10:05 Birinji muhabbetim | |
BIRINJI MUHABBETIM
Goşgular
Öten agşam asmanda Aý gyzaryp batanda, Zöhre ýyldyz ýaldyrap, ýere ýalkym atanda, Gaýgy-gussa, gam-hasrat ruhumy oýadanda, Men seni ýada saldym, eý, meniñ başky söýgim, Hyýal gujagna doldum, eý, meniñ başky söýgim. Ötdi ýaşlyk sapada, gähi topalañ bilen, Gähi ýagşylyk bilen, gähi-de ýaman bilen. Köñlümi baglap çyna, göreşdim ýalan bilen, Ýöne seni ýitirdim, eý, meniñ başky söýgim, Ömrüm gamda ötürdim, eý, meniñ başky söýgim. Dünýe diýlen şeýle bir añlap bolmaz syr eken, Käte giñiş, käte dar, düşnüksiz, ýeser eken, Adam onda hemişe umytda ýesir eken, Neçün bilmedim owal, eý, meniñ başky söýgim, Pitiwa kylmadym owal, eý, meniñ başky söýgim. Şol öñki arzuwlardan jyda hem bolanym ýok, Ýyldyz deý sönenim ýok, Aý kibi dolanym ýok, Hazan uran gül kibi saralyp - solanym ýok, Seni küýsäp aglaýan, eý, meniñ başky söýgim, Küýsäp, bagrym daglaýan, eý, meniñ başky söýgim. Ýolun ýitirse adam - muhabbete söýener, Gam-gussa batsa adam - muhabbete söýener. Çäresiz galsa adam - muhabbete söýener, Men kime söýeneýin, eý, meniñ başky söýgim, Men kime daýanaýyn, eý, meniñ başky söýgim. Seda bergin, nirde sen, owaza gulak tutdum, Syrly düýşler görüp men, bu dünýäni unutdym. Säher turup şanyña şu şygry tamam etdim, Ýürekde ahym sensiñ, eý, meniñ başky söýgim, Ýalñyz, gudratym sensiñ, eý, meniñ başky söýgim. Abdylla ARYPOW, özbek şahyry. Özbekçeden terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW. | |
|
√ Yşk etegin tutmak gerek... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Ýer şar aýlanýar / Goşgular - 09.06.2024 |
√ Aşyk we yşk / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Öwün / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Garrylyk hakynda goşgy ýazypdym... / Goşgular - 15.07.2024 |
√ Pilmahmydyň ölümi / Goşgular - 30.05.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ «Dag başynda mesgen tutan bürgüdi...» / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Daglar hakda geňräk goşgy / Goşgular - 06.11.2024 |
√ Eý, bagtyň asmanyna uçanlara bat beren... / Goşgular - 02.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |