11:15 Ibn Haldunyñ "Mukaddimesine" giriş | |
MUKADDIME / «ÝÖRELGELER»
BISMILLÄHIR-RAHMANYR-RAHYM Allatagalanyň rehmeti biziň serwerimiz Muhammet alaýhyssalama, onuň maşgalasyna we sahabalaryna bolsun! Allatagalanyň mähir-keremli mätäç bende diniň dosty, musulmanlaryň kazysy, Abu Zeýd Abdyrahman ibn Haldun Hadramy Mäliki (goý, Allatagala oňa üstünligi hemra etsin!) aýdýar. Yzzat we güýç-kuwwat eýesi Allatagala öwgi bolsun! Mülk we melekut onuň elindedir. Iň gözel atlar we wasplar Onuňkydyr. Ol ähli zady bilýändir. Ol pyşyrdaşyp, ýuwaşjadan gürleşilýän sözlerden ýa-da dymmak bilen gizlenilýän zatlaryndan bihabar däldir. Onuň hemme zada güýji ýetýändir. Ol asmanlardaky we ýerdäki hiç zatdan ejiz gelmez, hiç bir zat onuň elinden sypyp başarmaz. Ol zürýat hökmünde bizi toprakdan ýaratdy. Bizi nesilme-nesil we milletler görnüşinde ýaradyp, ýer ýüzünde ýaşatdy. Biziň rysgalymyzy we nesibämizi toprak arkaly berip, aňsat edip goýdy. Bizi ene rehminde we ýaşaýan öýlerimizde gorap saklady. Biziň rysgalymyza we nesibämize kepil geçdi. Niçeme günleri we wagtlary biziň başymyzdan geçirýär. Ajal biziň ýurdumyzy täzeleýär, ajalyň bize ýazyp goýan kitabynyň we ýazgydynyň wagty çäklidir. Bakylyk we ebedilik Allatagalanyňkydyr. Ol hiç haçan ýok bolmaz, müdimilik diridir. Salawat we salamatlyk pygamberimiz we hojaýynymyz Muhammet alaýhyssalama bolsun! Ol pygamberdir, ümmidir , arapdyr. Töwratda we Injilde ady ýazylmak bilen subut edilendir we häsiýetleri sypatlandyrylandyr. Heniz şenbeler we ýekşenbeler yzly-yzyna gelmänkä (ýagny, heniz wagt-zaman diýen zat döremänkä), Zuhal we Behemut ýyldyzlary biri-birlerinden aýrylyp, bu dereje uzaklaşmankalar (wagt we älem ýaradylmanka), olardan öň, ýaradylyşyň ony (Muhammet alaýhyssalamy) ýüze çykarmak üçin dogum burgusy tutandyr, gögerçin we möý hadysasynyň hakykatlygyna şaýat bolandyr. Ony söýmekde we oňa tabyn bolmakda uly täsire we at-abraýa eýe bolan, hijret mahalynda ähli zatlary bilen oňa kömek eden neberesine we egindeşlerine hem salawat we salamatlyk bolsun! Duşmanlary mat solsun! Yslamyň belent bagtlylygy onuň bilen bolup durdugy saýyn we küpüriň çaşyp ýatan ýüpi kesik ýagdaýda bolup durdugy saýyn, Allanyň salawaty we salamatlygy oňa we sahabalaryna bolsun! Taryh ylmy – kowumlaryň we milletleriň nesilden-nesle geçirip gelýän ylmydyr. Bu ylym üçin saparlara gidilýär, ulaglara münülýär, syýahat üçin toparlar döredilýär. Ýönekeý ynsanlar we gapyllyk içindäki ynsanlar hem bu ylmy öwrenmek üçin höwes bildirýärler. Hökümdarlar we emeldarlar bolsa bu meselede ýaryşýarlar. Bu ylma düşünmek meselesinde alymlar we nadanlar hemmesi deňdir. Sebäbi durky we daşky görnüşi bilen taryh – gadym zamanlary, döwletleri we öten döwürlerde bolup geçen wakalary habar berýär. Öňki döwürler bilen baglanyşykly käbir zatlar beýan edilýär. Bu temada mysallar berilýär. Ýygnanyşyk mahaly adamlar ýadasalar, taryhy wakalary gürrüň berip, wagtlaryny hoş geçirýärler. Taryh – tebigatyň we halkyň ýagdaýyny, olaryň hallarynyň nädip üýtgändigini, dünýäde gurlan döwletleriň araçäkleriniň we häkimýet meýdanlarynyň nädip giňelendigini habar berýär. Şeýle hem ynsanlaryň ýeri nädip ýaşar ýaly derejä getirendiklerini, göçüş döwürleriniň gelendigini habar berýän howp jaňlary olara duýduryş berýänçä dünýäni düzeltme işi bilen iş salyşandyklary barada bize habar berýär. Içki tarapy we iç gurluşy taýdan taryh – pikirlenmek, seljermek we bolup geçen hadysalaryň sebäplerini tapyp, äşgär etmekdir. Bolup geçen zatlaryň ýörelgeleri inçedir, hadysalaryň özboluşlylygy we sebäpleri hakdaky maglumatlar çuňdur. Ine, şonuň üçin hem taryh esasy, hikmetli we hormatly ylymdyr. Bu zerarly taryh hikmet toparyndan ybarat bolan ylymlardan hasaplanmaga laýykdyr we mynasypdyr. Meşhur yslam taryhçylary gadymy döwürlere degişli habarlary hemmetaraplaýyn öwrenip, bir ýere jemlediler. Bu habarlary kitaplaryň sahypalaryna ýazyp, eserlere geçirdiler. Ýöne taryhçysumaklar bu habarlary batylyň hileleri bilen bulam-bujar etdiler. Bu meselede şeke düşdüler ýa-da habar tosladylar. Gowşak rowaýatlaryň içinden özüne çekiji we ýalan bolanlaryny biri-birlerine gatyp-garjaşdyrdylar. Şeýdip olary ýüze çykardylar. Olardan soň ýaşap geçenleriň köpüsi bu eserlere tabyn boldular we olary nusga edindiler. Bu hili rowaýatlary nähili eşiden bolsalar, bize hem şol görnüşde ýetirdiler. Wakalaryň we ýagdaýlaryň sebäpleri barada oýlanmadylar, bu meseläni göz öňünde tutmadylar. Toslama rowaýatlary taşlamadylar we terk etmediler. Indi olarda seljeriş azdyr, aýyklama tarapa diýseň arrykdyr, hatanyň we ýalňyşyň habarlar bilen gatnaşygy we dostlugy bardyr. Adamzatdaky taklyt (bir zada ynanma, öýkünme) düýpli we mirasydyr. Sungatlara we ylymlara musallat bolan ýalançylyk hemmetaraplaýyn ýaýrandyr. Halkyň arasyndaky nadanlyk meýdany bolsa, hassalykly we erbet howaly bir ýerdir. Emma hakykatyň güýjüne taý gelip bilmez, batylyň şeýtany bolsa akyl we pikir ýaragy bilen at astynda saklanar. Gürrüň berýän adam diňe ýazdyrar we rowaýat eder. Emma hüşgär adam üns berse, hakyky bolan zady gowşak bolandan saýgarar. Ylym hem hüşgär üçin dogry habarlary içine alýan sahypalary nurlandyrar. Ýagdaý şunuň ýalydyr. Ynsanlar taryhy habarlar hakynda eserler ýazypdyrlar we bularyň möçberini hem köpeldipdirler. Geçmişde gurlan döwletleriň we milletleriň taryhy maglumatlaryny ýygnap, bir ýere jemläpdirler, olary kitaplara geçiripdirler. Bu meselede uly şöhrata, ygtybarly ynama eýe bolanlaryň, özlerinden öňküleriň kitaplaryndaky rowaýatlary soň ýazan eserlerine dolulygyna geçirenleriň sanlary diýseň azdyr. Bularyň sany barmak basyp sanardan we awamylyň hereket sanyndan (ýagny astyn, üstün we otur bolmak bilen üç sany hereket) köp däldir. Ibn Yshak, Tabary, Ibn Kelbi, Muhammet ibn Omar Wakydy we Seýf ibn Omar Esedi dagylar taryhçylaryň arasynda öňe saýlanan meşhur taryhçylardyr. Ýöne Mesgudynyň we Wakydynyň eserlerinde tankyt edilen we kem bolan meseleler köpdür. Bu ýagdaý hakykaty gözleýänler tarapyndan mälimdir we kellesine ynam bildirýänleriň arasynda meşhurdyr. Ýöne bularyň habarlaryny kabul etmek, eserlerindäki ýörelgäni ýöretmek we eserlerine tabyn bolmak soň-soňlar hemmeler üçin kada bolup galdy. Ýöne bularyň berýän habarlarynyň içinden çüýrük bolanlary saýgarmak we olara ygtybar etmek meselesinde terezi, hüşgär bolan tankytçynyň hut özüdir. Indi hallary taýdan Ymranyň käbir tebigatlary bardyr. Habarlar we olaryň dogry ýa-da dogry däldikleri meselesi oňa degişlidir, onuň bilen baglanyşyklydyr. Rowaýatlar we habarlar ymrana degişli bu tebigatlara degişli hasaplanar we onuň bilen düşündiriler. Atlary agzalan taryhçylara degişli taryhlaryň köpüsiniň tutan ýoly we alyp baran usuly umumydyr. Sebäbi yslamyýetiň başlangyjy (Muhammet alaýhyssalamyň we ilkinji dört çaryýarlaryň döwri) bilen iki döwlete (Emewiler we Apbasylar), bularyň höküm ýöreden ähli ýurtlaryna we hemme ýere ýaýrandyr. Şonuň üçinem bu eserler eýelenen ýerleri we berk edilen ýerleri iň soňky çägine barýança uzak sebitleri beýan etdiler. Bulardan käbirleri yslamdan öňki döwletleriň, milletleriň we umumy ýagdaýlaryň taryhyny giňişleýin görnüşde ýazdylar. Mesgudy we onuň yzyna düşenler hem şeýle hereket etdiler. Olardan soňky gelenler anyk we umumy bir taryh düşünjesi bilen şertlenen we çäkli taryh düşünjesine ýöneldiler. Umumylykda we mazmunda örän uzaklara gitme işinde doňup galdylar. Diňe öz döwürlerinde bolup geçen hadysalary beýan etmek bilen çäklendiler. Öz sebitlerindäki we ülkelerindäki bolup geçýän wakalara has giňişleýin orun berdiler. Öz döwletleriniň we şäherleriniň taryhy bilen çäklendiler. Çünki, Endulus (Ispaniýa) we bu ýerde döredilen Endulus Emewi döwletiniň taryhçysy Abu Haýýan bilen Demirgazyk Afrikadaky we Kaýrawandaky döwletiň taryhçysy Ibn Refik hem şeýle edendirler. Soňra bularyň yzyndan olaryň yzlaryndan ýörän, tebigatlary we akyllary taýdan akmak ýa-da samsyk awtorlardan başgalar gelmedi. Bular öňküleriň keşbine görä hereket etdiler. Olardan alan mysallaryna uýdular, zamananyň üýtgeden ýagdaýlaryndan gapyl galdylar. Nesilleriň we milletleriň üýtgän däp-dessurlaryndan we adatlaryndan bihabar galdylar. Öňküleriň yzyna eýeren taryhçylar, öňki döwürlere degişli wakalary beýan edýärkäler we döwletler barada habar berýärkäler, bulara degişli maglumatlary maddasyndan alnan nusgalar we gynyndan çykarylar gylyçlar hökmünde hasapladylar (hadyslary rowaýat edýärkäler, şertleri we ýagdaýlary göz astyna almadylar). Habarlary (täzesi we könesi bilinmeýändigi üçin) inkär edilen maglumatlar hökmünde beýan etdiler. Bu wakalar usuly we esasy mälim bolmadyk (müjerret) habarlardyr. Görnüşlerine ähmiýet berilmeýän we bölümleri seljerilmeýän hillerdendir. Mukallit (öňkülere öýkünen) taryhçylar mowzuklary anyklaýarkalar, öňden bäri beýan edilip gelinýän habarlary bolşy ýaly gaýtalap durlar. Bu hili habarlara ähmiýet beren öňki taryhçylara bolşy ýaly tabyn bolmak üçin şeýdýärler. Gürrüň berilmegi we düşündirilmegi özlerine kyn bolandygy zerarly, soňky asyrlarda ýetişen nesilleriň hallaryny beýan etmekden gapyl boldular. Şonuň üçinem ýazan kitaplarynda bulara degişli düşündirişleri bermediler. Öýkünjeň taryhçylar haýsydyr bir döwleti beýan etme işine girişen mahallary ýalan-ýaşryk ýa-da dogry bolan ol döwlet bilen baglanyşykly gorap saklap, habarlary nobaty bilen üýtgetmän ýazýarlar. Döwletiň ilkibaşdaky döreýiş ýagdaýyny beýan etmäge synanyşmaz, ol döwletiň tuguny beýgelden we häkimýetiniň delilini we alamatyny äşgär edýän sebäbi agzamaz, soňunda nädip çökendiginiň sebäplerini hem beýan etmezler. Şonuň üçinem bu hili taryh kitaplaryny okaýanlar, taryhy okasalar-da, döwletleriň esaslandyryşdaky we başlangyjyndaky ýagdaýlary, başdan geçiren eýýamlaryny we mertebelerini öwrenmäge höwes bildirýärler. Döwletleriň üsti-üstüne we yzly-yzyna döremekleriniň sebäplerini yzygiderli seljererler. Döwletleriň biri-birlerinden tapawutly ýa-da birmeňzeş ýagdaýlarynyň kanagatlandyryjy sebäplerini seljermegi dowam ederler. Biz bulary bu eseriň mukaddimesinde (giriş bölüminde) gürrüňiň mowzugy ederis. Gürrüňi edilýän taryhçylardan soň başga bir taryhçylar topary ýüze çykdy. Olar kitaplaryny aşa derejede gysga ýazdylar. Şäherleriň we hökümdarlaryň diňe atlaryny agzamak bilen çäklenme ýoluna gitdiler. Gürrüňiň mowzugy eden atlaryny, bular bilen baglanyşykly gelip çykyşlaryna we habarlaryna hem gözden geçirmezden kesik we gopuk ýagdaýda berdiler. Atlaryň üstüne hem hökümdarlaryň hökümdarlyk möhletlerini tozandan harplar bilen (hindi sanlary) goýdular. Çünki Ibn Reşik «Mizanul-amal» atly eserinde şeýle edişi ýaly, bu meselede onuň yzyna düşenler hem şeýle görnüşde özlerini alyp bardylar. Bularyň sözüne ynam bildirilmez, olaryň ne hakyky garaýyşlarynda, ne-de üýtgedip gelen täze kararlarynda olara ähmiýet berilmez. Sebäbi olar taryhyň üpjün eden peýdalaryny ýok edendirler, taryhçylaryň mälim bolan usullaryny we ýollaryny depgiländirler. Taryhçylaryň eserlerini gözden geçirip, düýni we bu güni düýpli ylmy-barlag eden mahalym, zehiniň we ukybyň gözüni gaflat ukusyndan oýandyrdym. Men hem eser ýazmaga höweslendim. Ilkibaşda hiç hili ukybym bolmasa-da, soň ylym sermaýasyna iň gowy görnüşde eýe boldum. Netijede, taryha degişli bir kitap ýazdym. Bu eser bilen ýetişen we ýüze çykan dürli nesilleriň hallaryny örtýän perdäni aýyrdym. Habar, rowaýat we seljeriş bilen baglanyşykly meseleleri bu eserde bölümler görnüşinde böldüm we tapawutlandyrdym. Bu eserde döwletleriň we ymranyň başlangyjyna degişli sebäpleriäşgär etdim. Şu döwürde Magrypda ymran (medeniýet) guran, ol ýerlerdäki sebitleri we şäherleri dolduran kowumlaryň habarlaryny, taryhlaryny, olar tarapyndan esaslandyrylan uzyn ýa-da gysga ömürli döwletleri, olardan öňürti bar bolan hökümdarlary we wezirlerini beýan etdim. Bu kowumlar araplar we berberlerdir. Sebäbi Magrypda ýaşan ýerleri belli bolan bu iki kowumdyr. Olaryň bu ýerdäki barlyklary asyrlarboýy sürendir. Bular bu ýerde şeýle bir köp ýaşapdyrlar welin, olardan başgalaryň bu ýerde ýaşandyklaryny göz öňüne getirmek hem mümkin däl. Bu ýeriň halky olardan başga bir millet tanamaýarlar. Men eserimi hemmetaraplaýyn tertibe saldym, artykmaçlary aýyrdym. Alymlaryň we ulamalaryň düşünjesine ýakynlaşdyrdym. Kitabymy ýazyp, bölümlere bölýärkäm, öňki ýoldan başga bir geň-täsin usul saýlap aldym. Men bu usuly birnäçe ugurlar arasyndan muny geň-täsin we görülmedik bir usul hökmünde oýlap tapdym. Bu eserde ymranyň we medenileşmegiň hallaryny we adamzat jemgyýetçiliginde bar bolan we bu jemgyýetçilige degişli bolan jemgyýetçilik hadysalarynyň kanunlaryny düşündirdim. Bu düşündirişler bar bolan zatlaryň sebäplerine düşünmek meselesinde saňa peýdaly bolar. Döwlet eýeleriniň we hökümdarlarynyň döwlete açylan gapydan nädip girendiklerini saňa kesgitläp biler. Hatda munuň saýasynda sen öýkünjeňlikden el çekersiň, senden öňki we soňky nesilleriň, çaglaryň we hadysalaryň ýagdaýlaryny bilersiň. Men bu eseri bir mukaddeme (giriş) we üç kitap hökmünde ýazdym. Mukaddeme (giriş): Taryh ylmynyň artykmaçlygy, taryhdaky alnyp gelnen usullaryň seljerilmegi we taryhçylaryň ýalňyşan nokatlary barada. Birinji kitap: Ymran, mülk, hökümdarlyk, gazanç, gün-güzeran, sungatlar, ylymlar, bularyň esaslary we sebäpleri taýdan bolmak bilen ymranyň kanunlaryny we kadalaryny ele alýar. Ikinji kitap: Ýaradylyşdan tä bu güne çenli araplar, olaryň nesilleri we döwletleri bilen baglanyşykly habarlary, taryhy we rowaýatlar hakdadyr. Bu bölümde nebatlylar, surýanylar, parslar, ysraýylogullary, kybtylar, ýunanlar, rumlar, türkmenler we franklar ýaly araplar bilen bir çagda ýaşan meşhur milletleri we olaryň guran döwletleri barada hem gürrüň gozgalar. Üçünji kitap: Berberler we olaryň tabynlygy bolan zenata taýpasy, bularyň başlangyçdaky ýagdaýlarynyň we nesilleriniň beýan edilmegi, aýratyn hem Magryp diýaryndaky ýerleri we döwletleri hakdadyr. Soň men gündogara (Müsüre) göçdüm. Maksadym gündogaryň nury bilen nurlanmak, zyýarat we togap ýerlerine baryp, parz we sünnet borçlaryny ýerine ýetirmek, bu ýerdäki kitaplarda we resminamalarda bar bolan maglumatlary öwrenmekdi. Arap bolmadyk hökümdarlaryň habarlaryndaky we taryhlaryndaky kem ýerler meselesinde gündogardaky çeşmelerden peýdalandym. Eýelän ýerlerinde türkmenleriň döreden döwletleri meselesinde maglumatlarymy öz belliklerimiň üstüne goşdum. Ol döwletlerde bu milletler bilen bile ýaşaýan ülkedäki milletleriň we taýpalaryň sebit we şäher hökümdarlarynyň habarlaryny öňki maglumatlarymyň üstüne goşdum. Günbatardaky birnäçe sebitlerdäki, ülkelerdäki we şäherlerdäki hökümdarlaryň habarlaryny, ajam we türkmen hökümdarlary hakda maglumat berýärkäm, üçünji jilde goşdum. Eserimi ýazýarkam gysga, az we uz tutmak ýoluna saýladym. Kyn düşünip bolýan sözlemi däl, aňsat düşünilýän usul bilen maksadymy beýan etmäge synanyşdym. Umumy bolan sebäpler we esaslar gapysyndan, ýörite bolan habarlara we hadysalara geçdim. Şeýdip eserim ýaradylyşdan bäri geçen döwürdäki habarlary we wakalary bütinleý öz içine aldy. Şeýle hem bahasyna ýetip bolmajak käbir güýçli hikmetleri hem aňsatlaşdyryp, ulanyşyga hödürledim. Döwletler bilen baglanyşykly hadysalaryň esaslaryny we sebäplerini ýüze çykardy. Netijede, meniň eserim hikmet üçin garalýan bir sandyk, taryh üçin bolsa gözýetim boldy. Bu eser isle çarwa bolsun, isle medeni bolsun, araplaryň we berberleriň habarlaryny, taryhlaryny, olar bilen döwürdeş bolan beýik döwletleri öz içine alýar. Ýaradylyşyň başlangyjy we ondan soňky habarlar zerarly ders-ybrat boljak ýagdaýlary anyk görnüşde beýan edýär. Şonuň üçinem bu esere «Kitäbul-iber we diwanul-mubteden wel-haber fi eýýämil-arap wel-ajam wel-berber we men äserehum min zewis-sultanil-ekber» (Araplardan, ajamlardan, berberlerden we beýleki milletlerden bolan we olaryň döwürdeşleri bolan beýik soltanlaryň başlangyç ýagdaýlary we habarlary barada diwan we ybratlar kitaby) diýip at goýdum. Kowumlaryň we döwletleriň başlangyç ýagdaýlary, öňki milletleriň bir döwürde ýaşamaklary, geçen döwürlerde we milletlerde bolup geçen özgerişler we eden işleri barada aýdylmadyk söz goýmadym. Ymrana degişli bolan döwlet-millet, şäher-çarwa (oba) durmuşy, yzzat-peslik, köpeltme-azaltma, ylym-sungat, gazanç-ýitgi, kär-zyýan, üýtgäp duran we ýaýran hallar, çarwadarlyk-medeniýetlilik, bolup geçenler-indiki boljak zatlar ýaly hallaryň we ýagdaýlaryň hemmesini bu eserde giňişleýin düşündirdim. Delillerini we sebäplerini beýan etdim. Üýtgeşik ylamlara, asyl nusga maglumatlara, görnüp duran, emma üsti perde bilen örtülen hikmetlere orun berendigim üçin, kitabyň öz meňzeşleriniň arasynda ýeke-täk we deňsiz-taýsyz görnüşde ýüze çykdy. Men bu eserimi ýazanymdan soň, asyrlar boýy ýaşanlar arasyndaky kem ýerimi anyk bilýärin. Men munuň ýaly höküm bermekde we meselelerde üstünlik gazanmakdan ejizdigimi boýun alýaryn. Ygtyýary bolan kişiniň, umman we çuň ylymlara eýe bolan şahsyýetleriň eserime ryza we hoşniýetlilik gözi bilen däl, tankyt gözi bilen seretmeklerini isleýärin. Gören kemçiliklerini düzeldip, meni ötünçli hasaplamaklaryny arzuw edýärin. Biziň ylym eýeleriniň arasynda bilim sermaýamyz örän azdyr, boýun almak ýazgarylmakdan halas bolmakdyr. Dostlardan goranylýan gözel gatnaşykdyr. Men Allatagaladan işlerimiziň yhlas bilen öz belent razylygyna mynasyp düşürmegini dileýärin. Alla meniň daýanjymdyr we Ol nähili gowy dostdur. Men bu ylmyň dermanyny we esasyny doly suratda ýüze çykardym. Öňdengörüjilik gözi bilen görmek isleýänler üçin bu ugruň şuglasyny (çyrasyny) ýakyp, daş-töweregi nurlandyrdym. Bu ylmyň şuglasyny örän aýdyň ýagdaýa getirdim. Ylymlaryň arasyndaky ýoluny we usulyny düşündirdim. Bilim giňişligindäki sebäbini giňeltdim, daş-töweregini diwar bilen gurşadym (meýdanyny kesgitledim). Bulary edenimden soň bu eseriň bir nusgasyny soltanymyzyň we ýolbaşçymyzyň kitaphanasyna sowgat etdim. Din ugrunda söweşýän, ülkeleriň ýeňijisi, wezirlik halatlary we nyşanlaryny geýen başy, sellesini we täjini derleden gününden bäri ybadat we takwaçylyk bezegi bilen bezelen, arassa mertebeler we öwüljek hereketler bilen bezelen, ýaş gyzlaryň boýunlaryna dakan hünjülerinden has gözel bolan hal-hereket we ahlak bilen bezelen, güýçli we kuwwatly gaýrat, ähli zady mümkin eden we başarýan gaýrat, öňden galan we täzeden gazanylan at-abraý, berk esasly beýik mülke eýe bolmak, belent we beýik bir derejede kereme eýe bolma, dürli ylymlary we peýdaly maglumatlary özünde ýygnama, dagap ýatan we çar tarapa sepilen bilimleri jemleme, täsir ediji we ünsli pikir, salam we dogry garaýyş bilen ynsany düşünjeleri kesgitleme we öňe çykarma meselesinde Rabbany (Ylahy) aýatlary beýan etme, mezhepleri we akydalary nurlandyrma, Allanyň dogry bolany görkezýän açyk nur, degen ýerlerini lezzetlendiren Ylahy nygmat, kyn zamanlarda kömege ýetişmek üçin bukuda ýatan Haktagalanyň gizlin lutpy, bozulan zamany düzeden we giňelden, adatlara we dessurlara nyzam we ýol berme, ornaşan howplary zuňma, zamana ýene-de ýaşlyk halat-serpaýyny geýdirme ýaly ýagdaýlary ýüze çykaran Allatagalanyň rehmeti, inkärçileriň ret edip bilmejek, kejirleriň şübheleri we nägilelikleri bilen inkär edip bilmejek delilleri ýaly sypatlaryň eýesi bolan möminleriň emir Abu Farys Abdyleziz hojaýynymyz, beýik soltan, meşhur we şehit Abu Salymyň ogludyr. Ol hem hojaýynymyz mukaddes soltan, möminleriň emiri Abu Hasanyň ogludyr. Bular Merin ogullarynyň hökümdarlaryndan bolan beýik we uly kişilerdir. Olar dini täzeden direldip, ýol gözleýänlere dogry ýoly görkezendirler, azgynlaryň we asylaryň täsirini ýok edendirler. Allatagala olaryň kölegelerini milletimiziň başyndan kem etmesin, yslama çagyryş ýolundaky kömeklerini we tagallalaryny maksadyna ýetirsin. Men bu eserimiň bir nusgasyny soltanlaryň paýtagty we bagtlaryň ýerleşýän ýeri bolan Marokka şäherindäki Karawiýýun metjidiniň talyplary üçin gurulan kitaphana iberdim. Marokka hidaýatyň ýerleşen ýeri, ylmyň hasylly, al-ýaşyl we bereketli bakjasydyr. Ylahy syrlaryň giňişligi hökmünde örän giňdir. Abu Faris nesliniň eziz we abraýly hökümdarlygy, enşalla, kesgitlemä mätäç bolmaýan pazylat we keremi bilen nazar edip, esere giň arabaglanyşyk meýdanyny açar, eseriň kabul görmegini üpjün eden esasy taýýarlar. Görkezilen üns eseriň ähmiýetine we bahasyna bir delil we şaýat bolar. Hökümdarlyk bazarynda awtorlaryň sermaýaly rowaçdadyr. Ylym we edebiýat kerwenleri ol bazarda bolmak üçin ýola çykarlar. Hökümdarlaryň öňdengörüjilikleri we yhsanlary netijesinde akyllar we zehinler täze-täze hasyllar berer. Allatagala hökümdarlyk nygmatyna şükür etmegi bize nesip etsin! Rehmetiniň täsiri bol mähir-kereminden alýan nesibämizi köpeltsin, hyzmat hakyny ýerine ýetirmek üçin bize ýardam etsin! Hökümdarlygyň beýik meýdanynda gurnalan ýaryşda, meýdanyň pellehanasyna ilkinji baran ýaryşçylardan etsin! Golastyndaky ýaşaýan we häkimýet meýdançasyna giren ýerlere sygynan musulmanlara gorama we hormat lybasyny geýdirsin! Beýik Alladan isleýän zadymyz – işlerimizi diňe öz razyçylygy üçin etmegimize güýç-kuwwat bermegi, amallarymyzy gaflat tegmillerinden we şübhelerinden daş saklamagydyr. Ol meniň daýanjymdyr we ol nähili gowy dostdur! ________________________________ * Düşündirişli sözlük: [1] Sahaba – ýaran, egindeş. [2] Mülk we melekut - maddy we magnawy älemler. [3] Allatagalanyň 99 sany atlaryna «gözel atlar» diýilýär. [4] Ümmi – sowatsyz, okap-ýazyp bilmeýän. [5] Töwrat – Musa pygambere inen kitabyň ady. [6] Injil - Musa pygambere inen kitabyň ady. [7] Zuhal (Saturn) ýyldyzy. [8] Ýehemut (Behemos) ýyldyzy. Bu iki ýyldyzyň arasyndaky aralygyň has uzakdygy üçin bu tymsal getirilýär. Gögerçin we möý hadysasy bolsa, Muhammet alaýhyssalamyň Medinä gelýärkä ýolda mekgeli müşriklerden gaçyp bir gowakda gizlenende, möýüň şol gowagyň agzynda dessine kelep örendigi, bir gögerçiniň hem gelip höwürtge ýasap, ýumurtga guzlandygy, netijede müşrikleriň gowaga girmän yzlaryna gidendikleri wakasy göz öňünde tutulýar. Älemiň dogum burgusynyň tutmagy bilen bolsa, heniz hiç bir zat ýaradylmanka Muhammet alaýhyssalamyň nurunyň ýaradylandygy beýan edilýär. [9] Hikmet ylymlary toparyna pelsepe, tebigat we pozitiw ylymlary girýär. [10] Muhammet ibn Yshak – (w.150 (767-68 ýý.) «Es-syratun-nesebiýe» atly eseri bilen meşhur bolan taryhçy. [11] Tabary – Muhammet ibn Jerir (w. 310/923) «Taryhul-umem wel-muluk» atly eseri bilen tanalýan meşhur taryhçy we tefsir alymy. [12] Ibn Kelbi – Hyşam ibn Muhammet (w. 204-206/819-821) «El-Ansap» mowzugy bilen baglanyşykly ylmy-barlaglary bilen meşhur taryhçy. [13] Wakydy – Muhammet ibn Omar (w. 207/823 ý.) «Kitabul-megazy», «Kitabur-ridde» we «Futu huş-şam» atly eserleriň awtory bolan meşhur taryhçy. [14] Mesgudy – Aly ibn Hüseýin (w. 349/956) «Munujyz-zehep» atly eseriň awtory bolan meşhur taryhçy. Mesgudy şaýy tarapdary bolupdyr. [15] Seýf ibn Omar Esedi (w. 180/796-797 ý.) Tabary üçin hem çeşme bolan meşhur taryhçy. [16] Mesgudy – Aly ibn Hüseýin (w. 349/956) «Munujyz-zehep» atly eseriň awtory bolan meşhur taryhçy. Mesgudy şaýy tarapdary bolupdyr. [17] Ibn Haldunyň bu ýerde ulanan we eseriň yzky sahypalarynda hem bar bolan «ymran» adalgasy örän ähmiýetlidir. «Ymran» adalgasy medeniýet, siwilizasiýa, jemgyýetiň ösüşine we kämilleşmegine esasy sebäp bolan kanunlar, jemgyýetiň durmuşy, jemgyýetiň tebigy durmuşy, döwrebaplaşma, ýaşaýyş üçin şertler, ýaşalýan ýerler ýaly birnäçe manyny içine alýar. Bu adalgalar Ibn Haldunyň ylym älemine girizen adalgalarydyr. Şonuň üçinem bu sözi arapça görnüşi bilen «umran» («ymran») görnüşinde bermegi makul bildik. [18] Haýýan ibn Halef (w. 469/1076) meşhur taryhçy. Endulus Emewi döwletinde ýaşap geçen. [19] Ibn Refik Ybraýym ibn Kasym 1000-nji ýyllaryň töwereginde Demirgazyk Afrikada ýaşan taryhçy. [20] Ibn Reşik – Hasan ibn Reşik (w. 456-463/1064-1070 ý.). [21] Ibn Haldun taryhçylary şeýdip umumy ýagdaýda tankytlaýar. Onuň öz döwrüniň taryhçylaryna garaýşy şeýledir. [22] Magryp – Liwiýadan Atlantik okeany arasyndaky yslam ülkeleri. [23] Ibn Haldun bu ýerde «El-Iber» atly uly taryh kitaby hakda gürrüň berýär. Mukaddimäni onuň bir bölümi hökmünde hasaplaýar. Mukaddimäniň gysga bir girişi bar. Oňa hem «mukaddeme» diýýär. Galan bölegine bolsa birinji kitap diýýär. Aslyýetinde onuň «mukaddime» atly bu kitaby, ýaňky aýdylan «girişden» we «birinji kitapdan» ybaratdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |