17:20 Berk nahal -7: Goşuny bölünmekden saklamagyñ we agzalalygy ýok etmegiñ beýany | |
ÝEDINJI PASYL: GOŞUNY BÖLÜNMEKDEN SAKLAMAKLYGYŇ WE AGZALALYGY ÝOK ETMEKLIGIŇ BEÝANY
Hekaýalar
■ Hekaýat: Konstantin atly Rum soltany garrap, güýç-kuwwatdan aýrylyp, ejizlän wagty Rum döwletiniň emirleridir, wezirleri we onuň duşmanlary Rum soltanyny tagtyndan düşürmek maksady bilen, oňa şeýle haýyş bilen ýüzlenipdirler: — Eý, Rum ülkesiniň soltany! Gynansagam, sen indi ep-esli ýaşadyň, güýç-kuwwatdan galdyň. Indi seniň ornuňa başga kişini şa belläli. Sen öz hyzmatkärleriň, kowum-garyndaşlaryň bilen maslahat et-de, şalyk tagtyny boşatmagyň çäresini tap!? Rum soltany: — Siz dogry aýdýarsyňyz! Men öz ýaranlarym bilen maslahat edeýin — diýip olaryň sözüni ret etmedi. Soltan soň özüniň golaý ýaranlaryny ýygnap, olar bilen emirleriň aýdan meselesini ara alyp maslahatlaşypdyr. Golaý egindeşleri oňa: — Eý, soltanym! Şu wagt olara garşy söz aýtmaklyk gowulygyň üstünden eltmez. Bu işi mekirlik we hile bilen çözmek gerek?! — diýip ýüzlenipdirler. Soltan olardan: — Ol nähili mekir, hile?! — diýip sorapdyr. Soltan Konstantiniň wepaly dostlary: — Sen öz emirleriňden Beýtil Mukaddese gitmek üçin rugsat al. Olara „Men mukaddes ýerden gelenimden soňra siz kimi makullasaňyz soltan belläp bilersiňiz” diýip aýdyň. Beýtil Mukaddese baryp, Musa pygamberiň we Isa pygamberiň dindarlaryny ýanyňyza çagyryp, olar bilen din barada söhbetdeşlik ediň. Olaryň edýän maslahatlaryny we jedellerini diňläniňizden soňra täzeden Isa dinini özüňize we halkyňyza saýlap alyň. Häzirki döwürde seniň halkyň köpüsi Musa dinini we Isa dinini goýup, üçünji bir dini, ýagny köphudaýlylyk dinini kabul edipdirler. Sen Beýtil Mukaddesden Isanyň dinini kabul edip geleniňden soňra tarapdarlaryň köpeler. Çünki Isa dinindäkileriň barysy seni goldap başlarlar. Sen öz garşydaşlaryňy Isa dinine çagyrarsyň. Eger dine girmeseler, onda gylyçdan geçirersiň. Şeýlelikde, ýurduň we diwanyň içine agzalalyk düşer. Sen bolsa din agzalalygy syýasaty bilen olaryň elinden gutularsyň?! — diýip maslahat beripdirler. Soltan Konstantin bularyň beren maslahatyny kabul edip, wezir-wekillerini ýygnap: — Men Beýtil Mukaddese baryp geleýin. Soňra siz haýsy adamy soltan saýlasaňyz men ret etmen! — diýip, olar bilen hoşlaşyp Beýtil Mukaddese gidipdir. Ol ýerde Musa we Isa dininiň dindarlaryny ýygnap: — Dinleriň ikisine-de meniň şübhäm bar. Men olaryň haýsysynyň dogrudygyny bilemok. Siz maňa şony düşündiriň!? — diýip, olardan haýyş etdi. Ulamalar din barada jedelleşip, her haýsysy öz dinine gowy diýdiler. Soltan Isa dinini saýlap aldy-da, ol dindäkileri özüne tabyn edip, olardan goşun düzdi. Ýurduna gelip, ähli halkyny Isa dinine çagyrdy. Garşy çykanlaryň ýoguna ýandy. Şeýlelikde, halkyň arasynda agzalalyk döredi. Emirlerdir wezirleriň hem-de duşmanlarynyň arasynda dini agzalalyk syýasaty höküm sürdi. Şa Isa dinine girenleri öz esgerlerine goşup, leşger sanyny köpeltdi. Täze döredilen goşuny özlerine garşy çykan topara garşy küşgürdi. Olaryň köpüsi öldürildi. Ondan soňra soltan Konstantinopol şäheriniň düýbüni tutdy. Taryhda mälim bolan köp sanly binalary saldyrtdy. Ol şeýle mekir-hile bilen öz döwletini aman saklady we asudalyk bilen ýurduny dolandyrmagyny dowam etdi. ■ Hekaýat: Pygamber aleýhyssalamyň sahabalary (goý, Allatagala olaryň jaýlaryny jennet etsin!) Rum ýurdundaky kapyrlaryň üstüne hüjüm edip, olaryň aýal-gyzlaryny, oglan-uşaklaryny ýesir alyp, mal-mülklerini talaýardylar. Kapyrlar arz edip, Rum soltanynyň ýanyna baryp, musulmanlardan şikaýat edipdirler. Rum soltany: — Eý, adamlar! Siz bir baý, barly we hiç zada mätäç bolmadyk adamlar. Altyndyr kümüş şaý-seplerine bezenen owadan aýal-gyzlaryňyz bar. Heriňiz öz öýli-öýleriňizde rahat ýaşaýarsyňyz, arap biçäreleri bolsa çölde ýaşap ýören halk. Ýaşaýyşlary we gün-güzeranlary kyn. Köp zatlardan mahrum. Garynlary aç, tenleri ýalaňaç. Olar günüň astynda köýüp-ýanyp, agyr durmuşy başlaryndan geçirýän çydamly halk. Muhammet Mustapa (goý, onuň maşgala agzalarynyň ählisine salamlar bolsun) arap halkyna: „Her biriňiz bir kapyry öldürseňiz, ol dünýäde size jennet mekany, rahatlyk, hüýr-periler beriler” diýip wada beripdir. Eger araplar sizi öldürende, aýal-gyzlaryňyzy ýesir alanlarynda we mal-mülküňizi talan wagtlary biz, ýagny kapyrlar olary öldürsek, onda olar şehit bolarlar. Şehitler bolsa o dünýäde jennete baryp rahatlykda ýaşarlar. Şonuň üçin musulmanlar ahyrky demlerine çenli söweşerler. Siz olary ýeňip bilmersiňiz. Şonuň üçin siziň olara pul, mal-mülk berip we şertnama baglaşyp ýaşamakdan başga çäräňiz ýokdur” diýende maslahata gelenleriň käbirleri huşundan gidip ýykylypdyrlar. Biraz wagtdan soňra huşuna gelip: — Eý, Rum soltany! Biz indi näme etmeli?! Ömür boýy araplara bakna bolup ýaşamalymy! — diýip ýüzlenenlerinde, Rum soltany: — Adamlar, maňa gulak asyň! Biraz wagt geçenden soňra araplar hem siz ýaly halk bolar. Belki, sizden hem baýrak bolarlar. Pygamberi görenler ýa-da onuň işini dowam etdirýän adamlar ýogalyp giderler. Täze nesiller gadym döwürdäki zatlary bilmezler ýa-da unudarlar. Olaryň hem öý-işikleri siziňkä meňzär. Owadan geýnüwli aýal-gyzlary bolar, garynlary dok bolar. Şonda olar hem siz ýaly ýalta çydamsyz bolup, söweşip bilmezler. Söweşden elleri sowar — diýip, paýhasly jogap beripdir. ■ Hekaýat: Hezreti Aly (goý, Alla onuň jaýyny jennet etsin!) zamanynda Mugawyýa (goý, Alla onuň jaýyny jennet etsin!) ikisiniň arasynda Syffyn atly ýerde üç gije-gündizläp gazap söweş bolupdyr. Mugawyýanyň goşuny ýeňlende, ol söweş ýerini taşlap gaçmakçy bolýar. Şonda Mugawyýanyň Amr bin As atly leşgerbaşysy: — Eý, Mugawyýa! Gaçma! Gel, Gurhany naýzalaryň ujuna göterip, leşgeri Gurhana çagyraly?! — diýip maslahat beripdir. Mugawyýanyň leşgeri Gurhany naýzanyň ujuna göterip: — Eý, musulmanlar! Duruň! Gurhanda näme ýazylan bolsa şoňa laýyk amal edeliň?! — diýip, Alynyň leşgerine ýüzlenipdirler. Şonda Alynyň leşgeri din üçin söweşýändikleri sebäpli, gylyçlaryny gynlaryna salyp: — Biz öz musulman doganlarymyza gylyç urmarys — diýşip söweşden el çekipdirler. Hezreti Aly: — Eý, musulmanlar! Mugawyýa din üçin däl-de, dünýä üçin söweşýär. Ol halypalygy ele saljak bolýar. Ol Gurhany öňe tutup, mekirlik we hile gurýar. Siz oňa aldanmaň! — diýip hernäçe nesihat etse-de, hiç bir kişi ony diňlemändir, onuň aýdýan sözlerine üns bermändirler. Alynyň goşunyndan Üştür atly bir är kişi Mugawyýanyň oturýan ýerine hüjüm edip birnäçe adamy öldürip, oňa golaý baryp: — Eý, musulmanlaryň emiri! Geliň, parahatlyk barada gürleşeliň. Bolmasa-da, gel biziň bilen söweş!? —diýýär. Soňra Hezreti Aly söweşe giren Mälik Üştüriň ýanyna öz ogly Hasany iberip, söweşi bes etmegi buýurdy. Söweş iki tarapdan hem togtadyldy. Mugawyýa tarapyndan Amr ibn As, Hezreti Aly tarapyndan bolsa Abu Musa Aşgary wekil bellenildi. Soňra wekil billenen Amr ibn As we Musa Aşgary halkyň arasyndaky dawa-jeňjeliň soňuna çykyp, halypa saýlamak barada pikirlenişip başladylar. Amr ibn As hilegärlik edip, Abu Musany aldaýar. Olar birbada: — Alynam, Mugawyýanam halypalykdan boşadyp, başga bir akylly-paýhasly kişini halypa bellemeli— diyen çözgüde geldiler. Soňra olaryň ikisi-de münbere çykdy. Amr ibn As çykyş etmek gezegini ilki Abu Musa berdi. Abu Musa Aşgary münbere çykyp: — Allatagala hamdy-senalar bolsun. Pygambere we onuň maşgalasyna, sahabalaryna hem-de musulman emirlerine salamlar bolsun. Ine, şu köwşümi aýagymdan çykaryşym ýaly, Alyny halypalykdan boşatmak kararyna geldik. Indi galan meseleler barada Amr ibn As size gürrüň berer — diýip, köwşüni aýagyndan çykaryp, münberden düşüp gidipdir. Soňra Amr ibn As Allatagala hamdy-senalar aýdyp, Muhammet Mustapa hem-de onuň maşgala agzalaryna, halypalara, şehitlere Allatagaladan şepagatlar isläp: — Şu ýüzügi barmagyma ötürşim ýaly, Mugawyýany hemişelik halypa belledik — diýip, barmagyna ýüzügini ötürip, münberden düşüp gidipdir. Hezreti Alynyň (goý, Alla ondan razy bolsun!) goşuny üçe bölünipdir. Bir bölegi Ala tarap, ikinji bölegi Mugawiýa tarap gidipdir. Üçünji bölegi bolsa, olaryň hiç birini hem saýlaman özbaşdak bolupdyrlar. Käbirleri bolsa öýli-öýlerine gaýdypdyrlar. | |
|
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Ynsap bizden aýrylmasyn... / hekaýa - 14.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |