10:18 Berk nahal -3: Galalary basyp almaklygyñ beýany | |
ÜÇÜNJI PASYL: GALALARY BASYP ALMAKLYGYŇ BEÝANY
Hekaýalar
■ Hekaýat: Apbasy halypalaryndan bolan halypa Mamun özüniň Ajyf atly emirini Rum diýaryndaky bir galany basyp almak üçin iberipdir. Ajyf birnäçe günläp galany basyp almak üçin gabapdyr. Galanyň içindäki adamlar duşmandan dynmaklygyň alajyny gözläpdirler. Ahyrynda galanyň ilaty galanyň golaýyndaky bir gowakda ýüz adamy gizläp goýup, Ajyfa şeýle mazmunda hat ýazypdyrlar: — Eý, Ajyf! Sen on sany emiriň bilen gel! Biz hem on sany ýaşulularymyz bilen sizi garşylap, ylalaşyk şertnamasyny baglaşmak barada maslahatlaşalyň!? Ajyf haty okap, mekirlik barada oýlanman, özüniň on sany emiri bilen galadakylar bilen maslahatlaşmaga ugrapdyr. Olar galanyň ýanyna baranda, galadan hem on kişi çykyp, iki tarap maslahata başlaýarlar. Biraz wagtdan soňra gowakda gizlenen ýüz adam çykyp, Ajyfy we onuň adamlaryny tutup, soňra galada tussaglykda saklapdyrlar. Ajyfyň leşgerbaşysy onuň ýesir alnandygyny halyp Mamuna habar beripdir. Tussaglykdaky Ajyf bolsa “Hiläni hile bilen ýeňmeli” diýip, öz ýanyna gündelik nahar gatnadýan adama günde birazajyk zäher tapyp getirmekligi buýrupdyr. Şeýlelikde, birnäçe günde Ajyf galadaky ähli adamlary zäherlär ýaly zäher toplapdyr. Ajyfyň tussaglykdadygyny eşiden halypa Mamun köp leşger bilen galany gabapdyr. Ajyfyň buýrugy bilen nahar daşaýan adamlar galanyň içindäki guýyny zäherläpdirler. Galanyň içindäkileriň dört-bäş adamdan başgasy gyryldylar. Netijede, gala uruşsyz basylyp alnypdyr. ■ Hekaýat: Haryn Reşidiň örän dogruçyl we adyl emirleriniň biri bolan Abdylmälik Rum diýaryna söweşe gidip bir galany gabapdyr. Emma, galanyň içindäkileriň gaýduwsyzlygy sebäpli galany boýun egdirip bilmän, yzyna gaýdypdyr. Onuň leşgerbaşylarynyň biri Rum ýurdunda ýaşanlygy sebäpli, rum dilini gowy bilýärdi. Onuň ady Akdagdy. Akdag atyna atlanyp, gala tarapa gidipdir. Ol gala golaý baranda bir ýaşula duşupdyr. Ol ýaşuludan: — Sen kim!? — diýip sorapdyr. Ýaşuly: — Men şu galanyň häkimi! Abdylmälik galany alyp bilmän gidenden soňra, öz ýaranlarym bilen awa-şikara çykyp azaşdym, ýeke galdym! — diýip jogap beripdir. Soňra galanyň häkimi Aktagdan: — Sen kim?! — diýip sorapdyr. Aktag: — Men şu golaýdaky galada ýaşaýaryn. Menem seniň aýdyşyň ýaly, awa-şikara çykyp, öz ýoldaşlarymdan azaşyp ýeke galdym. Men aw-şikar etmekligiň ussadydyryn — diýip jogap beripdir. Gala häkimi Akdagyň sözlerine ynanyp, onuň bilen dostlaşypdyr. Gala häkimi “Ýene-de bir gün bilelikde awa-şikara çykarys” diýip, Akdaga söz berdi. Akdag şeýle adama duşandygyna begendi we Abdylmäligiň ýanyna baryp: —Eý, emir! Allatagala sizi asudalykda saklasyn! Maňa pars milletinden müň esger ber. Enşaalla, men galany Allatagalanyň islegi bilen alaryn! — diýdi. Abdylmälik: — Eý, Akdag! Sen nädip galany ele saljak. Habar ber!? — diýende ol: — Eý, beýik emir! Esgeriň içinde duşmanyň içalysy bolaýmasyn. Sen maňa ynan. Abdylmälik: — Öz bilşiňçe et! — diýip, oňa müň leşger berip, gala tarap ugratdy. Akdag leşgerleri bilen galanyň golaýynda bir gizlin ýerde düşledi. Esgerlerine: — Siz gizlenip oturyň! — diýip tabşyryp, özi gijäniň ýarymynda gala häkimi bilen belleşen ýerine awa-şikara gidýän esbaplaryny alyp ugraýar. Häkim bilen duşuşyp, onuň bilen agşama çenli aw edýär. Awdan gaýdyp gelýärkäler gala häkimi Akdagy myhmançylyga çagyrýar. Akdag häkime ýüzlenip: — Eý, hormatly häkim! Arap leşgeri galadan uzakda däldir. Adamlaryňyzy öz ýanyňyza alyň. Bir mekir-hile bolaýmasyn?! — diýdi. Gala häkimi: — Gorkma, galanyň derwezesinde örän ynamdar adamlar durýar—diýdi. Akdag: — Eger olar ýaly bolsa, ýörüň onda gala sakçylaryndan habar alyp, öz eliňiz bilen galanyň derwezelerini gulplap gaýdyň! — diýýär. Gala häkimi Akdagyň sözüni makullap onuň aýdyşy ýaly derwezäni özi gulplap gaýdýar. Şonda Akdag gapy sakçysynyň haýsy otagda ýatandygyny görüp, belläp gaýtdy. Gije galanyň ýaşaýjylary ýatandan soňra ol ýerinden turup, ogryn baryp gala sakçysyny öldürýär we açarlary alyp derwezäni açýar. Daşarda häzir bolup duran esgerler bolsa girip, galany eýeleýärler. Şeýlelikde, gala ähli baýlygy bilen ele düşýär. # Berk nahal | |
|
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |