20:49 Bozulmaz oguz boýumyz - mukaddes 24-lik | |
Ata-babalarymyzyň gadymy ýörelgelerinde, syýasy we jemgyýetçilik kadalarynda 24 san bilen baglanyşykly yrymlar, ynançlar, düşünjeler özboluşly orun eýeleýär. Taryhçylar bu gadymy däbi atarman-çaparman hunlaryň-oguzlaryň harby-administratiw bölünişigi esasynda ýüze çykandygyny öz eserlerinde belläpdirler. Mälim bolşy ýaly, hun türkmenleriniň goşunlary ilki sag we çep ganata bölünipdirler. Her ganat üç şahadan, her şaha hem dört bölümden ybarat eken (jemi 24 bölüm). Taryhy çeşmelerde uly boýlaryň hersiniň özüne mahsus atynyň (günbatarda ak at, günortada mawy ýa-da gyr at, demirgazykda gara at, gündogarda bolsa gyzyl dor at) bolandygy hem bellenilýär. Her tarapyň özüne berlen mukaddes reňki esasynda atlar goşunda nyzama duruzylypdyr. Hunlaryň döwründäki bu bölünişik däbi türkmenleriň 24 taýpa bölünmek däbinde şu wagta çenli saklanypdyr.
Taryhy makalalar
Belli taryhçy L.I.Gumilýowyň hunlaryň taryhyna bagyşlanan “Hunnu” diýen kitabynda şeýle sözler bar. “Biziň eýýamyzdan ozalky 206-njy ýylda hunlar özleriniň ýigrimi dört taýpasyny jebisleşdirdiler. Soňky wakalaryň esasynda 24 taýpanyň birleşigi jemgyýetçilik ösüşiniň has ýokary basgançagyna göterildi: taýpanyň birleşigi “döwlete öwrüldi”. Gadymy “Oguznama” eserinde Oguz hanyň alty oglunyň bolandygy, her oglundan dört sany agtygynyň dünýä inendigi aýdylýar. Oguz hanyň ýigrimi dört agtygynyň adynyň soň-soňlar türkmen taýpasynyň adyna öwrülendigi bellenýär. Bilşimiz ýaly, dünýäniň taryhçylary tarapyndan “Iň gadymy haly” diýlip atlandyrylan Pazyryk halysynyň merkezinde hem dört-dörtden alty hatara bölünip, ýigrimi dört göl salnypdyr. Elbetde, bu Oguz hanyň nesil şejeresi bilen gön-den-göni baglanyşyklydyr. Şol ýigrimi dört gölüň hemmesinde hem birmeňzeş görnüşde ok-ýaýyň şekili juda ezberlik bilen şekillendirilipdir. Bu şanly şekili her bir adam häzirki zaman türkmen halylarynda-da aňsatlyk bilen duýup, synlap hem oňa guwanyp biler. Gadymyýetiň meşhur türkmen alymy Mahmyt Kaşgarly öz eserinde her bir oguz boýunyň nyşanyny, tagmasyny, olaryň süýeklerini-üleşiklerini ýeke-ýeke anykma-anyk derňäpdir, olaryň ýerleşiş tertibini çyzyp görkezipdir. Şol 24 sany tagmalara, nyşanlara taryhyň islendik dowamynda az ähmiýet berilmändir. Mahmyt Kaşgarlanyň aýtmagyna görä, tagmalar dowarlara, ýylkylara hem basylypdyr. Oguz boýlarynyň tagmalarynyň mallara basylmagyndan başga, hala-da, kilime-de nagyş edilip, gabsalarda, diwarlarda, gap-gaçlarda, esbaplarda, hatda mazar daşlarynyň ýüzlerindäki ýazgylarda hem ulanylypdyr. Bulardan daşary, käbir nyşanlary oguz türkmenleriniň döreden döwletleriniň baýdaklarynyň ýüzlerinde hem görmek bolýar. Türk taryhçysy F.Sümeriň “Oguzlar-türkmenler” diýen göwrümli kitabynda “Osmanly döwletiniň gurluşynda sag gol, çep gol diýen düzgünleriň ýörändigi bilen birlikde, 24-li düzgün hem bolupdyr. Meselem, Rumili welaýaty 24 sanjaga bölünýärdi. Diýarbekir welaýaty hem sekizisi ýurtluk, bäşisi ojaklyk bolmak bilen jemi 24 sanjakdy” diýip ýazýar. Şeýle hem türk taryhçysy Zyýa Gökalp “Türk medeniýetiniň taryhy” diýen kitabynda “Ýigrimi dörtlüge bölünmeklige Seljuk türkmenlerinde, Akgoýunly, Köneürgenç, Anadoly we yrakly türkmenlerinde uly ähmiýet berlipdir. Osmanly türkmenleri döwleti Rumili we Anadoly diýip, iki şaha bölüpdir. Osmanly döwletiniň wezirleriniň nökerleri-de 24 sanydy” diýip ýazýar. Oguz türkmenleriniň söweş tilsimleri 24-lige bölünip, goşunda jemi 24 tümen nöker bolup, her 10 müň atly bir tümen hasap edilipdir. Şunlukda, 25 sany beýik baştutanyň ygtyýarynda goşun 10 müňlüge,1 müňlüge, 100 müňlüge paýlanmagy şol gadymy däp-dessura wepalylykdan nyşandyr. 24 oguz sanjak begleri hem öz aralarynda bölünenlerinde ýa-da nyzama duranlarynda “ikili”, “dörtli”, “altyly”, “on ikili”, “ýigrimi dörtli” görnüşde duruzylypdyr. Türkmeniň meşhur “Gorkut ata” eserinde hem 24 sany sanjak beg hakynda söhbet açylýar. (“Baýandyr han buýurdy: ýigrimi dört sanjak begi gelsin diýdi”). Ýöne Gorkut atada oguz iline köplenç “galyň oguz” diýilýär, ol “ulu oguz ili” diýmekligi aňladýan bolsa gerek. Ýene-de F.Sümere salgylansak, osmanly türkmenleriniň maliýe guramalarynda hem 24 san bilen baglanyşykly köp mysallary görmek bolýar. Ol öz kitabynda Osmanly türkmenlerinde biriniň goýny 24-den az bolsa, ony ýoksul hasaplandyklary, ondan salgyt almandyklary dogrusynda ýazýar. Ata-babalarymyz söweş ýaraglaryny ýasamakda hem 24 sany ulanandygyna taryhyň sahypalarynda duşmak bolýar. Mysal üçin, osmanly türkmenleriniň ýaý oklary 4 dirhemden 24 dirheme çenli bolup, ýaýyň ululygyna görä ýasalypdyr. Şol oklaryň dördüsi bokurdak, ýedisi göbek, altysy jalbar, ýedisi aýak derejesinde ýasalypdyr. Nemes taryhçysy ýigrimi dört oguz boý gurluşynyň Müsürdäki memluk türkmenleriniň hem 24 beg hökmünde ulanandygyny aýdýar. “Görogly” şadessanynda “Gyratyň ýigrimi dört ýörişi bar” diýlip görkezilýär. Ýigrimi dörtlük däbiniň türkmen halkynyň maddy we ruhy medeniýetiniň dürli gatlaklarynda mäkäm saklanyp galandygy barada edebiýatçy alym A. Bekmyradow “Andalyp we oguznamaçylyk däbi” diýen eserinde şeýle ýazýar: “Edil hunlaryň keçe-halysyndaky ýaly, üç hatardan 8-e bölüp, 24 göl salmak däbi türkmen haly sungatynda ýörgünli däpleriň biri. Türkmen halylarynda 24 göli 12-den iki hatara bölüp salmak däbiniň ýörgünlidigini aýtmalydyrys. Bu däpler hem hunlaryň, olaryň soňky dowamy bolan oguzlaryň gurluşy bilen baglanyşykly 24 göli dörtden alty hatara bölmek Oguz hanyň 24 agtygynyň 12-den iki ganata bölünişi baradaky gadymdan gelýän halk ynanjy bilen baglydyr”. Nusagwy şahyrymyz Nurmuhammet Andalyp hem öz eserinde Oguz hanyň 24 agtygynyň soň bir oguz maşgalasynyň, taýpasynyň adyna öwrülip, kuwwatly oguz döwletini emele getirendigini umumylaşdyryp, beýan edýär. XVI asyr türkmen alymy Salar Baba Gulaly oglunyň ýazan “Oguznamasynda” Oguz hanyň weziri Erkil Hojanyň Oguzyň ogullaryna beren maslahatynyň hekaýaty saklanyp galypdyr. Eserde Erkil Hoja Oguzyň bozok üçok lakamyny beren alty oglunyň we olardan önen ýigrimi dört ogluň her birine bir lakam berip, mallaryna basar ýaly we ol tagmalaryň üsti bilen dowarlaryny parhlandyrar bir tagma berýär. Her bir ogla olaryň uýguny bolar ýaly bir guş belleýär. Eserde berilýän beýan boýunça Oguzyň alty ogly, ýigrimi dört agtygy pelek derejeli, hormatly ata-babalarynyň beren öwüt-ündewlerinden, wesýetlerinden çykman, jahanda köp halk, il-ulus bolup, öz ýerlerinde we derejelerinde ornaşyp, öz ülüşlerinden we orunlaryndan çykmadylar. Düzgün-nyzamly boldular. Taryhyň bütin dowamynda her bir asly nämälim pes kişiler pelek derejeli, şöhrat-şanly, ata-babaly nesle neşder urup bilmediler. Mukaddes ýigrimi dört boý biri-birine daýandylar, söýendiler, goldandylar. Ganybir taýpadaşlaryň arasynda derýalar, ýaýlalar, gyşlaklar ortalykdy. Olar maddy we ruhy taýdan birdiler, biri-biriniň toýlaryny üýşüp tutdular, ýasyna baryşdylar. Han azamatly, belent derejeli boýdaşlar hukuk taýdan ähli babatda deňdiler. Olar erem şekilli mejlislerinde, oturylyşyklarynda atly perzentlerine we hökmürowan doganlaryna arka bolup, döwletlik we soltanlyk baýdagyny belent tutdular, “Bozulmaz oguz boýumyz” diýen şygara gulluk etdiler. Awtory: Baýramgeldi Çaryýew. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||