10:30 Berk nahal -6: Goşunyñ içinde söz ýaýratmaklygyñ beýany | |
ALTYNJY PASYL: GOŞUNYŇ IÇINDE SÖZ ÝAÝRATMAKLYGYŇ BEÝANY
■ Hekaýat: Ajam şasy Perwiz öz emirleriniň birini leşgerbaşy belläp Rum diýaryna iberipdir. Ol leşgerbaşy biraz wagtda birnäçe welaýatlary basyp alyp, ol ýerde ýaşap başlapdyr. Onuň şan-şöhraty artyp, halkyň ynamyna giripdir. Emiriň şan-şöhraty barada Perwize habar düşýär. Perwiz öz iberen emiriniň şan-şöhratynyň artyp, il ynamyna girip güýçli döwlet gurmagyndan gorkup hem-de onuň güýjünden ätiýaç edip, öz kätibine iki sany hat ýazdyrdypdyr. Ilkinji hatynda: “ Eý, leşgerbaşy! Özüňe ynamly bir adamy orunbasar belle-de, ýurdy oňa tabşyr. Özüň bolsa paýtagta, meniň ýanyma gel” diýipdir. Ikinji hatynda bolsa: “Eý, leşgerbaşy! Men ýalňyşlyk goýberipdirin. Sen şol ýurtda bolup ýurdyň araçäklerini berk gora, esgerleriň hal-ýagdaýyna gaty gowy üns ber!” diýen mazmunda hat ýazdyrtdy. Soňra ynamly adamlarynyň birini ýanyna çagyryp, hatlary onuň eline berip: — Enşaalla, sen emiriň ýanyna baranyňda ilki bilen birinji haty emiriň eline ber. Özüň bolsa haty okan wagty onuň edýän hereketlerine gowja üns ber. Onuň aýtjak sözlerini gowja diňle. Eger emir “Patyşamyzyň permany geldi” diýip, gowy hereketler etse, onda onuň içinde dönüklik we maňa garşy pikirleriň ýoklugy aýan bolar. Eger-de ol hiç zat diýmän, gahar-gazap atyna atlansa we ýüzüni çytyp, hatyň gelendigine begenmese, onda onuň içinde dönüklik we maňa garşy pikirleriň bardygy aýan bolar. Eger ýagdaý şeýle bolsa, onda birnäçe günden soňra ikinji haty berersiň — diýip, berk tabşyryk berip ugratdy. Habarçy patyşanyň namalaryny alyp, Rum welaýatyna ugraýar. Ol leşgerbaşy emiriň ýanyna baryp patyşanyň ilkinji hatyny oňa gowşurýar we onuň edýän hereketlerini üns bilen synlaýar. Leşgerbaşy emir haty açyp okandan soňra: — Bäh?! Patyşa meniň bu ýerde şan-şöhrat gazananyma göriplik edýärmikä?! Ol aklyndan azaşdymyka?! Duşman araçäginden meniň ýaly leşgerbaşy aýrylsa, duşmanyň güýçlenjekdigini patyşamyz bilmeýärmikä?! Menden başga bir adam bu wezipäni başaryp bilmez! — diýip, derrew öz leşgerlerini ýygnap, patyşadan gelen haty olara hem okap berýär. Onuň serkerdeleri hem emiriň patyşanyň ýanyna gitmegine garşy bolýarlar. Habarçy birnäçe günden soňra ikinji haty hem emire berdi. Emir ikinji namany okap görüp: „Bu patyşanyň haty däldir. Muny başga biri ýazandyr” diýip hemmeden gizläp, mekirlik ýoly bilen, Rum şasyna hat ýazyp, öz adyndan ilçi iberýär. Ol öz namasynda: “ Eý, Rum soltany! Eger siz Pars ülkesini almakda maňa kömek etseňiz, Yrak ýurduna geçmäge ýol bereýin hem-de öz leşgerlerim bilen size kömek edeýin!?: diýip ýazýar. Rum soltany leşgerbaşynyň hatyny okap, onuň pikirini iki elläp goldady. Onuň bilen şertnama baglaşdy we Pars ýurduna gidýän ýollara garawullar goýdy, ýollary baglady. Şol ýollardan adam geçip bilmedi. Rum soltany köp leşgeri bilen Yrak welaýatynyň köp etraplaryny basyp aldy. Birnäçe wagtdan soňra Pars welaýatynyň şasy bu habary eşitdi. Pars patyşasynyň esger ýygnamaga wagty ýokdy. Şonuň üçin ol „Esger bolmasa hem, mekirlik bilen duşmany ýeňmekligiň wagty geldi” diýip, başyny aşak salyp, Allatagala ýalbaryp başlady. Soňra ol özüniň dönüklik eden emirine hat ýazýar. Ol hatda: „Sen Rum leşgerini Yrak tarapa geçirip, birtopar welaýatlary aldyrtdyň. Indi sen şol leşgeriň yzyndan, menem öňünden çykyp olary gylyçdan geçireli. Çünki seniň bu eden işiň ikimiziň hem peýdamyza boldy. Hudaý halasa, seniň haýyrly işiň sebäbi bilen, biz ýeňiş gazanarys. Men hem Yrak tarapa leşger çekip ugrajak. Soňra Yragy we Rumy basyp almak miýesser etse, Rum welaýatynyň emirligini hem saňa tabşyrjak” diýip ýazdyrtdy. Şa bir ynamdar adam tapyp, haty onuň eline berip: — Şu haty şol araçäkdäki biziň leşgerbaşy emirimize tabşyr — diýýär! Pars şasy öz ynamdar adamsyna ýene-de: — Sen ýoldan geçip barýarkaň, Rum soltanynyň leşgerine duş gelseň, şu hat barada dil ýaraýma. Eger-de Rum leşgeri şu haty senden tapsa, onda hatyňy alar-da seni öldürer — diýip gorkuzýar. Ol ynamdar adam barýarka, Rum leşgeriniň eline düşýär. Rum leşgeri habarçyny Rum soltanynyň ýanyny alyp barýar. Soňra pars şasy leşgerbaşynyň adyndan ýene-de bir haty öz adyna, ýagny pars şasynyň adyna ýazýar. Hatda: „Hudaýa şükür! Biziň düzen meýilnamamyz ugruna barýar. Rum soltany leşgeri bilen Yrak tarapa geçende, sen öňünden çyk, men bolsa onuň yzyndan hüjüm ederin. Biz bu barada öňden gürleşipdik. Şol şertimiz boýunça hem hereket edeli!?” diýen jümleler bardy. Pars şasynyň ýazan iki haty hem Rum soltanynyň eline düşýär. Pars şasy bu hatlary ýollandan soňra öz leşgeri bilen Rum soltanyna tarap gaýdýar. Rum soltany şol iki hat gatnadyjyny ýenjip olardan maglumat alýar. Olaryň birinjisi Pars şasynyň hatyny onuň leşgerbasysyna alyp barýandygyny, ikinji çapar bolsa leşgerbaşynyň hatyny Pars şasyna getirýändigini “boýun” alýarlar. Rum soltany iki hatyň mazmumyny okap, howsala düşüp, bütin leşgerini alyp, öz ýurduna gaýdýar. Ýöne, Pars şasy öz leşgeri bilen Rum soltanynyň alnyndan çykyp, onuň köp leşgerini gyryp, käbirini ýesir alyp ýeňýär. Şol leşgerbaşy Rum soltanynyň ýeňlendigini eşidip, kalbyna howsala düşüp, öz eden gabahat işini gizlemekçi bolup, Pars şasynyň alnyndan çykyp, köp leşgeriniň ölümine sebäp bolýar. ■ Hekaýat: Hajjaç ibn Ýusup Basra welaýatynyň ýanynda Aşgasyň ogly Abdyrahman bilen söweşip, ýeňlip yzyna gaýdypdyr. Ol Basra galasyna gelip Abdyrahmanyň leşgerleriniň Basra galasyna girip-çykmaklygyna ýol bermändir. Hajjajyň hyzmatkärleriniň biri: — Eý, emir! Abdyrahmanyň leşgerlerine Basra galasyna girmekligi gadagan etmäň. Sebäbi olar öz maşgalalaryny we dogan-garyndaşlaryny görmäge gelýärler — diýip oňa ýüzlenipdir. Hajjaç bu hyzmatkäriň sözüni makul bilip, gadagan etmäni ýatyrypdyr. Abdyrahmanyň Basra gelýän eşgerleriniň hossarlary olary yzlaryna goýbermeýärler. Şeýlelikde Abdyrahmanyň goşunynyň sany azalýar we güýji kemelýär. Güýçsüz leşgeri ýeňmek bolsa aňsat bolýar. Birnäçe wagtdan soňra Hajjaç öz leşgerleri bilen Abdyrahmanyň gözlegine çykypdyr. Ol Abdyrahmanyň goşunynyň galan-gaçanlaryny tutup öldüripdir. Goşunbaşylaryny bolsa ýesir alypdyr. Şeýlelikde, Abdyrahmanyň leşgeri aňsatlyk bilen derbi-dagyn edilýär. ■ Hekaýat: Müslimiň ogly Kuteýba Samarkant şäherine baryp, birnäçe günläp ony gabapdyr. Ýöne oňa şähere girmeklik başartmandyr. Şol ýerde hem ol ogluny öýerjek bolup, uly toýa başlaýar. Töwerekdäki obalardan mal-garalar we hurma ýaly miwelerdir gök önümler ýygnalyp getirilýär. Kuteýba ynamdar adamlarynyň birnäçesini ýanyna çagyryp: — Galanyň häkiminden rugsat alyp galanyň içine giriň! Ol kowumyň ýaşulularyna: „Müslimiň ogly Kuteýba ogluny öýermek üçin töwerek-daşdan dürli iýmitleri, aýdymçy sazandalary ýygnady. Size köp salam ýollady. Sizi öz toýuna çagyrýar” — diýip aýtmaklygy tabşyrdy. Olar baryp, galanyň häkiminden rugsat alyp, Kuteýbanyň toý çakylygyny galanyň ýaşulularyna ýetirýärler. Galanyň içindäki ýaşulular birek-birek bilen maslahatlaşyp: — Gije Kuteýba we onuň esgerleri iýip-içip uka giderler. Şonda biz hem pursatdan peýdalanarys — diýip, bir netijä gelip çakylykça: — Müslim ogly Kuteýba biziň salamymyzy ýetir. Biz agşam toýa bararys! — diýip, ony ugratdylar. Çakylykçy olaryň agşam toýa geljekdiklerini Kuteýba buşlady. Kuteýba samarkantlylaryň geljekdiklerini eşidip, olaryň ýolunda müň sany edermen leşgerini gizläp goýdy. Şeýlelikde, Samarkant şäheriniň ýaşululary galadan çykyp, Kuteýbanyň toýuna gelýärkäler, olary ýesir alyp, galany basyp alypdyrlar. ■ Hekaýat: Gadym zamanlarda bir patyşanyň üstüne düşman leşgeriniň dökülendigini habar beripdirler. Patyşa köp mukdardaky arpanyň üstüne zäher dökdürip, duşmanyň gelýän ýolunda goýdurypdyp. Duşman leşgeriniň atlary ondan iýip heläk bolupdyrlar. Patyşa duşmanyň pyýada galan leşgeriniň üstüne hüjüm edip, olaryň barysyny aňsatlyk bilen gyrypdyr. # Berk nahal | |
|
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |