11:49 Mukaddime: Taryhçylaryñ ýazýan esassyz habarlarynyñ sebäpleri barada | |
TARYHÇYLARYŇ ÝAZÝAN ESASSYZ HABARLARYNYŇ SEBÄPLERI BARADA
Taryhy makalalar
Ähli taryhçylaryň Ýemen we Arap ýarymadasyndaky hökümdarlaryndan bolan Tubbalaryň habarlary meselesinde aýdan rowaýatlary hem çüýrük we esassyz habarlardandyr. Taryhçylaryň aýtmaklaryna görä, Tubbalar Ýemendäki obalaryndan çykyp, Magryp ülkelerinden Berberler ýurduna we Yfrykyýa, ýagny Günbatar Afrika gazawada çykýarlar. Hezreti Musa döwründe ýa-da ondan biraz öň ýaşap geçen Tubbalaryň ilkinji hökümdarlaryndan Efrikiş ibn Kaýs ibn Saýfi Yfrykyýe gazawada we sapara çykýar. Berberlerden birnäçesiniň ganyny dökýär. Ol bu ýerli halkyň arapça bolmadyk käbir sözler aýdýandygyny eşidip: «Bu berbere näme?» diýýär. Netijede, bu at ýerli halkyň adyna dakylýar we ondan soň sebit halky bu at bilen tanalyp başlaýar. Efrikiş Magrypdan Ýemene gaýdyp gelensoň, himýer taýpasyndan birnäçe kişini ol ýerde ýaşamaga mejbur edýär. Bular hem bu ýere ýerleşip, ýerli halk bilen garyşyp gidýärler. Synhaja we kutame taýpalary olardandyr. Mundan ugur alan Tabary, Jürjany , Mesgudy, Ibn Kelbi we Bili dagylar Synhaja we Kutame taýpalarynyň Himýer taýpasyndandyklaryny aýdýarlar. Berber milletiniň gelip çykyşy barada maglumat toplan alymlar muňa garşy çykýarlar we bu hem dogrudyr. Mesgudy Zulizaryň hem Efrikişden öňki Ýemen hökümdarlaryndandygyny we hezreti Süleýman döwründe ýaşap geçendigini, Günbatar Afrikanyň üstüne çozup, bu ýeri ýer bilen ýegsan edendigini nygtaýar. Mesgudy bu hökümdardan soň ýerine geçen ogly Ýasir bilen baglanyşykly bolmak bilen şeýle diýýär: «Ýasir Magrup ülkelerinden gumly çöllere gelensoň, gumuň köplügi sebäpli ýol tapyp bilmän yzyna gaýtdy». Taryhçylar iň soňky Tubbag bolan Esat Abu Kerp hakda hem şuňa meňzeş habarlary aýdýarlar. Olaryň aýtmaklaryna görä, Esat parsyň Keýany hökümdarlaryndan Ýestaşybyň (Guştasyp) döwründe ýaşapdyr. Ol Mosuly we Azerbaýjany eýeleýär. Türkmenler bilen söweşýär we olary ýeňip, köpüsiniň ganyny dökýär. Soň türkmenler bilen ikinji we üçünji gezek ýene söweşýär we ýeňiş gazanýar. Mundan soň üç ogly Pars ülkesine, türkmenlere degişli sagt taraplaryna, Mawerannahra we Rum diýaryna söweşe gidýärler. Birinji ogly Samarkanda çenli bolan ýerleri eýeläp, çöli geçip Hytaýa barýar. Samarkanda gaýdan beýlekisi hem doganynyň bu ýere gelendigini görýär. Iki dogan birleşip, Hytaýy gana bulaýarlar. Oljalary ýygnap yzlaryna gaýdýarlar. Himýer taýpasyndan käbirlerini hem Hytaý diýarynda goýup gaýdýarlar. Olar henizem ol ýerde ýaşaýandyrlar. Üçünji ogly Kostantiniýä (Kustantanyýa?) çenli baryp ýetýär. Bu ýeri ýykyp-ýumransoň, Rum ülkesini ýer bilen ýegsan edýär. Bu habarlaryň hemmesi hakykatdan daşdyr. Bular esasan toslama hekaýalardaky gürrüňlere meňzeýärler. Çünki, tubbalaryň häkimýetleri we döwleti diňe Arap ýarym adasynda galmakdan ybarat bolup, paýtagtlary hem Ýemeniň Sana şäheri bolandyr. Arap ýarym adasyny üç tarapdan deňiz gurşap alýar. Günortada Hindi okeany, gündogarda Hindi okeanynyň Basra aýlagyna çenli uzalan böleginiň ady bolan Pars deňzi, günbatarda hem şol okeanyň Müsür taraplaryna çenli baryp ýeten Gyzyl deňzi we Suýes aýlagy bar. Geografiýadaky kartalarda we atlaslarda hem ýagdaýyň bu görnüşde çekilendigi bellidir. Şonuň üçinem Ýemenden Magryba gitmek isleýänler Suýesden başga garasy tapyp bilmezler. Bu ýerde deňzi bilen Şam (Siriýa) deňzi, ýagny Ortaýer deňziniň arasyndaky aralyk ýa iki gonak ýa-da ondanam azdyr. Eger özüne degişli däl bolsa, uly bir hökümdaryň uly bir goşun bilen bu geçelgeden geçmegi kyn bir ýagdaýdyr. Hatda mümkin däldir. Bu sebitlerde Amalika, Şamda Kengan we Müsürde kybt taýpalary ýaşaýardy. Soň-soňlar amalikalylar Müsüri, Ysraýyl ogullary Şamy ele geçirdiler. Tubbalaryň bu milletlerden biri bilen söweşendikleri we bu sebitlerden haýsydyr bir ýeri eýeländikleri hakda hiç hili maglumat ýokdur. Şeýle hem Bahrdan Magryba, Ýemenden Demirgazyk Afrika gidýän ýol örän uzyndyr. Esgerlere iýmit we azyk, atlara we mallara iým köp gerekdir. Goşun özüne degişli bolmadyk ýerden geçen mahaly ekinleri, mallary, geçen ýurtlaryny talaň eder we ýagmalar. Adaty we hiç bolmajak bir zat aýdyldygy bolar. Eger olar öz ýurtlaryndan iýmit we azyk getirjek bolsalar, onda olary çekmäge ulaglary ýetmez. Bu ýagdaýda beýle bir goşunyň beýle bir maksada ýetip bilmegi üçin hemmesi özüne degişli bolan topraklardan geçmegi we golastyndaky ýerlere sapar etmegi şertdir. Eger bir goşun gürrüňi edilýän milletlere azar bermezden, howsala düşürmezden olaryň ülkelerinden geçendir, aralarynda ylalaşyk şertnamasy bilen bu geçiş özleri üçin mümkin bolandyr we amala aşandyr diýilse, iň daş mümkinçiligi we hiç bolmajak zady aýdyldygy bolar. Şonuň üçinem bularyň hemmesi bu habarlaryň çüýrükdigini we toslamadygyny aňladýar. Ýolagçylaryň geçip bilmedik «Wadyl-reml» atly gumluk çölüne geler bolsak, hemme ýerde we hemme wagt ýol ýagdaýyny beýan edýän kerwen we oba halkynyň bolmagyna garamazdan, Günbatar Afrikada beýle bir çölüň barlygy görlen we eşidilen däldir. Emma aýtmaklaryna görä, ol ýer örän geň we owadan ýermiş. Eger şeýle bir ýer dogrudan hem bar bolsady, gürrüň edilmegi we suratlandyrmagy üçin birnäçe sebäp we ýagdaý bardyr. Tubbalaryň Gündogar ýurtlaryna we türkmen iline hüjüm etmeklerine geler bolsak, gündogara gidýän ýol Suweýş ( ) üstündäki geçelge ýerlerinden has giň bolsa-da, bu ýerdäki aralyk has uzakdyr. Türkmen iline barmazdan öňürti pars we rum milletleri arada bardyr. Tubbalaryň ne pars, ne-de Rum ülkelerini eýeländiklerine degişli hiç bir zat aýdylan däldir. Olar diňe Yrak serhetlerinde, Bahreýn arasynda, Hirede, Fyrat bilen Dijle arasyndaky topraklarda we bu iki derýa aralaryndaky welaýatlarda eýranlylar bilen söweşipdirler. Bu söweş tubbalardan zulizar bilen keýanylardan (eýranlylar) Keýkowusyň arasynda, Kiçi Tubba Abu Kerip bilen Keýany hökümdarlaryndan ýeştasep arasynda, şeýle hem keýanylar bilen sasanlylardan soň emele gelen feodallar (derebeýler, hanlar) arasynda bolup geçipdi. Türküstana we Tibete geçmek üçin Pars ýerleriniň üstünden geçmek gerekdi. Bu bolsa tubbalar bilen Türküstan we Tibet arasyna başga döwletleriň we milletleriň girmegi sebäpli hiç hili mümkin däldir. Beýan edilişi ýaly, aralygyň uzyn bolmagy bilen birlikde, esgerleriň azyk, ulaglaryň iými hem bu mümkin bolmadyk sebäpleriň hataryndadyr. Şonuň üçinem bu meseledäki habarlar hem çüýrükdir, soňradan toslanandyr. Bu mowzukdaky rowaýatlar Saglap bir rowaýat usulyna görä rowaýat edilsedi, onda hem aýdylan ýagdaý, bir tankydy we habary kabul etmezlik sebäbi bolardy. Üstesine-de bu habarlar ygtybarly rowaýat usuly bilen aýdylan däldir. Şonuň üçinem Ýesrip, Ews we Hazry taýpalary bilen baglanyşykly habarlary beýan edýärkä Ibn Yshagyň: «Soň Tubba gündogara tarap ýöredi» diýen sözlerini «Yrak we Eýran topraklaryna ýöriş etdi» görnüşinde kabul etmelidir. Türküstan, Tibet, we Hytaýa bolsak, aýdylan sebäpler zerarly, tubbalaryň bu ýerlere hüjüm edip, ele salmaklary hiç hili görnüşde dogry däldir. Sen bu meselede aýdylanlara ynam bildirme, aýdylan zatlar barada oýlan, olary iň gowy görnüşde ýüze çykarar ýaly ýalňyşyp, dogrudan dolulygyna aýryp biler ýaly, bu habarlary ygtybarly kanunlar bilen ölçe. Hakykata ýetirýän Alladyr. Aýdylýan zatlardan akyla has uzak, gorka has ýakyn we iç-içe bolan ýagdaý, tefsir alymlarynyň «Fejr» süresiniň düşündirişinde gürrüň berýän rowaýatlarydyr. «Görmediňmi, Rebbiň ad (kowumyna), diregleri bolan iremä näme etdi» manysyndaky aýaty düşündirýän tefsir alymlary «irem» sözüni bir şäheriň ady hökmünde beýan edýärler we bu şäheriň «diregleri bolan», ýagny «sütünleri bolan» diýip sypatlandyrýarlar. Olaryň aýtmaklaryna görä, Ad ibn Uws ibn Iremiň özünden soň hökümdar bolan iki ogly bolupdyr. Biriniň ady Şedit, beýlekisiniň ady Şetdat. Şedit heläk bolansoň mülk diňe Şetdada galýar. Beýleki hökümdarlar hem oňa tabyn bolýarlar. Jennetiň wasplaryny işiden Şetdat «Men hökman ýerde bir jennet dörederin» diýýär we üç ýüz ýyllap zähmet çekdirip, Aden şäherinde Irem şäherini gurdurýar. Onuň özi hem dokuz ýüz ýyl ýaşapdyr. Irem saraýlaryň we köşkleriň aşagyndan, sütünleri zeberjetden we ýakutdan bolan uly bir şäherdir. Ol ýerde dürli-dürli agaçlar we yzygiderli akýan derýalar bardyr (Erem bagy diýilýän bag-bakjalar bardyr). Şäheriň gurluşygy gutaransoň, Şetdat ülkesiniň raýatlaryny ýygnap ol ýere gidýär. Şähere bir günlük ýol galanda, Allatagala olaryň üstüne asmandan bir çirkin ses iberýär we olaryň hemmesi heläk bolýarlar. Bu habary Tabary, Saglaby, Zamahşary we beýleki tefsir alymlary gürrüň berendirler. Sahabadan Abdylla ibn Kilabeden (dogrusy tabygyndan Abu Kylaba bolmaly) şeýle rowaýat edýärler: «Abdylla ýitiren düesini gözläp ýörkä, Erem şäheriniň üstünden barýar. Ol ýerden göterip bilen altyn-kümüşini ýükläp getirýär. Muny eşiden Mugawyýa Abdyllany ýanyna çagyrýar. Ol hem gören zatlaryny oňa gürrüň berýär. Mugawyýa hem Kabul-Ahbary tapyp getirdýär, ondan ýagdaýy soraýar. Ol hem şeýle diýýär: «Ol ýeri direg we sütünleri bolan Eremdir. Musulmanlardan gyzyl, gysga boýly, gaşynyň we boýnunyň üstünde bir meň bolan bir adam düesini gözlemäge çykar we bu şähere girer» diýýär. Soň başyny galdyryp ýeredýär we Abdylla ibn Kylabyny görüp: «Walla bu adam inse şu adamdyr» diýýär. Şol günden bu döwre çenli dünýäniň haýsydyr bir ýerinde bu şäher barada hiç bir zat eşidilen we habar alnan däldir. Erem şäheriniň gurlan ýeri hökmünde öňe sürülýän Aden sährasy Ýemeniň ortasyndadyr. Bu öňden bäri Ymran halykda barlygyny sürdürýändir. Deliller we ýolgörkezijiler hemmetaraplaýyn bu ýeriň ýollaryny suratlandyrýarlar. Ýöne bu şäher barada gürrüň gozgalan däldir. Ne habar ýygnamakda hünärmen bolan taryhçylaryň haýsydyr biri, ne-de haýsydyr bir millete degişli bolan şahsyýet bu ýer barada gürrüň agzandyr. Eger rowaýatçylar: «Beýleki eserleriň ýykylyp gidişi ýaly, bu şäher hem ýok bolup, ýitip gidipdir» diýselerdi, has laýyk söz aýtdyklarydy. Ýöne olaryň sözleriniň daşky tarapyna seretseň, bu şäheriň bardygy aýdyň aýdylýar. Taryhçylaryň biri: «Bu şäher Damaskdyr. Çünki, ad kowumy bu ýerde ýaşady» diýipdir. Hatda käbirleri has hem ileri gidip: «Bu şäher gaýypdyr, bu ýerini diňe jadygöýler we galandarlar bilerler» diýipdirler. Toslama iň ýakyn bolan zatlar ine şulardyr. Tefsir alymlaryny bu hili düşündiriş görnüşine iteren sebäp dil kadasynyň «zätul-ymad» (diregleri bolan) sözündäki bar bolan şu ýagdaýdyr. «Zatul-ymad» (diregleri bolan) irem (erem) sözüniň sypatydyr. Şonuň üçinem tefsir alymlary «ymad» sözüni «esatyn» (sütünler) görnüşinde beýan edipdirler. Beýle ýagdaýda hem Iremiň (Eremiň) şäher bolmasy ýagdaýy öňe çykýar. Ibn Zubeýriň bu sözi: «Ad-y Irem» (Eremiň ad kowumy, Erem şäherindäki ad kowumy) görnüşinde Tenwinsiz izafet (eýelik aýyrgyjy) hökmünde okamagy hem, olar üçin bir esas bolandyr. Mundan soň tefsir alymlary gülkünç zatlaryň arasynda rowaýat edilen ýalana örän ýakyn bolan we esasan toslama kyssalara meňzeýän gürrüňi edilýän rowaýatlaryň üstünde durupdyrlar. Sebäbi «Ymad» sözi çadyrlaryň diregleri, hatda hut çadyryň özi manysyny aňladýar. «Ymad» sözi çadyryň diregi däl-de, binanyň diregi manysyny aňladýan bolsa hem, onda-da bu söz bilen «Ad» kowumy sypatlandyrylandyr (şäher göz öňünde tutulan däldir). Çünki, güýç-kuwwatlyklary bilen meşhurlyk gazanandyklary sebäpli ad kowumy köplenç halatda bina we sütün (ymad) eýesi lakamy bilen ýatlanylýar. Ýogsam Eremden maksat belli ýa-da näbelli bir şäherdäki aýratyn bir bina däldir. Ibn Zubeýriň okamyş görnüşinde bolşy ýaly, Ad sözi Ireme degişli edilse, muny «taýpany» tirä (bir zatdan bölünýän we döredýän bir zady ol zada, Iremden bölünen taýpany Ireme) degişli etmek görnüşinde düşünmeli. Sebäbi Kinananyň Kureýşi (Kinana tiresiniň kureýş taýpasy), Mudaryň Ylýasy, Nizaryň rabygasy sözlerinde hem ýagdaý şunuň ýalydyr (Eremiň Ady, Erem tiresiniň ad taýpasy diýmekdir). Ýagdaý şeýle mahaly munuň ýaly asly-esasy bolmaýan maýyp habarlar üçin bolup bilmegi uzak bolan ýagdaýlar bilen aýaty ýorumlamak maksady bilen hileli we mekirli ýollara düşmäge, geň galaýmaly sebäp bolan nähili zerurçylyk barka? Harun Reşidiň Barmakylaryň başlaryna bela getirmeginiň sebäbi hökmünde ähli taryhçylaryň aýdýan rowaýatlary hem ýalan-ýaşryk we toslama rowaýatlardandyr. Harun Reşidiň gyz dogany bolan Abbasa bilen Harunyň möwlasy (azat eden guly) we baş wezir Japar ibn Ýahýa ibn Hamyt Barmakynyň arasynda bolup geçen waka şeýledir: Harun özüniň şerap içýän mejlisinde Abbasa we Japar bilen bilelikde bolup, şerap içmegi gowy görýärdi. Şonuň üçinem hylwatda bolmazlyklary şerti bilen Japar bilen Abbasanyň nikalaşmaklaryna rugsat berdi (şeýtmek bilen ol biri-birine nämährem bolan erkek bilen aýalyň bir mejlisde oturmaklaryna rugsat bermeýän şerigat kadasyny aradan aýyrmak isledi). Ýöne Abbasanyň Japara bolan söýgüsi yşk derejesine ýetendigi üçin onuň bilen hylwatda bolmak maksady bilen oňa hile gurnady. Netijede, Japar Abbasa bilen jynsy gatnaşykda boldy. Taryhçylar munuň serhoşluk mahaly amala aşandygyny öňe sürýärler. Netijede, Abbasa hamyla galýar. Şugulçylar ýagdaýy Haruna ýetirýär. Bu habar onuň namysyna agyr degýär. Bu hadysa nirede, Abbasanyň din, nebere we beýikligi taýdan eýe bolan derejesi, mertebesi nirede? Bu bolup biljek zat däldi? Ol Abdylla ibn Apbasyň agtygydy. Abbasa bilen atasy Abdyllanyň arasynda dört arka bardy. Bularyň her biri Abdylladan soň diniň abraýy we milletiň atly-abraýly beýik şahsyýetlerindendi. Abbasanyň şejeresi şeýledi: Apbasa binti Muhammet Mäti ibn Abdylla Abu Japar Mansur ibn Muhammet Sejjad ibn Aly Abul-Hulefa (halypalaryň kakasy) bolan Aly, Terjumanul-Kuran (Gurhanyň terjimeçisi) bolan Abdyllanyň, ol hem Muhammet alaýhyssalamyň kakasynyň dogany Apbasyň ogludyr. Diýmek, Abbasa bir halypanyň gyzy, başga bir halypanyň hem gyz doganydy. Ýagny Abbasa hormatly mülk we döwlet pygambere baryp ýetýän halypalyk, resul bilen söhbetleşme we onuň agasy bolma, şeýle hem diniň we milletiň ýolbaşçylygy, wahynyň nury we perişdeleriň inen ýeri ýaly käbir aýratynlyklar bilen hemmetaraplaýyn gurşalandy. Çarwalygyň sap döwrüne we diniň sadalygy zamanyna ýakyndy. Ol bol-elinlik içinde ýaşaýanlaryň däplerinden we meýdanyndan uzakdady. Eger ar-namys onda bolmasa, onda başga kimde we nirede bolmalydy? Ýa-da dürslük we saplyk onuň maşgalasynda bolmasa, nirede bolmalydy? Abbasa nädip Japar ibn Ýahýa bilen neslini bileleşdirip biler? Ata-babasy Eýrandan ýesir alnyp, gul edilen bir kişi bolan ajam gullaryndan bir gul bolan kişi bilen at-abraýlaryny nädip kirledip biler? Ýa-da pygamberiň agasy we Kureýşiň atly-abraýly kişilerinden bolan öz ata-babasynyň bir guly bilen nädip saplygyna tegmil degirder? Apbasly döwleti we bu döwletde döwlet işinde işlemek Japara we kakasy Ýahýa abraý gazandyryp, olary gulluk ýagdaýyndan halas edip, emeldar derejesine beýgeldendir. Ata-babalary şeýle beýik we hümmetli mertebede beýik bolan Harunyň ajam gullaryndan birini özüne giýew edinmegi nähili mümkin bolup biler? Pikirlenip bilýän adam bu rowaýata ynsaply adamyň seredişi ýaly seretse, Abbasany öz döwründe bar bolan beýik hökümdarlardan bir hökümdaryň gyzy bilen deňeşdirip görse, bu gyzyň döwletiniň we milletiniň azat eden gullarynyň biri bilen bu hili jynsy gatnaşyk etmegine ukyply däl hasaplar. Bu hili ýagdaýy ret eder we ýalana çykarar. Emma eger muny Harun we Abbasa üçin mümkin görse, onda bu ikisiniň halkyň ýanyndaky gadyry we bahasy nirede galar? Harun Reşidiň Barmakylary jezalandyrmagynyň we başlaryna bela indermeginiň ýeke-täk sebäbi, olaryň döwletde eden-etdilikleri, ýygnalan salgytlary yýe hazynany öz ellerine geçirmekleridir. Hatda Harunyň özi üçin islän az zady hem oňa ýetmeýärdi (ýagdaýyň sebäbi keýpi däl-de, ykdysady we syýasydy). Barmakylar Harunyň ýagdaýyndan üstün gelip, hemme zada eýe bolupdylar. Onuň hökümdarlygyna ortak bolupdylar. Harunyň öz emläginde we döwlet işlerinde olar bilen bilelikde ulanmaga mümkinçilik hem galmandy. Netijede, Barmakylaryň täsirleri ulalyp, şan-şöhratlary hemme ýere ýaýraýar. Döwlet wezipelerini we ýurduň welaýatlaryny öz ogullary we öz ýagşylyklary bilen ýetişen dostlary bilen doldurýarlar. Beýlekileri bir tarapa itip, wezirlik, kätiplik, serkerdelik, hajyplyk, harby we ylmy işler ýaly wezipeleri öz dogan-garyndaşlaryna berýär. Aýtmaklaryna görä, Harun Reşidiň köşgünde Ýahýa ibn Halyt Barmakynyň neberesinden bolan harby we galam işgäri bolan ýigrimi bäş sany ýolbaşçy bardy. Bular köşkdäki beýleki döwlet işgärlerini gysyp, olary kyn ýagdaýa saldylar, döwlet wezipelerini arassaladylar. Sebäbi kakalary Ýahýa mirasdüşerligi we halypalygy Haruna üpjün edendigi üçin, onuň ýanynda aýratyn möhüm ýeri bardy. Harun ýaşlygynda onuň elinde terbiýelenipdi. Onuň işlerini ýöredýärdi. Harun oňa «kaka» diýip ýüzlenýärdi. Şonuň üçinem onuň çagalary hem hökümdaryň ygtyýarlyklaryna eýediler. Olaryň bolsa hökümdaryň ýanynda abraýy artypdy, beýik weziplere eýe bolma mümkinçilikleri has hem giňäpdi. Ähli kişi olara tarap ýüzüni öwrüpdiler, hemmeleriň olaryň öňünde boýny bükükdi. Haýyşlar we arz-şikaýatlar diňe olara aýdylýardy. Iň uzak çet-gyra welaýatlardaky hökümdarlar we emirler hem sowgatlaryny we sylag-serpaýlaryny olaryň adyna iberýärdiler. Olara ýaranmak we gowy görünmek üçin salgyt hökmünde ýygnalan mallar olaryň hazynalaryny doldurmak üçin olara iberilýärdi. Olar hem bu zatlary şaýylara we özleriniň ýakynlaryna (tarapdarlaryna) paýlaýardylar. Şeýdip olary bu sowgat-serpaýlaryna bogupdylar, ýoksul bolan emeldarlaryň maşgalalaryny ýeter-ýetmezçilikden halas edýärdiler, garyplary we gullary azat edýärdiler. Bu sebäpli hem üstlerinde duran halypalardan hem has köp öwülip, ýagdaýyny beýan eden ýoksullara haýyr-yhsan edýärdiler. Ýurduň beýleki ýerlerindäki şäherlerde we sebitlerde bar bolan obalarda we ekerançylyklarda hem özleriniň häkimýetlerini esaslandyrdylar. Bu hili hal-hereketleri sebäpli (döwletiň we nesilşalygyň) dostlarynyň gahar-gazaba münmeklerine, emeldarlaryň özlerine öýke-kine tutmalaryna we häkimleriň gaýyp-gama batmaklaryna ýol açdylar. Şeýdip bahylçylygyň we duşmançylygyň ähli görnüşi bilen gapma-garşy geldiler. Indi olaryň oturan döwletiniň ýumşak oturgyçlarynyň aşagynda şugul ýylanlary hereketlenip başlapdy. Netijede Japaryň daýylary bolan Kahtaba ogullary taýpasy hem olaryň garşysyna işleýän iň uly gep ýetirijiler bolupdylar. Ruhlaryna siňen bahylçylyk sebäpli garyndaşlyk gatnaşyklary Kahtaba ogullarynyň olara merhemetli bolmagyny üpjün etmändir we duşmançylyk has hem artypdy. Bu ýagdaýlar halypanyň olara gaharlanyp başlap, özlerini garalamakdan we goldamakdan uzak durup, daşlaşan mahalyna deň ýelipdi. Barmakylaryň eden-etdiliklerinden dörän bu gabahatlarynyň emele getiren kine we bahylçylyk, bu işlerini dowam etdirmekleri sebäpli, ýagdaý uly bir garşydaşlyga alyp geldi. Mysal üçin, Ýahýa ibn Abdylla ibn Hasan ibn Hasan ibn Aly ibn Abu Talybyň kyssasynda hem şeýle bir ýagdaý bardyr. Ýahýa ibn Abdylla hezreti Alynyň agtyklaryndan bolup, Muhammet Mätiniň doganydyr. Onuň lakamy nebal-zekiýedi. Ol Apbasy halypasy Mansura garşy aýaga galypdy. Fazyl ibn Ýahýa Barmaky Harun Reşidiň hut öz eli bilen ýazylan, amana esaslanyp, bu ýerde ady agzalan Ýahýany Deýlem sebitinde gozgalaň turuzmakdan gaýtarypdy we oňa bir million dirhem haýyr-yhsan edipdir. Bu ýagdaýy Tabary hem aýdyndyr. Harun Reşit Ýahýany Japara tabşyryp, ony öýünde göz tussagynda saklamagyny haýyş edipdi. Japar biraz möhlet Ýahýany tussagda saklaýar, soň bolsa Halypa daýanyp, ony goýberýär. Bu barada hiç kimden hem soramaýar. Şeýdip ol bu hereketi bilen Ähli-beýtiň ganynyň dökülmegine we abraýyna hormat goýýar we hökümdardan soraman öz halanyny edýär. Şugullar bu ýagdaýy Halypa ýetirensoňlar, Halypa Japardan Ýahýany näme edendigini soraýar. Japar derrew ýagdaýy aňyp, «ony goýberdim» diýýär. Harun Reşit hem göýä muňa razy bolan ýaly bolýar. Närazyçylygyny bolsa içinde saklaýar. Japar bu hereketi bilen özüne we maşgalasyna bela getiren ýoly açypdy (sebäbi bu mesele Barmakylaryň şaýylary we alawylary goraýandygyna, olaryň tarapdarydygyna ýorulypdy). Mundan soň Barmakylaryň wezipeleri we abraýlary sarsyldy, asmanlary başlaryna ýykyldy, özleri-de, köşkleri-de, ýeriň düýbüne geçirildiler. Indi olaryň häkimýet süren döwürleri soňky geljeklere ders we ybrat bolan taryhy hadysa boldy. Olaryň habarlary, döwletiň we ykballarynyň ýoly we hal-hereketleri barada pikir eden, bu hadysalara we täsirlere ýol açan sebäpler hökmünde bulary görer. Atasynyň agasy Dawut ibn Aly bilen Barmakylaryň başyna gelen belany jedelleşen Harun Reşidiň Ibn Abdyrabbihin «Kitabul-Ykd» atly kitabynyň şahyrlar bölüminde aýdylan sözlerine we Esmagynyň Harut Reşit bilen Fazl ibn Ýahýa barada gije söhbetlerinde geçiren gürrüňlerine serediň. Şonda siz olary öldüren zadyň Halypa we onuň golastyndakylara höküm ýöretmek we ýeke özleri höküm etme meselesinde bäsleşlik we göriplik duýgularynyň bolandygyny görersiňiz. Şeýle hem Halypanyň ýakynlaryndan bolan barmaky duşmanlarynyň gurnan hileleri, Halypa eşitdirmek we barmakylara garşy duýgularyny herekete geçirmek üçin aýdymçylara şygyr okatdyryp, gurnan hileleri hem şeýledir. Aýdymçynyň biri Harun Reşidiň mejlisinde şu sözleri okapdyr: Nähili gowy bolar eger Hind bize beren sözüni ýerine ýetirse, Şeýdip ruhumyz dertden halas bolup şypa tapsa, Ýekeje gezek hem bolsa, ýeke özi höküm etse we beýlekilere uýmasa, Sebäbi ýeke özi höküm etmeýän ejizdir. Harun bu setirleri eşidip: «Dogry, walla men ejizdigimi boýun alýaryn» diýipdir. Barmakylaryň duşmanlary munuň ýaly hereketleri bilen Halypa täsirini ýetirdiler. Onuň içinde bar bolan gaýraty we namysy oýardylar. Reşidiň ar alma güýjüni olara musallat etdiler. Ynsanlaryň gahar-gazabyndan we erbet ýagdaýlaryndan Alla sygynýaryn. Reşidiň içgi içmegi we dostlary bilen bilelikde serhoş bolmagy barada aýtsak, oňa muny degişli etmekden Alla sygynýarys. Biz onuň erbet işleri hakda hiç zat bilmeýäris. Beýle zatlar Reşidiň gylyk-häsiýetine we onuň halypalyk makamyna laýyk däldir. Biz onuň gerekli bolan dini wezipeleri ýöredendigini, din we adalat ýörelgelerinden aýrylmandygyny bilýäris. Ol alymlar we welizadalar bilen söhbetleşen eken. Ol Fuzaýyl ibn Yýaz, Ibn Semmak we Omar dagylar bilen gürrüňleşerdi. Sufýan Söwri bilen hat alşardy. Olaryň wagyzlaryndan täsirlenip, aglardy, gözýaş dökerdi. Onuň Käbäni togap edende aglamagy, ybadatlary we namazlary wagtynda berjaý etmegi, ertir namazyna ir gelmegi bu gürrüňleriň esassyzdygyny görkezýär. Taryhçy Tabary we beýlekiler onuň her gün ýüz rekat nepil namaz okandygyny rowaýat edýärler. Ol bir ýyl gazawata, bir ýyl hem haja giderdi. Ol namaz okaýarka güldürmek isleýän masgarabazy Ibn Merýeme gaharlanyp, muny oňa gadagan edendir. Halypa namazynda: «Näme üçin meni ýaradan Rebbime ybadat etmeýärin?» aýatyny okanda, Ibn Merýem oňa: «Näme üçin ybadat etmeýändigiňi men nireden bileýin?» diýende, Harun Reşit saklanyp bilmän pyňkyrypdy. Mundan soň Reşit gaharlanyp, masgarabazlaryna ýüzlenip: «Eý Merýemiň ogly! Namaz okaýarkaň hem masgarabazlyk edýärsiňmi? Seni Gurhana we dini dessurlara hormat goýmaga we mundan seresap bolmaga çagyrýaryn. Namazdan başga mahal özüňi isleýşiň ýaly alyp bilersiň» diýdi. Ol at-abraýlary bilen ýaşan selefleriň (soňky alymlaryň) döwrüne ýakyn bir wagtda ýaşandygy üçin ylymda we pespällikde uly derejelere ýetipdi. Atasy Abu Japar bilen arasyndan köp zaman geçmänkä, Reşit kiçi ýaşynda oňa oruntutar bolupdy. Abu Japar halypa bolmanka hem, halypa bolansoň hem ylymda we dinde uly derejä eýedi. Abu Japar özüniň ymamy Mälige hadysa degişli bolan «el-muwatta» atly kitabyny ýazmagy maslahat berende, oňa: «Eý, Abu Abdylla! Ýer ýüzünde senden we menden has alym hiç kim galmady. Meni halypalyk meşgul edýär, sen bir kitap ýaz. Musulmanlar bu kitapdan peýdalansynlar. Bu kitaby ýazanyňda Abdylla ibn Apbasyň rugsatlaryndan we ýeňilliklerinden, Abdylla ibn Omaryň berk we gaty hereketlerinden saklanyp, eseriňi musulmanlaryň ýagdaýlaryna laýyk ýagdaýda taýýarla!» diýen oldur. Mälik şeýle diýýär: «Allanyň adyndan ant içýärin, Abu Japaryň ol gün maňa kitap ýazmak usulyny öwredendigini ykrar edýärin». Reşidiň kakasy we Abu Japaryň ogly Mäti bir gün onuň hut özüniň iňňe we gaýçy bilen öz maşgala agzalarynyň könelen, ýyrtyk eşiklerine ýama ýamap oturandygyny görüpdi. Ol kakasynyň bolup oturyşyny halaman, oňa: «Eý, möminleriň emiri! Meniň aljak paýymyň hasabyna bu ýyl maşgala agzalaryma täze eşikler alarys» diýende, Abu Japar Mansur: «Paýyň özüňki bolsun» diýip jogap beripdir. Oglunyň bu nägileligi hem onuň bu işini goýduryp bilmändir. Ol musulmanlaryň pulundan maşgala agzalaryna täze eşik geýdirmek meselesinde jomartlyk görkezmedi. Mansur bilen Reşidiň arasynda az wagt geçendir. Reşit maşgalada bu hili ýagdaýda terbiýelendi. Ene-atasynyň ahlaklarynyň täsirinde ýetişendir. Bu terbiýe bilen ýetişen Reşidiň içgi içmegi we bu günä işi äşgär ýerine ýetirmegi mümkinmidir? Hatda jahylyýet döwründe hem araplaryň atly-abraýlylarynyň içgi içmekden daş durandyklary mälimdir. Olar baglarynda üzüm çybyklaryny hem saklamazdy, käbirlerine görä bolsa içgi içmek aýyp hasaplanypdyr. Reşit bilen onuň ata-babasy din we dünýä işlerinde ýazgaryljak zatlardan daş durup, ýagşy gylyk-häsiýetlerden aýrylmandyrlar. Olar haýyrly işlere baş goşup, at-abraýa we namysa zeper ýetirýän arap däp-dessurlaryndan daş durardylar. Taryhçy Tabary bilen Mesgudynyň Reşidiň lukmany Jebraýyl (Jibril) ibn Bahtiýaşu bilen gatnaşygyna degişli bolan sözlerine üns çekýärler. Reşidiň suprasyna balyk getirilende, lukman Reşide bu balygy iýdirmedi. Reşidiň suprasyna seredýän we Halypa nahary iýmezden öňürti nahardan dadyp görýän adama lukman bu balygy öz öýüne ibermegi buýruk berdi. Reşit lumanyň bu hereketini eşidip, şübhelendi we hyzmatkärlerine lukmanyň ol balygy öýünde iýip-iýmändigini sorady. Jibril ötünç sorap, balygy üç parça bölüp taýýarlady. Bu üç bölegi hem üç tabaga goýdy. Birini dermanlaman et, hoşboý ysly zatlar, gök otlar, sowadyjy zatlar we halwa bilen garyşdyrdy. Ikinji tabakdaky balygyň üstüne buzly suw, üçünji tabakdaky balygyň üstüne hem arassa şerap guýdy. Soň bolsa: «Birinji we ikinji tabakdaky balyk, möminleriň emiriniň naharydyr, üçünji tabakdaky balyk bolsa bu Jibril ibn Bahtiýaşunyň naharydyr» diýdi. Soň balyklary Halypanyň baş aşpezine berdi. Reşit ukudan oýanansoň gaharlanyp, lukmany ýanyna çagyrtdy. Üç tabakdaky balyk getirildi. Üstüne şerap guýlan balyk owranypdyr we akyp mynjyrapdyr. Beýleki tabaklaryň ikisindäki balyklar hem üýtgäp, yslanypdyr. Şeýdip Jibril ibn Bahtiýaşu balygy näme üçin iýdirmändigini düşündirdi we ötünç sorady. Mundan Halypa Reşidiň şerap içmekden saklanýandygy onuň ýakyn adamlary we aşpezleri tarapyndan berilýändigi hem aýan bolýar. Halypa Reşit şerap içýändigi üçin şahyr Abu Nuwwasy zyndana atdyrandygy hem bir hakykatdyr. Abu Nuwwas toba edip, şerap içmegi taşlansoň zyndandan boşadylýar. Reşit diňe yrakly alymlaryň mezhebine görä içilmeginiň jaýyzdygyna rugsat berendikleri üçin nebizi, ýagny hurma şerbetini içýärdi. Yrakly alymlaryň bu meseledäki rugsatlary hemmä mälimdir. Onuň arassa şerap içendigi barada günäkärlenmäge hiç hili sebäp ýokdur. Munuň ýaly esassyz, ýalan habarlary mysal getirmek hem dogry däldir. Reşit yslam dininde haram edilen ähli zatlardan daş durandyr. Olar isripçilikden daş durup, eşiklerinde zynat bezeglerinden, ulanan we iýip-içýän zatlarynda isripden we dökän-saçanlyklykdan daş durardylar. Sebäbi olar çarwa durmuşyň sadalygyny ýitirmän, diniň öz arassaçylygyndan aýrylan däldirler. Bu zatlar hakykatyna, olaryň mubah (rugsat berlen) zatlary taşlap, harama el uzadyp, bezeg diýip haram bolan zatlary ulanandyklary hakda nädip pikir edip bolar? Tabary bilen Mesgudy we beýleki taryhçy alymlar emewi we apbasly halypalarynyň sada görnüşde jäheklenen guşak we gylyç guşanyp, sada görnüşde kümüş bilen bezelen uýan we eýerli atlara münendiklerini ýazýarlar. Altyn bilen bezelen zatlar bilen bezenip, ilkinji gezek ulaga münen Halypa Reşitden soň apbasly halypalaryň sekizinjisi bolan Mugtez ibn Mütewekkildir. Hatda egin-eşiklerinde hem sadalykdan aýrylmadyk bu hökümdarlaryň şerap içendikleri barada nädip pikir edip bilersiň? Alla halasa bu eseriň birinji kitabynda beýan ediljek bolşy ýaly, döwletiň çarwa we asylynyň ilkinji döwründäki tebigatyna göz ýetirseň, döwletiň bu çagynda olaryň isripçilikden we dökme-saçanlykdan nädereje saklanandygyna hem göz ýetirersiň. Halypa Mamunyň kazysy we dosty bolan Ýahýa ibn Eksem baradaky hekaýat hem muňa ýakyndyr we laýyk gelýändir. Hekaýatda Ýahýa bilen Mamunyň bile şerap içendikleri barada gürrüň edilýär. Günlerde bir gün Ýahýa gije serhoş bolupdyr. Mamun hem ony ýakymly ysly bolan reýhan gülüniň içinde ýatyrypdyr. Ýahýa özüne gelýänçä gülleriň içinde ýatypdyr. Oýananda hem şu setirleri aýdypdyr: Eý, beýgimiz we ähli ynsanlaryň emiri! Sakylyk eden hökmünde maňa zulum etdi. Men sakynyň görküniň hyrydary we onuň mekrinden gapyldygym üçin, Görşüň ýaly akylym we dinim elimden gitdi. Reşit ýaly Ýahýa bilen Mamun hem nebiz (hurma şerbeti) içýärdiler. Nebiz bolsa olara görä haram däldi. Olar serhoş bolmandyrlar. Ýahýanyň Mamun bilen dostlugy dini dostlukdan we dini doganlykdan başga zat däldi. Ýahýanyň Mamun bilen bir öýde ýatandyklary hem hakykatdyr. Mamunyň aýratynlyklarynyň we ahlagynyň bir mysaly hem onuň bir gije suwsap oýanandygy, ýöne Ýahýa ibn Eksemi oýandyrmajak bolup, ýuwaşjadan suwy gözläp alyp içendigi rowaýat edilýär. olaryň bilelikde ertir namazyny okandyklary hem hakykatdyr. Bu häsiýetlere eýe bolanlaryň şerap içmekden uzak durjakdyklary öz-özüňe bellidir. Üstesine-de Ýahýa hadys alymlaryndan hasaplanýandyr. Ymam Ahmet ibn Hanbal bilen kazy Ysmaýyl dagylar Ýahýany taryplaýarlar. Ymam Termezi hem «Jamygus-Sunen» atly hadys kitabynda ondan hadyslar rowaýat edýär. Muzny Buharynyň «Jamygys-Sahyhyndan» başga bir eserinde Ýahýadan hadys rowaýat edendigini ýatlap geçýär. Ýahýany ygtybarsyz hasaplamak, ondan hadys rowaýat edenleriň hemmesine ygtybarsyz diýmekdir. Sözlerine we işlerine ähmiýet bermeýänler ony oglanlara meýil we muhabbat etmek bilen günäkärleýärler. Bu Alla töhmet we alymlara ýalan günä iş ýüklemekdir. Bular kyssaçylaryň asylsyz gürrüňlerine ynanyp bu sözleri aýdandyrlar. Bu sözler Allanyň duşmanlarynyň töhmetleri we toslamalarydyr. Sebäbi kämilligi we halypa bilen dostlugy sebäpli Ýahýa göripçilik edýärdiler. Dinindäki we amalyndaky derejesi onuň bu ýöňkemelerden bigünädigini subut edýär. Ibn Hanbeliň ýanynda halkyň ol barada aýdan sözleri soralanda, ol: «Men mundan Alla sygynýaryn. Bu zatlary kim aýdýar» diýip, bu töhmetleri düýbünden inkär etdi. Kazy Ysmaýyl hem ony öwýärdi. Ol hem oňa ýöňkelýän sözleri eşidende: «Haýsydyr bir bedasylyň we göribiň ýalan-ýaşryk sözleri bilen onuň adalatyna (ygtybarlylygyna) zeper ýetmeginden Alla sygynýaryn. Beçebazlyk meselesinde ýalandan oňa töhmet atylan onda bolmadyk zatlardan hem Alla sygynýaryn. Ondan daş durýaryn. Men onuň kalbynda we gursagynda saklanýan halatlaryny bilýärin. Men ony Alladan köp gorkýan kişi hökmünde tanaýaryn. Onda özboluşly bir gowşaklyk bardy. Ýöne ol ýagşy ahlakly adamdy. Oňa beýle ýöňkeme ýapýanlar onuň bu gowşaklygy sebäpli beýle zatlary aýdandyrlar» diýdi. Ibn Haýýan ony ynamdar kişilerden hasaplap: «Ol barada aýdylýan zatlara gulak asma, ol sözleriň köpüsi dogry däldir» diýýär. Şuňa meňzeş gürrüňleriň biri hem Ibn Abdyrabbihiň Halypa Mamunyň Hasan ibn Sehliň gyzy Burana öýlenmeginiň sebäbine degişli aýdan sebet hekaýasydyr. Bu hekaýa görä Halypa Mamun bir giýe Bagdadyň köçelerinde gezip ýörkä, öýleriň biriniň üçeginden atlasdan we ýüpekden örülen we ýüp daňylan bir sebediň aşak sallanandygyny görýär. Mamun sebediň içine girýär we ýüpi çekýär. Ýaňky sebet hem ýokary çekilýär. Ol şeýle-şeýle wasplar bilen beýan edilen örän kämil derejede düşelen we gözleri gamaşdyryp, akyllary haýran edýän, düzgün-tertipli görnüşde bezelen owadan bir jaýa barýar. Ol ýerde perdeleriň aňyrsyndan diýseň owadan, owadanlygy bilen ynsanlary özüne maýyl eden bir gyz gelýär. Ol gyz Mamuna salam berýär we ony bile şerap içmek üçin supra başyna çagyrýar. Mamun daňdana çenli bu owadan gyz bilen oturyp şerap içýär. Daň atansoň hem ýene aşak sallanýar. Wezirleri şol öňki ýerlerinde oňa garaşyp duran ekenler. Mamun soň ol gyza aşyk bolýar. Hekaýat ine şundan ybaratdyr. Dini, ylmy we dogry ýoldan aýrylmadyk atalarynyň gylyk-häsiýetlerini özüne nusga edinen, ymmatyň düýp esaslary bolan dört halyfyň ýolundan aýrylmaýan, alymlar bilen pikir alyşýan, namazlarynda hem Beýik Allanyň çyzan ýolundan we goýan hökümlerinden çykmaýan Mamunyň gylyk-häsiýeti onuň beýle işleri etmegine päsgeldir. Pasyklar we günäkärler ýaly gijelerine köçelerde we öýleriň daş-töwereklerinde çarwa arap aşyklary ýaly gije söhbetlerinde selpäp ýörmek bu aýratynlyklara eýe bolan Mamuna nädip degişli ediler. Hasan ibn Sähliň gyzynyň at-abraýy, kakasynyň öýüniň namysy we erbetliklerden goralan bolmagy hem muňa päsgeldir. Bularyň meňzeşi bolan hekaýatlar köpdür we taryhçylaryň eserlerinde nygtalýar. Bu hekaýatlary toslamak, aýtmak we bu meseledäki gürrüňler haram bolan lezzetlere gark bolmakdan, namysly aýallaryň ar-namyslaryna we at-abraýlaryna zeper ýetirmäge meýil etmekden döreýändir. Olar öz kellelerine tabyn bolup, bu hekaýatlary toslamak we aýtmak arkaly tesellim bolýarlar. Şonuň üçinem olar bu habarlaryň meňzeşleri hakda köp gürrüň edýärler. Depderleriň we kitaplaryň sahypalaryny gözden geçirenlerinde, munuň ýaly hekaýatlary tapyp, orta çykarýarlar. Bu hekaýaçylar olaryň bilinýän ululyklaryna we beýikliklerine laýyk bolan aýratynlyklaryny nusga edinsediler we muny bilsediler, özleri üçin örän haýyrly bolardy. Men günlerde bir gün hökümdar ogullaryndan birini aýdym-saz we saz guraly öwrenmäge höwesekdigi üçin oňa käedim we oňa: «Bu işler seniň at-abraýyňa we derejäňe laýyk däl, gelişmeýär» diýdim. Onda ol maňa: «Ybraýym ibn Mätiniň bu sungatyň ussadydygyny we aýdymçylaryň piridigini bilmeýärsiňmi?» diýip sorag berdi. Men oňa: «Sen onuň kakasyny we doganyny özüňe nusga edinseň gowy bolmazmy? Bu sungatyň Ybraýymyň halypalyk derejelerine ýetmegine päsgelçilik döredendigini bilmeýärsiňmi?» diýip soradym. Ol ýigit meniň ýazgarmagymdan täsirlenip, aýdym-saz öwrenmegi goýbolsun etdi. Beýik Alla öz islän bendesini dogry ýola salar. Esassyz toslama habarlaryň biri hem Kaýrawanda we Kairda häkimiýet süren we şaýy halypalaryndan bolan ubeýdilere degişli habarlardyr. Birnäçe taryhçylar olaryň Allanyň ilçisiniň neslinden däldiklerini öňe sürýärler we muny subut etmäge synanyşýarlar. Olar ubeýdilerden Ysmaýylyň Ymam Japar Sadygyň neslindendigini inkär edýärler. Bular şol wagtda ejiz düşen apbasly halypalaryna ýaranmak üçin toslanan sözlere we hekaýalara daýanyp, bu pikirleri tassyklaýar. Bularyň nesillerine bolan bu töhmetler özlerini wezipelere bellänleriň göwünlerine ýaranmak we olary duşmanlarynyň gaýgy-gamlary bilen begendirmek maksady bilen toslanandyr. Bu meselede aýdylan käbir sözleri olara degişli bolan habarlary beýan edenimizde aýdarys. Bu sözleri aýdýanlar hadysalaryň sebäplerini we ýagdaýlaryny bilmezden ubeýdileriň nesillerini ýalana çykarmaga synanyşandyrlar. Olar bolup geçen hadysalaryň we ýagdaýlaryň dawalaryny (pikirlerini) inkär etjek derejededigi barada pikir hem etmändirler. Sebäbi taryhçylar şaýylaryň döwletiniň ilkinji başlangyjy Abdylla Muhtesibiň ketameler ilinde «Muhammediň neberesini goramagy, ýagny olardan ady agzalmaýan birine» ykrar bermäge çagyrmagy bilen başlanandyr. Ykrar bermäge çagyryşyň habary ýaýran mahaly Ubeýdylla Mäti bilen ogly Abu Kasym onuň çagyryşynyň ýaýrandygyny eşidenlerinde, janlaryndan gorkandyklary üçin halypalygyň merkezi bolan gündogardan gaçyp, Müsüre gelendirler. Olar täjir lybasyna girip, Isgenderiýeden ýola çkýarlar. Müsüriň we Isgenderiýäniň häkimi Isa Nuşeri muny eşidip, olaryň tutmaklary üçin yzlaryndan kowgy iberýär. Kowgy olaryň yzlaryndan ýetse-de, olaryň eşiklerini we lybaslaryny üýtgedendikleri üçin olary tanamaýarlar. Olar bolsa Magryba (Günbatar Afrika) gidýärler. Bu habary eşiden Mugtazyt Kaýrawan şäherinde ýaşaýan Yfrykyýe (Demirgazyk Afrika) emirleri bolan Aglap ogullaryna we Sijilmasanyň emirleri bolan Midrar ogullaryna hat iberip, olaryň öňüni tutmak üçin ähli ýollary tutmaklaryny we olary tapmak üçin jansyzlar ibermeklerini emr edýär. Midrar ogullaryndan Sijilmasanyň häkimi Ýasa olaryň Sijilmasa şäherinde gizlenýän ýerlerini bilýär. Şaýylaryň Kaýrawanda Aglap ogullaryny ýeňmeklerinden öňürti Halypany razy etmek üçin olary tussag edýär we zyndana salýar. Mundan soň Magrypda (Demirgazyk Afrika), Ýemende, Isgenderiýede, soň bolsa Müsürde, Şamda we Hyjazda ubeýdileriň çagyryşlary ýaýraýar. Olara ykrar berilýär. Bu çagyryşyň netijesi hökmünde olar yslam ýurtlaryny apbasylar bilen ikä bölüşýärler. Tasdanam olar apbasylary öz ýurtlaryndan çykaryp, halypalygy hem ellerinden alýardylar. Apbasy halypalaryna höküm ýöreden deýlemlileriň azat eden guly emir (Arslan) Basasyry Ajam emirleri bilen iki arada bolup geçen söweşlerde we çaknyşyklarda olary ýeňenden soň Bagdatda we Yrakda alawylary ykrar bermäge çagyrdy. Alawylardan Müsür halypasy Mustansyryň adyna Bagdadyň we bütin Yragyň münberlerinde bir ýyllap hutba okatdy. Alawylaryň güýç we kuwwat gazanmaklary netijesinde Apbasylar döwleti sarsgyn geçirdi. Apbasylaryň derejeleri peseldi. Deňziň beýleki tarapynda (Ispaniýada) häkimiýet süren ümewiler olaryň özleri bilen söweşmeklerinden gorkup, gaýgy-gam içinde ýaşadylar. Nesebi (asly) şekili bolup ýalandan nesil-asyl we halypalyga hukugynyň bardygyny öňe sürýn kişi nädip beýle derejede güýç-kuwwat gazanyp, yzyna munça adamy düşürip bilýär? Ýalandan nesil toslan we özüniň Allanyň ilçisiniň neslindendigini öňe süren karmatylaryň ýagdaýyna ser sal. Olaryň çagyryşy we işleri çözüldi. Tarapdarlary ýanlaryndan aýryldylar. Erbetlikleri we hile-pirimleri örän tiz ýüze çykdy. Onuň we tarapdarlarynyň ykbaly diýseň erbet boldy, olar günäleriniň we etmişleriniň jezalaryny çekdiler. Ubeýdileriň dawalary ýalan bolsady, esli wagt geçensoň hem belli bolardy. Erbet häsiýete eýe kişi, bu ýagdaýyny ynsanlar bilýän däldir öýtse hem, onuň bu ýagdaýy bilner. Bularyň döwleti iki ýüz kyrk ýyllap sürdi. Ybraýymyň makamyna we namaz okan ýerine, Allanyň ilçisiniň ýurduna, ýerlenen ýeri (Medinä) we hajylaryň wakfasyna we perişdeleriň inen ýerlerine eýe boldular. Döwletleri ýykylansoň hem tarapdarlary öňküleri ýaly olara tabyndylar we olary söýýärdiler. Olaryň Ymam Ysmaýyl ibn Japar Sadygyň neberesindendiklerine ynanýardylar. Tarapdarlary döwletleri ýykylyp, yzlary we galyndylary könelensoň hem olara ykrar bermäge çagyryp, köp tagalla etdiler. Olaryň neberelerinden bolanlaryň atlary bilen olaryň halypalyga hukuklarynyň bardygyny öňe sürdüler. Öň ýaşap geçen ymamlarynyň wesýetleri bilen olaryň halypalyk tagtyna geçirmek islediler. Bular olaryň nesillerinden şübhelenýän bolsadylar, olara kömek etmek meselesinde özlerini beýle howpa atmazdylar. Sebäbi çagyryş edýän kişiniň, ýagny ykrara çagyrýanyň hakykatlygyna şek-şübhesiniň ýoklugy, onuň dogrudygyna ynanmagy, dogasyny ýüregi ýalana çykarmaly däldir. Kelam alymlarynyň ussady hasaplanýan kazy Abu Bekr Bakyllanynyň tankytlanan bu pikire meýil edip, bu gowşak pikirde bolmagy geň galmaly ýagdaýdyr. Ussadyň bu pikire düşmegi bu nesilden bolanlaryň mülhitdiklerinden (dinden çykan) we rafyzylyga meýillerinden dörändikleri sebäpli bolsa, bu olaryň çagyryşlaryny inkär we ret etmek üçin sebäp däldir. Nesilleriniň Allanyň ilçisine baryp ýetmegi hem küpürleri sebäpli olary Allanyň ýanynda jogapkär bolmakdan halas etmez. Beýik Allatagala Nuha bir ogly hakda: «Ol seniň maşgalaňdan däldir. Sebäbi ol oňyn bolmaýan bir iş saýlandyr. Ol bilmeýän zadyň hakda menden zat sorama» diýýär. Allanyň ilçisi gyzy Patma nesihat edip: «Eý, gyzym Patma! Bilgin, men seni Allanyň dergähinde jogapkär bolmakdan hiç haçan halas edip bilmerin» diýýär. Bir kişi bir meseläni bilip, ol işe şeksiz göz ýetirse, ol kişä ol işi anyk görnüşde aýtmak we beýan etmek wajyp bolar. Beýik Alla hakykaty aýdyň beýan eder. Allatagala gullaryna dogry ýoly görkezer. Olaryň tarapdarlary köpelip, olary ykrara çagyrmak üçin çagyryjylary uzak ülkelere çenli ýaýrap, biri-birleriniň yzyndan döwlete garşy herekete geçendikleri üçin döwletler olara şek-şübhe gözi bilen bakýardylar. Olar duşmanlarynyň gözegçiliginde ýaşaýardylar. Şonuň üçinem alawylaryň ýolbaşçylary bir ýerde gizlenip ýaşamaga mejbur boldular. Şahyryň aýdyşy ýaly, gizlenen ýerleri näbellidir. Günlerden meniň adymy sorasaň bilmez, Nirede ýaşaýandygymy sorasaň, ýerini hem bilmez. Şonuň üçinem Ubeýdylla Mätiniň atasy Ymam Muhammet ibn Ysmaýyla şaýylar mektum (gizlenen) diýip at dakdylar. Sebäbi olar duşmanlaryndan gorkup, onuň gizlenmegine biragyzdan karar berdiler. Şonuň üçinem apbasylaryň tarapdarlary başlangyçda ýüze çykanlarynda olaryň nesillerini ýazgaryp, ejiz düşen apbasy halypalaryna ýaranmak islediler. Olaryň bu ýazgaryşlary olaryň kömekçileriniň we duşmanlary bilen söweşen serkerdeleriniň göwnüne gidýärdi. Olar bu töhmetler bilen Şamda, Müsürde we Hyjazda özlerini ýeňen ubeýdileriň tarapdarlary bolup, olary ykrara çagyran Ketama berberleriniň öňünde özleriniň garşylyk görkezmeden ejiz gelmeleriniň utanjyny dep edýärdiler. Bagdatda kazylar ubeýdileriň Allanyň ilçisiniň neslindendiklerini ret etjek bir topar taýýarladylar. Kazylar, özleri, Abu Hamyt Isferaýyny, Kudury, Seýmery, Ibn Ekfany, Abiwerdi, Şerif Razy, onyň dogany Murtaza , Ibn Bathawy, şaýy fakyhy Abu Abdylla ibn Nygman ýaly alymlar we Muhammet ymmatynyň iň meşhur alymlaryndan başga-da birnäçeler muňa şaýatlyk berdiler. Ubeýdileriň Allanyň ilçisiniň neslindendikleri ret edilen ol gün göýä baýram güni ýaly bir gün boldy. Bu wagt 460-njy hijri ýylydy we Kadyryň halypalyk wagtydy. Habarlar Bagdat ýaşaýjylarynyň we aglabasy apbasylaryň tarapdarlarynyň we ubýedileriň nesillerine töhmet atanlaryň arasynda ýaýrandygy üçin, bu alymlar eşiden bu habarlaryna esaslanyp şaýatlyk beripdiler. Bu habarlar rowaýat edenler eşidişleri ýaly gürrüň berendirler. Aslynda bu habarlar hakykata gabat gelmeýär. Mugtezidiň Ubeýdylla barada Kaýrawanda häkimýet süren Aglap ogullaryna we Sijilmasada häkimýet süren Midrar ogullaryna ýazan hatlary, olaryň nesilleriniň Allanyň ilçisine ýetýändigi pikiriniň dogrudygyny subut edýän bir resminama we dogry bir şaýatlykdan ybaratdyr. Mugtezit bolsa Allanyň ilçisiniň maşgalasynyň neslini hemmelerden gowy bilýän bir kişidir. Döwlet we soltanyň «Kaýgy» (anyk) dünýäniň bir bazary hökmünde bolup, bu bazara ylymdan we sungatdan ybarat her hili mal we haryt getiriler. Işlerini we kärlerini, bähbitlerini ýitirenler ol bazarlarda gazançlar gazanmagy umyt edýärler. Rowaýatlar we habarlar gürrüň berýän atlylar ýaryşyp ol ýere gelerler. Ol ýerde rowaç bolan mal ähli ynsanlaryň ýanynda rowaç tapar. Döwlet zalymlarça hereket etmez. Dogry ýoldan bir tarapa taýmaz. Düşünjesizlikden we ejizlikden daş durup, beýleki milletleriň ýoluna azyp, dogry ýoldan aýrylmasa, onuň bazarynda hakyky ýüpekler we sap altynlar rowaç tapar. Döwlet erbet maksatlaryň yzyna düşüp, öýke-kinä daýansa, azgynçylygyň we batylyň araçylary ol ýerde ylalaşar we ol döwletiň bazarynda ýasama we garym-gatym pullar ýörär. Parasatlylyk gözi bilen sereden we gowuja pikirlenen kişi, öz pikir we düşünjesiniň we seljermesiniň adalatly bir ölçegidir. Idris ibn Idris ibn Abdylla ibn Hasan ibn Hasan ibn Hasan ibn Aly ibn Aby Talybyň (goý, Alla olaryň hemmesinden razy bolsun!) gelip çykyşy hakda edilýän gybatlaryň köpüsi ýokarda aýdylan hekaýatlara garanyňda hakykatdan has uzakdyr. Idris kakasyndan soň uzak günbatarda ymamlyk (halypalyk) wezipesine geçendir. Onuň gelip çykyşyna töhmet edenler uly Idrisden ejesiniň göwresinde galan çaganyň Idrisiň ogly bolman, möwlalary (azat eden gullary) bolan Reşidiň çagasydygyny öňe sürýärler. Bu zatlary aýdýanlaryň Allatagalanyň özi temmisini bersin. Nadanlygyň içine çümmekleri olary hakykatdan daşlaşdyrandygy üçin Kiçi Idrisiň gelip çykyşy hakda bulary aýdandyrlar. Olar Uly Idrisiň berber ilinde garyndaşlarynyň bardygyny bilmeýärdiler. Ol Günbatar Afrika (Magryp) gelenden tä ölýänçä sada çarwa durmuşynyň içine çümüp ýaşandyr. Çarwalaryň beýle ýagdaýlaryndaky hallary näbelli däldir. Olaryň munuň ýaly ýagdaýlarda şek-şübhe döretjek gizlin we syrly hallary ýokdur. Ähli maşgalalaryň we öý içleriniň ýagdaýlary, şärikleriniň we goňşularynyň gözleriniň öňünde bolup geçýärdi. Diwarlar biri-birine degip durandygy, öýleriň pessejik bolup, arasynda haýat ýokdugy üçin aralaryndaky hemme zat eşidilýärdi we görülýärdi. Gullary bolan Reşit hojaýyny Uly Idris ýogalandan soň Idris maşgalasynyň garyndaşlary we tarapdarlary bolan şaýylaryň gözleriniň öňünde we hemmesiniň gözegçiliginde ähli maşgalanyň işini ýerine ýetirýärdi. Uzak Günbatar Afrikasynyň berberleri kakasy ýogalansoň biragyzdan Kiçi Idrisi ykrar edip, öz razyçylyklary bilen oňa boýun boldular. Onuň ugrunda janlaryny we mallaryny pida etmäge söz berdiler. Kiçi Idrisiň duşmanlary bilen bolan söweşlerinde we çaknyşyklarynda ölüm deňizleriniň ummanlaryna çümdüler. Kalplary olara bu hili şübheleri oýaran, gulaklary şek-şübhe döreden sözleri haýyn duşmandan ýa-da şübheli mynapykdan bolsa hem, eşiden mahallary bularyň bir bölegi bolsa-da, Kiçi Idrisiň bu söweşlerine goşulman yzda galardylar. Allanyň adyny aýdyp, bulardan hiç haýsynyň amala aşmandygyny anyk aýdýaryn. Bu sözler diňe olaryň duşmanlary bolan Apbas ogullary we olaryň Yfrykyýe (Demirgazyk Afrika) häkimleri bolan Eglap ogullary tarapyndan toslanan habarlardyr. Uly Idris Fehh hadysasynda apbaslylaryň goşunyndan ýeňlensoň Magryba (Günbatar Afrika) gaçdy. Halypa Hady Eglap ogullaryna Uly Idrisi tutmak üçin hemme ýere gözegçiler goýmaklaryny we içalylar ibermeklerini emr berdi. Ýöne olar Idrisi tutup bilmediler. Uly Idris gaçyp Günbatar Afrika bardy. Ol ýerde onuň çagyryşy ýaýrady. Onuň ymamlygy kabul edildi. Halypa Reşit apbaslylaryň azat eden guly we Isgenderiýe häkimi bolan Wazyhyň gizlinlikde şaýylygy kabul edip, alawylar bilen dostlaşyp, uly Idrisiň Günbatar Afrika geçmegine päsgel bolmandygyny we ikiýüzlilik edendigini eşidensoň Wazyhy öldürdi. Reşit kakasy Mätiniň azat eden guly Şemmahy ýoluny we ugruny tapyp, uly Idrisi öldürmäge gizlin ýagdaýda tabşyryk berdi. Şemmah uly Idrisiň tarapyna geçip, özleriniň hojaýynlary apbasylardan bizar bolandygyny aýdyp, Uly Idrisiň ýanyna geldi. Idris ony ýanyna we özüniň ýakyn adamlarynyň arasyna aldy. Şemmah bu ýakynlykdan peýdalanyp, Idrise zäher içirip, ony öldürdi. Apbasylar Uly Idrisiň ölüm habaryny eşidenlerinde, onuň ölümi bilen günbatarda alawylara çagyryşyň we ykrar bermegiň yzynyň kesiljekdigi we yzlarynyň bütinleý ýitjekdigi umydy bilen begendiler. Bu habar olary diýseň şatlandyrdy. Haçan Idrisiň aýalynyň garnynda bir çagasynyň bardygy habary eşidende, habary ýalan diýip ýaýratdylar. Ýöne çagyryş ýene-de başlady. Günbatar Afrikada şaýylar ýene-de aýaga galdylar. Idris ibn Idrise ykrar berdiler. Alawylaryň döwleti ýene-de esaslandyryldy. Bu habar oklaryň ýyrtyp geçmeginden hem tizlik bilen apbasylara baryp ýetdi. Uly Idrisiň güýç gazanmagy bilen apbasylaryň Günbatar Afrikadaky häkimýetleri gowşady we ýykyljak derejä baryp ýetdi. Şonuň üçinem apbaslylaryň alawylara garşy durup biljek ýagdaýlary ýokdy. Uly Idris Uzak Günbatardadygy üçin Reşidiň eli ol ýerlere çenli ýetip bilmeýärdi. Üstesine-de berberler onuň daşyny gurşapdylar. Reşit ony diňe hile ýoly bilen zäherlemek arkaly ýok edip bilerdi. Gorkunç bir hadysa bilen ýüzbe-ýüz bolan apbaslylar bu deşigi ýapmak üçin özleriniň Yfrykyýedäki kömekçileri Aglap ogullaryna tabşyryk berdiler. Alawylar tarapyndan döwletlerine inderilen bu zarbanyň täsiri, zyýany we zeperi halypalyk merkezlerine çenli ýetmezden öňürti, bu hassalygy dep etmek wezipesi Aglap ogullarynyň üstüne ýüklendi. Bu hili ynamlar Mamundan we ondan soňra gelen halypalar tarapyndan Aglap ogullaryna ýüklenýärdi. Ýöne Aglap ogullary Uzak Günbatarda ýaşaýan berberlere garşy durmakdan ejizdiler. Arap bolmadyk milletlerden (türkmenlerden) bolan azat edilen gullaryň söweşleri we hüjümleri zerarly halypalar ejizländigi üçin Aglap ogullary berber hökümdarlary bilen gowy gatnaşmaga mätäç ýagdaýdadylar. Sebäbi arap milletinden bolmadyk azat eden gullary ähli erk-ygtyýarlary halypalaryň ellerinden alypdylar. Döwlet işgärleriň we häkimleriň bellenmeginde we işden boşadylmagynda, döwlete degişli bolan zatlary ýygnamakda we sarp etmekde, häkimýet we dolandyryş işlerinde öz maksatlaryna laýyklykda isleýişleri ýaly hereket edýärdiler. (dowamy bar)... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |