15:36 Beýbars | |
BEÝBARS
Taryhy şahslar
Müsür taryhynda yz galdyran ýene bir türkmen soltany Az-Zahyr Beýbars al-Bundukdardyr. Ol 1223 — 1225-nji ýyllarda doglan diýlip çaklanýar. Ady «Barslaryň begi» manysyny berýän Beýbarsa türki halklaryň köpüsi özüni deň şärik saýýarlar. Müsürli taryhçy al-Aýnynyň «Ikd’ul-Juman fi-Tarihi Ehli-z Zaman» («Döwürdeşleriň dür monjugyna düzülen taryhy») diýen kitabynda ol hakda söz açyp: «Gypjak sähralarynda dünýä inen Beýbars ibn Abdylla türkmenleriň uly taýpalarynyň biri burjlara degişlidir» diýip ýazýar. Meşhur taryhçy an-Nuweýri bolsa «Beýbars türkmendir (türkdür), ol oguzlaryň ýaparly taýpasyndan» diýip belleýär. Beýbars hakda uly göwrümli makala ýazan arapşynas alym R.Gylyjow çeşmeleriň aglaba böleginiň, has dogrusy, ählisiniň diýen ýaly Beýbarsyň türkmendigini tassyklaýandygyny nygtaýar. Beýbarsyň urugynyň aslynyň Maňgyşlakda ýaşandygy hakda maglumat bar. Taryhçy Öwez Gündogdyýew Beýbarsy türkmenleriň burjogly taýpasyndan hasaplap, taýpanyň oňonynyň börüdigini, onuň kaýy, taryg, dokuzoba taýpalary bilen birlikde oguz taýpalarynyň uly birleşmesine girendigini ýazýar. Beýbarsyň burjogullary taýpasyndandygyny onuň döwürdeşleri-de, ondan soňky müsürli taryhçylar-da tassyklaýarlar. Ibn Wasyl (1207 — 1297 ý.), Ibn Şeddad (1217 — 1285 ý.), Ibn Abduzahyr (1223 — 1293 ý.), al-Makrizi (1356 — 1441 ý.), al-Aýny (1361 — 1451 ý.), Ibn Iýas (1448 — 1524 ý.) ýaly taryhçylar öz işlerini Beýbarsyň hökümdarlygyna bagyşlapdyrlar. Ykbal Beýbarsy 14 ýaşynda gul edilip satylyp, Krymyň üsti bilen Siriýa, ol ýerdenem Müsüre eltýär. Taryhçylar Ibn Taňryberdiniň, Ibn Iýasyň Beýbarsyň aýalynyň Eýýuby soltany Mälik Salyh tarapyndan Müsüre çagyrylan horezmlileriň serdary Husameddin Berke-han ibn Döwlet-han al-Horezminiň gyzy bolandygyny beýan etmegi, onuň nesil-nebere daragtynyň türkmendigini ýene-de bir gezek tekrarlasa gerek. Beýbarsyň Memluk türkmenleriniň döwletiniň esaslandyrylmagynda bitiren hyzmaty uludyr. Ol Aýbeg Türkmeniň tagta geçmegine goldaw berýär. Aýbegiň meşhur serkerde Aktaýy jezalandyrmagyndan göwni galyp, 1255 — 1259-njy ýyllarda Siriýa gidýär. Kutuzyň ýaraşyk syýasatyna boýun sunup, 34-36 ýaşlarynda Müsüre dolanýar. Entek tagta geçmänkä, 35-37 ýaşynda Aýn-i Jalut söweşinde Kutuzyň ýanynda ajaýyp ýeňiş gazanýar. Beýbars, takmynan, 37-39 ýaşlarynda (1260-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda) «Mälik az-Zahyr Rukneddin» derejesini alyp, tagta oturýar. Beýbars Memluk türkmenleriniň Bahry şahasynyň taryhynda täze bir döwrüň başyny başlady. Özüniň başarjaň syýasaty netijesinde ol 17 ýyllap (1260 — 1277 ý.) hökümdar boldy. Beýbars mongollaryň memluk ülkesine eden çozuşlaryny üç gezek (1265, 1269, 1271-nji ýyllar) başarjaňlyk bilen yza serpikdiripdir. Beýbars mongollar babatda diňe bir goranyş häsiýetindäki syýasaty ýöretmän, olaryň üstüne hüjümler edip, memluklaryň güýjüni görkezipdir. Bu göreşde Anadolydaky türkmen beglikleriniň goldawyny gazanyp bilipdir. 1275-nji ýylda mongollara garşy ýörişinde ony Gara deňziniň Sinop, Samsun etraplarynda gurlan türkmenleriň Perwana ogullary begliginiň hökümdary Muyneddin Süleýman goldapdyr. Beýbars mongollara garşy Elbistan söweşinde (15.04.1277 ý.) ajaýyp ýeňiş gazanyp, Kaýsaryda Seljuk türkmenleriniň tagtynda oturypdyr. Mongol hökümdary Abaka handan gorkusyna käbir seljuk begleri Beýbarsy bu ýeňşi bilen gutlamaga gelmänsoň, ol gahar bilen Müsüre dolanypdyr. Beýbars daşary syýasatda ikinji ugry — haçparazlara garşy göreşi hem ahmal etmändir. Haçparazlara garşy ilkinji ýeňşini 25-27 ýaşlarynda (1250-nji ý.) Eýýuby goşunynyň serkerdesi hökmünde El-Mansure we Fariskur söweşlerinde gazanýar. Şol söweşde ol fransuz koroly Lýudowik IX ýesir alanlaryň biridir. Haçparazlaryň üstünden gazanan esasy ýeňşi Antakýany ele geçirmegidir (1269 ý. apreli). Döwrüň taryhçysy al-Makriziniň şaýatlyk etmegine görä, ganymat olja alan memluklar puly legenler (kersenler) bilen bölüşipdirler, özüne ýesir ýetmedik memluk bolmandyr. Beýbars haçparaz galalarynyň käbirini haýbat, şäherleriň aglabasyny bolsa söweşsiz tabyn edipdir. Ol galalaryň ilatyna adyl göz bilen garamagy baş şert hökmünde orta goýupdyr. Mongol-tatarlary derbi-dagyn edensoň, ilkinji çykaran permany adamlaryň milletine, reňkine, dini ynanjyna seretmezden, birek-biregi sylamak, hormatlamak hakda bolupdyr. Beýbarsyň ýene bir hyzmaty onuň Apbasy neberesinden bolan halyflaryň iň soňky mirasdüşeriniň janyny mongollardan halas edip, ony 1261-nji ýylda Kairde al-Muntasyr ady bilen halyf diýip yglan etmegidir. ■ Beýbars ökde diplomatdy Ol duşmanlaryny gowşatmak üçin dürli döwletler bilen syýasy ýaranlygy ussatlyk bilen ulanypdyr. Müsürdäki we Siriýadaky häkimiýetini berkitmek üçin Bagdatdaky Abbasy halyflygyny Müsüre bagly edipdir, mongollara garşy Altyn Orda bilen, haçparazlara garşy bolsa Wizantiýa imperatory bilen ylalaşyklary baglaşypdyr. 1262-nji ýylda Altyn Ordanyň hökümdary Berke hana ilçi ýollap, ony yslam dinini kabul etmäge çagyrypdyr. Rum seljuklarynyň soltanlygy Gürji şalary bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýupdyr. 1262-nji ýylda Wizantiýa imperatory Mihail Paleolog VIII bilen Müsüriň söwda gämileriniň Gara deňzine erkin geçmegi hakda şertnama baglaşypdyr. Sisiliýa koroly Manfredom Gogenştaufen bilen dostlukly gatnaşyklary saklapdyr. Soltan mongollaryň Bagdady eýelemeginden soň howpsuz söwda ýollaryny agtarýan italýan we ispan täjirleri bilen söwda ylalaşyklary baglaşmak bilen hut özi meşgullanypdyr. Kairde dünýäniň dürli künjeklerinden täjirleriň bakgalhanalary ýerleşipdir. Arapşynas R.Gylyjowyň belleýşi ýaly, Beýbars haýsy din, ynanç-akyda, mezhep, parhyna seretmezden, gaýry döwletler, uzak ülkeler bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barmakda döwrüniň iň kämil döwlet ýolbaşçysy hasaplanylypdyr. Emma entek soltan tagtyna geçmänkä, edep saklamadyk mongol ilçilerini jezalandyrmagy Kutuza maslahat bermegi Beýbarsyň şahsyýetine belli bir derejede tegmil çekýär. ■ Beýbars ökde deňizçidi Onuň Memluk türkmenleriniň döwletiniň 1250 — 1382-nji ýyllar aralygynda dowam eden Bahry şahasynyň soltanydygyny unutmaly däldiris. Arapşynas R.Gylyjow hut bahry memluklarynyň arassa oguz ýigitlerinden düzülip, şol döwürde Müsür tagtynda arassa türkmenleriň oturandygyny ýönelige nygtamaýar. Nil derýasyndaky ar-Rawza adasyndaky esger ýatakhanalarynda ýaşandygy sebäpli, bu şahanyň wekillerine «al-Memalik al-Bahriýe», ýagny deňizçi memluklar hem diýlipdir. Müsüriň Ýewropany we Aziýany birleşdirýän Gyzyl deňziniň çatrygyndaky geostrategiki ähmiýetine gowy düşünen Beýbars deňiz güýçlerini täzeden güýçlendirmäge üns beripdir. Ol wagtynyň köp bölegini gämi ussahanalarynda geçirip, hut özi ussalar bilen bilelikde işläpdir. Möwritnamaçy al-Makriziniň aýtmagyna görä, bir gezek Beýbars Sisiliýadan gelen ilçileri gämi ussahanasynda kabul edipdir. Kabul edişlik mahalynda soltan ussanyň eşiginde eken. Ellerinde agaç ussasynyň gurallary bolan soltan emirleri bilen bilelikde agaç pürsleriniň üstünde oturyp ilçileri diňläpdir. Beýbars, takmynan, 45-47 ýaşynda Ortaýer deňzindäki Kipr adasyna ýöriş guraýar (1270 ý.). Emma deňizde turan harasat zerarly adanyň golaýynda Memluk türkmenleriniň gämileri heläkçilige uçrapdyr. Bu gezekki ýöriş şowsuz tamamlansa-da, türkmenleriň deňiz güýçleri birneme soňrak Ortaýer deňziniň Siriýa kenaryndaky daýanç gämi güzerlerini eýelemegi başarypdyr. Memluk soltany Seýfeddin Barsbaý Beýbarsyň Kipre eden şowsuz ýörişini bir ýarym asyr soňra üstünlikli tamamlamagy başarypdyr. Beýbars bütin ömründe haçparazlara we mongollara garşy göreşip, 1277-nji ýylyň 1-nji iýulynda, takmynan, 52-54 ýaşynda zäherlenip aradan çykypdyr. Halk arasynda ol «Abul-Futuh», ýagny «Ýeňişleriň atasy» adyna eýe bolupdyr. Siriýanyň Damask şäherinde jaýlanypdyr. Beýbars uzyn boýly, garaýagyz reňkli, mawy gözli adam bolupdyr. Gözüniň biriniň gapdalynda kiçiräk meňi bolupdyr. Sesi ýogyn eken. Ol çowgan oýnuny has gowy görüpdir. Beýbars 12 müň sany memlugyny 4 müňden üç sany bölege bölüp, Müsürde, Damaskda we Halapda saklapdyr. Döwleti dolandyrmakda gadymy türkmen töreçilik däbine eýeripdir. Soltan Beýbars entek diri mahaly, 1264-nji ýylda ogly Mälik as-Seýit Berkäni soltan diýip yglan edipdir. Soltanlyk däplerine görä, ony ata mündürip, özi atyň jylawyny çekip, öňden ýöräpdir. Şeýle däbiň seljuklarda hem dowam edendigini bellemek gerek. Türkmençilik däbine eýerip, elguş we tazy bilen aw etmegi gowy görüpdir. Atly gezim etmek onuň iň gowy görýän zady eken. Niliň joşmagyndan soň howanyň amatly wagty şenbe günlerinde çowgan oýnamagy halapdyr. Memluklarynyň çydamlylygyny barlamak üçin olary Nil derýasyndan ýüzüp geçmekde ýaryşdyrar eken. 38-40 ýaşynda mahaly (1263 ý.) Adalat köşgüni (Dar al-Adl) gurdurýar. Soltan her hepdäniň duşenbe we penşenbe günleri has uly meseleleri çözmek üçin bu ýerde oturypdyr. Bu maslahata dört mezhebiň baş kazysy we ýokary wezipeli döwlet işgärleri hem gatnaşar eken. Diýmek, Beýbars memluk soltanlarynyň arasynda ilkinji bolup raýatlaryň arz-şikaýatyny diňlemegi ýola goýan soltandyr. Beýbars Müsüri kuwwatly döwlete öwürmek üçin suwaryş kanallaryny, gämi ussahanalaryny, harby berkitmeleri, köşkleri, kitaphanalary, metjit-medreseleri, hammamlary, seýilgähleri gurdurypdyr. Nil derýasynyň suwuny ölçemegi ýola goýupdyr. Ekerançylygy, hünärmentçiligi, söwdany, ylmy, sungaty ösdüripdir. Muhammet pygamberiň Medinedäki metjidiniň abatlanylmagyna hem-de Ierusalimde al-Aksa metjidiniň gaýtadan gurulmagyna baştutanlyk edipdir. Medinede keselhana gurdurypdyr. Onuň neşekeşlige we beýleki ýaramaz endikdir pişelere örän ýowuz darandygyny hem ýatlan ýagşy. 37-39 ýaşynda (1262 ý.) Müsüri uly gahatçylyk, gurakçylyk gurşap alanda Beýbars döwlet hazynasynyň gapylaryny giňden açyp, her gün müňlerçe raýatyny mugt nahar, içimlik suw bilen üpjün edipdir. Ýurduň daşyndan azyk getirdip, halkyny açlykdan halas edipdir. Ýetim çagalarу döwletiň hasabyna eklemegi, ähli türki gullary gul bazarlarynda azat etmegi ýola goýupdyr. Beýbars alymlaryň we ulamalaryň howandary bolupdyr. Al-Akmar we al-Azhar jamy-uniwersitetlerini gaýtadan görke getiripdir. Her bir şäherde azyndan bir metjidiň we bazaryň bolmagyny gazanypdyr, lagym ulgamyny ýola goýupdyr. Ilat üçin athanalary gurdurypdyr. Häzirki Kairdäki «az-Zahyr» mähellesi Beýbarsyň öz adyna gurduran metjidi bilen baglydyr. Beýbars Damaskda Zahyryýe medresesini hem-de Siriýadaky iň uly Zahyryýe kitaphanasyny gurdurypdyr. R.Gylyjowyň Beýbarsyň gurujylyk missiýasy hakda «Taryhçylaryň ýazmaklaryna görä, soltan Beýbarsyň döwlet dolandyryş, syýasat, harby ussatlyk baradaky aýratynlyklaryny, kämilliklerini, gazanan ýeňişlerini ýatlaman, diňe gurduran zatlaryny sanaw boýunça ýatlamak üçin hem gat-gat kitaplaryň ençemesi gerek bolardy» diýen bahasy örän adalatlydyr. Käbir çeşmelerde «Müsürde şa bolandan, öz iliňde geda bol» diýen türkmen nakylynyň hut Beýbars tarapyndan aýdylandygy hem nygtalýar. Moris Simaşkonyň powesti esasynda 1989-njy ýylda «Ýa:ltafilmde» we «Gazakfilmde» belli kinorežissýor Bulat Mansurow tarapyndan «Beýbars» we «Soltan Beýbars» kinodilogiýasy surata düşürildi. Bu filmde Beýbarsyň Aýni Jalut söweşindäki gahrymançylygy hem suratlandyrylýar. Belli türkmen aktýory Artyk Jallyýew şol filmde Turfanyň keşbinde oýnapdy. Jumamyrat GURBANGELDIÝEW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||