we olaryň arasynda agzalalyk döretseň, olar hemişe saňa mätäç bolarlar. Isgender şeýle ýörelge bilen gitdi. Erdeşir ýüze çykýança pars ýurdunda Isgenderiň ýörelgesi saklandy. ■ Hekaýat: Isgender uly goşun bilen Hindistana baranda Hindi şasy öz leşgeriniň öňünde pilleri goýup söweşipdir. Isgenderiň atlary pillerden ürküp gaçypdyrlar. Isgender yzyna dolanypdyr. Ol bir sährada ýasama piller ýasap, atlary şolaryň arasynda saklap öwrenişdirmegi buýrupdyr. Atlary pillerden gorkmaz ýaly edipdir. Soňra ýasama pilleriň içinde nebit bilen däri ýakyp hindi leşgerine garşy ugrapdyrlar. Isgenderiň atlary pillerden gorkman, göni leşgeriň içine aralaşypdyrlar. Hindileriň pilleri hem nebit bilen däri goýlan içi köwekli pilleriň üstüne hüjüm edipdirler. Ýasama pilleriň içindäki nebit bilen däri ot alanda piller gorkup yzlaryna gaçypdyrlar. Hindi leşgeri aljyrap derbi-dagyn bolýar. Şeýlelik bilen, Isgender hile bilen hindileri ýeňipdirler. Hindi Soltany ilki ýesir alyp, soňra azat edipdir. Söweş — bu hile we mekirlikdir. Her hili ýol bilen gitmekdir. Iň soňundanam ýeňmekdir. ■ Hekaýat: Isgender bir galany basyp aljak bolup birnäçe ýyllap synanyşypdyr. Ol galada iýip-içer ýaly zatlar köp eken. Isgender galadan has uzagrak bir ýerde düşleýär. Ol birtopar adama köp pul we gymmat bahaly zatlar berip, tüçjar baý edýär hem-de şol galanyň adamlary bilen aluw-satuw işlerini etmäge iberýär. Olary ugradanda Isgender şeýle tabşyryk berýär: — Siz ol galanyň adamlary bilen söwdalaşyp, olardan azyk önümlerini satyn alyň. Soňra bolsa galan azyklaryny ýakyp-ýandyryp gaçyp gaýdyň! Bu söwdagärler Isgenderiň aýdyşy ýaly ol gala barýarlar. Adamlaryň ynamyna girýärler. Galanyň adamlary: — Isgender uzaga gitdi, indi gaýdyp gelmez! — diýip, azyklaryny satyp başlaýarlar. Söwdagärler ol azyklaryň köp bölegini satyn alyp, galanlaryny ýakyp gaýdýarlar. Şeýle mekir-hile bilen Isgender şol galany basyp alypdyr. # Berk nahal | |
|
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |