…Oglanjygyň doglan gününde oňa, haşamly kapasa salnan bilbiljigi sowgat berdiler. Täze täsin güýmenjä oglanjyk heziller etdi.
-Ýakynda, zähmet rugsadyna çykyp, Saragtdaky gullukdaşymyňka myhman boldum. Şonda Badhyza gezelenje gidenimizde, myhman sylagy diýip bize peşgeş berdiler. Gullukdaşymyň oguljygy çirtmek bilen tutan ekeni. Bizem, näme, öýde indi kiçi çaga bolmansoň körpäňizi begendireli diýip size getiräýdik-diýişdirýän peşgeş berijiniň gürrüňlerine gulak gabartman, toýuň sebäpkäri bilbilli kapasany garbap aldy-da, deň-duşlarynyň ýanyna, megerem, mazaly öwünmek üçindir, ökjäni göterdi.
Käte şeýle-de bolaýýar. Heniz onuň yzyna ýel çalyp-çalmanka, ýakyn garyndaşlarynyň ýene-de biri kapasa salnan bilbiljigi sowgat getirdi. Sowgat sowgat bolýar, “pylan zady getir” diýibem bolmaýar, “getireniň öňem getirildi, äkit” diýibem. Oglanjygyň ene-atasy hem syr bildirmän:
-Magtymguly şaýolynyň ugrundaky zoodükandan satyn aldyk. Satyjy, eger az-owlak artdyryp aýtmaýan bolsa, öň özlerinde bar bolan bilbiliň ýumurtgasyndan elinjek çykaranmyşlar. Sesi dagysam juda üýtgeşik ýakymlymyş-diýişdirýän myhmanyň elinden öňkä çalymdaş bu sowgady-da minnetdarlyk bilen kabul edip aldylar-da, içer-ä, bol naz-nygmatly saçagyň başyna geçmäge ilgezik ündediler.
Şagalaň sowlandan soň bilbiljikleriň ikisini-de kapasalary bilen bir ýerde, penjiräniň erňeginde goýdular. Deň idi-yssywat edip ugradylar. Iým berseler-de meňzeş iým bilen bir wagtda iýmlediler, suw berseler-de şeýtdiler. Emma bilbilleriň özlerini alyp baryşlary welin, meňzeş bolmady. Erkinlikde dünýä inip, çirtmek bilen tutulan bilbiljigiň iým bilenem seri bolmady, suw bilenem. Ol saýramaýardy hem. Guşhanada dünýä inip, dükanda ýaşan bilbiljik bolsa göwnübir ýalydy. Iýmine-suwuna-da işdämen topulýardy, saýranda-da joşup-joşup saýraýardy. Özi-de gapdalyndaky täleýdeş bilbiliniň näme üçin aç-suwsuz, perişan halda, haşamly kapasasynyň bir künjünde müzzerilip, bir sykym bolup, sus oturyşy parhyna hem däl ýalydy. Onuň halyndan habar aljak bolup jinnek ýalyjagam hereket etmeýärdi.
Günlerde bir günem, irden oglanjyk bilbillerine iým bermäge baranda meýdanda tutulan bilbiljigiň erkinlige çykmak üçin kapasasynyň simlerine urnup-urnup, garagana boýalyp, gatap galandygyny gördi. Oglanjyk bendilige boýun bolanyndan ölenini gowy gören bilbiljigiň ykbalyna juda gynandy. Ol hamsykdy-da, guşjagazyň jansyz göwrejigini äkidip, baglarynda, uly çynar agajynyň düýbünde jaýlap gaýtdy. Öýlerine gelibem onuň hem urnup-çyrpynyp özüni heläkleýmeginden çekinip, dükandan getirilen bilbiljigiň kapasasyny daşaryk alyp çykdy. Gapysyny açyp, bilbiljigi eline aldy-da, ony al-asmana uçuryp goýberdi.
Duýdansyz erkinlige çykan bilbiljigiň öňi-ardy, asty-üsti görünmeýän uç-gyraksyz tükeniksiz mawulykdan, otagyň howasyna düýbünden çalym etmeýän, her gezek dem alanyňda tämizligi hem terligi bilen kükregiňi ýyrtyp gelýän arassa howadan, uçmaga endik etmedik ganatjyklarynyň astyndan gop berýän sergin şemaldan, öýüň çyralaryndan müň esse beter ýagtylyk saçýan Günüň gözüňi deşip gelýän nurundan ýaňa demi tutuldy. Ol birdenkä gaty erbet hopukdy. Iýmiň-suwuň, howpsuzlygyň aladasyny etmek zerurlygy düýbünden bolmadyk, ähli zat eliň aýasyndaky ýaly aý-aýdyň hem düşnükli bolan kapasanyň birdenkä daşyndan zym-zyýat bolup, onuň deregine näbelli hem düşnüksiz, şonuň üçinem gorkunç tükeniksizlikden doly bu giden mawulygyň gözüniň öňünde oslagsyz peýda bolup, çar-töweregini gallamagy bilbiljigi biçak aljyratdy. Ol uçjak ugruny ýitirip sermi-sal bolup, pel-pelläp durka, birdenkä, hol aşakda, oglanjygyň henizem agzy açyk kapasany elinde saklap, özüni synlap durandygy gözüne kaklyşdy. Ol edil gark bolup barýanyň garagörnümden akyp barýan töňňä gözi ilip, oňa okdurylyşy dek, düwdek bolup kapasasyna tarap topuldy. Gelşine-de kapasanyň içine urdurylyp girip, onuň bir künjüne gysylyp, busuryldy oturyberdi. Bilbiliň bolşuna haýranlar galan oglanjyk bolsa hiç zada düşünmän, kapasanyň agzyny ýapdy-da, ony öýlerine alyp gaýtdy.
Hekaýalar