19:12 Mukaddime: Birinji kitabyñ birinji bölümi | |
BIRINJI KITABYŇ BIRINJI BÖLÜMI
Taryhy makalalar
Ynsanlaryň bir ýere jemlenişip, jemgyýetler görnüşinde ýaşamaklaryna degişli bu bölüm, birnäçe başlangyjy öz içine alýar. Birinji başlangy Yjtymagy durmuş adamzat üçin zerurydyr. Pelsepeçiler muny: «Ynsan tebigy taýdan medenidir» kadasy bilen kesgitleýärler. Ýagny «Ynsan üçin yjtymagy durmuş ýaşamak tebigy zerurlykdyr» diýýärler. Pelsepeçiler öz adamlaryna görä, şeýdip bir ýerde jemlenişip ýaşalýan ýere «Medine» diýýärler. Ymranyň manysy hem şoldur. Munuň düşündirişi şeýledir: «Ähli kemçiliklerden daş bolan Alla ynsany ýaradan mahaly iýmitden başga zat bilen ýaşap bilmejek we ýaşaýşyny nepil geçmejek görnüşde we suratda ýaradandyr. Tebigy ugrukdyrylyşy ynsana iýmiti gözlemek ýoluny görkezendir. Şol bir wagtyň özünde Alla ynsany rysgalyny tapyp biljek we gazanyp biljek bir güýjünde ýaradandyr. Ýöne ýalňyz kişi ýeke özi mätäç bolan iýmitini üpjün etmekden ejizdir. Bu iýmit maddasynyň iň pes çägini, mysal üçin biriniň bir gün ýaşamagy üçin gerekli bugdaýy bir nusga hökmünde ele alsak, bugdaýy una, uny hamyra, hamyry çörek ýagdaýyna getirmek işi bardyr. Bu üç işiň her haýsy çanaga, gurala we eswaba mätäçdir. Bular demir ussasy, agaç ussasy we küýzegär tarapyndan ýasalýar. Ynsanyň bugdaýy un we çörek etmezden däneleýin iýmegini göz öňüne getirsek, bugdaýyň däneler görnüşinde ýygnalmagy hem bulardan has köp bolan işlere we zähmetlere mätäçdir. Mysal üçin, tohum görnüşinde ýere ekmäge, ýetişensoň ormaga we bu däneleri sümmüllerden çykarmak üçin döwmäge mätäçdir. Bularyň her birini çörek görnüşine getirmek üçin gerekli zatlardan has köp gurallary, birnäçe hünäre we senetlere mätäçdir. Bularyň hemmesini ýa-da käbirini emele getirmek ýeke bir adamyň güýjünde däldir. Özüne we başga birine ýeter derejede azyk maddasyny gazanmak üçin öz jynsyndan bu maddanyň hasyl bolmagyna ýeter mukdarda ynsanlaryň bir ýere jemlenmekleri gerekdir. Bu ýygnanan kişiler biri-birlerine kömek edip, özleriniň sanlaryndan birnäçe esse köp ynsany eklejek möçberde azyk maddalaryny hasyl edip bilerler. Mundan başga ynsanlaryň her haýsy özüni gorap bilmek üçin öz jynsyndan bolan başgalaryndan kömek islemäge mätäçdir. Sebäbi ähli kemçiliklerden uzak bolan Allatagala haýwanlaryň hüý-häsiýetlerini berende, dişleýji we ýaralaýjy birnäçe haýwanlara ynsan güýjünden has uly güýç berdi. Mysal üçin, at ynsana görä has güýçlüdir, eşek, öküz, pil ynsandan birnäçe esse güýçlüdir. Duşmanlyk we hüjümler haýwanlaryň tebigatyndandygy üçin özüne topulan, başgalaryň hüjüminden özüni goramak üçin ol haýwanlara mahsus agzalar berdi. Ynsana bolsa bularyň hemmesiniň öwezine pikir we el berdi. Ynsan el, pikir we akylyň nury we kömegi bilen hünäriň we senetleriň saýasynda ähli haýwanlardaky ýaralama we topulma guraly we sebäbi bolan agzalaryň öweziniň deregi bolan ynsan elleri we ýaraglary bejerýär. Ynsanyň ýasan naýzasy haýwanlardaky süzme endamy bolan şahyň, gylyçlar bolsa ýaralamak guraly bolan dyrnaklaryň, tuwulgalar haýwanlaryň goranma wezipesini ýerine ýetirýän galyň derileriniň deregidir. Galen «Menafyl-agza» («Agzalaryň peýdalary») atly eserinde: «Ýalňyz bir adam diňe öz güýji we kuwwaty bilen dişlewük we aýratyn hem ýaralaýjy bolan haýwanlaryň biriniň öňünde durup bilmez. Ol ýeke özi özüni haýwanlardan goramakdan ejizşş ýagdaýdadyr. Goranmak zatlary hökmünde ulanylýan ýarag, gurallar, esbaplar we goranyş üçin ýasalan gurallar we eswaplar köpdügi üçin bu ýaraglary we gurallary ulanmak we taýýarlamak hem bir ynsanyň güýç-kuwwatynyň daşyndadyr. Ynsan bularyň her haýsynda öz jynslaryndan bolan beýlekileriň kömegine mätäçdir. Olar kömek etmeseler, bulary taýýarlamakdan ejiz bolşy ýaly, iýmit maddalaryndan we azykdan mahrum galar» diýýär. Ähli kemçiliklerden päk bolan Allatagala ynsanlary ýaşap bilmegi üçin iýmite mätäç ýagdaýda ýaradandygy üçin ynsan ýeke başyna ýaşap bilmez. Ýeke özi ýarag taýýarlamakdan ejiz ýagdaýdadygy üçin özüni gorap bilmez. Ýyrtyjy haýwanlaryň ýaralanan we öldürilen awlary bolar. Ömürboýy heläk bolup, peläketlere sezewar bolar. Beşer jynsy çöker. Daýanyşma ynsana iýmiti üçin azygyny özüni goramagy üçin ýaragyny üpjün edýändigi üçin Allanyň ynsanyň dowamatyny we jynsyny goramagyny üpjün etmeginiň hikmeti manysy çykýar. Diýmek, ynsan jynsy üçin yjtymagy durmuş bir zerurlykdyr. Ýogsam, ynsanlar ýaşap bilmezdiler. Allanyň ynsanlar arkaly dünýäni abadanlaşdyrma we olary ýer ýüzünde özüniň orunbasary etmek meselesindäki eradasy ýerine ýetirilmedigi bolardy. Bu ylmyň temasy hökmünde ele alnan ymranymyzyň manysy ine budur. Bu usulda seljeren ylmymyzyň temasyny hem bu ylmyň çäginde özboluşly subutladyk. Bilgin, mantyk ylmynda esas, subutnamadygy üçin ol ylmyň temasyny subutlamak eseri ýazana ýüklenen borç bolmaýşy ýaly, mantyk alymlarynyň arasynda ol ylmyň temasyny subut etmek jaýyz bolmaýan iş hem däldir. Eger ýazar ol ylmyň temasyny subut etse, onuň haýyr-yhsanyndan bolar. Alla Özüniň pazly bilen üstünlikler nesip eder. Ýokarda beýan edişimiz ýaly, yjtymagy durmuş emele gelip, dünýä abatlanansoň, biri-birleriniň hüjümlerinden özlerini goramak üçin ynsanlar kanun goýuja (hökümete we häkime) mätäçdirler. Ýogsam, duşmanlyk we zulum ynsanyň haýwany bolan tebigatydygy üçin ynsanlar biri-birlerine hüjüm ederler, zorlaýarlar. Hökümet bolmasa olary bu zulumlaryndan hiç kim goramaz. Dişlek we ýaralaýjy haýwanlara garşy ulanýan ýaragy we gurallary hem ynsanlary mundan gorap bilmez. Sebäbi bu ýaralar olaryň hemmesinde hem bar. Şonuň üçinem özlerini beýlekileriň hüjümlerinden goramak üçin başga zatlara mätäçdirler. Haýwanlar muňa göz ýetirmekden ejizdikleri üçin muny ýerine ýetirip bilmezler. Şonuň üçinem bu kanun goýujynyň ynsanlaryň özlerinden biriniň bolmagy zerurdyr. Ol kanun goýujy olaryň üstünden garaýan häkimýeti eline alyp, olary özlerine tabyn etdirendigi üçin hiç kim başgalara zulum etmez. Döwletiň we hökümetiň manysy hem ine budur. Sen bu düşündirişlerimizden bu häkimýetiň tebigaty bilen ynsana mahsusdygyna aýdyň göz ýetirdiň. Ynsanlar üçin bu häkimýet bir zerurlykdyr. Pelsepeçileriň aýtmaklaryna görä, dilsiz haýwanlarda hem höküm we emre tabynlyk duýgusy bar. Ary we çekirtge muňa mysal bolup, bular özlerinden bolan, ýaradylyşy we jisimi bilen özlerinden saýlanan bir ýolbaşça boýun bolup we tabyn bolup, onuň hökümini diňleýärler. Ýöne ynsandan başgasynda bu aýratynlyk, ýaradylyş we Allanyň haýwany muňa ýöneltmegi bilendir. Ol pikirden we syýasatdan dörän däldir. Alla haýwanlary ýaradansoň, olara gün-güzeran, ýaşaýyş ýoluny (Gurhany) görkezdi. Pelsepeçiler pygamberligi akyly deliller bilen subut edenlerinde, bu deliliň we subutnamanyň üstüne pygamberligiň ynsan üçin tebigy bir ýagdaýdygyny aýtdylar. Bu delillerini soňuna çenli beýan etdiler. Ynsanlar üçin bir kanun goýujynyň höküm etmegi bir zerurlykdygyny we bu Kanun goýujynyň öz aralaryndan saýlanyp, Alla tarapyndan iberilen, pygamber tarapyndan getirilen şerigat we Allanyň parz eden dininiň hökümleridigini, kowumynyň oňa tabyn bolup, onuň getiren dinini kabul etmegini we hökümleriniň ýerine ýetirilmegini aýdýarlar. Allanyň bu pygamberi hidaýat nurlaryndan özüne berlen aýratynlyklar bilen onuň beýleki ynsanlardan aýra edendigini we şahsyýetinde bu aýratynlyklary jemlän kişä, kowumynyň inkär etmezden we ýalançy hasaplamazdan oňa ynanmaklarynyň wajypdygyny beýan edýärler. Pelsepeçileriň bu sözleri görşüň ýaly kemdir. Sebäbi ynsanlaryň ýaşamaklary häkimiň tarapyndan goýlan kanunlar ýa-da yzynda özüni goraýan urugynyň (ýa-da daşynda jemlenen tabynlary) kömegi bilen üpjün edilip bilner. Häkim islese, olary zelil edip, öz ýoluna gönükdirer, olara hökümini diňleder. Kitap ähilleriniň we Allanyň ilçilerine iman edenleriň sanlary amal etjek kitaplary bolmadyk mejusylaryň (otparazlaryň) sanlaryna görä azdyr. Mejusylar dünýäde ýaşaýan kowumlaryň arasynda sanlary iň az bolan ynsanlardyr. Kitaplary bolmasa hem olar döwletler esaslandyryp, eserler goýandyrlar. Indi hem demirgazyk we günorta taraplaryndaky yklymlarda bularyň döwletleri höküm sürýärler. Olaryň ýaşaýşy tebigy taýdan din we kitap ählinden bolan ynsanlaryň ýaşaýşyna meňzemez. Aralarynda tertipsizlik höküm sürýändir. Bularyň kanun goýujylary ýokdur, sebäbi kanunlarynyň ýokdugy üçin kanun goýujylarynyň bolmagy mümkin däldir. Bu düşündirişlerimizden pelsepeçileriň pygamberligiň gerekdigini subut edýärkäler ýalňyşandyklary belli bolýar. Sebäbi pygamberlik akyly (ýagny akyl bilen subut ediljek zat) däldir. Bu ymmatyň geçip gidenleriň mezhepleri bolşy ýaly, pygamberligiň diňe şerigat ýoly bilen bilinýändigini we subut edilendigini hem düşündirýär. Akyldarlaryň bu meselelerde ýalňyşandyklaryny görkezýär. Işleri dogry ýola salan we dogry ýoly görkezen Alladyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |