19:04 Mukaddime: Birinji kitap | |
BIRINJI KITAP
Taryhy makalalar
Dünýäni abadanlaşdyrmagyň usuly, oňa degişli bolan çarwa we ýerli ýaşaýyş, basybalyjylyk we ýeňişler, kesp, gün-güzeran, senagat, ylymlar we olara meňzeşler. Bularyň sebäpleri we ýagdaýlary Bilgin, taryhyň wezipesi dünýäniň ynsan ýaşap biljek ýerlerini jemgyýetler görnüşinde ýaşap abadanlaşdyrmakdan gürrüň açmakdyr. Bu abadançylygyň tebigy ýagdaýyna degişli bolan wagşylyk we biri-birlerine ysnyşma gazanmaklaryndan habar bermekdir. Özlerini we degişli bolan milletlerini we toparlaryny goramaklaryndan ybarat bolan asabiýetlerinden gürrüň gozgamakdyr. Ynsanlaryň biri-birlerine her dürli çozuşlaryna we ýeňişlerine, bu ýeňişleriň netijesi hökmünde döwletleriň döredilişlerine, bu döwletleriň güýç-kuwwatlaryna we ägirtlikleriniň derejelerine degişli maglumat bermekdir. Ynsanlaryň zähmet çekip gazançlaryna we gün-güzeranlaryna, ylymlara, hünär, sungat we umuman senagata we tebigy taýdan bu abadançylykdan emele gelen medeni eserlere degişli maglumat bermekdir. Bu meseleler bilen degişli habarlary beýan edip, rowaýat etmekdir. Ýalan we toslama tebigy taýdan habarlaryň gapysyny kakar, habarlara ýalan goşular. Habarlara ýalanlar goşulmagyna alyp gelýän sebäpler bar. Pikir we mezheplere tarapdarlyk bu sebäpleriň biri bolup durýandyr. Çünki, ynsan öz-özünden habarlary eşiden we kabul eden wagtlarynda adalatly ýagdaýda bolsa, habary doly seljerer. Dogrusyny ýalanyndan aýyrt edip, habaryň dogrudygy anyk görnüşde belli bolýança pikir eder. Eger bir pikire, mezhebe we ynanja tarapdarlyk garyşsa, ynsan ilki bilen özüne laýyk hasaplan habarlaryny kabul eder. Bir pikire we mezhebe meýil etmek we tarapdarlyk, ynsanyň üns bilen pikirlenip, habary tankyt süzgüjinden geçirmegine we ol habary seljermegine päsgel bolar. Ol ýalany kabul eder we ýaýradar. Habarlara ýalan garyşmagyna alyp gelen sebäpleriň ýene biri hem habarlary aýdanlara we rowaýat edenlere ynanmakdyr. Bir habaryň ýalan ýa-da dogrudygyny gowy seljermek, aýdýanyň adalatly, ýagny sözüne ynanyljak kişimi ýa-da däldigini anyklamakdyr. Onuň kemçiliklerine we ýetmezçiliklerine anyk göz ýetirip, onuň adalatly (dogruçyl) kişimi ýa-da däldigine göz ýetirmek bilen baglanyşyklydyr. Habarlara ýalan garyşmagynyň ýene bir sebäbi hem maksatlary unutmakdyr. Habarlary aýdýanlaryň köpüsi, gözi bilen görmeginden we eşitmeginden maksadyň nämedigini bilmez. Habary öz pikirine we garaýşyna görä aýdyp, ýalana baş goşar. Habarlara ýalan garyşmagynyň sebäpleriniň ýene biri hem habaryň dogrudygy ynanjyna aldanmakdyr. Munuň hadysasy örän köpdür. Bu ynanç köplenç habary aýdýana ynanmakdan emele gelýär. Ýene bir sebäbi hem, ýagdaýlary hadysalar bilen deňeşdirme usulyny bilmezlikdir. Sebäbi ýagdaýlar we habarlar deňeşdirilip, näbelli bir ýagdaýa getirilip, başgaça görnüşe sokulandygy üçin, habarçy ýagdaýy görşi ýaly rowaýat edýär. Emma görnüşi üýtgedilendigi üçin bolup geçen hadysa hem hakykata laýyk gelmeýär. Habarlara ýalan garyşmagynyň ýene bir sebäbi hem, habary aýdýanlaryň öwmek, ýagdaýlary owadan görkezmek, netijede hem şan-şöhratlaryny ýaýratmak maksady bilen ýokary wezipelilere we döwlet işgärlerine ýaranmaklarydyr. Bu ýol bilen dogry bolmadyk birnäçe habarlar ýaýrar. Ynsanlaryň öwrülmäge höwes bildirýändikleri bellidir. Ynsanlar abraý we baýlyk ýaly dünýä nygmatlaryna we sebäplerine gözlerini dikip seredýärler. Köplenç pazylatlara höwes bildirmezler. Pazylatly kişiler bilen bu häsiýetleri gazanmak üçin ýaryşmazlar. Ýalan habarlar garyşmagynyň agzalan bu sebäplerden iň ähmiýetlisi başga bir sebäbi hem bardyr. Ol hem Ymranyň, başgaça aýdanyňda ijtimagy durmuşynyň tebigatynyň ýagdaýyny bilmezlikdir. Sebäbi bolup geçen hadysalaryň ol hadysalar isle zaty, isle-de pygly bolsun, her hadysanyň özüniň aslyna we özüne mahsus tebigaty we degişli bolan hallarynyň bolmagy hökmandyr. Hadysany eşiden kişi, habarlaryň we hallaryň barlykdaky tebigatlaryny, bularyň gerek zatlaryny we talaplaryny bilýän bolsa, bu bilimler ol kişiniň habarynyň dogrusyny, ýalanyndan aýyrt etmek üçin alyp barjak barlaglaryna kömek eder. Habar we hadysa haýsy görnüşden bolsa hem bu usul barlaglar üçin iň kämil bir usuldyr. Köplenç habarlary we hadysalary eşiden kişi amala aşmagy mümkin bolmadyk habarlar rowaýat edilende, bulary kabul edýär. Muňa degişli Mesgudy deňiz haýwanlary Isgenderiýäniň binasyna päsgel bolan wagtynda, Isgenderiň agaçdan bir tabyt ýasadyp, içine aýnadan bir sandyk salyp we bu sandygyň içine girip, deňziň içine girendigine degişli bolup bilmejek habar rowaýat edilýr. Bu habara görä, Isgender deňziň aşagynda gören şeýtanlaryndan ybarat bolan bu haýwanlaryň şekillerini we suratlaryny çekipdir. Olaryň heýkellerini magdandan ýasadyp, binalaryň öňüne dikdiripdir. Beýleki haýwanlar deňizden çykyp, bu heýkelleri görenlerinde gaçypdyrlar. Şeýdip, olaryň hüjümlerinden halas bolansoň, Isgender şäheriň gurluşygyny gutarypdyr. Bu hekaýat uzyn we ýalan erteki görnüşinden bolup, aýnadan ýasalan bu tabyt kristaldandygy üçin, deňziň düýbüne çenli baryp ýetmegi, ol ýerdäki şeýtanlaryň we jynlaryň şekillerini we suratlaryny çyzar derejede deňziň düýbünde bolandan we deňziň ýüzüne çykansoň hem tolkunlaryň urýan möwçlerinden halas bolmagy mümkin däldir. Üstesine-de hökümdarlar özlerini bu hili howplara atmazlar. Hökümdarlardan haýsy muňa ynam bildirýän bolsa, özüni howplaryň içine atdygy bolar. Bu ýolda hereket edip, hökümdar döwletini ýykylmaga sezewar eder. Özi deňziň düýbünden gaýdyp gelýänçä, raýatlarynyň başgasyna ykrar bermeginden çekiner. Bu bolsa özüni ýok etmek diýmekdir. Raýaty onuň aldanyp we umumylygyna düşüp, saýlan bu ýolagçylykdan gaýdyp gelmegine, göz-açyp ýumasy hem bolsa garaşmaz. Üstesine-de jynlar we şeýtanlar keşpli mahluklar däldigi üçin, olaryň suratlary we heýkelleri näbellidir. Olar diňe şekile we görnüşe girip bilmek güýjüne eýedirler. Jynlaryň köp kellelidiklerine degişli habarlardan maksat hem olaryň bedroýlyklaryny beýan etmek we olary gorkunç edip görkezmekdir. Munuň asly ýokdur. Bu hekaýatyň ýalandygyny subut edýän ýene bir tarapy bardyr. Bu sebäp ýokarda agzalan sebäpleriň hemmesinden has güýçli ýagdaýda wakanyň bolup geçýndigini subut edýär. Bu sebäp hem şudur. Deňze çümen kişi sandygyň içinde bolsa hem tebigy taýdan bu sandyk dem almagy üçin oňa dar geler. Howa ýetmezligi zerarly onuň ruhy öýkeniniň tebigatyna laýyklykda, üýtgediji sowuk howany tapmaz. Kalbyndaky ruhy şol ýerde heläk bolar. Hammamdakylaryň hammamda howa çekýän deşikleri ýapylyp, sowuk howanyň girmegine päsgel bolanlarynda heläk bolmaklary munuň bir delilidir. Çuň guýularyň we çukurlaryň içine çümenler hem ol ýerdäki gyzgynlyk sebäpli howa gyzansoň, ýel ösüp howany üýtgetmese derrew ölerler. Deňizden aýrylan balyklar hem şol ýagdaý sebäpli jan berýärler. Sebäbi balyk üçin bu howa gyzgyndyr. Gury ýerdäki howa onuň öýkenini çalyşdyrmaýar. Onuň öwrenişen suwunyň içindäki howa bolsa sowukdyr. Munuň netijesinde hem haýwany bolan ruhuny gyzgynlyk gurşap alar we derrew öler. Ýyldyrym çakanlaryň we başga ýagdaýlara sezewar bolanlaryň ölümleri hem şol ýagdaý sebäplidir. Amala aşmagy mümkin bolmadyk zatlaryň biri hem Mesgudynyň Rim şäherindäki skwores guşunyň heýkeline degişli habarydyr. Bu rowaýata görä, skworesler ýylyň belli bir gününde bu heýkeliň daşyna ýygnanyşýarlar. Guşlar her haýsy bir zeýtun getirýär. Rim halky hem ine şu zeýtunlardan zeýtun ýagyny ýygnap ýasaýarlar eken. Bu guşlaryň getiren zeýtunyndan Rim halkynyň ýeterlik zeýtun ýagynyň ýetmezçiligini üpjün etmekleri tebigy taýdan nädereje daşdyr? Bekriniň «Zatul-eswab» («Köp gapyly») adyny göterýän şäheriň binasyna degişli bolan habary hem amala mümkin bolmadyk ýagdaýlardan we hadysalardan biridir. Bekriniň habar bermegine görä, bu şäheriň tutýan meýdany otuz gonaklyk (düşelgelik) ölçegden köpdür. On müň gapysy bardyr. Şäherler (galalar) diňe içinde bukunmak üçin gurlandyr. Bu barada aşakda gürrüň ederis. Bu şäher bolsa daşy gurşalmakdan örän uzakdyr. Bu şäherde gala hem ýokdur. Şonuň üçinem içine girip, goranmak hem mümkin däldir. Mesgudynyň Nuhas (Mis) şäher hakda berýän habarlary hem bu topardandyr. Mesgudynyň rowaýatyna görä bu şäheriň ähli binalary misden bolup, Sijilmasa sährasynda gurlandyr. Musa ibn Nusaýr magryp gazawatlary mahalynda bu şähere duş gelendir. Şäheriň gapylary ýapykdyr. Şäheriň diwarlarynyň üstüne çykan kişi diwarlaryna seredende özünden gidýär. Özüni aşak zyňýar. Soň gaýdyp onuň diwarlaryna çykmaga synanymaýar. Bu amala aşmagy mümkin bolmadyk bir ýalan hadysanyň hekaýaty bolup, muny kyssaçylar gürrüň berýärler. Sijilmasa sährasynda atlylar we ýolbeletler gezipdirler we gezýärler. Olar bu şäher barada hiç hili habar we söz hem eşitmändirler. Üstesine-de rowaýat edilen bu ýagdaýlar adatça bolup bilmejek zatlardyr. Şäherleriň binasy we tutýan meýdany hakdaky habarlar, tebigy ýagdaýlara gabat gelmeýär. Magdanlar gazylyp alnyp, çanak, tabak we öý esbaby ýaly zatlary ýasamak üçin ulanýarlar. Belli bolşy ýaly, magdandan şäher gurmak mümkin däldir. Bolup biljek zat däldir. Şuňa meňzeş we amala aşmagy mümkin däl bolan bu hadysalar we wakalar köp rowaýat edilýär. Bular diňe jemgyýetleriň, dünýäniň ynsanlar ýaşaýan ýerlerinde emele getiren ymaratlarynyň kanunlaryny bilmek bilen bilner. Bu bolsa iň dogry seljerme usulydyr. Habarlaryň dogrudygyny bilmek üçin iň esasy ynam bildirilýn usul budur: bu usul rawylaryň adalatyny (sözlerini we habarlaryna ynam bildirilýän kişisini) barlamak arkaly habarlary we hadysalary seljermek usulyndan öňürti geler. Habar berlen bir zadyň aslyýetinde dogrudygy ýa-da däldigi bu usul bilen bilinýär. Amala aşmagy mümkin bolmadyk ýagdaýynda rawynyň adalatynyň bardygy ýa-da ýokdugy we gözlenilýän şertler bolmadyk ýagdaýynda rawysyny inkär etmek arkaly seljermek ýerek bolmaz. Rawyda rowaýatyň ähli şertleri bolsa hem habaryň ýalandygyna höküm berler. Üns bilen pikirlenýn pikir eýeleri habaryň sözleriniň manysynyň, ýagny sözlerinden we sözleminden belli bolan manynyň we pikiriň amala aşmagynyň mümkin däldigini we sözleriniň akyl kabul etmejek görnüşde düşündirilmegini habaryň dogrudygyny ýalana çykarmagyň bir sebäbi hökmünde beýan ederler. Şerigat meselelerine degişli bolan habarlarda adalat – rawynyň adalaty we inkär etme ýoly bilen rawynyň ýagdaýyny tankyt usuly, habaryň dogrudygyny subutlamak üçin bir delil bolup durýar. Sebäbi dini bolan habarlaryň aglabasy amalydyr. Ýagny bir işi etmegi emr etmekden ýa-da bir işi ýerine ýetirmegi gadagan etmekden ybaratdyr. Şerigaty düzýän amaly habarlar bilen amal etmegi wajyp edendir. Sebäbi habaryň dogrudygy baradaky pikiriň emele gelmegi ýeterlikdir. Pikiriň dogrudygy bolsa rawynyň adalatyna, eýesinden we rowaýat eden zadyny gowy bilýändigine ynanmak bilen bolar. Hadysalara degişli habarlaryň bolsa tebigy kanunlara we kadalara laýyk bolmagy nukdaýnazaryndan dogry bolmagy şertdir. Bu usul bilen hadysanyň amla aşmagynyň mümkindigine ýa-da däldigine göz ýetirmek şertdir. Hadysalary bu usul bilen barlamak, rawynyň adalatyny seljermek arkaly barlamakdan has güýçlüdir. Sebäbi amaly habar peýdasyny we güýjüni diňe tagdyldan we şerhden alandyr. Habar bolsa hem bu usuldan hem-de tebigat kada-kanunlaryna laýyk bolmakdan alnandyr. Netijede, habarlarda haky batyldan (dogryny ýalandan) aýyrmak we wakanyň amala aşmagynyň mümkindigine ýa-da däldigine göz ýetirmek bilen bolar. Munuň üçin hem ymran diýlip atlandyrylan adamzadyň yjtymagy durmuşynyň ýagdaýyny we tebigatyny gözden geçirmek gerekdir. Biz bu usul bilen adamzadyň yjtymagy durmuşynyň aslyna soň goşulan zatlar bilen yjtymagyýetiň tebigatyndan ýa-da oňa degişli we ähmiýetsiz, ýa-da degişli bolmagy mümkin bolmadyk zatlary biri-birinden tapawutlandyrarys. Biz bu ýolda hereket eden wagtymyz bu usul biziň üçin kanun bolup durýar. Bu kanun bilen ölçäp, habarlaryň dogrusyny ýalanyndan, işsiz we şübhesiz delil we esasnama bilen subutladygymyz bolar. Bu kanun biziň üçin bir ölçeg bolup, taryhçylar aýdýan rowaýatlary habarlaryň dogry ýa-da ýalandygyny bu kanun arkaly seljererler. Dünýäniň ynsan ýaşap biljek ýerlerinde bir hadysanyň bolup geçendigini eşidenimizde, biz bu kanuna baş urýarys. Ol hadysanyň we wakanyň amala aşmagy mümkin bolsa kabul edýäris. Ýa-da ýalan we toslama habardygyna höküm edip, habary inkär ederis. Bu birinji kitaby ýazmakdan maksadymyz hem budur. Bu tema özbaşyna ýörite bir ylym ýalydyr. Sebäbi bu kitapda ele alynjak tema ýer ýüzünde jemgyýetler bolup ýaşaýan ynsanlaryň yjtymagy ýagdaýy we bularyň topar-topar bolup ýygnanyşmaklary netijesinde emele gelen medeniýet we yjtymagy ýagdaýlary bolup, birnäçe temalar munuň ugurlaryny emele getirýär. Adamzadyň yjtymagy durmuşy üçin tötänleýin ýa-da asly bolan meseleler we temalar, yzly-yzyna bu kitapda ele alnar. Isle goýlan bolsun, isle akyly bolsun, her ylmyň ýagdaýy şeýledir. Ýagny her ylmyň diňe özüne mahsus bolan temasy bardyr. Bilgin, bu birinji kitapda ele aljak kadalarymyz we usullarymyz, men tarapdan oýlanyp tapylan täze bir ylym bolup, peýdasy köp we kalplary güýçli özüne çeken ylymdyr. Men bu barlag usulyny düýpli tagallalardan we ylmy-barlaglardan soň düzdüm. Gürrüňini edýän bu ylmymyz hytabat (ýüzlenme) ylmy däldir. Sebäbi hytabat ylmy mantyk ylymlaryna degişli bir ylymdyr. Hytabat ylmynyň temasy bir pikiri kabul ýa-da inkär etmäge halky höweslendirmek we meýil etdirmek üçin aýdylan, kanagatlandyryjy peýdaly sözlerdir. Bu ylym medeni syýasat ylmy hem däldir. Sebäbi medeni syýasat hikmet we ahlak kadalaryna görä menzil, ýagny ynsanlaryň ojaklaryny we şäherleri dolandyrmakdan ybyrat bolup, maksat we niýet halky görnüşiň bakylygy we goramagy ýoluna salmakdyr. Biziň bu kitapda gürrüň etjek ylmymyzyň temasy bolsa, bu iki ylmyň temasyna kesekidir. Ýöne käbir taraplardan bu iki ylym oňa meňzäp biler. Men bu ylmyň täze tapylyş we täzeden men tarapdan oýlap tapylan bir ylymdyr öýdýärin. Janymyň saglygyndan ant içip, Allanyň bendelerinden hiç kimiň bu manyda söz aýdandygyny bilmeýändigimi boýun alýaryn. Bizden öňki geçenler mundan gapyl galdylarmyka? Ýöne öňki alymlar hakda bu pikire gapylmak hem dogry däldir. Olar bu ylma degişli giňişleýin bir eser ýazan bolmaklary hem mümkin. Ol hem biziň elimize düşmän hem biler. Ylymlar köpdügi üçin kowumlaryň we milletleriň arasynda akyldarlar we danalar hem köpdür. Elimize düşmedikylmy eserler elimize düşenlerden diýseň köpdür. Halyf Omar (goý, Alla ondan razy bolsun!) pars diýary basylyp alnanda, öňki parslardan galan eserleri ýok etmegi emr edendigi üçin, parslaryň ylymlary we eserleri ýok bolup gitdi. Keldanylaryň, surýanylaryň we Babyl halkynyň ylymlary, öz döwürlerinde alymlarynyň ýazan eserleri we bularyň netijeleri nirede? Kybtylaryň we olardan öň ýaşap geçen milletleriň ylymlary, kitaplary we eserleri nirede? Halyf Mamun başga dillerden terjime etdirip, ýüze çykarylmagy emr edendigi, terjimeçileriň köpdügi we köp pul harçlandygy üçin, diňe ýekeje bir milletiň dili we eserleri saklanyp galdy. Ol millet hem ýunanlylardyr. Şonuň üçinem biz ýunanlylardan başgalarynyň ylymlaryna eýe bolmadyk. Bilgin, dünýäde bar bolan we akyl bilen pikirlenip bilýän her bir barlygyň tebigatynyň jogaby hökmünde, onuň özüne degişli bolan zatlardan gürrüň etmek mümkin bolsa, her manynyň we hakykatyň hem özüne mahsus bolan ylymlardan bir ylmy bolmagy we her haýsyna degişli eserler ýazylmagy gerekdi. Ýöne akyldarlar we danalar ylymlaryň miwesine we peýdalaryna ähmiýet bermek tarapy barada pikirlenen bolmaly. Biziň bu eserde gürrüň etjek ylmymyz özboluşlygy we temalary taýyndan abraýly ylym bolsa-da, miwesi diňe habarlaryň, hekaýalaryň we taryhçylaryň kemçiliklerini we ýalňyşlyklaryny seljermek we tassyklamak ýaly ýagdaýlarda görler. Sen muny bildiň. Bu bolsa gowşakdyr. Pelsepeçiler bu sebäpli bu ylym bilen iş salşan bolmaly. Dogrusyny Alla biler. Size ylymdan az zat berlendir. Biziň bu eserde ele aljak bu ylmymyzyň meselelerinden käbirini, alymlar ýazan eserlerinde ele alan ylymlarynyň delillerini subut edýän mahallary tötänlikden, ýagny ýagdaý mynasybetli ýatlap geçerler. Dogrudan hem bu meseleler ol ylmyň temalarynyň birini emele getirýär. Alymlar we pelsepeçiler Allanyň öz ilçilerini ibermeginiň zerurlygyny subut etmek üçin ynsanlaryň barlyklaryny we durmuşlaryny gorap saklamak üçin biri-birleriniň kömegine we akyldar baştutana mätäçdiklerini ýazýarlar. Fykh alymlary fykh usuly kitaplarynyň «Dilleri subut etme» bölüminde: «Ynsanlar biri-birlerine ýardamlaşmagyň jogaby we yjtymagy ýagdaýyň we durmuşyň tebigaty taýdan maksatlaryny anyk sözler bilen biri-birlerine düşündirmäge mätäçdiklerini aýdýarlar». Fykh alymlary şerigat hökümleriniň sebäplerini düşündirýärkäler zynanyň nesilleri biri-birine garyşdyrýandygy üçin adamzadyň görnüşlerini we jynslaryny bozýandygyny sebäp hökmünde görkezýärler. Şeýle-de adam öldürmegiň hem adamzadyň ýer ýüzünde ýaşamagyna zyýan berýändigini, zulumyň haramdygyny düşündirýärkäler, zulumyň adamzadyň ýer ýüzünde ýaşamagy üçin bir howp bolup durýandygyny sebäp hökmünde görkezýärler. Şerigatyň hökümlerindäki beýleki maksatlaryny düşündirýärkäler hem muny ýatlaýarlar. Bularyň her haýsy älemiň we yjtymagy durmuşyň düzgün-tertibini goramak esasyna daýanýar. Bu ýol bilen bu alymlar bir sebäp bilen bu tema degip geçýärler. Biz bolsa bu kitabymyzda bu, ýagny yjtymagy durmuş bilen baglanyşykly bolan meseleleri giňişleýin görnüşde beýan etdik. Bu kitapda seljerilen meseleler mahalynda akyldarlaryň we pelsepeçileriň wagyz we dogry ýola salma ýoly bilen dagap ýatan görnüşde aýdan sözlerinden käbirlerini agzap geçeris. Ýöne bu akyldarlar bu meselede ýeterlik derejede maglumat beren däldirler. Nowşirwanyň şol manyda aýdan hikmetli sözleri muňa degişlidir. Ol: «Döwlet esgerler bilen goralýar. Esger pul bilen saklanýar. Pul salgyt bilen gazanylýar. Salgyt ýurduň abadançylygy bilen üpjün edilýär. Ýurduň abadançylygy bolsa adalat bilen amala aşyrylýar. Adalat bolsa häkimleriň işlerini dogry ýöretmek bilen, häkimleriň we döwlet işgärleriniň ýagdaýlaryny düzetmek bolsa wezirler bilen amala aşýar. Hökümdaryň raýatynyň hal-ýagdaýyny hut özüniň barlamagy bularyň başynda gelýär. Bular hökümdaryň raýatyna edep bermäge güýjüniň ýetmegi we raýat hem hökümdara tabynsyzlyk etmezligi üçindir». Aristotele degişli edilen we esasy bir ellerde bar bolan «Syýasat» atly bir kitap bardyr. Ýöne bu kitapda hem biziň bu kitabymyzda ele alnan temalara degişli ýeterlik möçberde maglumatlar berilmändir. Deliller we esasnamalar hem zerur möçberde ýatlanylmandyr. Başga sözler bilen garyşdyrylypdyr. Ady agzalan bu eserde hem parslaryň dini ulamasy bolan Mubezan bilen Nowşirwandan ýokarda getiren sözlerimiz agzalýar. Birnäçe sözleri hökümdaryň sözleriniň çägine ýakyn bir beýan bilen şu manyda düşündirilýär: «Atadan bolan dünýäler, güller we bägüller bilen doly bir bossanlyk ýalydyr. Bu bossanlygyň diwary döwletdir. Bu diwar ony duşmanlaryň we kesekileriň hüjüminden gorar. Döwlet patyşalardan ybarat bolup, olaryň pikirleri, meýilleri we güýçleri bilen sünnetler (ýollar) ýöreler. Bu ýollar döwlet we hökümet onuň bilen aýakda duran güýç-kuwwat we syýasatdyr. Döwlet we häkimýet bir nyzam bolup, esger oňa güýç-kuwwat berer. Esgerler döwletiň kömekçileri bolup, pul we baýlyk olaryň saklanmagyny üpjün eder. Mal-mülk we pul gün-güzeran sebäbidir. Ony raýat jemlär. Raýatlar gul bolup, olary adalat gorar. Adalat ülpet edilen zatdyr, älem onuň bilen durar. Älem bolsa bir bagdyr. Eserde mundan soň munuň bilen baglanyşykly sözler aýdylandyr. Bular hikmetli we syýasy sekiz söz bolup, biri-biri bilen baglanyşyklydyr. Sözleriň baş tarapy ahyryna alnandygy üçin, başy we ahyry näbelli bolan bir halka görnüşine eýedir. Aristotel bu sözleriniň beýikligi bilen buýsanypdyr we peýdalarynyň beýikdigini aýdandyr. Sen biziň bu eserimiziň «Döwletler we mülk» bölümindäki sözlerimizi okap, pikirlenip ähmiýet berer bolsaň, bu sözleriň düşündirişini we Aristoteliň gysgaça beýan edenleriniň giňişleýin görnüşini okarsyň. Onuň delil bolup durýandygyna göz ýetirersiň. Aristoteliň we Mubezanyň öwretmeginden başga Beýik Allanyň özi bize muny öwredendir. Ibn Mukaffag özüniň risalalarynda syýasaty beýan edende, delilsiz we esasnamasyz biziň eserimizde ele alýan meselelerimiziň birnäçesini ýagdaý sebäpli agzap geçendir. Ol bu meseleleri hytabat görnüşinde fesahatly we belagatly bir usul bilen beýan edendir. Kazy Abu Bekr Tarbuşy hem «Sirajul-muluk» («Hökümdarlaryň çyrasy») atly eserinde bu meseleleri biziň bu kitabymyzdaky sözbaşylara ýakyn bolan sözbaşylar bilen ýatlap geçse-de, maksadyny isleýşi ýaly hemmetaraplaýyn we delilleri bilen düşündirmändir we subut etmändir. Ol bir mesele üçin bir bölümlere bölüp, birnäçe hadysalar, eserler, Buzurgmehr, Mubezan ýaly pars we hindi akyldarlaryň düşnüksiz we dürli sözlerini, Danýal, Hürmüz we dünýäniň başga beýik akyldarlarynyň sözlerini getirýär. Ýöne tebigy bolan delilleri getirmeýär. Onuň sözleri wagyz-nesihat äheňinden sözler bolup, rowaýatdan we höweslendirmekden ybarat bolup durýar. Bularyň hemmesi hem niýetiň daş-töwereginde gezmekden ybarat bolup, maksada dogry urmaýar. Ol maksadyna ýeten däldir we meseleleri ýeterli derejede beýan eden däldir. Bize bolsa, Alla bu meselede ylhamlar berdi. Biz bir ylmyň esaslaryny düzdük welin, öz pikirimiziň we düşündirmämiziň hasyly bolan bu eseri ýazmak bilen deň-duşlarymyzdan we öňkülerimizden ozdurdyk. Meseleleri kämil görnüşde beýan etmegi başardyk. Eserimöz temasyna ýakyn, özüne meňzeýän başga eserlerden saýlanan bolsa, bu üstünlik Beýik Allanyň dogry ýoly görkezmegi we meni üstünlige ýetirmegi netijesindedir. Muny başarmadan temalary we meseleleri hemmetaraplaýyn eserimde goýmadyk ýa-da temasy taýdan bu ylma ýakyn bolan başga ylymlara degişli bolan meselelere garyşdyran bolsam, ylym eýelerinden kemçiliklerini doldurmaklaryny we dikeltmeklerini haýyş edýäris. Biz indi by kitapda ynsanlaryň ýer ýüzünde jemgyýetler bolup ýaşap, döwlet we hökümet, gazanç we söwda, ylym, sungat we senagat meýdanynda emele getiren durmuşa degişli bolan ýagdaýlary delilleri bilen býaýen ederis. Bu beýanlarymyzyň saýasynda halk we alymlar bilmek isleýän hakykatlaryny öwrener, şek-şübhelerini giderer. Ynsan özüne mahsus bolan käbir aýratynlyklary bilen ähli haýwanlardan tapawutlanýandyr we ähli ýaradylan zatlaryň arasynda onuň bilen abraý gazanan pikiriniň we düşünjesiniň hasyly bolan ylymlar we senagat muňa degişlidir. Ynsanlaryň ähli haýwanlardan tapawutlanýan aýratynlyklarynyň biri hem höküm astynda we dolandyryşdy (biriniň golastynda) ýaşap durdugyça, gaharly we üstün duran başga birine mätäç bolmagydyr. Sebäbi ynsanyň gadagançy we baştutanyndan başga ýer ýüzünde ähli haýwanlaryň arasynda özüni goramagy we ýaşamagy mümkin däldir. Bir rowaýata görä, muňa diňe bu haýwanlaryň arasyndan çekirtge bilen bal arysy girmeýär. Bu rowaýat dogry bolan ýagdaýynda hem bularyň bu hereketleri pikir we düşünjäniň hasyly bolman, diňe Beýik Allanyň ylhamy bilendir. Ýaşamak üçin tagalla etmekleri we gün-güzeran görmekleri üçin gerekli zatlary ýoly bilen gazanmaga ähmiýet bermekleri we munuň sebäplerini gazanmaklary Beýik Allany olary ýaşamaklary we bakylyklary üçin iýmite mätäç ýaratmagyndan we iýmitlerini gözläp tapmak ýoluny görkezmegi sebäplidir. Beýik Alla: «Her bir janlyny ýaradandan soň, olara ýaşaýyş ýollaryny görkezdi» diýýär. Allatagalanyň ynsany beýleki haýwanlardan tapawutlandyran ýagdaýlarynyň biri hem, ynsanlara jemgyýetler ýagdaýynda ýaşap, ýer ýüzüni düzeltmegi we ynjytmagy durmuş ýoluny görkezmegidir. Bu hem bir ýerde bilelikde şäherlerde ýaşamak ýa-da taýpalar görnüşinde ýaşamaga öwrenişmek üçin bilelikde sähralarda bir gonmakdyr. Sebäbi aşakda hem beýan ediljek bolşy ýaly, gün-güzeranlary üçin ynsanlaryň biri-birleri bilen arkalaşmaklary tebigy ýagdaýdyr. Yjtymagy durmuşyň ýene bir görnüşi hem çarwa durmuşy bolup, çarwadarlar daş-töwerekde, daglarda, sähralaryň we gumluklaryň mal-garalary bakyp biljek ýerlerinde ýaşaýarlar. Yjtymagy durmuşyň başga bir görnüşi hem oturymly durmuşdyr. Ynsanlaryň käbiri uly şäherlerde, etraplarda we obalarda ýaşaýarlar. Olar şäherleriň we galalaryň diwarlarynyň içinde özlerini goraýarlar. Ynsan isle çarwa, isle-de oturymly durmuş ýaşasyn, islendik ýagdaýda onuň yjtymagy durmuşyna mahsusbolan käbir ýagdaýlar degişli bolar. Bu ýagdaýlar bu eseriň altynjy bölüminde beýan ediler. Birinji bölüm ýer ýüzünde ynsanýaşap biljek ýerlerde adamzadyň yjtymagy durmuşyna, adamzat jynslaryna we ynsanlaryň ýer ýüzüniň nirelerinde ýaşaýandyklaryna degişlidir. Ikinji bölüm ynsanlaryň çarwa durmuşyna, tirelere, wagşy milletlere degişlidir. Üçünji bölümde döwletler we halyflyk, hökümdarlyk we häkimýetiň derejeleri beýan ediler. Dördünji bölümde oturymly durmuşdan, şäher we etraplar hakda gürrüň ediler. Bäşinjide bolsa ylymlardan we ylymlary tälim-terbiýeden we öwrenmekden gürrüň ediler. Çarwa durmuşynda öňürti başlamagym, aşakda aýdyljak bolşy ýaly, ynsanlar öňürti çarwa durmuşyny ýaşandyklary üçindir. Döwletler bölümini şäherler, etraplar we obalar bölüminden öňürti agzamagymyň hem şol sebäpden, ýagny döwletleriň şäher we etrap gurulmadan öňürti gurlandyklary sebäplidir. Gün-güzerany beýlekilerden öňürti beýan etmegimiz barada aýtsak, gün-güzerang tebigy bir zerurýet we mätäçlikdigi üçindir. Ylym bir artykmaçlyk we kämillikdir ýa-da mätäçlik we zerurýet sebäpli öwrenilen maglumatdyr. Gerekli bolan zat kemal bolan zatdan öňürti geler. Hünäri we senagaty gazançlar bilen bir hatarda beýan etmegimiz senagatyň käbir taraplaryny we yjtymagy ähmiýeti taýdan gazanç toparyndandygy üçindir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |