11:30 Birinji Mukaddime | |
BIRINJI MUKADDIME
Taryhy makalalar
Taryh ylmynyň pazylaty, taryhy usullaryň seljerilmegi, taryhçylaryň sezewar bolan ýalňyşlarynyň görkezilmegi we bulardan käbirleriniň sebäpleriniň gozgalmagy Bilip goý, taryh ylmy – maksady abraýly, peýdalary biçak köp we usuly örän ähmiýetli bolan ylym ugrudyr. Sebäbi bu ylym geçmişdäki milletleriň gylyk-häsiýeti, pygamberleriň ömür beýany, hökümdarlaryň döwletleri we ýöreden syýasatlary bilen baglanyşykly ýagdaýlary bize habar berýär. Din we dünýä işlerinde maksady uýmak bolan kişiniň gazanjak meýdasy bu görnüşde amala aşar. Taryh birnäçe çeşmelere, dürli maglumatlara, eýesine hakykata gowuşdyran, ýalňyşlardan we typançaklardan halas eden gözel oý-pikire we berkaralyga mätäçdir. Çünki, habarlar we rowaýatlar meselesinde diňe aýdylan zada ynam bildiriler, däbiň esaslary, syýasy kadalar, ymranyň tebigaty we adamzat jemgyýetindäki ýagdaýlar üstün tutulman, bu meselede gaýyp zat görünýän zat bilen deňeşdirilmese, bu mowzuklarda ýalňyşa düşmekden, aýagyň taýmagyndan we hakykat şaýolundan çykylmagyndan köplenç halatda ynam edip bolmaz. Köplenç tarhçylaryň, müfessirleriň we rowaýat edýän ussatlaryň gürrüňlerde we wakalarda ýalňyşlarynyň sebäpleri, gowşak we saglam diýmezden, bu meselede diňe aýdylýan gürrüňe bil baglamaklary, munuň ýaly zatlary asyl nusgalary we meňzeşleri bilen deňeşdirip görmezlikleri, hikmeti esas alma, älemiň we bar bolan zatlaryň tebigatlaryna göz ýetirme, habarlarda oý-pikiri we öňdengörüjiligi emin bellemek terezileri bilen derňew-barlag etmändikleri sebäplidir. Şonuň üçinem hakykatdan uzak düşüp, gorky we hata sährasynda aňkarylyp sergezdan bolandyrlar. Aýratyn hem hekaýatlarda gürrüňiň mowzugy edilýän esgerleriň we mal-mülküň sanlaryny sanaýarkalar, bu ýagdaýa sezewar bolandyrlar. Çünki bu hili mowzuklar ýalan üçin mynasyp sebäp, makul bolmadyk sözler üçin laýyk ýerdir. Şonuň üçinem bu hili ýagdaýlary usullaryna we esaslaryna görä kesgitlemek, düýp kadalaryna baş urmak şertdir. Muňa mysal hökmünde aýdar bolsak, Mesgudynyň we başga-da birnäçe taryhçylaryň ysraýyl ogullarynyň goşunlary hakda aýdan habarlarydyr. Olaryň aýtmaklaryna görä, Musa pygamber ýarag götermäge güýji ýetýänlere, aýratyn hem ýaşlary ýigrimi we ondan hem uly bolanlara goşuna goşulmaklary üçin rugsat berensoň, Tyh çölünde ýygnanan esgerlerini sanan mahaly, olaryň sanyny alty ýüz müňden (600 000) hem köpräk diýip anyklapdy. Olar Müsüriň, Şamyň we bu iki şäheriň munça goşuny jemläp biljek we saklap biljek derejede bolup bolmandyklaryny göz öňüne getirmekde harsallyga we ýalňyşlyga ýol berendirler. Her ýurduň saklap biljek, gorag borjuny ýerine ýetirýän belli bir möçberde güýji (esgeri) bardyr. Mundan artygyny alyp bilmez we saklap bilmez. Görülýän ýagdaýlar we bilinýän däp-dessurlar muňa şaýatdyrlar. Şu ýagdaý hem bardyr. Esger sany beýle bir möçbere ýeten bu hili goşunlaryň biri-birlerine hüjüm etmekleri we söweşmekleri känbir mümkin däldir. Sebäbi sebitdäki ýer munuň ýaly goşuna dar geler, düzülen hatarlar gözüň görüp biljek aralygynyň iki ýa-da üç essesi uzaklykda ýa-da has uzakda galar. Bu hili ýagdaýda bu iki goşun nädip söweşsin ýa-da iki hataryň bir nädip beýlekisini ýeňsin? Goşunyň bir ujunda meýdan gelen hadysa beýleki ujundaky bolan düşünmezler. Şu mahalky ýagdaý bu sözüň dogrudygyna şaýatdyr. Suwuň suwa meňzeşliginden beter-de, öten zaman geljege we häzirki zamana meňzär. Pars we Eýran hökümdarlary we döwletleri Ysraýylogullary döwletinden has uludy. Buhtunnasryň Ysraýylogullaryny ýeňmegi, ülkelerini ýuwutmagy, tabynlygyna geçirmegi, bu milletiň we häkimýetleriniň paýtagty bolan Beýtil Mukaddesi weýran etmegi muňa şaýatlyk edýär. Ýogsam Buhtunnasr Pars welaýatlarynyň häkimi, günbatar sebitiniň goragçysydy. Şol wagt Ajam Yragy, Arap Yragy, Horasan, Mawerannahr we Babyl Ebwap (Demirbaşyny) sebitlerini içine alýan pars ülkesi, Ysraýylogullarynyň golastynda bolan ýerlerden has uludy. Şeýle hem parslaryň goşunlarynyň sany hiç mahal bu sana, ne-de muňa ýakyn möçbere ýakynlan däldir. Seýf ibn Omar Esediniň aýtmagyna görä, eýranlylaryň ýygnan goşunlarynyň iň ulusy bolan we hemmesi hem söweşiji bolan Kadysyýadaky esger sany bir ýüz ýigrimi müň (120 000) esgerdi. Ýene-de onuň aýtmagyna görä bu söweşijileriň tabynlygynda bolan esgerleriň sany iki ýüz müňden (200 000) hem köpdi. Hezreti Äşeden we Zuhriden rowaýat edilmegine görä, Kadysyýada Sagdy Wakgasa garşy söweşen Rüstemiň esgerleriniň jemi sany, hemmesi hem söweşiji esger bolmak bilen altmyş müň (60 000) esgerdi. Eger Ysraýylogullarynyň esger sany bu möçbere ýeten bolsady, ülkeleriniň araçäkleri giňelerdi, döwletleriniň häkim bolan meýdanlary has hem giňärdi. Çünki, döwletiň sebitleri we welaýatlary ol ýerleri goraýan we saklaýan güýje görä köp ýa-da az bolar. Bu meseläni biz birinji kitabyň ülkeler bölüminde (bap 3, pasyl 7-8) düşündireris. Şeýle hem Ysraýylogullarynyň golastyna giren ýerleriň belli bolşy ýaly, Şamyň Iordaniýa we Palestina bölegi bilen Hyjazyň Haýbar we Ýasrip bölegini içine aljak giňişlikdedi, has giňiş däldi. Şeýle hem ylmy-barlagçylaryň aýtmaklaryna görä, Musa pygamber bilen Ysraýyl (Ýakup) pygamberiň arasynda diňe dört arka bar. Çünki, Musa Ymranyň ogludyr. Ymran Ýashuryň, Ýashur Kahetiň, Kahet Lawynyň, Lawy hem Ýakubyň ogludyr. Ýakup bolsa Ysraýylulladyr. Töwratda Musanyň arkasy şeýledir. Musa bilen Ysraýylyň arasyndaky möhlete geler bolsak, Mesgudy bu meselede şeýle diýýär: «Ysraýyl, ýagny çagalary, agtyklary, ýuwluklary bilen Müsürde bolan Ýusubyň ýanyna gelen mahallary ýetmiş kişidiler. Bularyň Musa alaýhyssalam bilen Tyha çykmalaryna çenli Müsürde ýaşan möhletleri iki ýüz ýigrimi ýyldy. Olar bu möhlet içinde Müsür patyşalary bolan Pyrgaunlaryň golastynda we tabynlygynda ýaşadylar». Muňa görä, bir nesliň dört arka içinde köpelip, munça sana ýetmegi akyllardan uzakdyr. Ýöne bu sandaky esgeriň Süleýman döwrüne we ondan soňky döwre degişlidigini öňe sürseler-de, bu hem hakykatdan daş görünýär. Çünki, Süleýman bilen Ysraýylyň arasynda diňe on bir arka bardyr: 1. Süleýman. 2. Dawut. 3. Isa (Iýeşa, Ýeşa). 4. Ufiz (Ibn Ufiz). 5. Baýez (Buýez). 6. Salamon. 7. Nahşun. 8. Ammižuzeb (Amminazap). 9. Ramm. 10. Nasron (Nesrun). 11. Pares (Peýres). 12. Ýehuda. 13. Ýakup. Bu nesilden gelen çagalar on bir arkada olaryň aýdyşlary ýaly sana ýetip biljek dereje köpelip bilmez. Bolsa diňe ýüzler we müňler töwereginde bolan sana ýetip bilerler. Bu sanlardan geçip, ondan soňky sanlara ýetmegi akyla kän bir sygyp baranok. Eger sen görnüp duran şu mahalky ýagdaýy we bilinýän zady göz öňüne tutsaň, olaryň aýdýanlarynyň ýalňyş, rowaýatlarynyň esassyzdygyny görersiň. Ysraýylogullary bilen baglanyşykly maglumatlarda dogry aýdylýan zat şudur: Süleýmanyň on iki müň (12 000) ýörite esgeri, gapysynda on dört müň (14 000) sany baş öwrediler tohum aty bardyr. Olaryň berýän habarlarynyň içinde dogry bolany budur. Hezreti Süleýmanyň hökümdarlygy döwründe Ysraýylogullary döwleti özüniň iň güýçli döwürlerine we häkimýetleriniň iň giň araçäklere ýetendigine görä, olardan (ýagny diňe rowaýata ähmiýet berýänlerden) gelen halkyň arasyndaky gürrüňlerine kän bir ygtybar edilmez. Muňa şeýle jogap berip bolar: «Umumy ýagdaýlar we biologik esaslar Ysraýylogullaryndan galanlarynyň bu möhlet içinde munça esse köpelmeklerine we bu sana ýetmeklerine päsgeldir. Ysraýylogullary barada aýdar bolsak, bu olar hakda bir mugjyzady, tebigy däl, adatdan daşary bir ýagdaýdy. Çünki, Beni Ysraýylyň pygamber bolan hezreti Ybraýym, Yshak we Ýakup ýaly pygamber atalaryna zürýatlarynyň asmandaky ýyldyzlar, ýerdäki çagyl daşlary sany ýaly köpeljekdigi wahy edilipdi. Olara adatdan daşary mugjyza we keramat hökmünde Alla bu wadany olara habar beripdi. Bu hili ýagdaýda adaty hallar muňa garşy çykyp bilmez. Hiç kim muňa erbet söz aýdyp bilmez». «Bu habar Töwratda bardyr. Ýöne ýehudylaryň Töwraty üýtgedendikleri mälimdir» diýip bu habara garşy çykyp bolar. Ýöne dogryny yzarlaýanlara görä, gürrüňi edilen üýtgetme bilen razylaşmak hökmany üstün bolan däl-de, mümkin bolan garaýyşdyr. Bu üýtgedilme daşky manysy taýdan düşünilmez. Sebäbi bu ýagdaýa sezewar bolan Ylahy we mukaddes kitaplara, ol kitaplaryň mukaddesligine ynanan din tarapdarlarynyň ynam bildirmeklerine hiç hili mümkinçilik ýokdur. Bu ýagdaýy Ymam Buhary «Sahyh» atly kitabynda hem ýazandyr. Bu ýagdaýda Ysraýylogullarynda ilatyň munça dereje artmagy adatdan daşary bir mugjyzadyr. Şeýdip adaty ýagdaý, mugjyzadaky delalatyň hökümi bilen bu dereje köpelmegiň, Ysraýylogullaryndan galan beýleki milletlerde amala aşmagyna päsgel bolar. Ýöne munça möçberdäki ynsanyň söweş ýagdaýyna getirilmeginiň örän daş we mümkin däl bolup görünmegi hem dogry netije usulydyr. Emma salgytlary, hökümdarlaryň alan munuň ýaly ýagdaý we söweş ýok mahaly muňa zerurlyk hem ýokdur. Üstesine-de, her bir ülkäniň saklap biljek harby güýje eýe bolmagy hem dogry bir netijedir. Ýöne Ysraýylogullarynyň başlangyçda ne esgerleri, ne-de döwletleri bardy. Diňe Allanyň olara wada berendigi we tämiz ýagdaýa getiren Kengan ilini basyp almak üçin bu dereje köpelipdiler. Bularyň her haýsy bir mugjyzadyr. Hakykata hidaýat eden Alladyr (ýagny bu habar dogry bolsa hem, jemgyýetçilik kadasy bolup bilmez, umumy kadalaryň bir kadadan çykmasy we adatdan daşary bir ýagdaý bolup biler. Başga ýagdaýlar muňa ölçeg bolup bilmez). Ýokardaky ýagdaýa goşmaça hökmünde aýdaýyn. Biz bir asyrda ýaşaýanlaryň hemmesi öz döwürlerinde ýa-da oňa ýakyn döwürde esaslandyrylan döwletleriň goşuny barada gürrüň etmäge başlap, musulmanlaryň ýa-da hristianlaryň barlygyny beýan etmäge synanyşýandygyny görýäris. Ýa-da ýygnalan salgytlary, hökümdarlaryň alan harçlaryny, asudalyk içinde ýaşaýanlaryň çykdajylaryny we mümkinçilikleri giň bolan baýlaryň emläklerini sanamaga başlan mahallary sanlardan uzaklaşandyklaryny, ýörite kesgitlenen we tebigy çäkleri aşandyklaryny, geň we täsin zatlary beýan etme waswasyna we höwesine düşendiklerini görýäris. Harby depder we arhiw ýöredýänleriň berýän maglumatlary ýüze çykarylsa, gurply kişileriň emläkleri we bähbitleri meselesindäki ýagdaýlary äşgär edilse, asudalyk içinde ýaşaýanlaryň çykdajylary meselesindäki öwrenişen gylyklary anyk görnüşde göz öňüne getirilse, sanan möçberleriniň ondan birini hem tapyp bilmersiň. Bu ýagdaýyň ýeke-täk sebäbi, ynsan nebsiniň geň-täsin zatlara höwesekdigi, hetden aşmagyň we ulaltmagyň dile aňsat gelmegi, ylmy-barlagçynyň we tankytçynyň çykyp biljeginden gaflat edilmegidir. Şonuň üçinem ynsan bilip ýa-da bilmän goýberen ýalňyşlary sebäpli, nebsiniň hasabyny etmez, habar meselesinde ölçegli we deňagramly ýol tutmagyny nebsinden talap etmez. Ony gözleg geçirme we seljerme ýagdaýyna tarap öwürmez, gaýtam tersine, jylawyny goýberer. Ýalan öri meýdanynda dilini öz erkine goýberer we bakar. «Allanyň aýatlaryny äsgermez» , «Haky Hakyň ýolundan azaşdyrmak üçin, sözüň güýmendiriji we egleýji bolanyny satyn alar». Beýle ýoly tutsaň, bu perişanlyk we zyýan hökmünde saňa ýeterlikdir. [1] Buhtunnasr (Nabukhadnasr) – Buhtunnasr ikinjidir. B.e. öň 586-njy ýylda Beýtil Mukaddesi weýran edip, ýehudylary ýesir alýar. Ibn Haldun döwründe Tunise (Magryby Edna), Alžira (Magryby Ewsat), Marokka (Magryby Aksa) diýilýärdi. Üçüsine bolsa Tunise, Alžira we Marokka Magryp diýilýärdi. [2] Beýtil Mukaddes – Iýerusalim şäheri. [3] Kadysyýa – Sagdy Wakgasyň serkerdeliginde musulmanlar bilen eýranlylaryň arasynda bolup geçen söweş. [4] Ibn Teýmiýäniň aýtmagyna görä hem kesgitleme we üýtgetme Töwratyň we Injiliň sözlerinde däl-de manysynda, metinde däl-de düşündirilişinde we beýanynda bolup geçendir. Ibn Haldun hem muny kabul edýär. [5] Gurhanyň 2-nji («Bakara») süresiniň 231-nji aýaty. Gurhanyň 18-nji («Kehf») süresiniň 56-njy aýaty. [6] Gurhanyň 31-nji («Lukman») süresiniň 6-njy aýaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |