BOSAGA
Gulpagyňy tasadyp, deň-duşuň bilen oýnap ýörkäň, birden ajyganyňy özüňem duýman galýaň. Şonda daşardan ylgap gelip:
-Eje , ajykdym- diýenime mähetdel özümden kiçi jigim maňa bir kesemen çörek uzadardy. Bardy-geldi ejem öýde bolaýsa, jigime käýinerdi-de:
- Heý-de bosagadan zat uzadarlarmy? Ajygan bolsa, öýe girsin, adam ýaly naharlansyn-diýip käýinerdi. Men weli ejemiň şol sözlerini eşitmeýän ýalydym. Oýundan aýrylyp bilmämäsoň, her gezek iýgenç eşitmeli bolýardym. Şonda ejem her gezek ýadaman-ýaltanman, türkmençilikde bosaga diýlen zada uly hormat goýulýandygyny dürli tymsallar bilen düşündirmäge çalyşardy.
- Balam, adamyň durmuşa, öz öýüne, maşgalasyna hormaty bosagadan başlanýandyr. Bosagadan geçmän, hiç zat alnyp berilýän däldir. Bosagadan ätläniňden soň, sen şol öýüň düzgünine hormat goýmalysyň. Şony başarmasaň, işiň hiç mahal oňuna bolmaz.
Soň-soňlar birneme ese-boýa galyp ugramsoň, ejemiň sargytlaryna gulak gabardyp başladym. Halaşýan ýigidim Hemranyň ejesiniň gudaçylyga gelende aýdan sözleri türkmen üçin bosaganyň näderejede gymmatdygyny aýan etdi oturyberdi.
- Ogulnäzik, men-ä siziň gapyňyzy açyp, bosagaňyzdan uly umyt bilen ätländirin. Garyndaşlygyň müň ýyllyk gatnaşygynyň başyny tutaýsak diýýän. Sizem soraşyň-ideşiň.
Gyzynyň heserinden habarly ejem arkan gaýşyp durmady. “Haýyr işi bejit tut” diýilýänine eýerip, uzaga çekmän halat gaçdi, ýüzük dakylyp, toý sähedi bellendi.
Bosaga mukaddesligine gyzyl kürtäni başyma büräp, öýden alyp çykanlarynda ýüregimiň çuňlygynda bir zat üzülen ýaly boldy. Şol demaýagymdan ysgyn gaçyp, göwräm borram-boş bolup galdy. Hernä iki gapdalymdan goltuklap gelýän ýeňňelem halymy duýdy-da, derrew ulaga, Hemranyň ýanyna mündürdiler. Bu nätanyş duýgynyň özüm üçin iň şatlykly günde kalbyma dolandygyny name bilen düşündirjegimi bilmedim. Ol öz barlygyny inçejik ünji bilen duýdurdy durdy.
Hemralaryň bosagasyndan ätlänimden kalbyma başga bir duýgy doldy. Şonda Hemranyň ejesi maňlaýymdan öpdi-de:
-Dar gapymdan giň törüme uly höwes, müň arzuw bilen salýandyryn, gelin jan. Seň göwnüňem edil meniň törüm ýaly giň bolsun—diýdi.
Bosagada bir dem swägindirip, uly şagalaň bilen meni aşhana eltdiler. Agyr kürtäniň aşagyndan toý şowhunyny synlap bilmesemem, gaýyn enemiň guwançly sözlerini eşidýärdim:
- Aýnagözel, kendirigi ýazdyňyzmy? Ýagly piti nirede, hany tizräk getiriň ahyry. Haýal-ýagal etseňiz ,gelniň häsiýetem şoňa çekermiş. Tiz boluň- diýip töweregindäkileri gyssaýardy.
Toýuň şowhuny bilen başagaý mähelle ony eşitmeýän ýalydy. Kürtäniň syýyndan tutup duran gyzjagazlar meni idekledip, bir ýerde oturtdylar. Oňa çenli bir daýza gaýyn eneme ýüzlendi:
- A gyz, Suraý, özüň bulajakmy gelniň elini una?
- Dagy name, daýza jan, gelin meň bosagamdan giren soň, meňki bolar-da. Onsoň bu öýüň düzgünini ilki bilen özüm öwretmeli ahyry.
Gaýnym gapdalymda dyz epdi-de, sag elimden tutup, ony una, çep elimi hem ýaga bulady.
Sag eliň sary ýaga,
Sol eliň sowuk una,
Bulaşsyn, gelnim, bulaşsyn,
Ogul gyzyň ulaşsyn.
Saňa berdim Hemrany,
Goşa sürüň döwrany.
Gelnim düşsün aýagyň,
Maşgalaňy aýagyn.
Gaýyn enemiň gazaly meniň gelinligiň altyn bosagasyndan ätländigimi, indi şu öýe mähir bermelidigimi ýene bir gezek, onda-a aňry ýany bilen kalba guýdy. Şol süýji duýgydan lezzet alyp,töwrerkden aýdylýan gazallara berildim.
Gazan- gazan gatlama,
Gatlanyp dur ýar-ýar.
Hemra janyň gelini,
Gutlanyp dur ýar-ýar.
Ýatdan çykmajak ýakymly günüň dabarsy hälki öz bosagamyzdan çykanymda dörän düşniksiz duýgyny ýuwup aýyrdy. Oňa derek başga bir has süýji duýgy kalba doldy. Hemra ikimize ak-gök geýdirme etmek üçin biziň başymyza ýüpek ýorgan atdylar. Indi biz ýüpek ýorganyň aşagynda ikiçäkdik. Meniň ellerimi pugta gysyp outran Hemranyň deminiň howry süňňüme söýsi guýýardy. Men şu çak töweregiň şagalaňyna garamazdan, Hemranyň ýüreginiň urşuny eşidýärdim. Men ony hut şu mahal, ýüpek ýorganyň aşagynakam hasam ýiti duýdum. Edil şol pursat hem ýene nirelerdendir bir ýerden ejem janyň bosaga baradaky sözleri hakydama geldi. Belki, bu meniň başga bir bosagadan öýüm diýip ätlänim üçindir. Sebäp indi men özüme üýtgeşik dünýäni bagyş etjek altyn bosagadan ätläpdim. Oňa çenli gaýyn enemiň elleri biziň başymyzy sypalap başlady:
Ak -gök geýdirme,
Arpa çörek iýdirme,
Toýnakla depdirme,
Agyzla gapdyrma.
Gawun ýaly gülläň siz,
Türşek ýaly dölläň siz,
Tur, ogul, ak gelniň ýanyndan!
Biz heniz biri-birimiziň elimizi goýberip ýetişmänkäk, ýüpek ýorgan serpildi.
Töwerekdäkiler uly goh boldular. Dilliräkleriň biri gaýyn eneme degdi:
- A gyz, Suraý, gelniň ogluňdan ýapyşyşy üýtgeşik-le, gaýymja bolaweriň senem hernä.
- Gaýym bolup bolman, bosagamdan müň bir arzuw bilen ätlän çaga özümiňkidi.
Soňam ol sözüni maňa gönükdirdi:
- Gelen ýeriňe bek ýapyşgyn, gyzym, diýen-aýdan köpdür, ile gulak asman, giren bosagaňa hormat goýmalydyr, şonda bagtam, bekeretem taparsyň.
Gepde ýeňlenden gaýdyp ses çykmady. Oňa derek töwerekdäkiler küşt depip, gazal aýdyp keýpden çykdylar.
Toýdan soň men gaýyn enem bilenem, baldyzlarym bilenem tiz öwrenişdim.Göwnüme men bu öýde öňden ýaşap ýören ýalydym. Belki, bu bosaga barada meniň kalbyma ene mähri bilen siňendir. Belki-de, bu durmuşy Hemrasyz göz öňüne getirip bilmeýänligimdendir. Onçasyny aýdyp bilmesemem, türkmenleriň bosaga mukaddesligine sarpasy hemişe kalbymy ýyladar durar.
Ogulgerek USSAÝEWA.
Hekaýalar