18:49 Taryhçylaryñ ýazýan esassyz habarlarynyñ sebäpleri barada / dowamy | |
Halypalaryň elinde hiç zat galmandy. Halypalaryň ýagdaýy şahyryň şu beýtlerinde suratlandyryşy ýalydy:
Taryhy makalalar
Halypa, Wasyf bilen Buga arasynda, Kapasadaky guş ýaly, tutulan ýagdaýdadyr. Totyguş näme öwretse, ony aýdyşy ýaly, Halypa hem bu iki türkmen serkerdesi tarapyndan öwredilen sözleri gaýtalaýar. Aglap ogullaryndan bolan bu emirler bolup geçjek we emele geljek hadysalaryň heläk ediji täsirlerinden gorkýandyklary üçin, yzyny üzmezden halypalardan ötünç soraýardylar. Dürli bahanalary tapýardylar. Kämahal Günbatar Afrikany we ilatyny az görkezip, kämahal hem halypa garşy gozgalaň turzup, herekete geçýän Idrisiň we onuň ýerine geçen beýlekileriň güýç-kuwwaty bilen we alawylaryň halypa tabyn bolan ülkäniň çäklerini geçendigini aýtmak arkaly Halypany gorkuzýardylar. Sowgat-peşgeşler, döwletiň hasabyna salgytlardan ýygnalan pullary iberenlerinde, Idrisiň güýç-kuwwatyny halypalara uly görkezmek we onuň gudraty bilen halypalary gorkuzyp, özlerini gyssanlarynda we boýunlaryna atylan Idris meselesi hakda Halypanyň islegleriniň yzyny kesmek isleýärdiler. Eger bu işe mejbur etseler, onda apbaslylara çagyryşy taşlap, alawylara çagyrmak bilen halypalary gorkuzýardylar. Kämahal hem Idrisi peseltmek üçin bu hili habarlar bilen onuň asly hakda gybat edýärdiler. Iki aradaky aralyklar uzakdygy we Apbas ogullaryndan bolan çagalyk ýaşyndaky halypalaryň we olaryň arap milletinden bolmadyk gullarynyň we azatlylarynyň akyl-düşünjeleriniň gowşak bolup, her aýdylan sözi kabul edip, her goha gulak berýändikleri üçin habaryň dogry ýa-da ýalan bolmagyna ähmiýet bermeýärdiler. Aglap ogullary döwlet ýykylýança we bu asylsyz gybatlar we habarlar garamaýaklaryň gulaklaryny şyňladýança we alawylaryň asyllaryna töhmet atanlar bu sözleri we habarlary ýat tutýança, Idrisiň aslyna bolan töhmetlerine dowam edildi. Töhmet edenler bu meselede biri-birleri bilen ýaryşan mahallary apbasylara ýakynlaşmak we ýaranmak, olaryň bagyşlaryny gazanmak we gerekli wagtlarda ulanmak, sarp etmek maksady bilen töhmet ediljek meseleleri gizlin sakladylar. Alawylaryň asyllaryna bu görnüşde töhmet atanlary Beýik Alla Özi ýazgarsyn. Sebäbi Idrisiň nesil daragty aýdyňdyr we subut edilendir. Onuň aslyna dil uzatmak bolsa ýamana we zandyýamanlyga esaslanýandyr. Dil ýetirenler bu görnüşde şerigatyň maksadyndan we ýolundan çykandyrlar. Sebäbi Idris kakasynyň düşeginde, ýagny öz nikaly aýalynyň göwresinde dünýä indi. Çaga kimiň düşeginde dünýä gelse, ol kişä degişli ediler. Üstesine-de Allanyň ilçisiniň neberesini bu hili erbet pikirlerden saplamak, möminleriň etmeli işlerindendir. Beýik Allanyň Gurhanda aýdyşy ýaly: «Alla olary bu erbet pikirlerden saplandyr». Şonuň üçinem Idrisiň ýatagy Gurhanyň hökümi bilen bu hili erbet pikirlerden sapdyr we kirlenmekden uzakdyr. Bir kişi munuň täsirinde galsa günäkärdir we küpür gapysyndan girdigi bolar. Bu dil uzatmalar şeýle uzyn sözler bilen ret etmegim, bahyl bolanyň kalbyndan şübheleri gidermek we olaryň hukuklaryny kemsidenleriň ýalandan olaryň asyllaryna dil ýetirendiklerini gulaklarym eşidendigi sebäplidir. Ol töhmet ýapan Allanyň ilçisiniň neberesinden ýüz öwren magryply taryhçylardan eşidendigini aýdyp, özüniň töhmetini esaslandyrmakçy bolar. Ol adam alawylaryň geçmiş ata-babalaryna ynanmak meselesinde şek-şübhelere çümendir. Sebäbi töhmet edilen maşgala mundan uzak, arassa we goralandyr. Aýyp we kemçilik ýapmak mümkin bolmadyk ýerden aýby gidermek bilen meşgullanmak hem aýpdyr. Ýöne men dünýä durmuşynda olary gorap tagalla etdim. Olaryň hem kyýamat gününde meni goramak üçin tagalla etjeklerini umyt edýärin. Bilip goý, Idris ogullarynyň nesline dil ýetirýänleriň köpüsi Allanyň ilçisiniň maşgalasyna goşulan ýa-da olara kesekilerden gatyşan (bu abraý bilen baglanyşygy bolmadyk) we Idrisiň neslinden gelenlere bahyl bolan kişilerdir. Ýogsa bu hormatly neberä goşulmaklygy öňe sürmek abraýly, meşhur we gadymy bolup, milletler we uruglar bu neberäniň nesil daragtyny (şejeresini) ähli ýerde ýaşaýan kişilerden rowaýat edip gelýändikleri üçin bu neberäniň şejeresi şek-şübhe döremejek ýagdaýdadyr we töhmetden örän uzakdyr. Idris ogullarynyň ýurtlary bolan Fasda we Günbatar Afrikanyň hemme ýerinde bularyň nebereleriniň şejeresi hiç kimiň bu atly-abraýly we beýik derejä ýetip biljekdigini umyt etmejek we dil ýetirmäge özüni aldyrmajak derejede anyk we aýdyňdyr. Sebäbi bu neberäniň şejeresini ymamlar ymamlardan we yzly-yzyna gelýän nesiller we uruglar biri-birlerinden rowaýat edendirler we ýetirendirler. Olaryň Fas şäherini guran ata-babalary bolan Idrisiň öýi, olaryň öýleriniň arasyndadyr. Metjidi mähellelerine we mähelleleriniň gapylaryna degip durandyr. Gylyjy ýaşaýan şäherleriniň azan okalýan minarasynyň ýokarsynda asylandyr. Üstesine-de ýalana degişli edilmekleri mümkin bolmaýan köpçüligiň özlerinden öňki köpçülikden gerekli derejesine ýeten sagdyn rowaýat edilen eserleri bar. Olaryň bu eserleri göz bilen görüljek derejede äşgärdir. Bu nebereden gelen başgalary Beýik Allanyň olara bagyş eden bu eserleriniň meňzeşini we Allanyň ilçisiniň at-abraýynyň kömegi bilen gazanan döwletiň we mülküň ägirtligini görenlerinde, abraýlarynyň ägirtlikleriniň derejesini görerler. Özlerinden hiç kimiň bu beýiklige, bu beýikligiň ýarysyna hem ýetip bilmejeklerini anyk görnüşde göz ýetirerler. Bu mübärek neberä degişli bolup, bu görülýän eserleri emele getirmekden ejiz bolanlaryň wezipeleri, olaryň ýagdaýlaryny we beýikliklerini boýun almak we tassyklamakdyr. Sebäbi olar nebereleri hemmelere belli bolan we tassyk edilen ynsanlardyr (olaryň nesillerine diňe şek-şübhe bilen dil ýetirilýär). Anyk derejedäki maglumat bilen höküm etmek arkaly şek-şübhe bilen höküm etmegiň arasynda uly tapawutlar bar. Olaryň bu ägirtligini we öz derejeleriniň pesligini bilenlerinde, köpler tüýküliklerini ýuwutmazdan ýuwdundylar. Olaryň bu beýik abraýlaryna, at-abraýlaryna we neberelerine dil ýetirip, olaryň pese dil ýetirip, olaryň pese düşmeklerini we peselmeklerini arzuw etdiler. Erbet maksatlara ýüz urup, bu ejiz we esassyz dil ýetirmeler we bu ýalan sözleri aýtmak meselesinde kejir we keçjallyk edip, töhmet we günä ýöňkeme ýoluny saýladylar. Olary öz neberelerine we derejesine indermek we özleri bilen bir derejede saklamak üçin mümkinçilikleriň gapylaryny çaldylar. Sebäpleri we bahanalary gözlediler. Ýöne olar aldanýardylar. Olar bu derejä ýetmekden örän daşdadylar. Bize belli bolşuna görä, bu atly-abraýly nebereden gelenleriň arasynda Günbatar Afrikada neberesiniň anyk, belli we durnukly bolmagy meselesinde Hasanyň (Ibn Alynyň) neberesinden bolan Idrisiň agtyklarynyň derejesinde neberesi anyk we belli bolan hiç kim ýokdur. Bu döwürde bu nesilden gelenleriň iň ululary Fasda Ýahýa Huty ibn Muhammet ibn Ýahýa Awwam ibn Kasym ibn Idris ibn Idris ogullarydyr. Olar Fasda bu nesilden gelenleriň ýolbaşçylary bolup, atalary bolan Idrisiň öýünde ýaşaýardylar. Olar Magrybyň ýaşaýjylarynyň seýitleridir. Beýik Alla islese aşakda Idrislere degişli maglumatlar berýärkä, olaryň ýagdaýlaryny we hallaryny beýan ederis. Magrybyň alymlaryndan pikir-düşünjeleri gowşaklaryň mawahhydynlar döwletini esaslandyran Ymam Mäti hakda aýdýan biderek sözleri we batyl bolan mezhepleri we onuň Allanyň birligi ynanjynyň ýaýratmagy we özünden öňki pisatçylaryň pikirlerini ret we ýazgaryp, olaryň ähli görnüşlerini ýatyrmak meselesindäki üstünliklerini hokkabazlyga we hile ýoly bilen bulaşdyrmaga baş urmaklary hem muňa girýär. Bu alymlar Mätiniň et bagy bolan muwahhydynyň onuň Allanyň ilçisiniň neslindendigini hem inkär etmäge synanyşandyrlar. Bu alymlaryň Mätiniň ähli bu işlerini ýalanlamaklary, oňa garşy kalplarynda beslän bahylçylyklary sebäplidir. Sebäbi bu alymlar maglumat meselelerinde dini işlere degişli bolan pitwalarynda, onuň özlerinden üstün pikirine we düşünjesine hemmeleriň uýýandygyny we sözleriniň kabul edilmegi bilen ajaýypdygyny we hemmeleriň onuň yzyndan gidendiklerini görenlerinde oňa görip boldular. Onuň pikirini, mezhebini we göreşini ýalanlamaga başladylar. Üstesine-de bu alymlar Mätiniň duşmanlary bolan Lemtune hökümdarlary bilen dost bolup, beýlekilerden görmedik sylag-hormatlary olardan görýärdiler. Sebäbi bu hökümdarlar sada we dindar bolup, bularyň döwletinde alymlar at-abraýly kişilerdir. Olaryň her haýsy öz şäherinde kowumlarynyň arasynda derejelerine görä hormatlanýan we ýurt işlerinde pikirlerine maslahat salnan adamlardy. Bu alymlar olaryň tarapdarlary bolup, olaryň duşmanlary bilen söweşen kişileriň we olaryň duşmanlarynyň duşmany boldular. Bu hökümdarlaryň tarapynda bolup, Mätiden öçlerini aldylar. Ýöne Mätiniň derejesi we ýagdaýy olaryňkydan başgady, uludy. Hal-ýagdaýy olaryň pikir edişlerinden üýtgeşikdi. Mätiniň ýeke özi Magryba gelip, Lemtuna döwletiniň ýolbaşçylarynyň emeldarlarynyň kakdyrmalaryny we işlerini ýazgardy. Alymlary we fakyhlary bilen çekeleşige girdi. Olar bilen dawalaşdy. Kowumyny olar bilen söweşe çagyrdy. Döwletlerini düýbünden sogrup, derbi-dagyn etdi. Iň uly güýçleri, kömekçileri we goragçylary hem iň uly bir köpçülik emele getirdi. Olar bilen iki arada bolup geçen söweşlerde tabynlardan we taraplaryndan sanyny diňe Allanyň kömegi bilen köp sanly adam öldürildi. Tä ölýänçä söweşmek üçin tabynlary oňa ykrar berdiler. Janlaryny pida edip, ony gorady. Onuň çagyryşyny ýaýratmak we üstünlik gazandyrmak üçin kalplarynyň ähli güýjüni sarp etmek arkaly Allanyň ýanynda dereje we sogap gazanmak islediler. Tabynlary onuň çagyryşyny ýaýdy. Sözüni beýik etdi. Mäti munuň netijesinde günbatarda deňziň iki kenarynda (Ispaniýa (Andulus) we Afrikada) häkimlik süren döwletleri ýeňdi. Ýogsam Mätiniň özi kynçylyklara döz gelýärdi. Bir hyrka we bir döwüm çörek bilen kanagat edýärdi. Dul ýaşaýardy. Ol Beýik Alla janyny alýança dünýä nygmatyndan az zat bilen oňňut etdi. Dünýäden nesipsiz, dünýä zatlaryndan eli boşdy. Kalplaryň meýil eden we aldandygy çaga-çuga, yzynda nesil goýmaga hem höwes etmedi. Bu işleri bilen Allanyň razyçylygyndan başga nämäni umyt edip bilerdi? Yhlasy we ýagşy niýeti bolmasa dünýäde gazanmak isleýän işlerini gazanmazdy, çagyryşy ýaýylmazdy, tarapdarlary dagardy. Sebäbi zulum we bozgunçylyk bilen meşgullananlaryň netijeleriniň erbet bolmagy Allanyň gullary üçin goýan bir kanunydyr. Bu alymlaryň Mätiniň Allanyň ilçisiniň neberesinden gelmegini ret we inkär etmekleri, olara haýsydyr bir daýanç nokady ýa-da delil bolup bilmez. Mätiniň Allanyň ilçisiniň neberesinden gelendigini öňe sürmeginiň dogrudygy subut edilse hem onuň bu dawasynyň ýalňyşdygyny subut etmek üçin bir delil bolup bilmez. Halk onuň bu nesilden gelendigini tassyklandyr. Bir kowuma ýolbaşçylyk etmek üçin ol kowumyň atly-abraýly kişilerden bolmak şertdir. Keseki kişi bir kowuma ýolbaşçy bolup bilmez diýip garşy çykylsa, bu garşy çykma ýerliklidir. Bu eseriň birinji kitabynda beýan edilişi ýaly bu dogrudyr. Ýöne Mäti ähli masamidilere ýolbaşçylyk edendir, olar hem Mätä tabyn bolandyrlar. Mätiniň öz urugy we garyndaşy bolan heregeler onuň ýolbaşçylygyny kabul edip, çagyryşy doly ýaýraýança oňa bolan tabynlyklaryndan aýrylmadylar. Mätiniň çagyryşy onuň Allanyň ilçisiniň gyzy Patma bolan wepadarlygyndan dörän däldir. Halk hem Patmanyň neberesinden bolandygy üçin oňa tabyn bolmady. Olaryň oňa tabynlyklary herege urugyna degişli we masamidilerden gelýändigi sebäplidir. Mäti olaryň arasynda atly-abraýly we derejeli kişidi. Onuň neberesiniň şejeresi subut edilen kişidi. Ýöne onuň Patmanyň neberesindendigi näbelli bolup, halk muny unudan bolsa-da, Mätiniň özi we tiresi bu şejeräni biri-birinden diýip hasaplaýardy. Ýöne onuň Patmanyň neslinden gelmegi unudylan hökmünde ýaly bolandygy üçin, ol heregelerden we masamidilerden hasaplanypdyr. Bu ýakynlyk sebäpli bu uruglar ony özleriniň ýolbaşçysy hökmünde kabul etdiler. Başlangyç nebereler gizlin we näbelli galan mahallary muňa meňzeş hadysalar köp bolandyr. Bejile urugynyň ýolbaşçylygy üçin Arfeje bilen Jeririň arasynda bolup geçen hadysa, munuň bir mysalydyr. Arfeje halypa Omaryň (goý, Alla oňa rehmet etsin!) ýanynda Jerir bilen bejile urugynyň ýolbaşçylygy üçin bellenildi. Aslynda Arfeje ezd bejile urugynyň içine salnyp, ol uruga degişliligi bilen tanalýardy. Bu hadysa kitaplarda ýazylandyr. Bu hekaýaty gowy edip gözden geçirseň, hakykata göz ýetirersiň. Ynsanlary dogry ýola salan diňe Alladyr. Bu ýalňyşlyklar hakda gürrüň edýärkäk uzyn beýanlary edip, tasdanam eseriň maksadynyň daşyna çykýardyk. Uly alymlardan we hafyzlardan ybarat taryhçylaryň köpüsi beýle hekaýalary we habarlary aýdýarkalar ýalňyşandyrlar. Aýaklary sürşüp, pikirleri hatalara ilteşendir. Gowşak pikir eýeleri ölçeglerden we deňeşdirmelerden gapyl galyp, hemmesi hem bu habarlary we hekaýalary olardan rowaýat edendirler. Olar hem bu habarlaryň we hekaýatlaryň üstünde kelle döwmezden we üns bermezden olary dogry hasaplapdyrlar. Munuň netijesi hökmünde bu habarlar kellelerde ýerleşipdir. Bu ýalňyşlyklar taryh ylmyny gowşak we gapma-garyşyk bir ylma öwrüpdir. Bu habarlary we hekaýatlary gözden geçirenler hem bulary seljerip, dogrusyny ýalandan aýryp biljek derejede ylym we ölçeş eýesi däldikleri üçin, bu ýalan habarlara garamaýaklar ýaly olardan rowaýat edendir. Şonuň üçinem bu ylym bilen meşgul bolan jemgyýetçilik kada-kanunlary, barlygyň tebigatlaryny, kowumlaryň, ülkeleriň we asyrlaryň ýagdaýlaryny, hadysalaryň bolup geçmeklerini, ahlaklaryň we adatlaryň, akydalaryň, dinleriň we mezhepleriň we beýleki ýagdaýlaryň üýtgäp dyrýandygyny bilmäge mätäçdir. Şeýle-de ol bu ýagdaýlaryň, üýtgeşmeleriň täsirlerini bilmäge, olaryň geçmişdäki hal-ýagdaýlary bilen, şu mahalky hal-ýagdaýlarynyň arasyndaky tapawutlary, biri-birine laýyk bolan we bolmadyk taraplaryna düşünmäge mejburdyr. Hal-hadysalaryň biri-birine laýyklygynyň, meňzeşliginiň, aratapawutlarynyň sebäplerini we ýagdaýlaryny seljermäge, döwletleriň, milletleriň we dinleriň usullaryny we kadalaryny, bolup geçýän zatlaryň başlangyç hallaryny we ýüze çykma sebäplerini, üýtgeşmelerine sebäp bolan täsirleri, bu döwletleri dolandyrýanlaryň ýagdaýlaryny we habarlaryny bilmäge mätäçdir. Bu seljermeler netijesinde taryhçy, hadysa bilen meşgullanýan hadysalaryň sebäplerini we her habaryň aslyna we aýratynlygyna göz ýetirer. Aýdýan habarlaryny elindäki ölçegler we usullar bilen deňeşdirip görer. Bu kanuna laýyklykda we bu kada-kanunlara görä bolup geçse, habar dogry hasaplanar. Ýogsam toslama habar kabul edilip, bir tarapa zyňylar. Öňki alymlar ine bu sebäpler üçin taryh ylmyny beýik we uly ylym kabul etdiler. Tabary, Buhary we bulardan öňürti Ibn Yshak we milletiň uly alymlary taryh bilen meşgullanyp, eserler ýazdylar. Ýöne köpüsi bu syrlary unutdy we ýazan eserini ýazaryň nadanlygyny ýüze çykardy. Garamaýak halk we ylym babatda pyýada bolanlar taryh bilen meşgullanmagy, rowaýaty we taryh ylmynyň içine çümmegi ýeňil hasapladylar we çagalyk etdiler. Munuň netijesinde, garaşly bolan döwletler başlary boş taşlanan düeler bilen we däneler bilen gabyklar biri-birlerine garyşdy, nakylynyň hakykatlygyny subut etdi. Bu düeler otuň gowusyny erbedinden aýyrmaýşy ýaly, taryh ýazanlar hem dogry habarlary ýalandan we toslamadan aýyrmadylar. Taryh ylmy bilen meşgullanany ýalňyşdyran we oňa näbelli galan başga bir ýagdaý bar. Ol hem kowumlaryň we uruglaryň hallarynyň we ýagdaýlarynyň asyrlaryň we günleriň geçmegi bilen üýtgeýändigini unutmakdyr. Bu örän gizlin we näbelli bir hassalykdygy üçin ony ýüze çykarmak örän kyndyr. Sebäbi bu üýtgeşmeler diňe uzyn asyrlarda emele gelendigi zerarly muňa diňe ynsanlardan örän az we sanlyja kişiler düşünip bildiler. Bu hem älemleriň we milletleriň hallarynyň azat, ynançlarynyň we akydalarynyň bir görnüşde we belli bolan ýolda dowam etmeginden günleriň we çaglaryň geçmegi bilen bir haldan başga bir hala öwrülmegi sebäplidir. Bu üýtgeşmeler şahslarda, wagtlarda, şäherlerde emele gelişi ýaly etrap we sebit, zamanlarda we döwletlerde hem emele amala aşandyr. Bu Beýik Allanyň gullary we mahluklary we ähli barlyklar üçin goýan bir kanunydyr. Bizden öňürti dünýäde gadymy pars kowumlary, surýanylar, nabatlar, tababyglar, Ysraýyl ogullary we kybtylar ýaşadylar. Olaryň döwletleriniň we ýurtlarynyň dolandyryşygynda özlerine mahsus ýagdaýlary, kadalary, syýasatlary, senagatlary, dürli-dürli dilleri, adalgalary we öz jynslaryndan bolan şahsyýetler bilen aralarynda umumy bolan aýratynlyklary we dünýäni timarlamak usullary bardyr. Muny yzlarynda taşlan eserleri görkezýär. Bulardan soň ikinji gatlaga degişli bolan parslar, rumlar we araplar geldiler. Bularyň öňki hallary we adatlary şol görnüşden ýa-da olara meňzeşlere ýa başgalara we könelere meňzeýän adalatlar bilen üýtgedi. Bulardan soň muzy araplarynyň ýolbaşçylygynda Yslam döwleti esaslandyryldy. Uly bir ynkylap amala aşdy. Öňki ýagdaýlar düýbünden üýtgedi. Bu adatlaryň köpüsi şu wagta çenli olardan soň gelenleriň özlerinden öň gelip-geçenlerden alyp, gorap saklan hallary we adatlary üýtgedi. Arap döwleti ýykyldy. Ol döwürler geçip gitdi. Araplaryň at-abraýlaryny beýgelden we olaryň döwletlerini we ykballaryny üpjün eden zatlar geçip gidensoň döwlet we dolandyryş arap bolmadyk kowumlaryň eline geçdi. Gündogarda türk(men)ler, günbatarda berberler, demirgazykda pereňler ýaly milletler häkim boldy. Bu döwletleriň yzly-yzyna ýykylmaklary wagtynda birnäçe milletler ýok bolup gitdi. Hallar we adatlar üýtgedi, ýatdan çykaryldy, aradan ýok boldy. Hallaryň we adatlaryň üýtgemeginiň umumy sebäbi, her bir milletiň öz adatlarynyň hökümdarlarynyň we döwletiň däplerine we kadalaryna tabyn bolmagydyr. Bu örän ýaýran we belli zatdyr. Bu hakda «halk hökümdaryň dinindedir» atalar sözi meşhurdyr. Döwlet adamlary we hökümdar döwletiň başyna geçip, häkimýeti we dolandyryşygy alansoň, olar özlerinden öň gelip geçenleriň adatlaryna we kadalaryna ýüz alarlar. Munuň bilen bilelikde öz çagynyň we milletleriniň adatlaryndan hem gapyl bolmazlar. Bu ýolda döwletiň adatlarynda we kadalarynda özlerinden öň häkimýet sürenleriň adatlaryna garanyňda birnäçe üýtgeşmeler meýdana geldi. Bu döwletden soň başga bir döwlet gurlanda, bu döwlet hem öz adatlary we kadalary bilen özünden öň häkimýet süren döwletiň urp, adat we kadalaryny garyşdyrar. Bu görnüşde bu döwletiň däp-dessurlarynda we kadalarynda hem özünden öňki döwletiň urp-adatyna görä birnäçe üýtgeşmeler emele geler. Netijede, öňürti gurlan döwletiň urp-adatlaryna görä has köp üýtgär. Döwletler biri-biriniň yzyndan yzly-yzyna gurlup başlansoň üýtgeşmeler we tapawutlar artar. Ahyry urp-adatlar düýbünden üýtgär. Milletler we uruglar biri-birleriniň yzyndan döwletler gurlansoň we hökümdarlar gelip geçensoň urp, adat we hallar hem üýtgeşmeler we başgalalyklar emele gelmegini dowam eder. Deňeşdirmeler we biri-birlerine hekaýa edişler ynsanlar üçin belli bir tebigatdyr. Ynsanlar ýalňyşmaz diýip hiç zat ýokdur. Ýalňyşyp we unudyp beýan etmek ynsany ýalňyşdyrar. Diňleýän kişiler geçip giden milletlere degişli birnäçe habarlar eşiderler. Ýagdaýlarda emele gelen üýtgeşmeleriň we ynkylaplaryň üstünde pikir etmän, ilkibaşda belli bolşy ýaly kabul eder we bu habarlary görenleri bilen deňeşdirer. Ýöne aradaky tapawut we üýtgeşiklik uludygy üçin uly bir ýalňyşa döz geldigi bolar. Taryhçylaryň Hajjajyň halyna degişli eserlerinde ýazan habarlary hem muňa degişlidir. Olar Hajjajyň kakasynyň mugallymdygyny beýan edýärler. Emma mugallymçylyk şol döwürde eklenjiň bir araçysy bolmak bilen birlikde döwlet adamlary we ýolbaşçylyk ýaly wezipelerde bolan kişiler, özlerini mugallym bolmak derejesinden beýik hasaplap, mugallym bolmaga meýil etmezdiler. Sebäbi mugallym gowşak we misgin kişi bolup, köki we şahalary kesilen agaja meňzärdi. Hünär, kär, aýlyk we hak bilen gün-güzeran görýän birnäçe ejiz ynsanlar, mynasyp bolmadyk käbir derejelere we mertebelere göz dikdiler. Munuň ýaly wezipeleri gazanmagy mümkin hasaplaýarlar. Tama we arzuw was-wasalary olary muňa ýöneltse-de, ýapyşan ýüpleri kesilip, heläk we peläket çukuryna togalanmaklary hem mümkindir. Bular bu wezipelere ýetmegiň özleri üçin mümkin däldigini bilmedik diňe aýlyk bilen işleýän hünär, kär we işgärlerdir. Mugallymçylyk işleri yslamyň ilkinji günlerinde Emewi we Apbasy döwletleriniň çagynda beýle hünär däldi. Mugallymçylyk şerigat eýelerinden eşidenleri gürrüň bermekden we rowaýat etmekden we ýetirmek arkaly diniň bilinmeýän taraplaryny öwretmekden ybaratdy. At-abraýly nesil eýeleri we milletiň dolandyryşygynyň başynda bolan ýolbaşçylar, Allanyň kitabyny we ilçisiniň hadyslaryny we sünnetlerini ýetirmek arkaly öwredip bilerdi. Sebäbi Gurhan Allanyň ilçisine inderen kitaby bolup, olar bu kitap bilen dogry ýoly tapyşdyrar. Yslam hem olaryň dinidir. Olar yslamy ýaýmak we goramak maksady bilen yslamyň duşmanlary bilen söweşendirler. Bu ýolda öldürilendirler. Beýleki milletleriň arasynda yslama bagly galyp, abraý gazandylar. Şonuň üçinem olar yslamy ýetirmegi beýlekilere ýetirmäge we düşündirmäge höwesekdirler. Tekepbirlik, ulumsylyk we gopbamlyk olara munuň öňüne päsgel bolmazdy. Allanyň ilçisiniň dostlarynyň ulularyny, ýanlaryna gelen toparlar bilen bilelikde yslamy we hökümlerini öwretmek üçin çar tarapa ibermegi munuň bir delilidir. Alla tarapyndan özüne iberilen diniň hökümlerini beýan etmek üçin, sahabalaryndan jennetidikleri bilen buşlanan on sany sahabasyny, at-abraýlary bilen olara ýakyn bir derejede bolanlary iberendir. Yslam dini ýaýransoň we diniň damarlary güýç gazanansoň we daş ýerlerde ýaşaýan milletler yslamy ähliniň elinden alanlaryndan soň, günleriň we zamanlaryň geçmegi bilen ýagdaýlar üýtgedi. Hadysalaryň köpelendigi we yzy kesilmeýändigi sebäpli aýatlardan we hadyslardan höküm çykarmak zerurlygy artdy. Hökümler çykarylýarka ýalňyş ýollara düşmekden gorajak kanunlar gerekli boldy. Bu görnüşde ylym bir ukyplylykdan ybarat bolup, öwrenmek üçin zerurýet, hünär we senetler toparyndan bir hünär boldy. Bu eseriň «ylym we tälim» bölüminde bu barada gürrüň ederis. Nesil, nesep we at-abraýlylar döwlet we häkimýet işleri bilen meşgul boldular. Mundan soň ylym bilen iş salyşmak işi başgalaryna galdy. Ylym gün-güzerany üpjün edýän bir sebäp boldy. Bol we bolelin zynatly durmuşda ýaşaýanlar we döwlet işgärleri umumylaşyp, ylym we ony öwrenmek bilen meşgullanmakdan daş durdular. Ylym bilen iş salyşmak ejizlere galdy. Tälim-terbiýe işi nesepli we atly-abraýly kişileriň we döwlet işgärleriniň ýakynda pes görülýän hünär hasaplandy. Hajjaç ibn Ýusubyň kakasy sakyf urugynyň atly-abraýly kişilerindendi. Olaryň asyl nesle eýe bolup, abraýda kuraýşlylar bilen ýaryşýandyklaryny sen bilýärsiň. Şol döwürde bolşy ýaly, Ýusubyň hem Gurhan öwretmegi gün-güzeranyny geçirmek üçin däldi. Ol diňe ýokarda beýan edişimiz we yslamyň ilkinji günlerinde bolşy ýaly, haýyr-sogap umydy bilen öwredendir. Taryh sahypasyny agtaranlar kazylaryň hal-ýagdaýlaryny we söweşlerde serkerdelik we esgerlere ýolbaşçylyk edendiklerini eşidenlerinde, haý-höwesleriniň we nebis arzuwlarynyň was-wasylary olary munuň meňzeşi bolan çin we derejeleriň yzynda ylgamaga alyp geler. Bular kazylaryň öz döwürlerinde hem mundan öňki döwürlerdäki ýagdaýdadyklaryny hasap ederler. Halypa Hyşamy öz ýörelgelerinde we täsirinde saklan Ibn Abu Amyryň we Işbiliýada (Sebilýada) häkimýet süren feodallaryndan Ibn Abbadyň kakalarynyň kazy bolandyklaryny eşidenlerinde olary döwrümiziň kazylary ýalydyr öýderler. Bu eseriň birinji kitabynda beýan edilişi ýaly, urp-adatlaryň üýtgemegi bilen kazylyk derejesinde emele gelen üýtgeşmeler we täzelikler barada pikir hem etmezler. Ibn Abu Amyr bilen Ibn Abbat Endulus Emewi döwletini goraýan we esaslandyran arap tireleriniň ýolbaşçylaryndan we atly-abraýlylaryndan bolup, olaryň derejeleri mälimdi. Ellerindäki hökümdarlyklary we döwleti dolandyrmalary bu çagdaky ýaly kazylyk derejesi we wezipesi sebäpli däldi. Öňki döwürde kazylyk döwleti esaslandyran, goraýan, atly-abraýly we tarapdarlary köp bolan tireleriň we hojaýynlaryň elindedi. Şu wagtam Magrypda (Demirgazyk Afrika) wezirlik şeýledir. ++ Bularyň, ýagny Ibn Abu Amyr bilen Muhammet ibn Abbadyň pereňliler bilen söweşmek üçin esgerleriň başynda durup, herekete geçen we diňe nesil, nesep we tiresiniň ýolbaşçylary bolan asylzadalara berilýän uly wezipelere bellenilendiklerine üns ber! Taryh kitaplarynda bu kitaplary okaýan we eşiden, ýalňyşyň hal-ýagdaýy bolşundan tersine öwürýändir. Döwrümizde endulusly gowşak pikirliler we hakykaty görmeýänler bu ýalňyşlyklara sezewar bolýarlar. Bular mundan birnäçe asyr mundan öň arap asylzadalygynyň bolandygyny, Endulusda döwletleriniň ýykylandygyny we Endulusda asyrlardan bäri asylzadalary nesillerden gelýän we özlerine kömek etjek tiresi bolan ýolbaşçylaryň bolmandygy barada pikir etmezler. Döwletiň atly-abraýly we nesili meşhur we özlerini gorap biljek bolan berberleriň golastyndan çykandygy barada pikir hem etmän, diňe arap neslinden bolmagy gorap saklamak bilen we beýiklige ýetiren asabiýetiň ýykylandygy barada pikir etmän, pesligiň we horlugyň içine çümüp, pes bir garamaýak derejesine düşseler hem, nesepleriniň we döwlet işgärleri bilen garyşmagyň özlerine üstünlik, beýiklik we häkimýet üpjün etjekdigi barada pikir edýärler. Bu ýalňyş düşünjeleriniň bir netijesi hökmünde aralaryndaky hünär we senetçiler hem döwletiň başyna geçmek tamasyna düşdüler. Döwleti ele geçirmek we muňa gowuşmak üçin tagalla etmäge başladylar. Ýöne deňziň günbatar (Günbatar Afrika) kenarlarynda ýaşaýan tireleri we bularyň asabiýetini, ýagny ýurtlaryny we döwletlerini goramaklaryny we kowumlaryň we tireleriň arasyndaky üstünligiň we artykmaçlygyň nädip gazanylandygyny bilen kişi bu hili ýagdaýlarda ýalňyşmaz. Bu ýagdaýlary göz öňünde tutmazlyk ýalňyşyna düşmez. Taryhçylaryň döwletleriň hallaryny beýan edýärkä we hökümdarlarynyň terjimehallaryny beýan edýärkä, hökümdaryň adyny, neslini, ene-atasyny, aýallaryny, lakamyny, möhürini, kazysyny, garawul başyny we wezirini beýan etmeleri bu mazmundan bolup, bu görnüşde taryh ýazmak, maksatlara göz ýetirmezden emewileriň we apbaslylaryň taryhyny ýazanlara öýkünmekleri sebäplidir. Şol döwürleriň taryhçylary eserlerini özlerinden öň häkimýet sürenleriň gylyk-häsiýetlerini, ahlaklaryn we hal-hereketlerini we umumy ýagdaýlaryny öwrenmäge höwesek bolan döwlet işgärleri we olaryň perzentleri üçin ýazýardylar. Bular selefleriň (öňki alymlaryň) işlerini we eserlerini özlerine nusga edinip, daş-töwerekden gelip, öz döwletlerine goşulanlara peşgeş bermek we olary sebitlere işe ibermek we olaryň terbiýelerinde ýetişen we dogan-garyndaşlaryndan bolanlara dereje we wezipeler bermek meselesinde hem öňküleri özleri üçin nusga edinmek isleýärdiler. Ol döwürlerde kazylar hem tireleri we tarapdarlary bilen döwleti gorap biljek güýçlerden bolup, wezirleriň hatarynda derejä eýediler. Biz bulary ýokarda beýan etdik. Şonuň üçinem ol döwrüň taryhçylary bularyň hemmesini ýatlap geçmäge mätäçdiler. Ýöne hökümetler üýtgäp, ol döwürlerden birnäçe asyrlar geçensoň, diňe hökümdarlaryň özlerini we döwletleriň güýç-kuwwat meselelerinde biri-birlerine bolan garaýyşlaryny we haýsy milletleriň bulara garşy durup biljek bäldigini beýan etmek bilen taryh ýazmakdan maksat emele geldi. Ynsap gözi bilen sereden kişi bu döwrümizde köne bir döwletiň hökümdarynyň ogullaryny, aýallaryny we möhürleriniň nagyşlaryny, lakam, kazy, wezir we garawulbaşy ýaly işgärleriň adyny agzamagyň peýdasyzdygy netijesine barandyr. Sebäbi bularyň gelip çykyşlary, nesilleri, wezipeleri we derejeleri näbellidir. Döwrümiziň taryhçylary bularyň öýkünme sebäpli öňki ýazarlaryň maksatlaryna göz ýetirmezden we taryh ýazmakdan maksadyň nämedigini unudyp, bu usuly saýlandyrlar. Ýöne muňa Hajjaç, Beni Muhallep, Barmakylar, Beni Sehl ibn Nowbagt we Ihşidiňguly Kafur, Ibn Abu Amyr we beýlekiler ýaly täsirleri uly we habarlary hökümdarlar tarapyndan näbelli galan beýik şahsyýetler degişli däldir. Bular hökümdarlaryň hataryna geçendikleri üçin bularyň kakalary ýatlanylýar we olaryň hallary agzalyp geçilýär. Bu ýerde peýdaly başga bir ýagdaýy ýatlap, bu pasly tamamladyk. Taryh – bir asyra ýa-da bir kowuma degişli bolan habarlary ýatlamakdyr. Näbelli bolan umumy hallary, kowumlary we asyrlary ýatlamak bolsa, taryh ýazan kişiniň maksatlarynyň köpüsini oňa esaslandyrjak bir düýpdür. Onuň rowaýat etjek habarlary diňe bu ýagdaýda anyk belli bolar. Mesgudynyň edişi ýaly, taryhçylar bu düýbe aýry-aýry eserler we bölümler degişli edýärler. Mesgudy 33-njy hijri ýylynda «Murujyz-zehep» atly taryh kitabynda gündogarda we günbatarda ýaşaýan öz döwrüniň kowumlarynyň ýagdaýyny we ülkelerini beýan eder. Bu kowumlaryň din, mezhep, ynanç, däp-dessur, urp-adatlaryny ýatlaýar. Sebitleri we şäherleri, daglary, deňizleri, ýurtlary we döwletleri, arap we arap bolmadyk kowumlaryň nesil daragtlaryny beýan edýär. Mesgudy bu görnüşde «Umumy taryh» ýazmagy bilen tarhyçylaryň ymamy we ussady bolandyr. Ondan soňkular onuň ýoluny tutandyrlar. Mesgudydan soň Bekri ýetişip, diňe ýollar we ýurtlar hakda onuň ýoluny dowam etdirendir. Çünki, Mesgudynyň ýaşan döwründen Bekriniň döwrüne çenli köp wagt geçmändigi üçin kowumlaryň durmuşynda uly bir üýtgeşme we başga zat emele gelmändi. VIII asyryň ahyry bolan asyrymyzda bolsa gözümiz bilen görşümiz ýaly, Magrybyň (Günbatar Afrika) hallary düýbünden üýtgäp, V asyrdan bäri gelýän arap tireleri öňki ýaşaýjylary bolan berberleriň güýçlerini gyryp we ýeňip, ähli ýurtlaryny olaryň ellerinden çekip alandyrlar. Olaryň ellerinde galan ýerleri hem olar bilen paýlaşandyrlar. Şu ýaşaýan asyrymyz bolan Anuş asyryň ortasynda gündogaryň we günbataryň gülläp ösen ýerlerinde gyrgyn höküm sürýänçä bu ýagdaý dowam etdi. Kowumlaryň sanyny azaldan bu gyrgyn keseli, ol döwrüň ýaşaýjylaryny heläk etdi. Medeniýetiň gözelliklerinden birnäçesini aradan aýyržy, ýok etdi. Garrama we güýç-kuwwatyň soň çägine ýeten wagtynda musallat bolan bu gyrgyn keseli, döwletleriň ülkelerini peseltdi. Ýagny olary güýç-kuwwatdan düşürdi. Gylyçlaryň ýiti ýerleriniň kesgir taraplary kütelişdi. Güýç-kuwwatlaryny we soltanlyklaryny ejizletdi. Olary dagamaga alyp geldi. Hal-ýagdaýlaryny derbi-dagyn etdi. Halkyň sanynyň azalmagy bilen ýer ýüzüniň abadançylygy kemeldi. Şäherler, sungat we sungat ýurtlary ýykyldy. Ýollar we sebitleri köneldi, näbelli boldy. Sebitler we ýaşaýyş ýerleri boşaldy. Döwletler we milletler ejizledi. Üstünde ýaşaýanlar üýtgedi. Men gündogardaky ülkeleriň hem abadançylygy taýdan bu belalara sezewar bolandygyny görýärin. Barlygyň dili bilen äleme: «Adyň, şanyň batsyn, gurasyn!» diýip gygyrýan, älem hem bu emre boýun egip, çaltlyk bilen guran ýaly boldy. Ýer ýüzüne we ýer ýüzünde ýaşaýanlara Alla eýe çykar. Ýagny ýüzi we onda ýaşaýan hli zatlar heläk bolar. Diňe Alla pany bolmaz. Bu ýolda bir bela sebäpli ähli ýagdaýlar üýtgänsoň, ähli janly-jemende hem aslyndan we bütin älem hem üýtgän ýaly boldy. Barlyklar täzeden emele gelip, täze bir älem ýaradylan ýaly boldy. Ýaradylyşy sebitleriň we daş-töweregiň hal-ýagdaýlaryny urp-adat, ynanç we mezheplerini üýtgeden bu beladan soň, bu üýtgeşmelere laýyklykda çagymyzda Mesgudynyň usulyna görä, öz asyry üçin bir eser ýazjak bir kişiniň gerekdigine göz ýetirdik. Bizden soň geljek bolan taryhçylar bu eseri özlerine nusga edinsinler. Men bu eserimde öz mümkinçiliklerime görä şu wagta çenli geçen çaglarda Magrypda emele gelen ýagdaýlary hakda bir bölegi giňişleýin, bir bölegini hem habarlar we hekaýat äheňinde beýan etmek arkaly maglumat bermekçi. Çünki, meniň bu eseri ýazmakdan maksadym, diňe günbatar ýurtlarynyň we bu ýurtlardy ýaşaýan kowumlaryň, uruglaryň we toparlaryň, bu ýurtlarda gurlan döwletleriň ýagdaýlaryny beýan etmekdir. Gündogaryň we ol ýerde ýaşaýan milletleriň we kowumlaryň ýagdaýlaryny bilmeýndigim üçin maksadym gündogaryň taryhyny ýazmak däldir. Gündogara degişli beýan edilen habarlar bolsa, meniň bilmek we beýan etmek islän ýagdaýlarymyň düýp mazmunyny hemmetaraplaýyn beýan edip bilmez. Mesgudynyň ol ýurtlaryň ýagdaýyny bilmegi, ol uzak ülkelerde syýahat edendigi we eserinde beýan edişi ýaly, ol uzak ýurtlarda gezendigi üçindir. Ol günbataryň taryhyny ýazýarka, olaryň ýagdaýlaryny hemmetaraplaýyn we doly ýazan däldir. Her alymdan ýokarda ondan has gowy we kämil bilýän bir alym bardyr. Diňe Ol (Alla) ähli zady düýp mazmuny bilen biler we ähli ylymlaryň çeşmesi oldur. Ol ähli ylymlary Özünde jemlär. Ynsanyň ylmy bolsa çäkli we kemdir. Ynsan özüniň kemçiliklerini we ejizligi boýun almalydyr. Kömekçisi Alla bolan kişi üçin bu aňsatdyr. Ol işlerinde we isleglerinde üstünlik gazanar. Allanyň kömegi bilen maksadymyz bolan eseriň ýazylyşyna başlaýarys. Ýazmaga başlan bu eserimizi maksadymyza laýyklykda gutarmaga bize üstünlik bermegi üçin Beýik Alladan soraýarys. Dogry ýola salan we kömek eden we üstünlik berýn ýeke-täk Alladyr. Biz Allanyň kömegine bil baglaýarys. Biziň üçin bu işimizde ýekeje etmeli bir iş galdy. Ol hem eserimizde gelýän arapça bolmadyk sözler üçin arap dilinde ulanylmaýan we bolmadyk harplary ýazmak işidir. Bilgin, gepleýän wagtymyz ulanýan harplarymyz, aşakda hem aýdylyşy ýaly kekirdege bogazdan çykýan sesleriň ýagdaýy bolup, kiçi dile we damak bilen birlikde diliň daş-töwereginde we bogaz bilen azy dişlere ýa-da iki dodaga ýegmek bilen sesleriň bölünmeginden emele gelen seslre degişli bolan ýagdaýdyr. Bu degme ýa-da jaňyň çalynmagy ýaly, çalmagyndan we bu çalmagyň üýtgemegi sebäpli sesleriň ýagdaýy üýtgär. Bu harplar biri-birinden tapawutly bolup, gulak bilen eşidiler. Kalplarda gizlenip ýatan manylary beýan edýän sözleri emele getirer. Milletleriň bu harplar bilen geplemekleriniň ýagdaýy birmeňzeş däldir. Her kowum baga bir milletiň dilinde bolmadyk harplary ulanýar. Sen bilýrsiň, araplar sözlerinde ýigrimi sekiz harp ulanýar. Ybranylar biziň (arap) dilimizde bolmadyk harplary ulanýarlar. Biziň dilimizde hem ybranyçada bolmadyk harplar bar. Pereňlileriň, türkmenleri, berberleriň we beýleki milletleriň dillerinde hem beýlekileriňkide bolmadyk harplar bar. Araplardan okamak we ýazmak bilýänler gepleýän wagtlary, eşidilen harplary aňlatmak üçin görnüşleri we şekilleri bilen biri-birlerinden tapawutly harplaryň bardygyny anykladylar. Bular elip, bi, jim, ri, taý, waw we baga harplar bolmak bilen ýigrimi sekiz harp görnüşini ýüze çykardylar. Bu ýigrimi sekiz harp bilen sesleri aýtmak, mümkin bolmadyk keseki sözlere duş gelnende, ol harplaryň berýn manylary manysyz galýar. Käbir ýazarlar keseki dildäki bir harpy biziň dilimizdäki bu harpa ýakyn bolan ol harpyň öňündäki ýa-da ahyryndaky harp bilen beýan etmek isleseler hem bu ýeterli däldir. Munuň harpy aslyndan üýtgetmekden başga peýdasy ýokdur. Bu eserimiziň berberler we arap bolmadyk milletlere degişli bolan habarlary içine alýandygy üçin olaryň biziň dilimizde bolmadyk harplardan düzülmegine we bizde şekili we suraty bolmadyk atlara ýa-da käbir sözlerine duş gelýäris. Şonuň üçinem bu atlarda we sözlerde duş gelýän seslerimize düşünmek üçin harplar döretmäge mejbur bolduk. Ýokarda beýan edişimiz ýaly, oňa ýanaşyk bolan harp ildäki harpyň sesini düşündirmäge ýeterlik däldir. Çünki biziň dilimizdäki ol harp olaryň dilindäki ol harpyň ýerini tutmaýar. Şonuň üçinem arap ýazuwynda bolmadyk ol harplary döretmäge mejbur boldum. Okaýjy bu keseki harpy ortalarynda bolan iki harpyň mahajynyň (çykýan ýeriniň) ortasyndaky bir mahraçdan çykaryp aýmak bilen, ol harpyň ol dilde aýdylýan mahrajyndan aýdýandygy üçin, ol harpyň ol dildäki sesini aňlatdygy bolar. Men bu usuly muskaf ýazanlaryň «syrat» sözüni Halef kyragatyna görä okanlarynda şumam harplaryndan aldym. Sebäbi halef kyragatyna görä, syrat sözüniň «sad» harpy bilen «z» harpynyň arasyndaky bir ses bilen okalýandygy üçin ses näbellidir. Muskaflary ýazanlar «s» harpynyň ortasyna «z» harpyny tersim edip, şumam sesini düşündirendirler. Olaryň bu adalgasyna görä, «s» sesiniň bu iki harpyň ortasynda bir ses bilen aýdylýandygyny aňladýar. Men şundan ylham alyp, berberleriň biziň dilimizdäki açyk «s» bilen «j» ýa-da «k» arasyndaky bir ses bilen gürleşýän «k» harpynyň sesini beýan etmek üçn şu görnüşde hereket etdim. Munuň bilen bir mysaly hem berber dilindäki «Belkin» adydyr. Men bu sesi düşündirmek üçin «k» harpyny ýazyp, bu harpyň aşagyna hem bir nokat goýup, «j» harpyny, üstüne bir nokat goýup hem «k» harpyny düşündirýärin. Bu harp berber dilinde köp ulanylýar. Mundan başga-da arap dilinde garşylygy bolmadyk harplara duş gelenimde, şol görnüşde hereket edip, dilimizdäki iki harpyň arasynda aýdylýan berber dilindäki harpy bu iki harpyň arasyndaky bir ses bilen düşündirýärin. Okaýjy bu belgilerden berber dilindäki ol harpyň bu iki harpyň ortasynda bir magraçdan (bir ses bilen) aýdylýandygyna göz ýetirer. Käbir ýazarlar ýaly berber dilindäki ol harpy öňünde ýa-da soňunda bolan arap dilindäki harp görnüşinde ýazar bolsak, berberçedäki ol harpyň sesini dilimizdäki harpyň mahrajy bilen düşündirip, berber dilindäki berýän sesinden daşlaşdygymyz bolardy. Şeýle hem ol milletiň dilini üýtgetdigimiz bolardy. Sen şuny bil. Beýik Alla Özüniň pazly we lutfy bilen dogry ýoly görkezer. Ibn HALDUN. ____________________________ [1] Berber – geçiniň mälemegi we çekremegi manysyny aňladýar. [2] Aly ibn Abdyleziz Jürjany (w. 396/1002). [3] Bili – Aly ibn Zeýt Beýhaky (w. 565/1109) «Kitabul-kemaim» atly eseriň ýazary. [4] Gurhanyň («Fejr») süresiniň 6-7-nji aýatlary. [5] Gurhanyň 11-nji süresiniň 47-nji aýaty. [6] Gurhanyň 32-nji süresiniň 62-nji aýaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |