BU JENNETDIR
Sary öýmesini başyna çümre bürenip, tomsuň ýakyp-ýandyryp barýan jöwzasyndan dähedem-dessemläp barýan gelniň birmahalky tanşymdygyny soň bildim. Ol başyny galdyranda nazarymyz kaklyşdy. Ol meni ilki tanady:
– Waý, bu senmi? Aman-sag gezip ýörsüňizmi, içeriňiz saglykmy? ... Işleriňiz gowumy?
Yzly-yzyna sugşyrylýan soraglaryň haýsy birine jogap berjegimi bilmän, menem oňa soragly ýüzlendim:
– Aýnabat, “Ölme-de, ýit” diýipdirler. Barmyň gyz?
Ol meni garsa gujaklady. Ýaňagymdan taýly gezek ogşady. Çalarak tanşymyň bu bolşuny nämä ýorjagymy bilmän, aljyradym. Ol uzak garaşdyrmady.
– Waý, jan dogan, meni geňlemäweri. Tanyş ýüzlere halys suwsapdyryn. Siziň hemäňizi bagryma basasym gelýär.
Men ýene hiç zada düşünmedim. Soragly nazarymy gürrüňdeşime dikdim.
Ol hem:
– Sen bilýänem dälsiň, jan dogan. Men iki ýyllap daşary ýurtda bolup geldim, indem gelenim bäri, adamlaryň didaryndanam, bu mähriban topragyň ysyndanam ganyp bilemok – diýdi.
Meniň bilesigelijiligim artdy.
– Nirä gitdiň gyz, Aýnabat? Näme iş bilen gitdiň? Daşary ýurt nähili eken onsoň?
– Daşary daşary bolýar, öýem öý. Heý-de, öýüňe deň geljek zat bolarmy? Men ilki daşary ýurtda işlemeli diýenlerinde juda begendim, hezil edinip gitdim. Ol ýere baryp ýaşap başlanymdan soň, birbada bilmesemem, ýuwaş-ýuwaşdan ýüregim bu topragy, Watany küýsäp ugrady. Öýe-çagalaryma jaň edýän, olaryň hal-ahwalyny soraýan welin, edil ýüregim üzülip barýar. Simiň o çetinden bu çetine suw bolup akasym gelýär. Arman, ara daş, ýol uzak. Men dünýäň aňry çetinde.
Onsoň oturyp-oturyp özüme basalga bolýan: “Bu bir wagtlaýyn zat, wagt hä diýmän geçer, öz ilime dolanaryn”.
Öz ilime dolanmak baradaky pikir meni ýeke dem salymam ýalňyz goýmady. Belki, meni ruhdan düşürmän saklan şol pikirdir. Ýöne aýry ýurduň çöreginiňem, ir-iýmişiniňem, ak-gögüniňem tagamy ýokdy. Näme iýsem, saman çeýnän ýaly bolup durdy. Bu duýgy türkmeniň mele topragyny, onuň näzi-nygmatynyň Günüň ýiti çoguna eýlenen tagamyny küýsedýärdi. Şol alys ýurtda Hak nazary düşen topragymyz maňa medet berýärdi...
Men onuň sözüni böldüm:
– A gyz, Aýnabat, seň gideniňe iki ýyl bolan bolsa, Aşgabadam-a üýtgändir.
– Ýaňy men aýtdym-a saňa, çagalarym bilen hepdede diýen ýaly gepleşip duranymy. Her gezegem ýeke bir öý-içerini däl, tutuş ýurdumyz hakda soraşdyrýan. Tutuş Türkmenistan meniň öýüme öwrüldi. Men bu duýgyny nädip düşündirjegimi bilemok. Ýöne ene toprak diýen zadyň juda eziz, juda mähribandygyna göz ýetirmek isleseň, ondan az wagtlyk daşlaşaýmaly eken. Bir şahyryň:
Diýar näme?
Ony menden soraň siz?
Ony diýaryndan jydadan soraň!
Keseki ýurdunda sergezdan gezip,
Diýar didaryna jydadn soraň! –
diýşi hakyt ýürekden çykan sözler eken. Men iki ýyllap Diýaryň didaryna geda boldum. Şertnamam dolansoň, uçarymyz Aşgabada gelip gonanda, men tolgunmakdan ýaňa gözýaşlarymy saklap bilmedim. Ýere düşenimden hiç zada garaman, topraga bagrymy berdim. Töwerek-daşymdakylar birbada hiç zada düşünmediler. Maňa bir zat bolandyr öýtdüler. Men weli, ýatyp topragy ogşaýardym. Gara ýeri maňlaýyma togap edýärdim. Şeýdip näçe ýatanymy bilemok , ahyry, ýolbelet gyz goltugymdan galdyrdy:
– Daýza, ýörüň çykalga gitmeli.
Men henizem özümiň ene toprakdadygyma, Diýaryma dolanyň gelendigime ynanamokdym. Göwnüme bolmasa, uçar meni yzyma - alys ýurtlara alyp gidäýjek ýalydy. Men töwerek-daşymy synladygymça eziz mekanyň tazelenen keşbiniň suraty ýüregime çuň ornaýardy. Bary-ýogy iki ýylda tutuşlygyna täze keşbe giren Aşgabadyň oklaw ýaly göni köçeleri dünýäniň iň derejeli döwletleriniňkä gaýra dur diýip bilmegi meni hasam geň galdyrdy. Münüp gelýän ulagymyzyň aýnasyndan mähriban topragy, eziz Diýary synlap doýup bilmedim. Şonda men bir zada anyk göz ýetirdim. Çagalarymy, öý-içerimi hem küýsän ekenim weli, ata Watanyň gedasyna öwrüläýen ekenim. Alys ýoldan gelenem bolsam, süňňümde ýadawlyk duýamokdym. Bir dem salymda bütin şähere, tanyş köçelere-de aýlanasym gelip, ýüregim ýarylyp barýardy. Öý-içerim bilen salamlaşyp, göne Garaşsyzlyk seýilgähine gitdim. Ol ýeriň howasyny diýeýinmi, ezizligini aýdaýynmy? Görer göze gögerip oturan otuň ählisi bir ýalydyr welin, bu topragam gök otam üýtgeşik eken. Ygşyldap oturan gyrtyjy sypap-sypap doýmadym. Ahyry gyzym meniň bu bolup ýörşüme çydamady.
– Eje, bolşuň nähili? Indi bir öýe gideli ahyry...
Men oňa sözüni tamamlatmadym:
– Häzir, gyzym, häzir. Öýe-de gideris, bu topragyň mährinden bir ganaýyn.
Öýe gelsemem geldim welin, küýüm-köçäm daşardady. Kalbymy Diýaryň mährinden gandyryp bilemokdym. Gelelim bäri Diýaryň durkundan doýman ýörşüm. Indi ençeme mahal geçenem bolsa, henizem mahal-mahal köçeleri gezsemem, Aşgabadyň gözelligini synlasamam, ýüregim agzymdan çykyp barýar...
Men gürrüňdeşimiň ýüzüne geň galyjylyk bilen seretdim. Ol meniň soragly nazarymy aňdy öýdýän, bada-bat söze başlady:
– Meniň bu bolup ýörşüme geň galma, boýdaş. Diýaryň, Watanyň zaryny çeken adam biler meniň ýagdaýymy.
Birdenem ol meniň ýüzüme soragly bakdy.
– Sen türkmen çöreginiň tagamyny bilýärmiň?
– O nähili bilmäýin!
– Sen meni geň görme boýdaş. Biziň tamdyrymyzdan lowurdap çykýan çöregimiz bar-a? Ana, şol barada diýýän,
– Menem şony aýdýan-da. Oň tagamyny bilmeýän barmy?
– Wah, bilmeýän ekenik, boýdaş! Onuň hakyky tagamy bu ýerden uzakdakaň ýüregiňde-beýniňde oýanýan eken. Men muny gep owadanlamak ýa-da özümi – türkmenleri magtamak üçin aýdamok. Çynym bilen diýýän. Agzyňa salanyňda dady bilen on iki süňňüňi elendirip barýan gawun-garpyzymyzam uçmahy diýlip ýöne ýere aýdylmaýar eken. Hakykatdanam türkmeniň mele topragynda bal suwundan emele gelýän miwelerem, ir-iýmişlerem Hak nazary düşen topragymyzyň behişdiň özüdigini subut edýär.
Beýleden gelen günlerim çöregi ysgap-ysgap doýamokdym. Etli, ýagly naharlar saçaga getirilensoňam, esli mahallap oňa el uzadyp bilmän, ysyndan bihuş ýaky bolar oturardym. Meniň bu bolşumy geňlänlerem “akylyndan azaşan bolaýmasa” diýenlerem tapyldy.
Aýnabadyň ýüreginden syzdyrylyp aýdýanlaryna maýyl bolup barşymyza Altyn asyr seýilgähine neneňsi ýetendigimizem duýmandyrys. Aýnabat töwerek-daşyny ilkinji gezek görýän ýaly bir belendiräk ýere çykyp üşerildi. Soňam maňa ýüzlendi.
– Sen, ho-ol, gülleri görýäňmi! Olaryň owadanlygy, suw çüwdürimleri bilen garyşyp döredýän älemgoşary bir başga, behişdi yslaram bir başga. Kyn görmeseň, ýör, ýanyna baraýaly-la. Ysgap-ysgap bir ganaly, bu Diýaryň ysyndan.
Biz ýanýodajyklar bilen bägüllere basyrynyp oturan kiçeňräk meýdançanyň ýanyna bardyk. Günortanyň yssysyna garamazdan, mahmal bägülleriň bihuş ediji ysy töweregi doldurypdyr. Olaryň üstüne perwaz urýan balarylar ondan-oňa gonup wazzyldaşýardylar. Bu görnüşi synlap, şu gözellikden lezzet almak juda ýakymlydy. Men şol gözellikden ganmak üçin bir bägüliň üstüne egildim. Şol pursat Aýnabadyň sesi älemi tutana döndi:
– A gyz, beýdip ýekeje gül ysgamasana! Şu gözelligi, tutuş seýilgähi kalbyňa salsana! Heý, beýle-de bir üýtgeşik gözellik bolarmy? Mähir bolrmy? Sen aýt, şu gözellik, şu ajaýyp pursatlar, diňe dogduk Diýara, ene toprakda dälmi näme?
Men gülleriň ysyndan, suwuň ajaýyp mukamyndan, Günüň çogly nurundan doýup bilmän, şol ýerdäki oturgyja özümi goýberdim.
– Dogrudanam, Aýnabat, biz bu gözelligi şu çaka çenli näme üçin duýmadykak, görmedikkäk? Bu ajaýyp mukamlary eşitmedikkäk? Onuňam sebäbi biz, bu zatlara halys öwrenişipdiris. Şeýle bolmalymyka diýip pikir edýäris. Hakykatda welin, bu zatlar türkmene Garaşsyzlygyň, ony ýaradan Beýik Serdaryň eçilen bagty. Sen meniň gözümi açdyň, ajaýyp bir dünýä getirdiň, Aýnabat. Dogrusy, şäherde ýaşap bu gözellige, ony döredene tagzym etmezlik külli günämikä diýýän. Sen sered-ä, bu biri-biriniň üstüni ýetirip, jenneti Diýary emele getirýän gözelliklere!
Men olary ilkinji gezek görýän ýaly şäýle bir nebsewürlik bilen synlaýardym. Indi günortanyň jokrama yssysy-da, giň köçelerden eýläk-beýläk waz ýasaýan ulaglaryň sesi-de meniň ünsümi bölüp bilenokdy. Bütin durkum-dünýäm bilen bu gözellige berlipdim. Meniň owadan dünýämi bimaza etmekden howatyrlanan Aýnabat eşidiler, eşidilmez pyşyrdady:
– Gör ahyry, sen onsoň neneň bu mekana behişdi Diýar diýmejek?
Men bu gözellikden ünsümi sowman mydyrdadym:
– Bularam owadan welin, sen Garaşsyzlyk seýilgähine Gün batar uçurlarda baryp gördüňmi? Şol dünýä düşseň, gaýdyp çykasyň gelmez. Guşlaryň mukamy bilen, suwlary sesi birigende, ajap-ajap serwileriň gözelligi kalbyňa aýdym bolup dolýar.
– A gyz, Aýnabat, sen-ä şahyr bolup gidipsiň.
– Bu gözellik kalbyňy heýjana salmasa bolmaz ahyry. Ata Watana, ene topraga söýgi bu, boýdaş!
Aýnabat ho-ol beýleräkde çagalary bilen gezim edip ýören owadan gelni görkezip:
– Seret, dünýäniň başlangyjy, dünýäniň gözelligi, ýaşaýşyň manysy ene bilen perzent bolsa, olaryň örkem bu topraga örklenendir. Onsoň, şahyryň bary birigende kalbyňda gopýan harasada diň salmazlyk mümkinmi? Elbetde, ýok. Seret sen ene bilen çaga, olaryň dünýäsini synlasana!
– Men Aýnabadyň salgy beren tarapyna seretdim. Töwerek-daş bilen garyşyp, giden bir gözelligiň dowamat dowam bolup, şäherleriň, baýyrlaryň etegine siňendigini edil şuş-şu wagt aňdym. Ynsan eli bilen döredilen gözellik onuň kalby bilen sazlaşanda hasam üýtgeşik bolýan eken.
Bu topragyň, mekanyň mukaddesligi, ezizligi kalbymyň çuňluklaryna aralaşyp, şol ýerde ajap bir mukama öwrüldi. Özümden bidin dörän şol mukama hiňlenenimi bilmän galypdyryn.
Aýnabat maňa geň galyjylyk bilen seretdi.
– A gyz, sen hiňleniberdiňmi? Watan zaryny çeken men, ondan aýra düşüp, bu topragy öpen men. Seň kalbyňda nireden peýda boldy ol mukam?
Men esli mahallap owazymy kesmedim. Çünki, meniň ýüregime dolan “Bu jennetdir” diýen owaz şol mylaýymlygy, şol şirinligi bilen göýä bütin dünýä ýaň salýan ýalydy. Bu wagt dünýä meniň owazymy – jennet Watanyň waspyny diňleýärdi.
Ogulgerek Ussaýewa.
Hekaýalar