17:23 Berk nahal -8: Pitneçileri we bozgaklary ýola salmaklygyñ beýany | |
SEKIZINJI PASYL: PITNEÇILER WE BOZGAKLAR BILEN IŞ SALYŞMAKLYGYŇ HEM-DE OLARY DÜZGÜNE SALMAKLYGYŇ BEÝANY
■ Hekaýat: Heniz halypa Mamun Merw welaýatyndaka Apbasylaryň paýtagty bolan Bagdat şäherinde Sehil ibn Sallama atly bir adam peýda bolup, halk içinde Allatagalanyň gadagan eden zatlaryny ýaýratmak bilen meşgul bolupdyr. Şeýlelikde, onuň şan-şöhraty artyp, töweregine adamlary ýygnap hem-de gün-günden ygtybary we tarapdarlary köpelipdir. Onuň döwleti howp astyna goýmak ähtimaly bolandygy sebäpli, bu hatarly herekete çäre görmek üçin halyp Mamun Sümäme ibn Eşres atly akyldary öz ýanyna çagyryp, oňa mesele babatda sala salypdyr. Sümäme ibn Eşres: — Eý, soltanym! Biraz sabr ediň! —diýip jogap berýär. Sehil ibn Sallamanyň adamlarynyň sany müňe ýetende, halypa Mamun Sümämeden ýene çäre soraýar. Ol: — Soltanym! Ýene-de, bir azajyk sabyr ediň!? —diýýär. Birnäçe wagtdan soňra halypa Mamun ýene-de ony ýanyna çagyryp: — Eý, Sümäme?! Indi bu pitneçileriň tarapdarlarynyň sany bäş müňe ýetdi. Indi bir çäre gör ahyry?! —diýip ýüzlendi. Sümäme: — Hawa, soltanym! Indi çäre görsek bolar! — diýip jogap beripdir. Halypa: — Eý, Sümäme! Şol pitneçi Sehiliň adamlarynyň sany bäş ýüz kişikä sen „biraz garaş” diýdiň. Indi onuň adamlarynyň sany bäş müňden hem artdy. Indi giç bolmadymyka?! Men seniň bu sözleriň syryny bilip bilmedim?! — diýip, Sümämeden sorapdyr. Şonda Sümäme: — Eý, hormatly halypa Mamun! Sehil ýaňy çykyş edip başlan wagtlary adamlar onuň aýdýan zatlaryny täsin bir zatmyka öýdüp, onuň tarapyna geçýärdiler. Olaryň sany gün-günden köpelýärdi. Şol wagt biz olara päsgel beren bolsak, onda utulardyk. Indi, olaryň adamlarynyň sany has-da artdy. Köp sanly adamlaryň içinde dürli-dürli pikirler hem bolup, oňa garşydaşlar hem tapylýar. Şeýlelikde, birek-biregiň arasynda agzalalyk döreýär. Agzalalyk bar ýerinde bolsa adamlar ejizläp başlaýarlar. Ine, şu mahal siz olary aňsatlyk bilen ele salyp bilersiňiz! —diýip jogap berdi. — Halypa Mamun Sümämäniň jogabyny eşidenden soňra Merw welaýatyndan Bagdada—Behiştabada howlugýar. Sehil bilen aragatnaşygy ýola goýýar. Göräýmäge halypa oňa hemaýatkärlik edýän ýalydy. Oňa hezzet-hormat bildirip, häkimlige çagyrdy hem-de Sehili birnäçe wagtlap halkyň gözünden uzagrakda saklady. Oňa döwlet edarasyndaky mertebeli işleri tabşyrdy. Şeýlelikde, halk ony unutdy. Onuň halk bilen aragatnaşygy gowşandan soňra halypa Mamun „Sehiliň hasabat kitabynda ýetmezçilikler bar” bahanasy bilen tussag edip, zyndana taşlapdyr. Ol zyndanda aradan çykypdyr. ■ Hekaýat: Halypa Mamun tarapyndan Sind welaýatyna häkim bellenen Beşiriň şan-şöhraty artyp, ýetjek derejesine ýeten mahaly halypa garşy pitne turzupdyr we onuň tabynlygyndan çykypdyr. Mamun ony jezalandyrmak üçin onuň garşysyna özüniň akylly we zehinli emiri Gasan ibn Ybady iki müň sany söweşjeň goşun bilen iberýär. Gasan Sind welaýatynyň galalarynyň birinde düşläp, şol welaýatyň leşgerbaşylaryna we edara ýolbaşçylaryna: „Eý, Sind leşgerbaşylary we ýaşululary! Siziň jahan halypasy Mamuna dönüklik edip, pitne turuzýanyňyzdan alyjenap halypamyz habarly. Şonuň üçin ol Sind welaýatyna meni häkim belläp, siziň ýanyňyza ugratdy. Eger-de siz halypa tabyn bolup, Beşirden ýüz öwürseňiz, onda halypa öz geçirimliligi bilen baryňyzyň günäleriňizi geçip, ýene-de öňki wezipeleriňizi berer. Eger pitneçi, dönük Beşire goşulsaňyz, onda tussaga alnyp, zyndana taşlanmagyňyz mümkindir!” diýip ýazylan haty ynamdar bir kişiden iberýär. Bu hatyň yzýany halypa Mamunyň adyndan hut Beşiriň öz adyna şeýle mazmunda hat ýazdyrýar: „Hormatly Sind welaýatynyň häkimi Beşir ibn Dawut! Seniň turuzan gozgalaňyň barada maňa habar berdiler. Adam ýalňyşman bilmez. Men seniň ornuňa Sind welaýatyna häkim edip, Gasany belledim. Ol uly goşun bilen seniň ýanyňa barar. Seniň öňki eden hyzmatlaryň üçin ol saňa amanlyk berer. Emma sen meniň buýrugymy kabul etmän, maňa garşy çyksaň, onda seniň mal-mülküňi, maşgalaňy eliňden alyp, azar bermegimiz hem-de zyndana taşlamagymyz mümkin. Bize tabyn bolsaň, beýle zatlardan özüňi halas edersiň!” Gasan ikinji haty hem ynamdar adamdan ygradýar. Beşir namany alyp, leşgerbaşylara we ýaşululara okap beripdir, olardan maslahat sorapdyr. Olar: — Şanyň permanlaryna tabyn bolmaklyk barymyza wajypdyr — diýip jogap beripdirler. Şeýlelikde, Gasan bary-ýogy iki sany namanyň üsti bilen üstünlik gazanýar. Soňra Gasan Beşiriň ornuna häkim bolup, ony Bagdada iberýär. Ol şol ýerde hem aradan çykýar. Hekaýat: Halypa Mamun öz emirleriniň biri Aly ibn Hişşary köp sanly leşgere ýolbaşçy belläp, Baýbek atly bir adam bilen söweşmek üçin Azerbaýjana iberipdir. Halypa Mamunyň özi bolsa Rum soltanynyň üstüne gidipdir. Aly ibn Hişşary Azerbaýjany we başga-da birnäçe ülkeleridir şäherleri basyp alyp, şan-şöhrata we köp mal-mülke eýe bolupdyr. Onuň at-abraýyny eşiden Mamun soltanlygyna howp abanjakdygy barada howatyrlanýar. Şonuň üçin ol Aly ibn Hişşaryny emirlikden boşadyp, ýerine başga birini bellemegi maksat edinýär. Aly ibn Hişşary halypanyň şeýle niýetiniň bardygyny aňyp, öz ýaranlary bilen maslahat geçirýär. Ol: — Mamun, biziň gylyjymyz arkaly gazanan mal-mülkümizi, abraýymyzy elimizden alyp, başga birine bermekçi bolýar?! — diýip, öz leşgerbaşylaryny, emirlerini halypa Mamunyň garşysyna pitne turzup dönüklik etmeklige çagyrypdyr. Halypa Mamun Alynyň beýle niýetiniň bardygyny eşidip, Ujyp atly serdaryny az sanly goşun bilen Alynyň garşysyna ugradýar. Ýöne Ujyp Alynyň ýanyna gitmänkä, Mamun oňa: — Enşaalla, sen Alynyň ýanyna ýetip bararsyň. Sen Ala „Men seniň bilen halypanyň arasynda araçy bolaýyn diýen niýet bilen geldim. Sen öz päliňden gaýdyp, halypa Mamuna tabyn bolsaň, emirlik wezipäňi eliňde galdyrmaklyga kömek edeýin” diýip aýt. Ýöne onuň leşgerbaşylaryna we serdarlaryna gizlin halat-serpaý ýap. Ýumşak sözler bilen olaryň göwnüni awla. Umuman, olary Alydan daşlaşdyr! — diýip maslahat beripdir. Ujyp Alynyň ýanyna baran wagty Ala: — Seni halypa bilen ýaraşdyrmaklyk üçin araçy bolup geldim! — diýende, Aly özüniň güýç-kuwwatyna, mal-mülküne daýanyp, gödeklik bilen Ujypa: — Sen maňa maslahat berjek bolma. Sesiňi kes, bolmasa başyňy alaryn?! — diýip, oňa haýbat atypdyr. Ujyp gaharyny ýuwdup ony köşeşdirýär. Ondan ötünç sorap çykyp gaýdýär. Ol Alynyň leşgerbaşylarydyr emirleri bilen gizlin duşuşyp, olara: — Halypaň garşysyna gitmekligiňize siz günäli däl. Halypa size salam ýollady. Siziň derejäňizi ýokary götermegi wada berdi - diýip halat-serpaýlar ýapyp, olaryň barysynyň başyny aýlaýar. Ujyp Alynyň leşgerbaşylarynyň ýanynda halypanyň özüni Azerbaýjana emir belländigi baradaky buýrugyny okap berýär. Aly ýene-de öňküsi ýaly haýbat atyp başlaýar. Emma oňa hiç kim üns bermändir. Aly bu ýagdaýa göz ýetirip gaçýar. Öz ýaranlary ony tutup, Ujypa tabşyrypdyrlar. Ujyp Alyny ýurduň paýtagty Bagdada iberýär. Bagdada getirilenden soňra, halypanyň buýrugy bilen, Aly ibn Hişşary dardan asýarlar. | |
|
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |